Paskal entek 12 ýashyndaka matematikany bilmeýändigine garamazdan çyzgylar hem-de tegelekler arkaly özbolushly bir matematikany döredýär. 16 ýashynda köne döwürlerden bäri ilkinji gezek geometriki bir shekili (koni) beýan edýän eser ýazýar. 19 ýashyndaka hasap guralyny (kalkulýator) ýasaýar. 23 ýashyndaka howanyñ basyshynyñ ýokary çykdygyñça azalýandygyny subut edip, köne fizikanyñ iñ esasy ýalñyshlyklarynyñ birini aradan aýyrýar. Paskal dindar bilim adamy bolupdyr. Ol bir gün paýtunynda gidip barýarka heläkçilige uçraýar, shondan soñ hasam din bilen gyzyklanyp bashlaýar. Ol 39 ýashynda aradan çykýar. Ölenden soñ eshiginiñ içine dikilgi, mydama ýanynda göterýän dogajygynda shu sözleriñ ýazylgydygyny görüpdirler:"Men filosoflaryñ we bilgiçleriñ tapan Tañrysy däl-de, pygamberler tarapyndan habar berlen Allahy isleýärin."

Bilim, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir