sözler birdir pikirler dürli
Wagt serhetiniň içinden geçip barýan adamlar üçin biri biriniň hereketleri, özüni alyp baryşlary geň bolup görünýändir. Elbetde synaglaryň sanynyň näçedigini bilesiň gelýän bolsa onda ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sanyny bilmeklik ýeterlikdir. Sebäbi her adama bir synag berilip synalýar. Esasy zat şol synaglardan kimiň nähili geçip bilýändigine bagly . Arada maňa bir durmuş tejribesinide ýüküni ýetiren ýaşuly bilen gürrüňdeş bolmaklyk nesip etdi. Ol ýaşuly şonda men bilen söhbetdeş bolanyndan soň pikirlerimi diňläp haý ýaşlar-da, gaty bäriden gaýydýan zatlaryňyz gaty kän bolýar diýip meniň pikirlerim bilen ylalaşman turup gitmek bilen boluberdi. Aradan sehel salym wagt geçmän il içinde hormatlanýan ýazyjylaryň biri bilen maslahatlaşmana söhbet etmäne bardym. Ol meniň aýydýan sözlerimi dykgat bilen diňläp meniň aýydýan sözlerimde jany barlygyny ony durmuşa geçirmelidigimi aýdyp pata berip ugratdy. Iň esasy zada ünüsiňizi çekeýin: şu iki ýaşuly bilenem bir temada gürrüň edip ikisinede şol bir sözleri ulandym . ýöne jogaplar dürli dürli ikiside durmyşyň ajysyny süýjisini dadan adamlar. Meniň ulanan sözlerim “ men şäherde işleýänligim, ýaşaýanlygym sebäpli ejem-kakamyň jaýy obada tozan basyp ýatyr ol ýerde hiç kim ýaşanok, şol jaýy satyp şäherden jaý alsam soň pensiýa çykamda obadan jaý edinerdim”
Siz haýsy ýaşulynyň pikirini goldýarsyňyz???
12 5 years ago- http://nexttm.com/view/11880/