Çagalygymyň sezasy
(Powest)
Çagalygymyň sezasy
Men öz bolup gaýdyşymyň soňunyň ýöne-möne gutarmajagyny şol wagt hem aňypdym. Ýöne tötänleýin sataşan wakam sebäpli, bialaçdym. Meniň düşen şol tötänleýin ýagdaýyma duçar bolan ynsan çagasynyň hiç birisem beýle pursatdan haýdan-haý derekli netije çykaryp bilmese gerek.
Hut garaşyşym ýaly boldy. «Baş redaktora seniň üstüňden arza ýazyp gelipdirler» diýip, sekretar gyz redaksiýanyň «gizlin syryny» «ýeriň asty» bilen maňa ýetiren dessine, salym geçirilmän, edaramyzyň organy bolan diwar gazetiniň ornunda maşynkadan çykan bildiriş peýda boldy. Onda şeýle diýilýärdi: «Işden soň sagat 18.00-da gyssagly ýagdaýda redaksiýanyň ýerli komitetiniň nobatdan daşary ýygnanyşygy boljak. Hemmeleriň gatnaşmagy hökman!».
Ýygnakda serediljek mesele barada bildirişde habar berilmese-de, maňa eýýäm ýerli komitetiň başlygy gelip, duýduryş berip gitdi: «Sen hökman gatnaşmaly! Gidäýme!».
Ýygnakda garaljak mesele gizlin saklanýan ýaly bolsa-da, ýarym sagadyň içinde redaksiýa durşuna gep bilen gürrüň boldy. Işgärler ruçkalaryny orta barmak bilen süýem barmaklarynyň arasynda saklaşyp, iki ýana haýdaşýardylar. Kimler maňa gabak astyndan ýylgyryp seredýärdi. Kimler baş ýaýkaýardylar. Gepçiräkleriň gohy bolsa, koridory göçüräýjek bolýardy:
—Ogulnur, hakyt, bir bendä baryp, «Adamyň bilen aýrylyş» diýip gaýdanmyş!
—Onuň akyly üýtgäp ýörmükä?!
—Heýem, birine şeý diýäýmek bormy!
—Özem o gelin göwrelimiş!
—«Men redaksiýadan» diýip baranmyş-da, «Adamyň bilen aýrylyş» diýenmiş...
—Ogulnuruň bu näme etdigikä?
—Hana, redaktoram-a gaharlanyp otyr... «Eger şeýdeni çyn bolsa, işden boşatmaly bolsa-da, boşadarys» diýip, söz berip goýberipdir ol gelne...
—Şol gelniň gelenini sen gördüňmi?
—Gördüm. Öz-ä bu gün-erte...
—Nähili owadan gelin eken...
—Ogulnuruň şol diýip gaýdanlary çynmyka özi bir?
—Aý, häzir ýygnakda anyklanar-la nämäniň-nämedigi...
Koridorda şeýle gürrüňler dowam edýärdi. Men bolsam uzaklarda galan çagalygyma sary towsaklaýan pikirlerime duşak boljak bolup, ber-başagaý...Ýöne beýtmek maňa eýgerdenok. Meniň islegime bakman, hyýalym alyslarda galan oba, alys ýyllara sary telwas urýar...
Işgärlere ýeten gep çyndy. Bir göwreli gelniň gapysyndan baryp, meniň oňa: «Adamyň bilen aýrylyş» diýenimem çyn... Başga näme diýeýin! Men oňa diýmek üçin şol pursat diňe şol jümläni tapdym. Gaýdyp hiç zada dilim öwrülmedi... Hatda hoşlaşmagy-da unudyp gaýdypdyryn...
Ýygnagyň başlanmagyna ýene ýarym sagat wagt bar. Ýarym sagat... Meniň üçin nähili kyn pursat. Geçmesi bir görseň-ä, juda tiz, bir görseňem juda haýal. Tizligi—men bu pursatda geçip giden ençeme wakalary hyýalda saldarlap görmeli. Diýjek zatlarym ile jar ederlikmi-dälmi, bu hakda netijä gelmeli...
Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa)
-
myspaser
5 years ago
- Men ýerime geçip ýatjagymam bilmedim, ýene gidip äpişge garawullajagymam. Bosagada sadylla boldup durdum...
—Sen indi ýatyber, balam—diýip, Mamur eje keçeden ýüzüni galdyrman, maňa ýüzlendi. Özem aglaýan bolmaga çemeli, aýalaryny gözowalarynda gezdirdi.
Meniň diýseň ukym gelýärdi. «Ýat» diýlerine mähetdel, ýerime geçdim. Dessine-de uka gidipdirin...
Men ýatamsoň, mamur ejäniň ýatanyny-ýatmanyny bilemok. Ýöne ol men ukudan ganyp oýananymda hem ellerini keçesine diräp, öňki bolşuna otyrdy. Daňyny pikir bilen atyraýdymyka?!
Daşarda çaý ojak tüsseleýärdi. Çaý gaýnatmak üçin ejem gelen bolmaga çemeli. Dogry pikir edipdirin. Ejem çaý ojakda tüňçäni goýup, eýýäm ot tutaşdyrypdy. Ol ojaga bir gysym gowaça çöpüni dykansoň, içerik girip, meniň hem Mamur ejäniň ýorgan-ýassyklaryny köne sandygyň üstüne galdyrdy. Mamur eje süýşenekläp, daşaryk çykansoň, göze ilip duran hapa-hupa bolmasa-da, içerik sübse çaldy.
Mamur eje yzyna dolanyp gelensoň, men onuň elini ýuwdurdym. (Mamur ejäniň elini mydama içerde ýuwdurýardyk. Sebäbi ol bosagadan geçjek bolanda, ellerini ýere diremeli bolýardy).
Çaý gaýnap, orta çaý-çörek äberilensoň, ejem nalamaga durdy:
—Oýlanyp görýän welin, sen agşam dogry zat aýtdyň, Mamur eje. Azgynyň adyny tutmanyňdan gowusy ýokdur. Bi saçy kesilen öňde-soňda düzeljek bolsa, şeýle zada baş goşmanam biler-ä. Uruş ýok, gykylyk ýok, gün-güzeran ýuwaş-ýuwaşdan düzelip barýa...
Mamur eje gamgyn gepläp, ejemiň sözüni böldi:
—Öweze aýtdym-a men... Goşulmakdan netije ýok diýip... Düzeljek bolsa, beýle zat maňlaýymyza ýazylmazdy...
—Başlyk bilen bimat jet bolmaly däl-ä!—diýip, ejem janyýangynly dowam etdi.—Otuz ýediň sezasy heniz ýüreklerden çykar ýalymy! Kişi maşgalasyna göz gyzardýan başlykdan bolsa, gowulykdan başga zat çykar!
—Öwez jany çöle ibermäge ötüki haramyň özi barypmy?—diýip, Mamur eje kimdir biriniň adyny agzaman gepledi. (Indi pikir edip görýän welin, şol ady agzalmadyk Mömün başlyk eken).
Ejem baş ýaýkady:
—Ýok, adam iberipdir. Men-ä tanamadym. Daňdanyň ümüş-tamşynda telpekli bir-ä bardy. «Seni başlyk çagyrýa, çöle gitmeli diýýä» diýibem, alyp gitdi. Öwez-ä birbada gitmejegem boldy. Ýöne, näme, bu wagt kolhozyň ýerinde otyrkaň, «däl!» diýip bolýamy?!
—Şü süýdi ýanana düýnküje diýenleri üçindir, Öweze bu sylag.—Mamur eje Selbinýaz gelnejemiň tamyna tarap baş atyp goýberdi.
Ejem garşy çykdy:
—Aý, ýok, oň üçin-ä däl bolsa gerek. Düýnden bäri heniz Selbinýaz işe gidenog-a!
—Gitmände näme!—diýdi-de, Mamur eje birden çaga ýaly bozulyp, gözýaş dökdi.—Gijesi bilen erkek kişiniň hüňürdisi geldi durdy. Ol, gabrynda dik oturan başlyk hakyt öýde bold-a!
Ejem ellerini ýakasyna ýetirdi. Ýylan gören dek, gözleri giňäp gitdi. Hanasyndan çykaýjak boldy.
—Waý-eý, diýýäniň näme, gyz, Mamur eje! Heý, şeýle-de bir zat bormy!
Mamur eje bu gezek gepläp bilmedi. Aglady oturdy. Diňe baş atyp, öz diýenleriniň dogrusygyny tassyklady.
—Wah, oň üçindigini bilen bolsam, Öwezi gaçyrjak welin, iberjek däl-ä bimat çöle! Indi ol ar almak üçin ony çölde-de rahat goýmaz, bir zat etdirer!—diýip, ejem howsala düşdi.
—Oňa zat etdirip durmaz-la!—diýip, Mamur eje agysynyň arasynda ejeme basalyk boldy.—Gözüniň alnyndan giderse oňýandyr-la bimat!
Ejem Selbinýaz gelnejemiň tamyna tarap nazar aýlap, barha gaharlandy:
—Bu päli azanyň-a päli çyndan azan eken Edenini etsin entek, bir zadyň üstünden barar entek!
Şol gün daňdanlar Mömün başlyk meniň kakamy çöle, mal bakmaga ugradan eken. Ejem biziň ýanymyzdan gidensoň, Mamur eje ýassyga gyşardy. Men bolsam, gapyda oýnap başladym.
Şol wagt gapa başy çal bagana telpekli, goňur atly bir adam geldi. Atyň eýeriniň her tarapyndan içi zatly torba asylgy durdy.
Ol adam «Gelneje!» diýip gygyran boldy-da, Selbinýaz gelnejemiň tamynyň gapysyna bardy. Selbinýaz gelnejem işigi açandanam torbalaryň birini onuň eline berdi:
—Ine, başlyk iberdi!
Selbinýaz gelnejem torbany alyp, öýüne sümüldi. Şondan soň atly atynyň uýanyndan tutup, torbanyň birini göterip, Mamur ejäniň gapysyna badalga boldy.
—Mama!—diýip, ýogyn sesine bat berip lagyrdady.—Hana, bir goýun getirdim. Başlyk iberdi.
Ol adam sözüni tamamlap-tamamlamanka, Mamur eje onuň üstüne gygyrdy:
—Ýit! Owarra bol! Meň namysym bir goýunlyk däldir! Ýit!
—Nätdiň-aý, mama!—diýip, atly adam aljyraňňylyga düşdi. Bir zatlar diýmek isledi. Ýöne Mamur eje oňa geplemäge maý bermedi.
—Meň ýaly, ýer urup galanlaň gapysyny depeşek edýänleň özem bereket tapmaz, öndürenem... Näme haram zadyňyz bolsa, o tama eltiberiň! O tam indi haramlaň gelýän ýerine öňrüldi!—diýdi-de, Mamur eje sözüniň yzyny aga ýazdyrdy.—Çynar boýly balamyň tamydy ol! Eziz oglumyň tamydy ol Haramhana öwrüldi-leý...
—Men-ä o tamam bilemok, bi tamam—diýip, atly adam Mamur ejäniň agysyna barha basga düşüp gepledi.—Bir ýumuş oglany men. Iki sany goýnuň kellesini alyp, birini garra, birini gelnine taşlap gaýt diýlensoň, gelşim-ow, ene! Bu ýeriň adamsam däl-ow men! Salgy bilen gelýän-how, ynanaý maňa!
Mamur ejäniň gykylygy Selbinýaz gelnejeme ýaramadyk bolarly. Ol gaýşarylyp, hondanbärsi bolup ýöräp geldi-de, Mamur ejäniň gapysynda goýlan haltanam aldy-da ötägitdi. Eltibem öz tamyna saldy. Kelam-agyz söz welin aýtmady.
Selbinýaz gelnejemiň bolşuna atly adam gözlerini elek-çelek etdi-de, bu ýerden basymrak ara açmak bilen boldy.
Atly adam gidensoňam, Mamur ejäniň aglamjyramasy, hüňürdemesi galmady. Ýöne men onuň näme diýýänlerine düşünmedim. Sebäbi ol eşidiler-eşidilmez gepleýärdi.
Selbinýaz gelnejem uzakly gün gyzyny çyrladyp, et dogrady. Et gowurdy. Goýnuň süňklerini duzlap, düzüm-düzüm edip, ýüpden asyp goýdy. Özem toýa gelen ýaly, bezenibilşinden bezenipdi. Men Gülälegiň agysyna dözemokdym. Iki ýana at salyp oýnap ýörşüme, ylgap öýe girägede, onuň ýanyna baraýasym gelýärdi. Ýöne Selbinýaz gelnejemiň gamaşyk ýüzi, gahardan ýaňa mölerip duran gözleri meniň badymy saklaýardy. Özem gowrup duran etinden agzyny şapbyldadyp, häli-şindi dadyp görýärdi. Maňa welin ýekeje dogramça-da dadyrmady. Baý, şonda ymsynypdym-a! Häli-häzirlerem Selbinýaz gelnejemiň uly gazanda gowurýan etini şagyrdadyp bulaýşy ýadyma düşende, agzym suwaryp gidýär.
Şol pursatda biziň üçin deňsiz-taýsyz owadan bolan Selbinýaz gelnejemiň görk-görmegem barha ýitip barýan ýalydy. Göwnüme bolmasa, owadanlyg-a beýlede dursun, gaýtam ol hiç kimçe-de ýok ýalydy. Gahardan ýasalan ýaly bolup gözlerem barha mölerip barýan ýalydy... Men şonda ony ömrümde ilkinji gezek ýigrenipdim...
Birden meniň ýadyma agşam ýene Mamur ejäniň äpişgeden seretdiräýmeginiň mümkindigi düşdi. Maý tapyp, äpişgäniň tutusyny syrmalydy. Ýöne nädip syrjak! Selbinýaz gelnejem gapydan aýrylmasa näme!
Gün orta boldy. Ejem gelip, Mamur eje ikimize çaý-çörek berip gitdi. Selbinýaz gelnejem hiç ýerik gidenokdy. Gaýtam, gazanyna çörek batyryp, ojagyň başynda çaý içdi. Içerde gyzy hernäçe çyrlasa-da, ol sarsman çaý içýärdi. Gün öýleden agdy. Ol hiç ýerik gitmedi. Garaňky gatlyşyp ugrady. Ahyry maý tapyldy.
Selbinýaz gelnejem etini ýygnaşdyryp, ýaba suwa gitdi. Eline gyzynam alyp gitdi. Eli çagaly halyna mytdyldap, entekler gelmejegem bellidi. Ol mellegiň aňrybaşyna ýetenden, men böküp onuň tamyna girdim. Öýüň içi gül pürkülen ýalydy. Onuň bolşuna indi-indiler düşünýän. Söýgi adamy her hili ýagdaýa saljak eken. Hatda öň bäbegi ýokka-da, ol öýüni şeýle tämiz saklanokdy. Ýük galdyrylgy owadan sandygynyň üstünde ýassyklaryny dagy birgeňsi edip goýupdyr-da, olaryň üstündenem ýukajyk ýaglyk ýapypdyr. Äpişgäniň gapdalynda, diwara birgeňsi owadan suratly, seçekli zadam kakyp goýupdyr. Hatda şol, diwara kakylan zadam, düýn kakam bilen gelenimizde-de ýokdy. Geçen agşam gelen bolsa, belki, başlyk aga munam şonda getirendir! Seçekli zadyň ýüzünde bir owadan, gupbaly gyz gül ysgap otyrdy.
Öýi ine-gana näler synlasym gelýän-de bolsa, men howlukdym. Sebäbi Selbinýaz gelnejemiň ýetip gelmegi mümkindi. Äpişgä topuldym. Gök güllüje tutynyň aşaky çüňküniň birini gözüň owasy ýaljak çalaja epledim-de, dazyrdap daşaryk çykdym. Şojagaz eplenen ýerden içerini arkaýyn synlap boljakdy.
Selbinýaz gelnejemiň garasy heniz görnenokdy. Eplänje ýerimden içerik seredip, janymy barlap göräýsemem boljakdy. Ýöne men, her näme-de bolsa, gaýdyp onuň äpişgesiniň ýanyna golaýlaşmadym. Syrym paş bolaýsa, gowy däldi.
Gaýtam şol gelýärkä, daşarda-da durmaýyn diýip, Mamur ejäniň ýanyna bardym.
—Agşam içerik serederim ýaly, onuň tutusynyň burçuny epläp gaýtdym—diýip, men Selbinýaz gelnejemiň adyny tutman, Mamur ejä eden işimi ýylgyryp habar berdim.
—Tutusam gursun, özem!—diýip, Mamur eje sögünjiredi.—Kän ýanaşmaweri şoňa. Ýene bir hokga çykaraýmasyn! Hana, käýýäni üçin kakaňam çöle iberipdir.
«Menem çöle iberdäýermikä?!» diýen pikir kelläme gelende, gorkman durmadym. Tüm garaňky çöl, agşamlaryna uwlaşýan şagallar ýadyma düşende, kalbymy barha gorky gaplady. Men içki pikirimi daşyma çykardym:
—Ol menem iberdermi çöle, Mamur eje?—diýip, howsala bilen soradym.
—Ondan herki zat çykar!—diýip, Mamur eje gahar bilen aýtdy.—Daşrak duranyň kem däldir, balam!
Men öýe gidip, alýumin pitijikde ýene nahar getirdim. Bu gün ejem şülejik bişiren eken. Hezil edip iýdim. Mamur ejäniň welin zat işdäsi ýokdy. Käte bir kümüş-kümüş eden bolýardy.
Agşam çaý demlemäge ejem gelmedi. Ol oglan doganym Pirhandan taýýarja, demlije çaý iberipdir. Pirhan ullakan, dikje demir çäýnegi goýdy-da, oturman gitdi.
Bar pikirim basymrak Selinýaz gelnejemiň öýüne gelýän adamy synlap görmekdi.
Saçagy ýygnap, düşekleri ýazdym. Çyrany söndürip, ýaňy ýerimize geçipdik welin, ilki agras ädýän ädikli aýagyň sesi geldi. Soň hümürdi eşidildi. Selbinýaz gelnejemiň şadyýan jammyldysy geldi. Onuň ýanyna biriniň gelenini menem duýdum.
—Gidip göreýinmi?—diýip, Mamur ejä pyşyrdy bilen ýüzlendim.
—Entek ýat—diýip, Mamur eje-de pyşyrdady.—Biraz garaşaly. Häzir barsaň, bilerler!
Şondan soň biz sesimizi çykarman ýatdyk. Ep-esli ýatdyk. Men uklaýjak-uklaýjak bolýardym. Ýöne äpişgeden jyklap, Mamur ejäniň bilesi gelýän zatlaryny aýdyp bermäge bolan isleg meni çydamaga mejbur edýärdi. Selbinýaz gelnejemiň gapysy bir açylýardy, bir ýapylýardy. Bireden-ä jakgyldap, Selbinýaz gelnejemiň gülküsi gelýärdi, birdenem logur-logur edip, myhmanyň hüňürdisi.
Her zadam bolsa, uky menden üstün çykdy. Şu zatlara diň salyp ýatyşyma, men uklap galypdyryn. Näçe ýatanymy bilemok, meni ýene Mamur eje oýardy:
—Ýatdyňmy, Nunna jan?!
Men uklanymy bildirmejek bolup, dessine ýerimden galdym. Mamur ejä jogap bermezden:
—Gideýinmi?—diýip soradym.
—Gitseň, gidäý!—diýip, Mamur eje juda pessaý ses bilen aýtdy.—Ýöne seresap bol, bilnäýme!
Men daşaryk çykyp, ilki Selbinýaz gelnejemiň gapysyna göz dikip, biraz durdum. Soň bolsa ýene kaloşymy geýmän, daraklygyma basyp, onuň äpişgesine tarap ugradym.
Hamala, yzymdan ýagy ýetip gelýän dek, has-has edip dem alýardym. Gorkudanmy, tolgunmadanmy, ýüregimiň dükürdisi kükregimi ýaraýjak bolýardy.
Tutynyň eplengije burçy öňküsi ýaljak durdy. Emaý bilen şol burça gözümi eltip, içerik seretdim. Birdenem zähräm ýarylyp, yza tesdim. Içerde daşyna gök mahmal tutulan goşa ýassyga tirseklerini berip, bir çişik adam gyşarylyp ýatyrdy. Onuň sypatynyň betnyşandygyny diýseňiz-läň! Ýaş-a elli ýaşlar töweregi. Maňlaýy gasyn-gasyn. Edil burnunyň sag gapdalynda-da başam barmagyň dyrnagynyň oýtumy ýaly meň bardy. Ýüzi lopbuşdy. Dodaklary bagyr ýalydy. Möle gözleri diýseň sowuk nazarlydy. Şol sowuk nazarlara bakamda, üstüme gurbakga zyňlan dek ziňkildäp gitdim. Men oňa äpişgäniň daşyndanam uzak seredip bilmedim. Göwnüme bolmasa, ol adam meniň seredýänimi duýup, bilgeşländen göz dikip oturan ýalydy...
Göwnüme, ýüzi meňli betnyşan başlyk birden meniň jyklaýanymy duýagada, atylyp daşaryk çykaýjak ýaly duýuldy. Men ädim ogurlap, yza çekilmäge başladym. Mamur ejäniň gapysyna baryp, badymy sakladym. Şondan soň ýagydan sypan dek, ýüregim birneme ýerine gelip ynjaldym.
Mamur eje ýuwaşja pyşyrdap, maňa ýüzlendi:
—Bir zatdan gorkduňmy, balam?—Şeý diýibem, ol jogabyma-da garaşman, meni içerik çagyrdy.—Ýeriňe geç-de ýatybersene, gerek däl şol. Menem guraýyn, ýumruk ýaly çagany daşaryk goýberip...
Gorkanym has-haslap dem alşymdan bildirip duran-da bolsa, men Mamur ejäniň ýumşuny oňarmaýan bolmajak bolup ýalan sözledim:
—Gorkamok-laý... Ýöne ol çişik adam daşaryk çykaýarmyka öýtdüm.
—Gel, balam, bärik gel!—diýip, mamur eje elini galdyryp, meni ýene içerik çagyrdy.—Ol ýerde gepläp dursaň, eşiderler...
Mamur ejäniň bu sözi maňa täsir etdi. Men ýeke bökemde, bosagadan geçdim. Mamur ejäniň ýanynda çommalyp oturdym. Mamur eje ýene özüne gargyndy:
Adam pahyr... çöken wagty janly-jandardan haraý islär eken... Men guraýyn hernä...
Men onuň näme diýjek bolýanyna düşündim. Ol meni gelniniň öýüni diňletmäge ugradýanyna müýnürgeýärdi.
Men aldygyna Mamur ejäniň göwnüni galdyrmaga synanyşýardym. Oňa ýaraýjak gepleri tapmaga jan edýärdim. «Başlygy ýamanlasam dagy, mamur ejäniň guşy uçar» diýen pikir bilen:
—Selbinýaz gelnejemiň ýanyndaky adam betnyşan eken. Ýüzünde-de nejis meňi bar. Özem çişik!—diýdim.
Habarymy aýdamsoň, hikirdäp, başlygyň üstünden gülýän kişi bolup güldümem. Mamur ejäniň keýpi welin meniň habaryma birjigem üýtgemedi. Ol şol bir gamgyn halda oturyşyna agras gepledi:
—Belet o başlyga... Wah... oglumyň bir taý köwşüçe-de ýokdur-la...
Şundan soň ikimizem dymdyk. Içerde ýürekgysgynç ümsümlik höküm sürdi. Selbinýaz gelnejemiň tamyndan bolsa onuň jak-jaklap gülýän sesi gelýärdi. Başlyk burnuna salyp, aýdym aýdýan bolarly. Bir zatlar diýip, uzyn-uzyn hiňlenýärdi. Ýöne onuň näme hakda aýdym aýdýany anyk saýgardanokdy.
Men Mamur ejäniň ýüzüne seretdim. Ol iki elini ýere diräp oturyşyna, ýere siňip barýan ýalydy. Sarsanokdam.
Ol hiç zat diýmese-de, men atylyp daşaryk çykdym-da, daraklygyma basyp, Selbinýaz gelnejemiň äpişgesine golaýladym. Selbinýaz gelnejemiň jakgyldysy öýi ýaraýjak bolýardy.
Äpişgäniň öňküje burçundan jykladym. Mömün başlyk mahmal ýassygy gujagyna alyp, ony dutar edinip çalan bolýardy. Sag eli bilen dutaryň tarlaryna kakýan dek kakýardy-da:
—Gal, maralym, Selbinýazym jan, gal indi-i—diýip, sesini birhili süýndürip, bokurdagynda gaýnadyp, aýdym aýdýardy.
Men ol wagtlar bu aýdymyň «Saýatly-Hemra» dessanyndanlygyny nireden bileýin. «Hakyt, başlyk Selbinýaz gelnejeme goşgy goşaýypdyr»diýip oýlandym. Başlygyň goşgy goşup, aýdym aýdyşyna haýranlar galdym.
Selbinýaz gelnejem birsyhly jakgyldaýardy. Ahyrsoňy ol başlygyň gujagyndaky ýassygy garbap alyp, bir çete zyňyp goýberdi.
—Goýsana, oglan, aýdymyňy! Senden galyp, men näme işläýin ahyry soň?—diýip, gülküsiniň arasynda näz gatylan sesi bilen aýtdy.
Ýassygy zyňlan başlyk Selbinýaz gelnejeme topuldy. Ikisi bogalaşyp ugrady. Men bu bogalaşygyň çyndygyna-da düşünmedim, ýalandygyna-da. Çyndyr öýtsem-ä, Selbinýaz gelnejem birsyhly gülýärdi, oýundyr öýdeýin diýsemem, «Zyňarmyň ýassygymy!» diýip, başlyk Selbinýaz gelnejemiň boýnundan ellerini orap alyp, ony alarladyp barýardy. Men tas wäläp, yzyma gaçypdym. Birden dadyma gülälek ýetişäýdi. Ejesi dagynyň güpür-tapyryndan gorkdumy-nämemi, ýiti-ýiti çyrlap, Gülälek aglap ugrady. Gülälegiň nirededigi maňa görnenokdy.
Gyzy aglasa-da, Selbinýaz gelnejem başlykdan aýrylarly däldi. Pişik ýaly ýapyşyp ýatyrdy. Iň soňy başlygyň özi ondan çekildi:
—Bar-how! Onyňy bir sem et!—diýip, ýogyn sesini gataldyp, ol Selbinýaz gelnejeme buýruk berdi.
Şundan soň ýene yzyma, Mamur ejäniň ýanyna gaýdyp bardym. Öňküje oturan ýerimde çommalyp, bar görenlerimi bir demde oňa gürrüň berdim:
—Başlyk Selbinýaz gelnejeme goşgy goşupdyr. Ýassygy dutar edinip, aýdym aýdan boldy: «Gal, maralym, Selbinýazym jan, gal indi» diýip, aýdym aýtdy. Soň Selbinýaz gelnejem: «Senden galyp, men näme işläýin!» diýdi-de, onuň ýassygyny alyp taşlady. Başlygam Selbinýaz gelnejemi bogup başlady. Selbinýaz gelnejemem basylmady. Boguşdy başlyk bilen. Özem kä-än gülýä... Ahyry Gülälek aglap başlansoň, başlygyň özi çekildi. «Bar-how! Onyňy bir sem et!» diýdi başlyk Selbinýaz gelnejeme!
Men bu gürrüňleri misli Mamur ejä aýdyp bermän, gara daşa aýdyp beren ýalydym. Ondan ne ses çykdy, ne-de üýn. Şol oturyşyna sarsman otyr. Özem eginlerinden agyr-agyr dem alýar. Soňabaka onuň dodaklary kemşerip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülip ugrady.
Men oňa näme diýip göwünlik berjegimi bilmedim. Onuň bolup oturyşyna seretmegem meniň üçin diýseň agyrdy hem ýürekgysgynçdy. Ol şol wagt dünýädäki iň ejiz adamdy, dünýädäki iň betbagtdy...
Men başymy bürenip ýatmakdan başga alaç tapmadym...
Daň atyp, ukudan oýanyp, daşaryk çykanymda, men Selbinýaz gelnejemiň gyzyny göterip suwa barýanyny gördüm. Içerde bolsa başlygam ýokdy, beýlekem.
Asyl, men başlyk diýen adamyň ol öýe haçan girip, haçan çykyp gidýänini bilip bilmedim. Ýöne her gün agşam welin Selbinýaz gelnejemiň gülküsi bilen başlygyň hüňürdisi, hiňlenmeleri, Gülälegiň agysy garyşyp eşidilip durdy.
Şeýle ýagdaýda güýz geçdi. Gyş gapyny kakyp, gowy ornaşdy, hoşlaşdy. Soň bahar geldi. Daşaryk diňe garaňky gatlyşanda çykaýmasa, soňky günler nämüçindir, Selbinýaz gelnejem gündiz göze ilenokdy.
Meniň kakamyňam şo-ol gidişidi. Habar-hatyr ýokdy. Ejem ony alada edip, birsyhly aglaýardy. Mamur ejäniňem öňki bolşudy. Iç girip, daş çykyp, ýatyp-turup ýördi.
Men-ä ýokdum welin, bir gün bir adam bize kakamdan hoş habar getiripdir. Kakam ondan bir goýnuň etinem iberen eken. Özüniňem ýakyn günlerde gelip gitjekdigini aýdypdyr.
Şonda, baý, menem gowrulanja goýun etini iýip, Selbinýaz gelnejemden ymsynanymy çykarandyryn-a! Hatda gowrulanja gapyrgajyklary Mamur ejäniň gapysynda oýnap ýörkämem, Selbinýaz gelnejemiň gözüniň alnynda iýsem-iýmesem, daşyny ýalan bolup gezdim.
Kakamdan gelen habara Mamur eje-de diýseň begendi. Şol gün ol ejem bilen çaý içende kän zatlar gürrüňleşip oturdy. Alladan häli-şindi kakamyň hem biziň başymyzyň dik bolmagyny diledi.
Şol gün menem diýseň begendim. Süňňüm ýeňledi. Köp wagt bäri Selbinýaz gelnejemiň äpişgesini diňlemegi goýan hem bolsam, şol gije äpişge-de diňledim. Ýöne bu gezek men içerä syn salyp bilmedim. Sebäbi Selbinýaz gelnejem tutusyny düzeden eken.
Nämüçindir, şol gije Selbinýaz gelnejem aglapdy. Onuň bir zat-bir zatlardiýip aglaýanyny men anyk eşitdim. Ýöne gepi diýseň düşnüksizdi.
Başlygyň lagyrdysy welin anyk eşidildi:
—Eger ogluň bolsa, başyma täç ederin!
Selbinýaz gelnejem agysyny goýdy. Burnuny çekýäni eşidildi.
—Maňa täçlik gerek däl!—diýip, ol soňra düşnükli gepledi.—Nirä äkitseňem, şu ýerden äkit! Oba masgara bolmankam, äkidersiň! Başda näme diýip söz berdiň sen! Direnip duran hossarymyň ýoguny bilip şeýdýäň indi! Öweý ejäniňem maňa diňe heşelle kakjagyny bilip edýäň sen! Bili bükülen garry kakamyň ýoluňa çykmajagyny bilip edýäň sen!
—Goý-how gohuňy!—diýip, başlyk soňra Selbinýaz gelnejeme azgyryldy.—Hossaryň bolaýanda-da, gowy görýänligim üçin ýagşylyk edäýmesem, gorkup seni sylamajagymy bilip duransyň-la!
—Men indi näme edeýin!—diýdi-de, Selbinýaz gelnejem ýene aglap başlady.—Nädip ile çykaýyn!
—Diýip durun-a, ogluň bolsa, äkiderinem, ýerleşdirerinem diýip—diýdi-de, başlyk ýene logurdady.—Gyzyň bolaýsa bolsa, özüňden gör, öýde-deşolardan bizar! Onusy bar!
Bu gezek Selbinýaz gelnejemiň sesi has ýiti çykdy:
—Diýmek, sen meni gowy göreniň üçin däl-de, ogul dogurtmak üçin oýnan ekeniň-dä!
Başlykdan ses çykmady. Birden öýüň içinde güpür-tapyr köpeldi. Gülälek çyrlady. Soň hem kimdir biriniň dulugyna çalnan şarpyk sesi ýaňlanyp gitdi.
Selbinýaz gelnejem çirkin sesi bilen uwlap ugrady:
—Bagtymy ýatyrdyň, sataşman geçen! Görüňde dik oturarsyň sen!
—Sesiňi kes!—diýip, başlyk buýruk berdi.—Öte geçseň, maslygyň nirede gömlennem tapylmaz ýaly etdirin!
Selbinýaz gelnejem ýene düşnüksiz hüňürdisi bilen pessaý agysyna başlady. Başlyk bolsa bat bilen atylyp çykyp gitdi. Men tas onuň aýagyna çolaşyp ýykylypdym. Zordan çete böküp ýetişdim.
Gorkyma Mamur ejäniň ýanyna nädip ýetenimi duýman galypdyryn. Dessine-deýerime özümi oklap, başyma ýorganymy çekdim. Bir düýrmek bolup ýatdym.
—Näme boldy, balam?—diýip, Mamur eje howsala bilen sorady.—Biri kowalaýamy?
Gorkudan demim tutulan ýalydy. Esli salym gepläbem bilmedim. Başlyk meniňem yzymdan geläýjek ýalydy.
Ýöne hernäçe diňşirgensem-de, aýak sesi gelmedi. Men şundan soň birneme ynjalyp, ýorgandan kellämi çykardym. Entägem howsala duýaulýan sesim bilen pyşyrdap, mamur ejä jogap gaýtardym:
—Başlyk gelýä!
Mamur eje gözlerini elek-çelek edip, gapa dikdi-de, süýşenekläp, bosaga bardy. Işigi açyp, ellerini bosaga diredi. Şeýdip durşuna kellesini daşaryk çykardy. Töweregine garanjaklady.
—Aý, ýok, balam, bu töwerekde başlyg-a görnenok—diýip, soňra meni hasam ynjaldyrdy. Şondan soňam gapyny ýapyp, süýşenekläp, ornuna geçdi.
Şundan soň men has rahatlandym. Gerdenimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýeňil dem aldym.
—Başlyk Selbinýaz gelnejeme sögdi—diýip, men bu gezekki berjek habarlaryma mamur ejäniň begenjegine doly ynanyp, eşiden zatlarymy gürrüň berdim.—«Maslygyň gömlen ýerem tapylmaz ýaly ederin» diýdi.
—Bolaýypdyr—diýip, Mamur eje agras seslendi-de, hyräyny dişledi.—Ahyr taňryýalkasyn alyp başlapdyr-ow, süýdi ýanan!
Men dowam etdim:
—Selbinýaz gelnejemem başlyga: «Sen meniň bagtymy ýatyrdyň, görüňde dik otur!» diýdi.
—Entek nämejik görýäň diýsene!—diýip, Mamur eje Selbinýaz gelnejeme öz ýanyndan sögünip, ýene hüňürdedi.
—Onsoň Selbinýaz gelnejem başlygy kowdy—diýip, men iň soňky ýagdaýy aýtdym.—Men gaçyp ýetişmedim. Başlyk gördi...
—Zyýany ýok, balam!—diýip, Mamur eje sesine gussa çaýyp gepledi.—Gaýtam göreni gowy bolupdyr. Edýän işi bilinmeýändir öýtmesin!
«Selbinýaz gelnejem başlygy kowdy» diýip, men Mamur ejä misli ýalan sözlän ýaly boldum. Sebäbi gijäniň bir mahaly bize ýene erkek kişiniň hüňürdisi eşidildi. Mamur eje: «Bu näme?» diýen manyda meniň ýüzüme gözlerini tegeläp seretdi. Men ses-üýnsüz daşaryk çykdym-da, ýene Selbinýaz gelnejemiň äpişgesine golaýlaşdym. «Indi bu ýere kim geldikä?» diýip, haýran galyp pikir öwürdim. Mömün başlygyň lagyrdap duran ýogyn sesini derrew tanadym. Ol birsyhly Selbinýaz gelnejeme ýalbarýardy.
—Men sensiz oňup bilmen, senden aýrylyp nirä gideýin!—diýip, yzly-yzyna gaýtalaýardy.
Selbinýaz gelnejem bolsa şol bir düşnüksiz hüňürdisi bilen birsyhly aglaýardy.
Men gelip ýagdaýy Mamur ejä aýdanymda, ol ýene ellerini keçä diräp, hyrçyny dişledi. Ýere siňip barýana döndi...
Şol günden kän wagt geçmändi. Bir gün öýlänler damjalap ýagyp başlan ýagyş agşama golaý hasam güýjedi. Ýaz şemaly diýer ýaly däldi. Goýar ýerde goýmady. Mydama il gözünden bukulyp, alnyny garaňka diräp gelip-gidýän Mömün başlyk şol gün Selbinýaz gelnejemiňkä aýak ýygnanmanka geldi. Soňam uzak eglenmän gitdi. Howa maýyl bolansoň, biz indi gapyny açyp goýýardyk. Men bosaganyň erňeginde oturyp, ýagşy, daşaryny synlaýardym. Gözümi Selbinýaz gelnejemiň gapysyndan aýramokdym.
Başlygyň hömp-hömp edip ýagşyň astynda ylgaşlap gidişi meni ge galdyrdy. Selbinýaz gelnejemiň öýünde bir zad-a gopýardy. Başlygyň gidenine esli wagt geçensoň, Selbinýaz gelnejem daşaryk çykdy. Indi garaňky hem gowy gatlyşypdy. Ýagyş sil dek guýýardy. Ýeriň palçygyndan ýaňa ädim äder ýaly däldi. Selbinýaz gelnejem tamdan ýapyşyp, ýuwaşjadan ýöreýärdi. Özem birsyhly bükülýärdi. Hyklaýardy. Häli-şindi durup, demini dürseýärdi.
Şeýdip barşyna ol tamyň arka ýüzüne aýlandy. Ýöne ol wagty bilen yzyna-da dolanmady. Öýden Gülälegiň aglaýan sesi gelip başlady.
Birhaýukdanam garaňkylykda hökürdäp, ýüpden boşan öküzi ýatladyp gelýän Mömün başlygyň göwresi göründi. Onuň ýanynda başyna don bürenen bir daýza-da bardy. Başy donly bolansoň, onuň ýüzi doly görnenokdy.
Başlyk daýzany yzyna tirkäp, ilki Selbinýaz gelnejemiň ýüne kürsäp urdy. Derrewem atylyşyp daşaryk çykdylar.
—Nirä gitdikä?—diýip, başlyk hüňürdedi.
Soňam ol okdurylyp, mellegiň bir çetinde haraba öwrülip ugran sygyr dölä girip çykdy. Başlyk girensoň, dölede ýagtylyk emele geldi. El çyrasy bar bolmaga çemeli. Ýa-da ol otluçöp ýakdy. Soň ýagtylyk ýitdi-de, başlyk daşaryk çykdy. Şundan soň olar iki bolup, tamyň arkasyna öwrüldiler.
Meniň gözümi aýyrman, daşaryk öwelip oturanymdanmy ýa-da özem bir zat syzdymy, Mamur eje maňa ýüzlendi:
—Näme bar, balam?
Men demim-demime ýetmän, ähli gören zatlarymy habar berdim:
—Selbinýaz gelnejem-ä ilki çykyp gitdi. Zordan ýöreýä özem. Soň başlyk bir daýzany alyp geldi. Selbinýaz gelnejemi gözleýäler...
—O çaga-da aglaýa!—diýip, Mmur eje aglaýjak-aglaýjak bolup gepledi.
Gülälek dynman çyrlaýardy.
—Çagasyny harlap, haramlyk edip ýör, süýdi ýanan!—diýip, Mamur eje ýene öz ýanyndan Selbinýaz gelnejeme sögündi.—Dogurjak bolýandyr bagtygara häzir!
Men Mamur ejäniň: «Dogurjak bolýandyr» diýen sözüne birhili bolup gitdim. Näme üçinligini biljek däl, şol wagt şu sözi men halamadym.
—Gülälegi bärik getiräýeýin?—diýip, men Mamur ejeden soradym.
—Bar, getir!—diýip, ol dessine razy boldy.
Men ylgap Selbinýaz gelnejemiň tamyna girdim. Gülälegiň bir özi bosaga ýapyşyp, çyrlap duran eken. Görüşmälimize esli wagt geçenem bolsa, ol maňa ellerini serip, derrew ýapyşdy. Biri alsa, razy bolarly, çagajyk. Onuň sojap-sojap aglaýşyna özümiňen bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlandy. Men çagajygyň ýaňagyndan taýly gezek ogşadym-da, Mamur ejäniň ýanyna alyp bardym.
Mamur eje Gülälegi derrew gujagyna aldy.
—Wah, balamyň balajygy! Ne günler düşdi başyňa!—diýip, nalynjyrady-da, ol gyzjagazyň gözýaşlaryny süpürdi. Gapdalyndaky düwünçekden gantjagaz alyp, Gülälegiň eline tutdurdy.
Gülälek Mamur ejedenem gaçmady. Agysyny goýup, eline berlen gandy hütürdetmäge durdy.
—Balam!—diýip, Mamur eje şundan soň maňa ýüzlendi.—Gülälek jany men saklaryn. Sen başyňa meniň donumy at-da, bar, şol haramylara seret, näme edýäler!
Maňa geregem şudy. Derrew başyma mamur ejäniň donuny atdym-da, aýagyma kaloşymy geýip, tamyň arkasyna geçdim.
Tamyň arka ýüzünde, taýak atym aralykda uly peýwendi tudy bardy. Töweregine hyşa, ot-çöp biten biten bu tuduň kölegesinde ýaz aýlary Mamur eje sygryny daňardy. Selbinýaz gelnejem dagy şol ýerde eken. Özlerem uly gohdy.
—Bu çöp-çalamyň arasynda... ýylan-içýan bardyr... çaga bir zat bolar!—diýip, başlyk bilen garry daýza Selbinýaz gelnejeme ýalbarýardy.
Selbinýaz gelnejem janagyryly yňňyldap, olaryň ikisinem kowýardy:
—Gümüňizi çekiň. Dünýä inenden men muny bogup öldürjek!—diýip gygyrýardy.
Näçe ýalbarsa-da, Selbinýaz gelnejem diýen ederli däldi. Şundan soň Mömün başlyk çepiksije Selbinýaz gelnejemi çaga göteren ýaly edip, goluna aldy-da, sygyr dölä tarap ugrady. Selbinýaz gelnejem çabalanyp, baş bermejek bolýardy. Başlygyň ýüz-gözüne urýardy. Ondan birbada sypdy hem. Ýöne ol bükülip, özüni ýere goýberen çagy başlyk bilen başy donly daýza ony tutup, sygyr dölä dykdylar.
Derrewem dölede yşyk ýandy. Sygyr dölä barmaga welin, men milt etmedim. Süllümbaý bolup ezilsem-de, duran ýerimde durdum. Kän wagt geçmän, döle tarapdan iňňäleýän bäbegiň sesi eşidildi.
Men Mamur ejä tarap ylgadym. Ol meniň üst-başymy görenden, elini daldaladyp gygyrdy:
—Öýe gir! Gabyr bolsun şol. Gitme indi, gerek däl!
Men gapyda duran ýerimden:
—Sygyr dölede olar, o taýda bäbegem aglaýar!—diýip, daljygyp gepledim.
Mamur ejäniň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Agzy birgeňsi gyşardy. Ýöne hiç zat diýmedi. Öňküsi ýaly ellerini gara keçä diräp doňup galdy.
Men ýene yzyma—dölä tarap ylgadym. Ýöne uzak ýöremeli bolmady. Başlyk döleden daşyna don dolanan bäbegi alyp çykdy-da, garaňkylyga siňip gitdi. Bäbek dynman iňňäleýärdi. Başlygyň yzysüre-de, hälki, başy donly daýza çykdy. Ýöne indi onuň başynda dony ýokdy. Barybir, garaňky bolansoň, men onuň nähili aýaldygyny bilip bilmedim.
Dölede yşyk öçmändi. Çaga bilesigelijiligi meni öz erkime goýmady. Nämüçindir, şol wagt Selbinýaz gelnejeme syn salasym gelýärdi. Onuň näme işleýänini görmek isledim. Baryp, döläniň agzyndan seretdim. Bir çüňkde meniň heniz görmedik çyram—dörtburçja täsin çyrajyk ýagty saçýardy.
-
myspaser
5 years ago
- Çybşylda üns sowan bolmaga çemeli, Selbinýaz gelnejem gözüni gapa dikip, göz-gülban bolup otyrdy. Ol meni görenden, eline ilen zatlary maňa tarap oklaşdyrmaga durdy. Özem çirkin sesi bilen aldygyna gygyrdy:
—Haram içaly ganjyk! Gepçi albassy! Men seni bogup öldirin! Sensiň meni ile peçan eden! Sen bolmadyk bolsaň, bu zatlary hiç kim bilmezdi! Güm bol!
Beýle sesi, gykylygy dogup-dörälim bäri görmändim. Zähräm ýarylyp, yzyma okduryldym. «Mamur ejäniň ýanyna barsam hem, Selbinýaz gelnejem geläýse, hökman bogar» diýip pikir etdim-de, öz öýümize, ejemiň ýanyna ylgadym. Selbinýaz gelnejemden gorkym ýagyşly garaňky gijäniň gorky-ürküsinem unutdyrdy.
Barsam, şol wagt kakam hem çölden gelen eken. Ejem meniň şalpy-şaraň bolan üst-başymy, palçyk aýaklarymy görende, gözlerini gorkuly tegeläp, ýerinden zöweldi:
—Mamur ejä bir zat boldumy?!
Men üşänimi şu wagt duýdum. Gagşamadan ýaňa geplänimde eňeklerim şakyrdady:
—Sygyr dölede Selbinýaz gelnejem bar... Mömün başlyk bilen bir daýza bäbek alyp gitdi...
Kakam syçrap ýerinden galdy. Olar maňa ýerime geçip ýatmagy tabşyrdylar-da, hasanaklaşyp, daşaryk çykyp gitdiler.
Men diňe düşege geçenimi bilýän. Uklapdyryn. Samrapdyryn. Üşedip, gyzdyrypdyryn. Gyzyl ot bolup ýanyp, agzyma uçuk gaýnap gidipdir... Bu zatlaryň hiç birinem meniň özüm duýmandyryn. Bu meniň ýagşyň aşagynda durup alan almytymdy…
Gözümi açyp özüme gelenimde, ejem görgüliniň: «Balam, diri!» diýip, meni gujaklap, horkuldap aglanyny bilýän. Şol wagt onuň näme üçin aglaýanyna-da düşünmändirin. Soň eşidip otursam, men bir hepdä golaý wagt bäri özüme bir gelip, bir gelmän, ýanar oduň içinde ýatypdyryn.
Ejem maňa aldygyna burçluja unaş, garaçorba bişirip berýärdi. Endam-janymy ergin geçi ýagy bilen suwaýardy. Şeýdip-şeýdip, men kem-kemden ysgyna geldim. Bir gün irden oýananymda has-da süňňüýeňil gopdum. Diňe biraz üsgürýärdim.
Nije wagt bäri Mamur ejäni görüp bilmeýänim meni alada goýdy. Şeýle bolansoň, men çaýymy hem içmän, ejeme ýüzlendim:
—Eje, men çaýymymamur ejäniň ýaýynda içäýeýin? Onuň ýanyna kän wagt gitmedimem-ä!..
Ejem birbada sesini çykarmady. Doganlarym biri-birine gözlerini tegeleşip seretdiler. Ýöne olaryňam hiç birisi kelam-agyz zat diýmedi.
—Çaýyňy bir iç entek!—diýip, ejem birhaýukdan soň jogap berdi.—Soň gidäýersiň!
Men ejemiň diýeni bilen ylalaşyp, çaý içmäge otursam-da, gyssagym özüm bilendi. Iki elini köne keçesine diräp, gymyldap bilmän oturan mamur ejäniň mensiz ýüreginiň gysjagyny bilýärdim. Oňa şu çaka çenli hem mensiz kyn bolanynam bilýärdim. Basymjak baryp, ony begendiresim gelýärdi.
Selbinýaz gelnejemiň gaharly keşbi ýadyma düşende bolsa, gitmäge çekindimem. Özüni yzarlanym üçin göräýdigi onuň meni ýene sylap goýmajagyny bilýärdim.
Tereziniň Mamur ejeli tarapy agyr geldi. Men çaýdan bolup, hasanaklap galdym-da, kaloşymy geýip, mamur ejäniňkä eňdim. Ýazyň hoştap howasy göwnüňi göterýärdi. Maýyjakdy. Töwerege gök maýsalar görk berýärdi. Dürli guşlaryň jürküldisine, onda-munda görünýän saryja, mawuja ýaz güllerine guwanyp, bökjekläp barýardym. Keýpiköklükden ýüregim ýarylaýjak bolýardy. Bu gözelligiň gadyry aýratynam näsaglap galanyňdan soň has-da üýtgeşik eken.
Owlak ýaly bökjekläp barşyma Mamur ejäniňkä nähili ýetenimem duýmadym. Gapysyna ýetip-ýetmänkämem, kükregimi ýaraýjak bolup gygyrdym:
—Mamur eje-e!
«Geleweri, balam!» diýen tanyş sesiň eşidilerine garaşyp, biraz kürtdürdim. Nämüçindir, ses çykmady. Bir erbet hadysa garaşýan dek, ýüregim jigläp gitdi. Ikinji gezek gygyrmaga het etmedim. Sebäbi Mamur eje diýen adam sesiňe ses bermejek adam däldi. Bu ýerde bir syr bardy.
Töwerege göz aýladym. Agaç sekiniň üstünde Mamur ejäniň köneje keçeleri, ýorganlary serilgi durdy. Öňki suw guýulýan bedre düňderilgidi. «Mamur eje sagalyp, içerisini çykaraýdymyka? Soňam bir ýerik gidäýdimikä?» diýen pikir kelläme gelende, diýseň begendim. Onuň ýerinden galmagy, elbetde, begençlidi.
Öňe atylanymam duýmadym. Ylgaşlap, beletje gapyma bardym. Gapy ýapyk. Daşyndanam ýüp bilen daňlyp goýlupdyr.
Jaýyň arka ýüzüne geçip, äpişgeden içerik seretdim. Öýüň içinde Mamur eje-de ýok, düşeklerem. Diňe köneje sandyjagy bilen peltelije çyrajygy dur. Içeri arassa süpürilip goýlupdyr. Dym-dyrslyk...
Men şondan soň öňkim ýaly, pişik basyşyny edip, Selbinýaz gelnejemiň tamyna tarap gadam urdum. Kowalaýanda-da, oňa ýetdirmezlik üçin özümi dürsedim. Ýöne howsalam biderek boldy. Onuň hem gapysy ýapylyp, ýüp bilen daňlyp goýlupdyr. Arkaýyn baryp, äpişgeden içerik seretdim. Äpişgede öňküje, güllüje tutam ýokdy, içerde goş-golamam. Düşeklerem ýokdy...
Bu ýerde bir zad-a bolupdyr. Yzyma ylgadym. Ejem dagy heniz çaýyny içip bolman eken. Kakam-a ukudanam turmandyr.
—Eje, Mamur eje-de ýok, Selbinýaz gelnejemem—diýip, men demim-demime ýetmän, daljygyp gepledim.—Ikisiniňem gapysy gulply, işiklerine-de ýüp daňlypdyr...
—Hawa, olar ýokdur...—diýip, ejem agras gepledi.—Indi öz öýümizde oýnaber. Ol ýere gitjegem bolma!
—Olar nirä gidipdir-ä?—diýip, men bilesigelijilik bilen soradym. Şol ýagyşly gijede Gülälegi Mamur ejäniň ýanyna eltemsoň, Selbinýaz gelnejem ikisi ýaraşandyrlar öýtdüm. Şol pikirim bilenem ejeme ýüzlendim.—Olar ýaraşypdyrlarmy? Bile gidipdirlermi?
—Hawa—diýip, ejem ýene agras jogap berdi. Soňam gaşlaryny çytdy.—Çaga diýeniň hemme zady biljek bolup ýörmez. Aýyp bolar. Indi kän gepleme-de, oýnaber!
Kakam hem turdy. Onuňam keýpi ýokdy. Agrasdy.
Öýlänler kakam ullakan mal soýýan pyçagyny alyp, ejem bilen bir ýerik çykyp gitdi. Menem olaryň yzyna düşdüm. Olar Mamur ejelere bardylar.
Ejem gapylardaky ýüpleri aýryp, Mamur ejäniň düşeklerini Selbinýaz gelnejemiň jaýyna ýazdy. Mamur ejäniň öz jaýyna bolsa, brezentdir şal düşekleri atyşdyrdy. Soňra gidip, goňşulardan üç-dört sany aýaly çagyryp geldi.
Şeýdip, ejem-ä aýallar bilen hamyr ýugrup, çörek bişirdi. Kakam bolsa bir ýerden getiren goýnuny soýmaga durdy.
Agşam başatgyçly aýallar, telpekli-telpekli adamlar geldiler. Üýşüp, bir zatlar okadylar. «Mamur eje pahyr gowudy» diýşip, kän gürrüň etdiler. Selbinýaz gelnejeme bolsa sögdüler. Abdylla kakamy ýatladylar. Aýallaryň käsi agladam.
Şol gije kakam Mamur ejelerde galdy. Ejem ikimiz gijäni aýaklap gaýtdyk.
Giç gelemizsoň, men köp ýatypdyryn. Şonuň üçin ejemiň haçan turup gideninem duýmandyryn.
Men oýanamsoň, Mamur ejelere gitmek üçin ýene köçä ylgamakçy boldum. Meni gyz doganym saklady:
—Gitme, gyz, saňa ejem baraýmasyn diýip gitdi.
—Barjak! Näme barman!—diýip, men jedirdedim.—Ömürem baryp ýörün-ä ol ýere!
Doganym: «Bärik gel!» diýen manyda maňa yşarat etdi. Men oňa golaýlaşdym. «Tutup goýbermän, saklajak bolýan bolaýmasyn!» diýen pikir bilenem arany gaty ýygyrman durdum:
—Näme, aýdyber!
Doganym pyşyrdady:
—Mamur eje ýogaldy, gyz! Şoň belli gününi edýäler bu gün... O taýda hemmeler aglaýandyr... gitme!
Şol wagt doganym ýumruk ýaly kesegi alyp, maňlaýyma ýelmäýen bolsa-da, bu habardan gowy bolardy. Ogul aýralygy sebäpli maýyp bolan betbagt Mamur ejäniň naýynjar keşbi göz öňüme gelende, ýaňaklarymdan ajy ýaşlarsyrygyp başlady hem bu habara gorkdum. Alasarmyk duýgular kalbymy mäjumlady.
Doganym gepiniň üstüni ýetirdi:
—Hol, ýagyşly gije, seniň üşäp, näsaglap gelen gijäň ýogaldy. Kakam dagy baranda, agzyny ýere berip, ýykylyp ýatan ekenmiş...
Meniň gynanjym ýüregime sygmady. Möňňürip aglap başladym. Özümem:
—Mamur eje-e! Mamur eje-e!—diýip, aglaýardym.
Özümi dünýede ýeke galan ýaly duýdum. Mamur eje bilen şeýle öwrenişenimdenmi-nämemi...
Doganym hernäçe ibermejek bolsa-da, men Mamur ejäniňkä gitdim. Barsam, şeýle bir adam köp eken. Başatgyçly aýallar-a içerde häli-şindi ses edişip aglaşýardylar. Daşardaky erkek kişiler bolsa, başlaryny aşak salşyp otyrdylar...
Başatgyçly aýallaryň içinden ejemi gözledim. Ýöne kimiň-kimdigini biler ýaly däldi. Hemmeler başatgyçlaryny berk sümrüşip, ters bakyşyp otyrdylar.
Şeýle bolansoň, men Selbinýaz gelnejemiň jaýyndaky aýallaryň bir çetinde ornaşdym-da, agymy dowam etdim. Gynanjymdan ýüregim çat açyp barýardy. «Mamur eje-e!» diýibem, birsyhly gygyrýardym.
Gapdalymda oturan aýallaryň biri egnimden emaý bilen tutup, pyşyrdap maňa ýüzlendi:
—Balam, bu ýere çagalara gelmek bolmyýa... Bar, gyzym, öýüňize gaýt! Ejeňem barar agşamlyk...
Men bialaç gaýtmaly boldum. Agşam ejem geldi. Kakam bolsa ep-esli wagt Mamur ejäniňkiden girip-çykdy.
Soň Mamur ejäniň kyrky geçdi, soň ýyly... Ine, şeýdibem, ol hakdaky gürrüňlerem kem-kemden azalyp ugrady...
Kakam bilen ejem onuň ýorunjasyny orýardylar, gapysynda mal daňýardylar. Mellegine ol-bi ekinem ekýärdiler.
Mamur eje ýogalansoň, oba ýene bir habar ýaýrady. Mömün başlyk öldi. Ony bir gürrüňçilikd-ä: «Öldüripdirler» diýýärdiler, bir gürrüňçilikde-de: «Öwlüýäli meýdandaky» tutlukda özi asylyp ölüpdir» diýýärdiler.
Men bu gürrüňlere aň ýetirerden ýaş bolamsoň, nämäniň-nämedigini anyk bilemokdym. Ejem dagy bolsa goňşular bilen ol hakdaky gürrüňi gozgadyklary: «Bigünäni aglatsaň, iliň ojagyna kast etseň, ondan gowyny görermiň!» diýişýärdiler. «Ony Mamur ejäniň gargynjy tutdy» diýýärdiler.
Başlyk ölensoň, kakam hem çöle gitmesini goýdy. Öňküsi ýaly kolhozda suwçy bolup işläp başlady.
Aýlar-ýyllar kerwen gurap ötüp durdy. Menem indi okuwa gatnaýardym. Ýaz kanikulynyň bir gününde ejem çetkiräk obalaryň birine toýa gitjekdigini aýtdy. Menem ýene ondan galmadym.
Toý gyz toýy eken. Biz baranymyzda, heniz gelnalyjy gelmän eken. Her kim gelnalyjyny görjek bolup, daşarda yzan-da-çuwandy. Ulugyzlar topar-topar bolşup, sülmüreşip durdular. Aýallar bolsa onda-munda ikibir-üçbir bolup oturyşlaryna gybat edýärdiler. Çagalar dabanlaryna ot basylana dönüşip, ylgaşýardylar. Gazanlaryň başynda nahar bişirişip duran erkek kişiler güsürdeşip, her gezek gapdallaryndan ötüşip duran çagalara haý-küş edýärdiler:
—Haýt, gazana gaçýaňyz, garagollar! Baryň-aýt, aňyrrakda kowalaşyň!
Ejem ikimiz ilki içerik girip, çaý-çörek iýdik. Soňra bizem il ýaly, gelnalyjyny görmek üçin daşaryk çykdyk. Ejem çeträkde, iküç ýaşlar töweregindäki oglanjygy gujagyna alyp, ylgaşýan çagalara seredip oturan aýalyň ýanyna ugrady:
—Ogulmeňli ýaly-la ol...—diýip, ejem ýöräp barşyna özbaşyna gepledi. Baryp gujagy çagaly aýal bilen salamlaşdy-da, diýen sözüni ýene gaýtalady.—Ogulmeňli ýaly-ladiýip geläýdim, asyl, özüň ekeniň, gyz! Saglykmy, gurgunçylykmy?..
Ogulmeňli diýen aýal ejemiň şelaýynlygyna äwmän, agras gepledi:
—Şükür... Aý, şu çaga içerde saklatmady-da... çykaýdyk...
Oglanjygyň egninde nagyşlanyp tikilen birgeňsije gyrmyzy donjagazy, başynda akja telpejigi bardy. Biljagazy ýüpek ýaglyk bilen guşalypdyr. Özem şeýle eýjejikdi, gowujady. Garagollyklaryndan bir ýerde durup bilmän, güpürdeşip, at salşyp, itnişip ýören çagalara hezil edip seredýärdi.
—Bujagaz agtyjagyňmy?—diýip, ejem oglanjygyň donunyň synyndan çekip, Ogulmeňli daýza ýüzlendi.—Gowuja donam tikipdirler muňa.—Soňra ejem çaga gep goşdy.—Tüweleme, donuňy kim tikdi, hä?
Oglanjyk ejeme çala nazar aýlap goýberdi-de, ýene ünsüni çagalara gönükdirdi.
Ogulmeňli daýza uludan dem aldy. Gözowalarynda ýaş damjalary buldurady:
—Agtygym däl bi... Mömün pahyryň oguljygy...
Bu habara ejem birhili boldy. Eline kakylan dek, oglanjygyň donunyň synyny birden goýberdi-de, biraz yza süýşdi. Näme diýjegini bilmedik bolmaga çemeli. Birbada gepläbem bilmedi.
Ogulmeňli daýzanyň ýaňaklaryndan gözýaşlar togalanyp-togalanyp gaýtdy. Ol töwerekden ejap edip, eýlesine-beýlesine gabak astyndan syn saldy-da, aýalary bilen aldygyna gözýaşlaryny süpürdi. Soň çagajygyň eginlerini sypady:
—Arslan jan bi... Bir ady Ýagmyr... Ýagyşly gijede bolansoň, Ýagmyram diýäýýäs... Ýetim galdy bi çaga... Menden başga hossary ýok indi muň...
Ejem henizem geplänokdy. Ogulmeňli daýzanyň «ýagyşly gije» diýen sözi hem-de Mömün başlygyň adyny ýatlamagy meniň hyýalymy uzaklara alyp gitdi. Göz öňümde Selbinýaz gelnejemiň ýagyşly gijede bolup barşy janlandy. Mamur ejäniň sygryny daňýan tudy, sygyr döledäki waka, başy donly aýal bilen Mömün başlygyň bäbegi alyp gidişleri ýadyma düşdi...
Men haýran galmadan ýaňa çagadan gözümi aýryp bilmedim. Çagajygyň hem ýaňagynda hut Mömün başlygyňky ýaly meňi-de bardy. Ýöne entek ol meň uly däldi. Misli galam bilen garaja nokat basylan ýalydy. Mömün başlygyňky ýaly meň Ogulmeňli daýzada-da bardy. Ejemden soramasam, men Ogulmeňli daýzanyň başlygyň nämesidigini bilip biljek däldim welin, çagajygyň-a başlygyň ogludygyny duýdum.
Görüp otursam, şol ýagyşly gije Selbinýaz gelnejemiň ogly bolan eken...
Nämüçindir, Ogulmeňli daýza entegem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi.
—Goýaweri, Ogulmeňli, töwerekdäkiler näme diýer toýda aglap otursaň!—diýip, ejem oňa ýüzlendi.—Boljak işdir-dä...
—Boljak iş däldi ol—diýip, Ogulmeňli daýza agysynyň arasynda hüňürdedi.—Boldurdylar... Doganjygymy siziň obaňyzyň adamlary uklap ýatyrka, urup-urup, ganara salyp alyp gidipdirler... Soňam öwlüýäniň içinden asyp goýupdyrlar... Seňňem adamyň barmyş içinde...
Ejem ýylan görene dönüp tisgindi. Ýüzi ak tam bolup, dodaklary gahardan titredi. Sesi gaharly çykdy:
—Goýaweri, Ogulmeňli! Ol asyl ýeke günem öýden gitmese näme! Ýalan gürrüňdir. Ony meň adamymy öldürjek bolsa, öň görmän ýörmi!
—Gitjek ýerini saňa aýdyp durmy ol!—diýip, Ogulmeňli daýza-da öz gepini gögertmäge çalyşdy.—Daňdanyň ümüş-tamşynda ýigrimä golaý adam bolup barypdyrlar...—Ogulmeňli daýza ýene aglamjyrady.—Doganjygym... Ogul-ogul diýip, nije ýyllar bäri... Ogla ýüzi düşenje halatam... Özi barka, aýalam doganjygymyň dabanyny ýalardy... Öldi welin, bujagazam meň üstüme taşlap gitdi... Seretmedi...—Şeý diýip, Ogulmeňli daýza ýene çagajygyň eginlerini sypady...
Ogulmeňli daýzanyň sözleri ejemiň gaharyny gowy getiren bolmaly. Ol sesini sandyradyp:
—Aý, oglam öz halal aýalyňa dogurtmaly-da, Ogulmeňli... Mamur eje ýaly betbagtyň...
Ogulmeňli daýza ejemiň sözlerini soňlatmady:
—Meň doganyňm özi abat aýalyň gapysyndan barýan däldir... Esreýän jelepleň yzyndan ylgaýandyr!
—Biljek däl!—diýdi-de, ejem uludan dem aldy.—barybir, Abdylla ýaly ýigidiň maşgalasyna ýanaşmaly däldi...
Doganynyň ölümine jany has ýanan bolmaga çemeli. Ogulmeňli daýza soň agzyna gelenini diýip goýberdi:
—Başlyk adamdyr-da! Islän aýalynyň ýanyna barar! Nesip bolsa Arslan jan bir ulalsyn bakaly, siziň bütin obaňyzy gyrdyraryn!
—Biderek günä göterme, Ogulmeňli—diýip, ejem pessaý gepläp dowam etdi.—Biziň obamyzyň adamlaryndan seň doganyňa zelel ýeten däldir, eger şeýle bolan bolsa, höküwmet adamlary ýöne goýarmydy! Doganyň ölüminiň sebäbi başga zat bolaýmasyn?!
—Ýok! Başga zat däl! Siziň obaňyzyň adamlary! Diňe şolar!—diýip, Ogulmeňli daýza eňegine tutup sandyrady.—Beýle iş etmegi başarýan adamlar höküwmedi saklamagam başarandyrlar.
—Sen diňe göwnügaralyk edýäň, Ogulmeňli!—diýip, gaýtalady-da, ejem turmak bilen boldy.—Biz-ä toýa geldik, sögüşmäge gelemzok.—Şeý diýip, soňra ejem maňa ýüzlendi.—Hany, ýör, gyzym, gelnalyjy göreli... Çagalygymda bilen önüp-ösenimiz, tanyş ýüzüm diýdim-de sowlaýdym.
Ejem sözüni tamamlap-tamamlamanka, atbaşylaryň gohlary gelip ugrady...
Gyzy alyp gidenlerinden soň, nahar iýip, öýe gaýtdyk. Ejem ýolda-da Ogulmeňli daýza özbaşyna käýindi:
—Aslynda doganyň Mömün bolsa, sen ondan ibaly bormuň diýsene! Aslynda ganyňyzda gowulyk bolan bolsa, beýle haram işler ýüregiňize siňermidi diýsene! Ana, haram bolsaňyz... Almytyňyzy aldyňyz dälmi! Indi serediber doganyňdan galan binika çaga! «Asly ýamanlardan ýagşylyk çykmaz!» diýip, aýdyp geçipdir-ä Magtymguly şayram...
—Eje, eje, şol oglanjyk Selbinýaz gelnejemiň oglumy?—diýip, men bilesigelijilik bilen ejemden soradym.
Ejem al petimden aldy:
—Bir ýerde gepläýmegin! Utanaňokmy, çaga halyňa şoň ýaly gürrüňleri sorap ýörmäge!
Men sowalymy bes etmedim. Bilesigelijilik öz erkime goýanokdy:
—Ogulmeňli daýzany nireden tanaýaň?
Bu gezek ejem maňa jogap berdi:
—Ol meniň obadaşym... Babalaň obasyndan... Men seň ýalyjak gyzjagazkam, ol ep-esli bolan ulugyzdy...
—Ol Mömün başlygyň nämesi?—diýip, men ýene soradym.
—Iň kiçi jigisi!—diýip, ejem jogap berdi...
-
myspaser
5 years ago
- ***
Ine, şunuň bilen Mamur ejeli, Mömün başlykly wakalar, gürrüňler tamam boldy. Ýatdan çykyşyp ugrady. Ýöne meniň bir özüm bolup geçen wakalary käte hyýalymda ýatlamaly bolýardym. Sebäbi men ese-boýa galyp, joralarym bilen häli-şindi toýa, şähere gidýärdim. Şonda Arslanjygy yzyna tirkäp ýören Ogulmeňli daýzany görýärdim. Ýöne olar barada hiç kimiň ýanynda dil ýaramokdym.
Soňabaka olar hem sataşmasyny goýdy.
Men orta mekdebi tamamlap, uniwersitete okuwa girdim. Üçünji kursy tamamlanymyzdan soň, biz Pöwrizede, pioner lagerinde pedagogik praktika geçmelidik.
Kursdaş joralarymyz bilen bellenen lagerimize bardyk. Lageriň naçalnigi Lidiýa Iwanowna gyzlary ikibir-ikibir toparlara berkitdi. Meni bolsa Patma diýen joram bilen bölünişigiň iň soňuna alyp galdy. hemmeler gidensoň, biziň bilen aýratyn gepleşdi.
—Sizi berkitjek toparymdaky çagalar ýetim çagalar—diýip, ol ýagdaýy mälim etdi.—Çagalar öýlerinden gelenler. Gaty mylakatly, hoşamaý boluň...
Şeý diýip, ol bize çagalaryň dokumentleri ýerleşdirilen papkany görkezdi.
Biz ilki spisok bilen tanyşdyk. Men şu ýerde Mömün başlykdyr Selbinýaz gelnejemli wakalary hyýalymda janlandyrmaly boldum. Maňa berlen spisoklaryň içinde «Mömünow Arslan» diýen at-familiýa bardy. Adresi-de biziň raýonymyz, kolhozymyz... Tejeniň çagalar öýünden getirilen.
Ýüregim jigläp gitdi. Basymjak çagalary görmäge howlukdym. Ýöne olary bu wagt görübem boljak däldi. Olar uklap ýatyrdylar...
«Şoldur, hökman şol bolmaly!» diýen pikir ýüregime bükgüldi salýardy. «Adres tanyş ýer ahyry!».
Ine, durmuşda mydama şeýle. Kimdir biriniň seresapsyzlygy, kellesizligi üçin soň başga biri ýanmaly bolýar. Näme üçin betbagtçylyk diňe ony döredýän adamlaryň öz başyndan guýulmaýarka?!
Men indi durmuşyň ak-garasyna düşünip ugradym. «Näme üçin Selbinýaz gelnejem şeýle iş etdikä? Näme üçin iň bolman, ol çagajygyny bir öz ýany bilen äkitmedikä?» diýip, birsyhly oýlanýardym. Durmuşda sowal kän. «Nämüçinler» meni iýip barýardy...
Çagalaryň oýanaryna şeýle bir howlukdym.Garaşýan çagyň wagtyňam süýşmeýşini diýseňiz-läň!
Göwnüme süýşmeýän ýalam bolsa, wagtdan ýyndan zat ýok. Ýaňy dälmi, çagajyk wagtymyz... Şu gün meniň ýüregimi gürsüldedip duran ýagdaýyň döremegine sebäp bolan wakalaryň hem bolany ýaňy dälmidi...
Sagat dördem boldy. Pioner surnaýynyň sesi çagalary örüzdi. Deň-duşlaryndan uzyn boýy, boldumly göwresi bilen saýlanyp duran, on üç-on dört ýaşlaryndaky ýetginjek derrew meniň gözüme ildi. Onuň sag ýaňagyndaky meňjagaz öňkülerine görä ulalypdyr. Çaga dyrnajygy ýaly. Ýetginjegiň ak ýüzi, göz-gaşlary, göni burny Selbinýaz gelnejeme çekiýdir. Daýawlygy welin, kakasy! Damarlarynda-da ata ganynyň at çapýany bildirip durdy. Ol bir ýerde dek durup bilenokdy. Hasanaklap, bir eýläk geçýärdi, bir beýläk. Ýanyndakylary käte eli bilen kakyp goýberýärdi, käte aýagy bilen ýollaryny saklap büdredýärdi... Şeýdip barşyna-da, gözlerini elek-çelek edip, töweregine aýlaýardy. Bolşuny hiç kim görmeýändir öýdýärdi. Meniň gözüni özünden aýyrmaýanymdan onuň habary ýokdy.
Meniň oňa birbada ýüregim awady. Ykbalyna gynanyp, gaňşyrawugym tütäp, gözlerime ýaş aýlandy.
—Saňa näme bolýar?—diýip, joram Patma gözlerini tegeläp, maňa ýüzlendi.
Näme jogap bereýin!
—Aý, hiç. Birhili, ýüregim awaýdy bulara—diýen boldum.
Meniň gözýaşymy Lidiýa Iwanowna-da duýupdyr.
—Gyzlar! Ine, beýtmek bolanok! Siz olaryň derdini gozgarsyňyz!—diýip, ol gaharly pyşyrdady.—Dogumlyrak boluň!
Men Arslana çagalardan aýratyn hiç zat diýemokdym. Näme diýeýin! Ýöne munuň hut şol ýagyşly gijede dünýä inen Arslandygyny duýdum.
Oňa nähilidir bir kömek edesim gelýärdi. Ýöne ol hiç wagt kömege mätäç bolanokdy. Iýmeli-içmeli wagtam hakyny gidirenokdy. Orun almaly bolanda-da. Gaýtam, beýlekileri urup, bizden bukulyp, özüni gözledip iş berýärdi. Saçyndan çekip, gyzlary agladýardy. Gaharymyzy getirýärdi. «Beýle-de bir nesle häsiýet geçme bor eken» diýip, men gahar bilen içimi gepledýärdim.
Bir günem ol gyzlaryň biriniň saçyndaky lentasyny alypdyr. Gyzjagaz ony kowalaýardy. Aglap, lentasyny aljak bolýardy. Arslan bolsa çöpüň başyna daňlan lentany pyrlap, iki ýana gaçýardy.
Men onuň ýanyna baryp, lentany alyp, gyzjagaza berdim-de, ýetginjegiň özüni kölegedäki skameýkalaryň birine alyp geldim. Ol gulagasyjylyk bilen meniň ýanymda oturdy.
—Gyzlary aglatmak bolmaýar-a, Arslan—diýip, men hoşamaýlyk bilen oňa ýüzlendim. Soň ýene bir zatlar diýjek boldum.
Ýöne ol meni gepletmedi-de, haýran galar ýaly zatlary diýmäge başlady:
—Hemmelerem aglatmak bolýar! Hemmeleri urmaly, öldürmeli, aglatmaly!
Onuň bu sözlerine üstüme ýylan zyňlan ýaly boldum.
—O näme üçin?—diýip, geň galyp soradym.
—Sebäbi adamlar meniň ejemi, kakamy öldüripdirler ahyry!
Ýüregim jigläp gitdi. Indi mende munuň Mömün başlygyň ogly Arslandygyna birjigem şübhe galmady. «Häk, Ogulmeňli daýza eýýäm çaganyň aňyny zäherläp ýetişipdir-ow!» diýip, içimi gepletdim.
—Seni biri aldapdyr, Arslan jan—diýip, men ony köşeşdirmäge synanyşdym.—Heýem, bir adamlar biriniň ejesini-kakasyny öldürip bilermi!
—Ýalan! Siz meni aldajak bolýaňyz!—diýip, ol sesine bat berip gygyrdy.—Adamlar meniň ejemi, kakamy öldüripdirler. Maňa babuşkam aýtdy.—Ýetginjegiň gözleri gazap bilen ýandy.—A meniň ejemi-kakamy nähili göresimiň gelýänini siz bilýäňizmi? Meniň näçe aglanymy siz bilýäňizmi?
Men çydam edip bilmedim. Heniz durmuşyň nämedigini bilmänkä ýanan ýetginjegiň sözlerini diňlemäge çydam edip bilmedim. Onuň gazaply ýanyp duran sowally nazarlaryna bakyp oturmaga çydam edip bilmedim. Gözlerimden biygtyýar dökülen ýaşlara erk edip bilmedim. «Selbinýaz gelneje, gelneje! Sen eden işiň nähili çökderdigini bir bilsediň! Sen nije adamy ýakandygyňy bir duýsadyň!» diýip, hyýalymda birsyhly gaýtalaýardym...
—Arslan jan!—diýip, bokurdagym dolup durşuna men ýetginjegiň egnine elimi goýdum-da, töwerekde oýnaşyp ýören çagalara nazar aýladym.—Olaram seň ýaly ejesiz-kakasyz ahyry! Olaram ýetim-ä! Olaram ýeke wagtlary seň ýaly, ejelerini-kakalaryny göresleri gelip, aglaýandyrlar! Üstesine, senem urup aglatsaň, näme bolar, hä?
Ol gözlerine pikir jemläp, meniň ýüzüme bakdy. Soňam:
—Ladna! Indi olary urman!—diýdi.
Men okumyň nyşana degip ugranyna begendim. Onuň uguny ýekelemäge başladym:
—Seniň babuşkaň ady kim?
—Ogulmeňli—diýip, ol başyny aşak salyp oturyşyna pessaý ses bilen aýtdy.
—Onuň özi nirede?
—O-da öldi...
—Wah-eý...—diýip, men Ogulmeňli daýzanyň ölümine diýseň gynandym.—Haçan?
—Aý, bir wagt!—diýip, Arslan elini kelemenledip goýberdi.
—Seni çagalar öýüne kim getirdi?
—Babuşkam ölensoň, mugallymlarym iberdiler...
Birbada ikimizem dymdyk. «Başdan ile meňzeş dogulmadyk çaganyň soňam ibaly bolmazmyş» diýilýän gürrüňler çynmyka eýsem?» diýip, men içimi gepletdim. Gaharynyň köşeşeri ýaly, öňki pikirlerinden üýtgär ýaly, häzir Arslana bir zatlar diýmegiň gerekdigini bilýärdim. Ýöne näme aýtjagymy bilemokdym. Heniz beýnisi bekemedik çaga dyrnak ýaljak ters sözüňem birhili täsir etmegi mümkindi.
—Hiç kim hiç kimi öldürmeýär, Arslan jan!—diýip, men ýetginjege täsir etmek niýeti bilen ýene söze başladym.—Käte, ýaraman, adamlaryň özleri ölýäler... käte bolsa...
Arslan ýene meniň sözümi böldi-de:
—Siz ýalan sözleýäňiz!—diýip, dogum bilen ýanyp duran nazaryny maňa gönükdirdi.—Hana, Wolodýaň kakasynam adamlar urup öldüripdirler. Hut öýlerinde... Nahar iýip otyrkalar, gelipdirler-de, urup-urup öldüripdirler... Wolodýaň özem gözi bilen görüpdir...
Men beýle çagany ömrümde ilkinji gezek görýärdim. Şonuň üçin näme diýjegimi bilmän, aljyradym.
—Belki, Wolodýaň kakasynyň özem öň birini urandyr—diýip, men ahyry bir tutaryk tapdym.—Soň olaram ar alandyrlar... Eger Wolodýaň kakasyöz ogluny gowy gören bolsa, erbet adamlar bilen urşup ýörmän, öýünde bolardy, ogluna serederdi, şeýle dälmi?
Arslan uludan dem aldy. Nazaryny uzaklara dikdi.
—Bilmedim...—diýdi.
Onuň bolup oturyşy durmuşyň köp sowalynyň öňünde ugur tapman, aljyrap duran epeý adama çalym edýärdi. Çaga diýer ýaly däldi. Ol birhaýuk pikire batansoň, maňa ýüzlendi:
—Siz näme, meň kakam erbet bolandyr öýdýäňizmi?!
—A, belki, seň kakaň ölenem däldir—diýip, men gepi başga tarapa sowdum.—Bilýäňmi, käte ejesi-kakasy ölendir öýdülen çagalaryň hossarlary bir ýerden çykaýýaram!
—Aý, ýok, meň kakam ölen bolmaly!—diýip, ýetginjek meniň bu gepime imrinmedi.—Taşlanan çagalaryň ejesi-kakasy çykýa bir ýerden. Meniň kakamyň ölenini bolsa, babuşkam görüpdir... ony men kiçijik bäbekkäm, adamlar tutdan asypdyrlar...
«Ähli zady änigine-şänigine çenli aýdyp, çaganyň aňyny bulaşdyrmak nämä gerek bolduka?» diýip, men Ogulmeňli daýzany ýatlap, içimi gepletdim. «Beýle erbet daýza eken-ow!».
—Ejeňi nädip öldüripdirler?—diýip, men ýetginjekden soradym.
Arslan baş ýaýkady:
—Bilmedim. Ony babuşkam aýtmaýardy. Diňe «öldürdiler» diýýärdi...
Maňa Arslanyň pikirini üýtgetmäge ýapyşalga tapyldy.
—Ana, gördüň gerek!—diýip, men ony ynandyrmaga durdum.—Babuşkaň ýalan sözläpdir. Eger bilýän bolsady, ejeňňem nädip ölenini aýdardy... A, belki, ol ölenem däldir... A, belki, kakaňam diridir...
Arslanyň gözleri ýene gaharly ýandy. Dodaklary tirpildedi:
—Siz näme, olar meni taşlandyr öýdýäňizmi?—Soňam ol meniň şeý diýmegimi islemeýändigini duýdurdy.—«Taşlanypdyr» diýlenden-ä, «ölüpdir» diýlen gowy... Ene-ata çagasyny halaman, bizar bolup taşlasa, erbet... Beýle bolsa, ulalaýsam, men olary tapyp öldirin!
—Ýok, sen taşlanan dälsiň!—diýip, men ýene aljyradym. Birdenem kelläme bir gowy pikir geldi.—Heý, seň ýaly çaganam bir taşlarlarmy! Ýöne bilýäňmi, köp ýerde ýer yranýa... ýa-da ejesi-kakasy näsaglap keselhana düşende, çagany wagtlaýynça birine seretmäge berýärler... Käte bolsa çaga ogurlanaýýaram... Ine, şeýdibem köp çagalar hossarlaryndan jyda düşýärler...
Bu diýenlerim ýetginjegiň ýüregine jüňk boldy öýdýän. Ol ýene eginlerinden dem aldy:
—Ullakan bolanlarynda, oglanlar-gyzlar gazetlere ýazyp, ejelerini-kakalaryny gözleýäler. Tapýanlaram bolýa... Menem ulalaýsam, hökman ejemdagyny gözlärin...
Men oňa:
—Şeýtgin, Arslan jan!—diýmekden başga söz tapmadym.
Ýetginjegiň bu sözlerine diýseň kän wagt ýüregim aglady...
Şol günki gürrüňçilikden soň Arslanyň häsiýeti bütinleý üýtgedi. Ol diýseň ýuwaşady. Köplenç, pikire batyp, bir özi içini hümledip gezýärdi. Köpçülige kän goşulanokdy. Uzagrakda oturyp, köplenç, maňa sereder oturardy. Onuň mähir, hossar küýseýäni mese-mälim bildirip durdy.
Bir aý bolup, biz yzymyza dolandyk. Arslan dagy bolsa galdylar. Meniň bilen hoşlaşanda, göwnüme bolmasa, ýetginjegiň gözlerinde ýaş buldurap giden ýaly boldy.
—Okuwymy gutarsam, hökman seni gözläp taparyn. Arslan, ikimiz dogan bolup gatnaşarys, bolýamy?—diýip, men ony köşeşdirmäge synanyşdym.
Ol hiç zat diýmän, gül-gülälekli baglaryň içine ylgap gitdi...
***
Men ýüregime täsir eden bu waka hakda öýde ejeme gürrüň berdim. Selbinýaz gelnejemi gözläp, oňa-da ýagdaýy aýdaýmalydygy hakdaky pikirimi ýaňzytdym:
—Barybir, öz çagasy, Ogulmeňli daýza ölen bolsa, goý, ýygnasyn ogluny!
Meniň diýýänlerime ejem ör-gökden geldi.
—Kakaňa bir aýdaýma, gahary geler!—diýip, howsala düşdi.—Selbinýaz gelnejeňdenem gördüm-bildim ýok. Onsoňam ýygnajak aýal öň taşlamazdy ony. Iň gowusy, goşulma! Dünýede ýanan kän. Haýsy biri üçin ýanyp gezjek! Ykbal işidir bi zatlar!
—Çagada näme ýazyk bar!—diýip, men gaharlandym. Iň soňky pursatda gözlerini ýaşlap galan Arslan göz öňüme geldi.—Eje, gel, bolmasa şony özümiz ýygnaly!
Ejem elini ýakasyna ýetirdi:
—Sen däliräpsiň öýdýän, gyzym!—Ejemiň sesi sandyrap çykdy.—Onuň atasy-ha Mamur ejäniň öýüni bozdy... Il-günden utanmady! Ogly näme bolar öýdýäň?! Şoň ýaly adamyň çagasyny kakaň gapydan getirdermi?! Gurt çagasyndan ekdi bolmaz!
—Oň ýaly adam, muň ýaly adam!—diýip, men gözi ýaşly Arslany unudyp bilmän durşuma, gaharly gygyrdym.—Haramzada üçin çagada näme günä bar! Çagada näme ýazyk bar! Seň diýýän zatlaň ol neresse dünýä-de inmänkä boldy ahyry!
—Barybir, onda şol atanyň gany bar!—diýip, ejemem gygyrdy. Soň bolsa meni diňlemegem islemedi. Elini silkip, ýanymdan turup gitdi.
Şunuň bilen birbada Arslanly gürrüň galdy. Ýene günler-aýlar kerwen gurady...
Doganymy öýerip, kakam Mamur ejäniň melleginden täze jaý salyp, şol ýerik göçürdi. Onuň oglunyň adyna-da Abdylla goýdy. Bu aralykda men hem uniwersiteti tamamlap, respublikan gazetleriň birinde işe başladym.
Komandirowka bilen dürli raýonlara gidýärdim. Habarlar ýazýardyk. Bir gezek ýolum Tejeniň üstünden düşdi. Men Arslanyň ýagdaýyny bilip geçmegi ýüregime düwdüm. Bardymam. Ýöne oňa duşup bilmedim. Sekizýyllygyň şahadatnamasyny alansoň, ony Daşkende—tehnikuma okuwa iberen ekenler.
Her zadam bolsa, ýetginjegiň durmuşyň özbaşdak ýoluna göni gadam basanyna begenip gaýtdym.
***
Şondan soň dört-bäşýyla golaý wagt geçipdi. Bir gün meniň adyma bir galyň bukja geldi. Bukjanyň daşynda haty iberýäniň adresi ýokdy. Şeýle bolansoň, onuň kimdendigini bilmek üçin, bukjany howlukmaçlyk bilen açdym. Gözlerime ynanmadym. Neneň ynanjak! Haty iberen Selbinýaz gelnejem bolsa nätjek! Nije ýyllar bäri dereksiz ýiten adamdan gelen hata derrew imrindim. Hatyň mazmuny şeýledi: «Nunna jan! Tüweleme! Sen-ä gazetçi bolup gitdiň. Her bir ýazýan zadyňy okap oturandyryn. Öň «Öwezowa» bolup ýazýadyň. Soňky wagtlar familiýaňam-a üýtgedi. Durmuşa çykdyň öýdýän. Familiýaň üýtgänine üç-dört ýyl-a boldy. Sen indi ene-de bolansyň. Ine, sen meniň durmuşyma indi düşünersiň! Şonuň üçin hem saňa ähli zady ýazmagy makul bildim. Nunna jan! Hem senden uly haýyşym bar. Şol haýyşymy senden özge bitirjek ýok. Senden başga hossarym ýok, Nunna jan! Ömrüňde bir gezek meni bagyşla-da, gaýrat edip, kömek et!
Haýyşym hakda soň. Ilki başymdan geçeni gürrüň bereýin...
...Seniň top ýaly togalanyp, yzymy yzarlaýanyňy men duýýadym, Nunna jan... Muny senden Mamur kempiriň haýyş edýäninem bilýädim... Nätsin betbagt. Onuň gününi hiç kimiň başyna salmasyn... Dogrymy aýdaýyn, men onuň ýagdaýyna diýseň gynanýadym. Ömrüm ötýänçä, onuň guly bolup gezjekdim! «Onda näme üçin üýtgediň?» diýersiň, Nunna jan! Birbada özümem duýman galypdyryn... Hemmesine Mömün başlyk günäkär. Hudaýym, wezipesine, baýlygyna baýrynyp, gelin-gyzlary azdyrýan näletkerdeleriň ýedi arkasyna nälet bolsun!
Başlyk bir gün gelip, halymy sorady... Ýene bir günem: «Gerek zadyň bolsa, aýt, hor bolma!» diýdi. «Başlyk halymy soraýa» diýip, gaýtam monça bolupdym. Göwnümde hiç hili zat bolmasa näme! Wah, başdanjyk ýagdaýlaryň şeýledigini size aýdaýsam bolmyýamy! Şeýdäýen bolsam, kakaň ähli zady saýhallardy wagtyndajyk. Hany, ol wagt mende beýle dury akyl!
Günleriň bir güni bolsa, ol maňa bir penej pul oklap geçdi. Bir günem delje mata iberdi. Bir günem bir adamdan un iberipdir... ýeri, şol zatlara näme üçin el uzatdymkam?!
Dogrusy, başyň boş, gussaly halda gezip ýörkäň, şeýle hoşamaýlyk basym özüne çekýän eken... Üstesine-de, ýaş wagtyň... bol-telkiligiňem ýok wagty... Soňabaka başlygyň özüme üns sowmasy meniň üçin elýetmez bagt ýaly bolup göründi... Soň görüp otursam, bagt ilki sataşanyň ojagyny abraý bilen saklamakda eken, Nunna jan!
Men hakda haçan bolsa-da,bir wagt ýaz-da, hemmelere gürrüň ber. Goý, indiki nesliň içinde bir meniň ýaly wezipä göz gyzdyran bolmasyn! Ýöne dirikäm bir ýazmaweri! Masgara bolup, il gözünden düşmekden gorkýan. Ynsan üçin iň agyr jeza şol eken. Men ony bir gezek başymdan geçirip gördüm. Şol meniň bütin ömrüme ýeterlik boldy!
...Hawa, Nunna jan, dünýede her hili adamlar bar eken... Bir gün öýlänler goňşy oba bilen araçäkdäki atyzda işläp ýörkäk, meniň ýanyma bir kempir geldi. Ol maňa: «Yzyma düş, seni başlyk çagyrýa» diýdi. Başlyk çagyrsa, kim boýun towlar! Bir mesele ýüze çykandyr öýtdüm. Iş buýruljakdyr öýtdüm. Düşdüm kempiriň yzyna. Goňşy obaly aýal eken. Öz öýüne eltdi. Şol ýerde-de Mömün başlyk otyr eken. Çaý-çörek hödür etdiler... Soň başlyk hal-ýagdaýymy sorady... Garaz, Nunna jan, şol gün men ele düşdüm...
Şol gün meniň ganatlarym gyryldy... Şol gün başga dünýä gadam basdym... Şol günden meniň öňki özbaşdak durmuşym soňlanyp, birine bakna boldum... Başlyk öňki aýalyny kowjaygyny aýdyp, meni ynandyrdy. Oglunyň bolmaýanyndan nalady. Şol wagt onuň garrylygam ýadyma düşmändir. Gözüm gapylypdyr, Nunna jan... Men gaýdan halatym aglamalydym. Aglap-aglap, ýüregim ýarylyp ölmelidim... Ýöne ähli zat tersine boldy. Başlygyň aýaly boljakdygyma begenip, guş bolup uçup gaýtdym. «Beýle ýagdaýda ýüregi ýarylyp ölýänler namysjaň adamlar» diýsene! Men bolsam, şol gün binamys bolup gaýtdym. Juda gögele ekenim, Nunna jan, juda samsyjak ekenim! Başlygyň beren mata-marlaklaram ganat bekletdi maňa...
Ol gün meniň üýtgänimi hijiňiz duýmadyňyz... Senem Gülälek jan bilen oýnap-oýnap gidipdiň... Mamur eje-de bir saçakdan çörek iýip, gapdalymda ýatyp-turýardy.
Başlyk ýanyma gatnap, halys ile belli bolamsoň, kakaňa gep ýetipdir. Ondan soňky zatlary bolsa, sen bilýäň, Nunna jan! Ýagyşly gijede sygyr dölede dünýä inen bäbegem bilýäň. Onuň göbegini kesip, alyp gidenem, şol meni ilki başlygyň ýanyna çagyryp elten kempirdi... Ol göründe dik otursyn, Hudaýym!..
Soňabaka men başlygy şeýle bir ýigrendim, şeýle bir ýigrendim... Hatda onuň ýüzüne-de bakasym gelenokdy... Ýöne her zadam bolsa, çaganyň ejesi mendim. Men ony taşlanyma gynandym. Ýöne şol wagt maňa şeýtmekden başga alajam ýokdy. Oba ýerinde ärsiz dünýä inderen çagaň bilenem ile çykyp boljakmy!
Şol ýagyşly gije sen gaçyp gideňsoň, men emedekläp diýen ýaly öýe bardym. Seretsem, Gülälek ýok. Mamur ejäniň jaýyndan aglaýan sesi gelýär... Bardym... güläeleg-ä bosaga ýaplanyp, aglap dur... Mamur eje bolsa ýüzinligine ýykylyp ýatyrdy... Sygyr döledäki ýagdaýy aýdanyňa onuň ýüregi tap getirmedik bolarly...
Mende ysgyn-mydar ýokdy. Mamur ejäni galdyrybam biljek däldim. Onsoňam, sen bolmaňsoň, hökman öýüňize habar aýtmaga gidensiň öýtdüm. Eger-de kakaň geläýse, meni bu ýagdaýda aman galdyrmajagyny bilýärdim. Men şeýle binamyslyga ýüz ursam-da, ölmek islemeýärdim. Özüme zyýan edilerinden öler ýaly gorkýardym.
Gülälegi goltugyma aldym-da, öýe girip, ony donuma gowuja doladym. Güýjüm bolmansoň, ony, köplenç, süýreýärdim.
Ejeň bilen kakaň ylgaşlap gelende, zordan özümi goňşularyň ýorunjalygyna atyp ýetişipdim.
Bir Gülälegi süýreýän, bir özüm süýşýän... Nirä näme üçin barýanymam bilemok. Ahyry goňşularyň biriniň mal ýatagyna özümi atyp, biraz demimi dürsedim. Gülälek jan aglaýardy. Onuň sesini eşitdirmejek bolup, agzyny tutýardym. Ýagşyň ýagýanam maňa uly hemaýat ýaly boldy. Adamlaryň bary öýe ýygnanypdyrlar.
Ahyry belli netijä gelip, goňşymyzyň eşegine mündüm-de, şähere tarap gitdim...
Atam öýüme-de baryp biljek däldim. Ejem öweýdi. Kakam hem şol ejeligiň guludy. Ol öýe durmuşa çykýançam, zordan sygypdym. Indi sygmajagymy bilýärdim. Ýolboýy bir meni dogrup, dünýeden ötüp giden ejeme dünýä indereni üçin gargynyp, aglap barýardym...
Şähere girip, tapdan düşen ýerimde eşekden düşdüm. Eşegi yzyna kowdum-da, çagamy gujagyma alyp, oturan ýerimden gapyny kakdym.
Gapyny on üç-on dört ýaşlaryndaky ýetginjek açdy.
—Ýekeje gije myhman alyň, ýerimden galmaga-da ýagdaýym ýok—diýip, men agladym.
Bagtyma duşan gowy öý eken. Uruşda ýogalan oglunyň ýekeje çagasyny saklap oturan garry aýal maňa gowy garaşyk etdi. Ogly ýogalansoň, onuň gelni-de giden eken...
Men garry aýaly aldadym. Adamym nejis duşdy. Urup, kowup goýberdi diýdim. Obamyzy-da ters salgy berdim.
Garry aýal görgüli ynandy. Dört-bäş gün geçenden soň bolsa, onuň agtygy bilen gelip, men gijäniň bir mahaly goşlarymy alyp gitdim. Ýeke sandyk bilen ýorgan-düşegim diýäýmeseň, goş diýer ýaly, artyp ýatan goşam ýok-da!
Şol, ýagyşly gije gowy ezilemsoň, mende ömürlik aýagagyry galdy. Soňky döwürler bolsa, hut Mamur ejäniň güni başyma düşdi, Nunna jan. «Adam ekenini ormaly, edenini görmeli» diýleni çynmyka ýa?!
Häzir meni öýünde saklaýan aýal ýogaldy. Onuň agtygy hem uly okuwa gitdi. Soň okan ýerinde-de işe galypdyr. Şol ýerde-de öýlenipdir. Häzir meniň bir özüm. Seniň Mamur ejä seredişiň ýaly, bir goňşy gyzjagaz nahar-çaýymy getirip berýär...
Gülälek janam Aşgabada okuwa gitdi.
Geçen ýyl kanikula gelende: «Biri bilen halaşýan, şoňa barjak» diýdi. Menem: «Entek okuwyňy bir tamamla. Belki, öz töwereklerimizden has gowy ýigit tapylar, howlukma!» diýdim. Şondan bäri onuň şol gidişi. Ne hat ýazýar, ne habar iberýär.
Nunna jan, sen onuň okaýan gyzlary bilen gürleş-de, ony tapmaga kömek et. Haýyş edýän. «Ejeň ýöremeden galypdyr, tiz ýet» diý. Soňky wagtlar demimem gysyp, halym barha agralýar. Ölmänkäm, ony görüp bir galaýyn... Gaýrat et, Nunna jan! Alaç tapman, gazetden seň adresiňi alyp, saňa hat ýazmagy makul bildim!
Öz bagtyny ýatyran Selbinýaz gelnejeň!»
Men bu haty okap, doňup galdym. Hyýalymda ýene çagalygyma dolandym. Selbinýaz gelnejem Gülälegiň okan wagty ýaşan adresini iberipdir. Uniwersitetiň rus filologiýasy fakultetiniň umumy ýaşaýyş jaýy...
Işden çykyp, göni şol ýere bardym. Gyzlar onuň durmuşa çykyp gidendigini, adamsy bilen gurluşykçylaryň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýandygyny aýtdylar.
Salgy berlen ýere gitdim. Sorap-idäp, Gülälegi tapdym. Ony görenimden tanadym. Selbinýaz gelnejemiň gelin wagtyny ýatladyp durdy. Diýseň owadandy...
—Geliberiň!—diýip, ol maňa içerik girmegi teklip etdi-de:—Entek birje otag. Basym adamyma jaý berjekler—diýibem, öýüň darlygyndan müýnürgedi.
Özem agyraýak eken. Gabarylyp, durşy aý-gününiň ýeteninden habar berýärdi.
—Okuwyňa gideňokmy?—diýip, men ondan soradym.
Ol ýylgyrdy:
—Bu ýagdaýda kyn boljak diýip, gaýybana geçirtdim... Okuwdyr-da... Haçan okalanda näme!..
—Maňa ejeň hat iberipdir, ol saňa garaşýa!—diýip, men içerik girmän, bosagada duran ýerimden habarymy aýtdym.—Oňa ýagdaýyňy bir habar bermeli ekeniň-ä. Iň bärkisi adresiňem ibermänsiň. Ejeň-ä ol!
Gülälegiň gaşlary çytyldy:
—Aý, şeýle boldy-da—diýibem, ol başyny aşak saldy.—Habar tutaryn... Ýöne men häzir bu ýagdaýda gidip biljek däl...
Men onuň beýle doňbagyr bolup ýetişenine haýranlar galyp dymdym. Onuň ýüküni käýinçden ýetirmek isledim. Bolşuna gaharym geldi. «Indi ene diýen zatdan şeýle ýagdaýam öňe düşäýdimi!» diýip gygyrmak isledim... Birdenem, gaharyny getirip, bir bolgusyzlyga sebäp bolaýmaýyn diýip pikir etdim.
Kimdir biri gulagyma: «Adam ekenini ormaly, edenini görmelidir! Mamur eje ene dälmidi!» diýip gygyran ýaly boldy.
—Siz biziň şäherimizdenmi?—diýip, Gülälek meni pikirlerimden aýňaldyrdy.
Men baş atdym.
—Niresinden?
Onuň bilen hiç düzüwli gürleşesim gelmedi:
—Häzir, barybir, tanamarsyň meni. Ejeňe aýtsaň, özi düşündirer...
—Bärde nirede işleýäňiz?—diýip, ol ýene sowalyny dowam etdi.
—Gazetde...
—Hymm—diýip, Gülälek dodaklaryny gezek-gezegine dişläp dymdy. Soň adymy, familiýamy sorady.
Men oňa jogap berdim. Ol tanamaýandygyny aýtdy. «Gazet okamasaň, tanamarsyň-da!» diýmek isledim. Ýöne ýene goýbolsun etdim. Şol zatlara düşünýän gyz ejesini şeýdip taşlarmy!
—Hany, geçseňiz-läň, birje käse çaý içip gidäýiň!—diýip, ol meni içerik çekdi.
Men onuň badyna birki ädim öňe süýşdüm. Hem oturmaga wagtymyň ýokdugyny aýtmaga çemelendim. Ýöne gepläp ýetişmedim. Açyk gapydan otagyň töründe asylgy duran surat meniň gözüme ildi. Ol meniň dilimi baglady goýdy. Men Gülälegiň eginlerinden gujaklap oturan ýigide tiňkämi dikip doňup galdym. Ýüregim höpläp, aşak gaçan ýaly bolup, demim tutuldy.
Meniň bakyşyma özüçe düşünen Gülälek şelaýyn gepledi:
—Ol meniň adamym. Goşun gullugyndan öň-ä Daşkentde okapdyr. Häzirem politinstitutda gije okaýar. Gündiz gurluşykda işleýär, prorab—diýdi.—Basym jaýam alýas—diýip, ýene öňki aýdan habaryny-da aýtdy.
—Adamyň ady Arslanmy?—diýip, men jigläp duran ýüregime elimi tutup durşuma soradym.
Gülälek gaşlaryny gerip, gözlerini tegeledi:
—Hawa! Siz ony nireden tanaýaňyz?!
Men özümem duýman, onuň üstüne gygyryp başladym:
—Ine, ejeden bidin iş etseňiz näme bolýa! Gördüňmi?! Häziriň özünde sen onuň bilen aýrylyş-da, ejeň ýanyna ugra! Eşidýäňmi, aýrylyş! Seniň onuň bilen ýaşamaga hakyň ýok!
—Waý!—diýip, Gülälek ýüzüni ak tam edip, çirkin gygyrdy.—Näme üçin? Näme boldy?—Ol özüni oturgyja goýberdi-de, aglap başlady.—Aýdyň näme üçindigini! Onuň aýaly barmy ýa?!
Men oňa başga hiç zat diýip bilmedim. Şeý diýmek bilen telek iş edenimem Gülälek aglap başlansoň duýdum. Indi boljak iş bolupdy. Diýiljek gep diýlipdi...
Suratdan bolsa maňa ýaňagy meňli Arslan şo-ol ýagyşly gijede Mamur ejäniň sygyr dölesinde dünýä inen oglanjyk ýylgyryp bakýardy...
Başym aýlanýan ýaly boldy. Bu bolup ýören zatlary diýsene! Gaharyma maňlaýyma ýumrukladym-da, yzyma dolandym. Gülälegiň aglaýan sesi esli arany geçýänçäm, gulagyma geldi durdy...
***
Ine, men ýarym sagadyň içinde uzaklarda galan ýyllary hyýalda ýene bir külterledim.
—Ýygnak başlady, geliň!—diýip, ýerli komitetiň başlygynyň sesi eşidilýär.
Men gerdnime dag ýüklenen ýaly bolup, öňe agras ädim urdum. Hem gaharym gelýär, hem-de tolgunýaryn. Hemmeler garaňky gijede aý görene dönüp, meniň ýüzüme seredýärdiler.
Häzir maňa söz berler... Häzir menden göwreli gelniň üstüne gygyryp gaýdanym üçin jogap soralar... Näme diýmeli?! Ýalan sözlemelimi?! Ýa hakykaty aýtmalymy?! Ikisiniňem şarpygy bar. Ýalan sözlesem—özüm biabraý boljak, dogrusyny aýtsam-da, uly masgaraçylyk! Ýaşlar muňa nähili tap getirerler?!
Nätmeli?! Bu sowal beýnime çekiç bolup urulýardy. Jogap bolsa tapyp bilemokdym...
Ýygnak bolsa başlandy...
Soňy.
myspaser 5 years ago- ***
Kakamyň diýseň gowy görýän Abdylla atly bir dosty bardy. Adamlar ýaşytdaş bolmasalar-da, elbetde, biri-birlerini sulhlary alyp, dostlaşaýýandyrlar-da. Men şol wagtlar kakam bilen onuň Abdylla dostunyň ara tapawudyny saýgaryp durmazdym. Ýöne Abdylla kakamyň kakamdan ep-esli kiçidigini duýýardym. Sebäbi kakamyň eýýäm üç çagasy bardy. Abdylla kakamyň bolsa ýekeje. Özem ol bäbekdi.
Ýakyn garyndaşymyz bolmasa-da, mydama kakam bilen gowy gatnaşykda bolansoň, biz Abdylla «Abdylla kaka» diýip ýüzlenerdik.
Abdylla kakam uzyn boýly, agajet ýigitdi. Näsaglygyndanmy-nämemi, ýüzünde gan-pet ýokdy, duw-akdy. Özem yraň-daraň edip, zordan ýöreýärdi. Süýji dillidi. Mylakatlydy. «Jigilerim» diýip, bizi diýseň gowy görerdi. Başymyzy sypardy.
Onuň aýaly Selbinýaza-da biz «gelneje» diýip ýüzlenerdik. Ba-aý, Selbinýaz gelnejemiň owadanlygyny diýseňiz-läň! Garry aýallar ol barada: «Ýüzüne siňek gonsa bozuljak» diýip gürrüň ederdiler. Biz—çagalar bolsak, oňa seredip-seredip doýup bilmezdik. Çaga aňymyzyň ýetişidir-dä, «Myglaşyp, ýürege düşüp duran siňekleriň biri bir Selbinýaz gelnejemiziň ýüzünde saklanaýmabilseýdir» diýip alada galardyk.
—Ýüzüne siňek gonsa, Selbinýaz gelnejemiziň owadanlygy ýitermi, eje?—diýip, bir gezek men ümbilmezlikden ejemden alada bilen soradym hem.
Şonda ejem hem, kakam hem hezil edip gülşüpdiler. Degişmegi gowy görýän kakam loh-loh gülüp oturyşyna maňa degdi:
—Hökman ýiter, gyzym! Şonuň üçin joralaň bolup üýşüň-de, gelnejeňiziň siňegini kowaweriň!
—Çaganyň eňter-pelegini ters öwürmesene!—diýip, ejem gülüp oturyşyna kakama igenen boldy.—Gepe düşmez-ä bi entek. Näme diýseň, etmänem durmaz.
Soňra maňa ejem «Ýüzüne siňek gonsa bozuljak» diýmegiň has owadan maşgala diýmek bolýandygyny ýanjap-ýanjap düşündiripdi.
—Selbinýaz gelnejeňi Mamur eje gözläp-gözläp, gyzlaryň içinden saýlap-seçip tapypdyr—diýipdi.—Şonuň üçinem ol nähili owadan!
Mamur eje Abdylla kakamyň ejesiniň ady. Onuň çyn ady Mamanurdy. Ýöne aňsadyna bakýarlarmy-nämemi, her kim oňa «Mamur eje» diýäýerdi.
Mamur eje diýseň daýawdy. Melleginiň bar ýerini depip çykardy. Dürli-dümen ekin ekerdi. Kolhoz işine-de giderdi. Malyna-da serederdi. Selbinýaz gelnejem diňe öýüň biş-düşi bilen bolardy. Galan ähli iş Mamur ejäniň boýnunady. Abdylla kakam hiç bir iş etmezdi. Kakam: «Onuň ýarawlygy ýok» diýip, häli-şindi ejem bilen ol hakda ýürek awudyp gürrüň ederdi. Abdylla kakam uruşdan şeýle bolup gelipdir. «Ölmän gezse bolýa. Ýeke balam» diýip, Mamur eje-de häli-şindi kakamyň ýanyna gelende, Abdylla kakamy alada edip gözýaş dökerdi.
«Hiç zat bolmaz, päliňi düzüw tut. Onça adamlar gezip ýör-ä» diýip, kakam Mamur ejä göwünlik bererdi.
Ýöne hernäçe göwünlik berilse-de, niýet gowa düzülse-de, Abdylla kakam uzak ýaşamady. Aradan çykdy... Şonda onuň ilkije perzendi Gülälek oturyp hem bilmeýän bäbekdi...
Beýle-beýle zatlaram bolar eken. Agyr-agyr pürsleri göterip ýören ganar-ganar atlary daşap ýören, pil-kätmeni egninden düşürmän ýören Mamur eje Abdylla kakam jan berenje pursadyndan ýerinden galyp bilmändir. Şoldur-da-şoldur, dag ýaly ene garry göhert kimin gara ýere çökdi-de, gaýdyp boýuny dikläp bilmedi. Otura boldy. Bütin syna lagşady, aýaklar ysmaz boldy. Ol iç-daş çykanda-da, misli aýak bitmedik çagajyk ýaly, süýşenekläp hereket edýärdi. Bosagadan emedekläp geçerdi.
He-eý, ynsan balasy! Sen nähili mert hemem namart! Indi-indiler düşünýän. Ýalňyz gerçegiň yzynda ölmän galyşyň-a mertlik seniň, ene! Köpler tap getirip bilmez beýle ölüme! «Beýdip gynanja halys özüňi aldyraýmaly däl ahyry, Mamur eje! Seniň kimin pälwan aýallar üçin namartlyk dälmidir bi, gal ýeriňden!» diýip, onuň ýanyna gynanç bildirip gelýän daýzalaryň şu sözlerini ýatlap, başymy ýaýkaýaryn. Meniň özüm-ä beýle ýagdaýda galan adama näme diýip boljakdygy hakda henizem pikirimi jemläp bilemok. Şol wagtam tapmazdym diýmäge sözi. Mamur ejäniň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp: «Wah, yzynda oguljygam galmady-da!..» diýýän sözleri gulagymda ýaňlanýar...
Hemme zat şondan soň başlandy. Bütin oba ýer süýşen ýaly bolup, Mamur ejäniň halyny sorady. Selbinýaz gelnejemleň obasyndanam adamlar gelýärdiler. (Ol başga obadandy). Ýöne her zat edeniňde näme! Gynananyň bilen giden gaýdyp gelýärmi diýsene!
Hernäçe gynanylsa-da, her kimiň öz öýi-işi bar. Öz keşik-aladasy bar. Haçana çenli il gapyňy alyp oturar!
Gün dolandy, aý aýlandy. Mamur ejelerden il-günem çekilişdi. Indi olara hiç kim gelmeýärdi. Diňe meniň kakam bilen ejem baryp gaýdardy. Ejem meni, köplenç, olarda galdyrardy. «Selbinýaz gelnejeň bäbegine serediş! Mamur ejäniň gerek-ýaragyny äber!» diýibem tabşyrardylar.
Galsamam galýardym welin, ol öýde oturaýmak meniň üçin diýseň hupbatdy. Gaýyn-gelin iki bolup gözýaş dökýärdiler. Bäbejigem birsyhly aglaýardy. Çaý-çöregi ortaalsalaram, gaýyn-gelin gözýaş bilen iýerdi. Mamur ejäniň süýşenekläp daşaryk çykyp gelşini dagy biperwaý synlar ýaly däldi. Diýseň ýürekgysgynçlykdy. Her zadam bolsa, Mamur ejä ýüregim awansoň, men çydajak bolup çalyşýardym. Özüme diýseň zor salýardym.
Şeýdip, biz ýeňsesinden itip-itip, bir ýyly ötürdik. Gülälegem indi oturyp, emedekläp bilýärdi. Käte durak-duragam bolýardy. Mamur eje ýarawsyz bolansoň, gün dolamak üçin kolhoz işine Selbinýaz gelnejem gidip başlady. Ol bäbeginem ýany bilen alyp giderdi. Bir ýylyň içinde ol görgülijigiň gül ýüzi soldy. Başynda mydama köne başatgyçdy. Maňlaýyny solup giden ýelýyrtan bilen daňýardy. Köýnekleri gözilginç solakdy, könedi...
Selbinýaz gelnejem işden gelýänçä, Mamur ejä doganlarym bilen men göz-gulak bolýardym. Meniň özümden uly gyz hem oglan doganym okuwa giderdi. Men heniz gidemokdym. Doganlarym okuwdan gelýänçä, Mamur ejäniň ýanynda bir özüm bolýardym. Doganlarym gelenden soň bolsa, hemmämiz bileje oýnardyk. Biziň jagyl-jugul sesimize mamur eje-de açylyşardy. Oýnumyza hezil edip serederdi-de, arasynda-da seresap bolmagymyzy sargap, häli-şindi duýduryş berer oturardy. Gülküli hereketlerimize ýylgyrardam görgüli. Nätsin-dä adam pahyr! Onuň ýasalyşy şeýle-dä! Oňa gülkem berlipdir, agam, gerek ýerinde ýylgyrmasa-da bolanog-a!
Birden üýtgeşik bir wakaýüze çykdy. Bu biziň barymyz üçin tomsuň güni ýyldyrym çakan ýaly boldy. Selbinýaz gelnejemiň üst-başy täzelenip başlady. Başatgyç düýrlenip zyňyldy. Ol döwürde köp maşgalalara toýda-da ýetdirmeýän «bäşgülli» diýilýän gyrmyzy reňk ýüpek hytaý gyňajyny Selbinýaz gelnejem işe oranyp başlady. Egnine-de ýüpek keteni, başga-da dürli-dümen täze matalardan geýniberdi. Ýüzi açylyp, keýpi barha göterildi. Sähel zada jakgyldap gülýärdi. Hemmeleriň daň atanda gidip, gün batanda öýüne köwlenýän işine islän wagty gidýärdi, islän wagty gelýärdi. Sähel eli sypyndygam, şo-ol öýüni süpürer ýörerdi. Bir süpüreni bilen goýmazdy. Günde iki-üçem süpüribererdi. Ýekeje owuntyk gaçsa, süpürip çykardy. Biziň girenimizi diýseň halamazdy. Gaşlary çytylýardy. Onuň hor düşen sypatam ýene öňki kaddyna geldi. Barha görklendi. «Bäşgülli» seçekli gyňajynyň üstünden «gije-gündiz» ýaglygy-da maňlaýyna daňyp, ýalpyldar ýörerdi.
Abdylla kakam ýogalaly bäri, Mamur eje Selbinýaz gelnejemiň tamynda bolardy. Soňabaka Selbinýaz gelnejem «Ysy bar» bahanasy bilen Mamur ejäni ýene öňki köneje tamyna geçirdi. Hatda öz tamy bilen onuň tamynyň daşky işigi-de görünmez ýaly, dokalan gamyş kepbe gerip, aralygy bekledi.
Gelniniň üýtgäp ýörşünden bir many gözledimi-nämemi Mamur ejäniň keýpi barha gaçýardy. Selbinýaz gelnejem şowurdap duran täze köýnegini pasyrdadyp, gabadyndan her ötüp-geçip gidende, uludan dem alyp, oňa mölterip bakýardy. «Abraý bereweri, alla jan!» diýip pyşyrdaýardy.
Günleriň bir güni kakam bir ýerlerden dutar tapyp geldi. Gowy çalyp bilmese-de, uzakly gün bimany tyrňyldatdy oturdy. Tiňňildisiniň ýany bilenem: «Nirde mekan tutduň, gardaş Abdylla-a!» diýip, aýdyma gygyrýardy. Şol aýdymy öwrenjek bolup, azara galýana çalym edýärdi. Şol aýdymy aýdýarka, kakam misli aglaýan ýalydy. Onuň zaryn owazy şindi-şindilerem gulagymda ýaňlanyp dur... Kim bilýär, şol wagt ol hut aglap, ýigitkä solan dosty sebäpli kalbyna çöken gam-gussasyny egsendir. Hut şeýtmek üçinem dutar getirendir.
Ol gygyryp-gygyryp, käte hem bir elini maňlaýyna diräp, pikire batýardy. Menem onuň maňlaýyndan aýrylamokdym. Kakasy dutar çalanda, kimler gowy görmeýär!
—Öwez!—diýip, goly dutarly kakamyň ýanyna gelende, ejemiň ýüzi-gözi üýtgäp gitdi. Tiňkesini dutara dikip gepledi.—Näme dutar öwrenäýsem diýýämiň?!
«Hawa» ýa «ýok» diýmek kyn zatmyka?! Ýa-da şol wagt kakamyň gaharynyň has möwjän çagymyka?! Ol ejeme dogry jogap bermedi-de, azgyryldy:
—Hemme zadyň arasyna sokulyp ýörmezler! Öwrensem, öwrenerin, öwrenmesem, ýatar!
—Birinden aldyňmy?—diýip, ejem özüni düşegiň üstüne goýberip, ýene dutara nazaryny aýlap sowal berdi.
—Näme edemde saňa näme!—diýip, kakam ýene azgyryldy.
Ejem bir salym öýkeli halda dymdy. Soňam ýene pyşyrdady:
—Şol bir aýdyma gygyryp otyrsyň...
Bu gezek nämüçindir, kakam elindäki dutar bilen tas ejemiň maňlaýyna ýelmäpdi.
—Ugra! Senden zat soralanok!—diýibem, bokurdagyna sygdygyndan ejemiň üstüne gygyrdy.—Siz aýallarymy!.. Dünýä inderene nälet!
Ejem nalynjyrady:
—Mende näme günä bar! Kime gaharyň gelýän bolsa, şoňa diý!
—Sem bol!—diýip, kakam birsyhly gykylyklady.—Günäsizligiňiz ýanyňyzdakynyň diriligindedir... Kim bilýär, Selbinýaz ýaly ýalňyz galan halatyňyz haýsyňyzyň günäli, haýsyňyzyň günäsiz boljagyňyzy!
Ejem gaýdyp sesini çykarmady. Daşaryk çykyp gitdi. Menem onuň yzy bilen çykdym. Ejem tamyň arkasyna baryp, ellerini ýüzüne tutdy-da, başyny ýaýkap, pessaý ses bilen aglady:
—Garamaňlaý ýigit ekeniň sen, Abdylla, öňde-soňda bagtdan nyşansyz ekeni-iň!..
Indi-indiler pikir edýän welin, kakamyň şol günki gahary Selbinýaz gelnejem sebäpli eken...
Ejem aglap otyrka, kakam hem daşaryk çykdy. Ol biraz salym hyrçyny dişläp, aglap oturan ejeme seredip durdy. Soň bolsa:
—Seniň bir oglanyňy!—diýip, kimdir birine sögündi. Epeý-epeý basyp, mellegiň aňrybaşyna ugrady. Gidip barşyna-da ýene hüňürdedi.—Agşam düşse bolýa, kelläňi alaryn seniň!
—Gyw!—diýip, ejem ýerinden zöwelip, agy gatyşykly sesi bilen kakamyň yzyndan gygyrdy.—Indi senem gitjekmu-u çagalaňňy dökü-üp! Başlyk her kimiň iýjek aş-a däldir-u-u!
Men bu bolýan zatlara hiç düşünemokdym. Hem haýran galýardym. «Abdylla kakamyň ýogalanyna bir ýyl gowrak wagt geçdi. Onda-da näme üçin ejem onuň adyny tutup aglaýarka? Kakam kimiň kellesini aljak bolýarka?» diýip oýlanýardym. «Ýa-da kakam ejemi öldüräýjek bolýarmyka?» diýen pikir kelläme gelende, ýüregim ýarylara geldi. Ýöne öňem aglap oturan ejeme azar bermejek bolup, ondan hiç zat soramadym.
Ejemiň özi agysyny goýansoň, meniň ýanyma geldi. Biriniň eşidäýmeginden ätiýaç edýän dek, töweregine ýaltaklap pyşyrdady:
—Nunna jan!—Ejem dagy, köplenç, meniň adymy şeýle tutýardy.—Bar, gyzym, ylga kakaň yzyndan. Nirä barýa, näme gep-gürrüň edýä, bil. Soňra maňa aýdarsyň!
***
Men süňňi ýeňiljek çaga bolamsoň, bökjekläp kakamyň yzyndan derrew ýetdim. Kakam ýüzüme gaňrylyp seretse-de¸maňa «gal» diýmedi. Belki, meniň Mamur ejä göz-gulak bolup, iki arada ylgap ýörenim üçindir, ol meni ejem özi üçin ugradandyram öýden däldir.
Gülälek öýüň bir burçunda jugurdap, öz dilinde bir zatlar diýip, oýun edip ýatyrdy. Aýajyklaryny galdyrýardy, ellerini kelemenledýärdi. Selbinýaz gelnejem bolsa, başyndaky gyňajynam bir ýana zyňyp, kiçijik ýaglyklyja otyrdy. Özem üç-dört dürli owadan ýüpek matany täzeje sandyga ýerleşdirjek bolýardy. Dogrusy, şol sandygy men ilkinji gezek görýärdim. Ol şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy, ýalpyldysy gözüňi deşip barýardy. Öňler öýe girenimden, gujagyma almak üçin Gülälege topulýan bolsam, bu gezek sandygyň owadanlygyna haýran galmadan ýaňa öwelip, bosagada gymyldaman duruberdim. Beýle sandyk heniz obamyzda hiç kimde ýokdy: dikligi bir metr, uzynlygy iki metr bolan çaklaňja kiçijik sandyk agaçdan gurnalypdyr. Öňüne dürli reňkli galaýydan owadan nagyşlar edilipdir. Birgeňsije gulplary bar. Agyz iki tarapa serpilip açylýar.
Selbinýaz gelnejem kakamyň hyýrsyz ýüzünden çekindimi ýa-da ilde-günde ýok matalaryny görkezmejek boldumy, hasanaklap, ýerinden gozgandy-da, sandygyň öňüne badalga boldy. Soňam matalary sandyga başly-barat oklaşdyrdy. Sandygyň agzyny ýapdy. Soňam bäbegini gujagyna aldy. Şundan soň ýaşmagy ýadyna düşen bolarly, bir elini gyňajyna ýetirip, başly-barat orandy. Gyňajynyň çowy bilen agzyny ýapdy. Bize bakyp «Töre geçiň» diýen manyda elini düşege salgap goýberdi.
Kakam düşege geçmedi. Gapynyň agzynda çökdi. Birhaýuk içini hümledip oturansoň, ardynjyrady. Oňa geplemek agyr düşýän bolarlydy. Bir ýer dyrmady, bir Selbinýaz gelnejeme seretdi-de, ýene ençeme gezek ardynjyrady.
—Gelin—diýip, soňra ol agraslyk bilen söze başlady.—Abdylla-ha diýseň gowy ýigitdi...
Selbinýaz gelnejem sesini çykarman, ýüzüni ýere saldy. Çagasynyň eljagazlaryny oýnan bolup güýmendi. Kakam dowam etdi:
—Men-ä ony öz jigimden üýtgeşik görmezdim...
Selbinýaz gelnejem birsyhly dymdy. Kakam haşlap, uludan dem aldy:
—Ol ýigidiň yzy dargamal-adäldir.—Kakam her sözüni aýdyp dymýardy. Selbinýaz gelnejemiň ýüzüne gözlerini mölerdip seredýärdi.—Onuň maşgalasy hem il agzyna düşmeli däldir... Hana, gözüň alnynda kempir nädip otyr...—Şeý diýip, kakam Mamur ejäniň tamyna tarap baş atyp goýberdi.—Kim bilýär, ertir seniň, meniň başymda näme boljak! Şonuň üçin ätjek ädimiňi saýgarybrak ätseň gowy...
Selbinýaz gelnejemiň gaşlary çytyldy. Ýüzi kürşerdi. Ýöne sesini çykaryp bilmedi. Kakam gaýtmak üçin ýerinden galdy. Ýöne daşaryk çykybermedi. Ýene geplemäge durdy:
—Näme kömek gerek bolsa-ha, aýt, seni aç-hor etsek, ýüzümize tüýküräý. Isleseň, işlemän oturyber. Özümiz göz-gulak bolarys... Ýok, bärde oňjak däl diýseňem, abraý bilen ataň öýüne ýygnan. Alaç ýok, başa şeýle iş düşdi. Eltip geleli.—Kakam ýene uludan dem aldy.—Abdylla pahyram ölmän gezip ýören bolsa, kim bilýär, başlygam bolsa bolardy, raýkomam...
Kakam şeý diýenden, Selbinýaz gelnejem ýaltyldap, ýüzüni kakama tarap öwürdi. Onuň gözleri şeýle bir gazaplydy welin, içiňden geçip gelýärdi.
—Ýigit seň ýalylarüçin urşa gidip köýdürdi-dä ömrüni...—diýip, kakam soňra sesini birneme gataltdy.
Selbinýaz gelnejem birden ýaşmagyny syryp goýberdi-de, ýuwaşja gepledi. Ýuwaş hem bolsa, onuň sesi gahardan gaýnap durdy:
—Ol özi üçin giden bolaýmasyn urşa?!
Sylanman, öz gepine jogap berleni üçinmi ýa-da öňdenem şu niýeti ýüregine düwüp gelipmi, kakamsag eliniň süýem barmagy bilen howa kesip gygyrdy:
—Erkek kişä, onda-da gaýyn aga ýaly bolup ýören adama ýaşmak syryp, dil gaýtaryp bilýän gelin hiç zatdanam gaýtmaz. Men indi seni tanadym. Seniň her hili wejeralykdan gaýtmajakdygyňa-da ynandym. Başlyk bilen baş goşanyň ile doldy. Bilinmeýändir öýtme. Ýöne sen bir zady ýatda bek sakla, Abdyllanyň adyna ysnat getirseň, millet seni şu obada-ha ýerletmez!
Selbinýaz gelnejem ýene sesine gahar çaýyp, ýuwaşja gepledi:
—Obada kimiň ýerläp, kimiň ýerlemejegini häzir aýdyp bolmaz!
Kakam gaýdyp zat diýmedi. Atylyp daşaryk çykdy. Men bolsam, çaga ümbilmezligi bilen içerde galdym. Kakamyň Selbinýaz gelnejeme käýemesine ýüregim awady. Kakam sebäpli Selbinýaz gelnejemiň ýanynda diýseň utandym. Kakam çykansoň, Selbinýaz gelnejemem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Meniň oňa nähilidir bir ýagşylyk edesim gelýärdi. Düşege geçip, çagajyga topuldym. Öňkülerim ýaly Gülälegi elime almak isledim. Bäbege el uzadanym hem şoldy welin, Selbinýaz gelnejem meni itip goýberdi-de, ýüzümi aldy:
—Tur, ýok bol senem, ganjyk. Şu öýe biriňiziň toýnagyňyz düşäýmesin!
Selbinýaz gelnejemiň bu bolşy meni atdan ýykylan ýaly etdi. Şeýle bir gynandym, şeýle bir gynandym welin, keýpim bozulyp, gursagym dükürdiden doldy. Daşaryk nähili çykanymy duýman galdym. Hiç kimden beýle sögünç eşidip görmämsoň, beýle itilmämsoň, bu boluş maňa diýseň ýokuş degdi. Kemsinmeden ýaňa janym çykaýjak bolýardy. Şeýdeni üçin Selbinýaz gelnejemden diýseň öýkeledim, hem indiden beýläk ony-da, Gülälejigi-de görmän oňmaly boljakdygyma-da gynandym. Men olary nähili gowy görýärdim ahyry! Ol bolsa maňa düşünmedi.
Kakam öýe gaýdan eken. Men ylgap, ýene onuň yzyndan ýetdim. Ol ýolboýy hem sögünjiräp barýardy.
—«Arkaly köpek gurt alar» diýenleri-dä. Arkaly ganjyk-da! Gör, onuň: «Obadan kimiň gitmeli boljakdygy belli däl!» diýşini! Ol maňa: «Seni gidirerin!» diýjek boldy. Başlygyna daýanýa ol. Hany, göreris, Mömin başlyk senem näçe gün oýnaş edinäýerkä?! Elinde pyrlap, saňsar edip goýberýän aýaly diňe sen-ä dälsiň!
Öýe baranymyzda, ejem öňümizden hasanaklap çykdy:
—Waý-eý, eýgilikmi bir? Ýüzüň-gözüň ak tam-la seň?!—diýip, ol içerik sümlüp barýan kakamyň yzyndan atyldy.
Kakam ejemiň ýüzüne-de seretmän:
—Men ony öldirin!—diýip gygyrdy.
—Waý, beýtmäwer!—diýip gygyrdy-da, ejemem kakamyň yzyndan öýe girdi.
Gapy berk çekilip ýapylansoň, men öýe girip bilmedim. Şonuň üçin ejem bilen kakamyň näme gürrüň edenini bilemok. Ýöne olaryň hüňürdisi, ejemiň aglamjyrap ýalbarýan sesi uzak wagtlap dowam etdi. Men diňe ejemiň: «Çagalary döküp gitjekmi?!» diýip nalaýanyny eşidip galdym.
Esli wagtdan soň ejem daşaryk çykdy. Biş-düşi bilen bolup başlady. Gapy açylansoň, kakama seredip görmek üçin içerik kürsäp urdum. Kakam bagryny ýere berip, ýüzin düşüp ýatyrdy. Hatda ol maňa tarap ýüzünem öwürmedi. Özüme-de käýeläýmeginden gorkyma men derrew daşaryk dazyrdap çykdym.
Ejem garaçorba bişirdi. Her gün agşam edişi ýaly, gulaklaryna ýüp daňlyp, eltutar edilen alýumin pitijige-de çorba guýup, maňa berdi. Goltugyma-da ýarty çöregi gysdyrdy:
—Al, Mamur ejä äkit! Iýip-içip bolanymyzdan soň, bizem aýlanarys!
Men çörek bilen pitini alyp, ýolda düşdüm. Garaňky gowy gatlyşan hem bolsa, bu gün nämüçindir, Mamur eje çyrasyny ýakmandyr. Gapysy welin açyk durdy. Ol aýak sesimden aňdymy-nämemi, meniň baranymy duýdy.
—Gorkma-da geliber, Nunna jan, men ýatamok!—diýip seslendi.
Men gapa bardym. Içeri tüm garaňky. Biraz duramsoň, äpişgeden çala düşýän Aýyň ýagtysyna onuň göwresini saýgardym. Mamur eje aldygyna burnuny çekýärdi. Aglaýan bolmaga çemeli.
Ol gapdallaryny sermäp, otluçöpüni tapdy-da, onuň bir dänesini çyzdy.
—Pitijigiňi bir çetde goý-da, çyrany äber, balam—diýip, Mamur eje hiç zat bolmadyk ýaly, maňa ýüzlendi.
Men onuň diýşi ýaly etdim. Çorbaly pitimi çetde goýup, çöregi hem üstünde keserdip goýdum. Soň Mamur ejä çyrany alyp berdim. Çyranyň çüýşesini aýyrýançak, Mamur ejäniň ilki ýakan çöpi ýetmedi. Mamur eje ýene bir çöpi çyzdy-da, meniň elime berdi:
—Eliňi ýakaýmanjyk, şuny sakla, balam. Men çyranyň çüýşesini bir süpüreýin! Garalyp gidipdir.
Şeý diýip, ol gapdalynda ýatan köne ýelýyrtan ýaglygynyň çetinden ýyrtyp aldy-da, çüýşäni süpürdi. Peltesini arassalady. Ol işini gutaransoň, men elimdäki ýanyp gutaryp barýan çöpjagazy çyranyň peltesine degrip goýberdim. Peltä derrew ot düşdi.
—Eliňi ýakmadyň gerek?—diýip, Mamur eje alada bilen menden sorady.
Men «ýok» diýen terzde başymy ýaýkadym.
—Onda, al, gulpajygyňy ýakaýman, muny ýerinde goý.
Mamur eje çyranyň tutawajyny maňa tarap öwürdi.
Öňler, Mamur ejäniň synasy sagatka, çyrany diwarda, adam boýy beýiklikde kakylan, ýörite çyra goýmak üçin ýasalan agaçda goýýardylar. Indi bolsa, çyra öýüň bir çüňkünde düňderilen köne bedräniň üstünde goýulýar. Sebäbi ýokarda goýsak, biz wagtynda gelip bilmesek, Mamur ejä çyrany ýakmak-öçürmek başartjak däldi.
Ýokarrakda dursa, çyranyň ýagty saçyşam üýtgeşik bolýar. Ýöne nätjek, adam pahyr ähli zada öwrenişmeli-dä!
Men çyrany ýerinde goýamsoň, daşaryk çykyp, ilki öz elimi ýuwdum. Soňra legen bilen kündügi öýe salyp, Mamur ejäniňem elini ýuwdurdym. Ol ýuwup bolansoň, elini ýelýyrtan ýaglyga süpürişdirdi. Men legen bilen kündügi daşaryk çykaryp, ýene-de öz elimi ýuwup gaýtdym. Köne agaç sandykdan agaç çanak bilen iki sany agaç çemçe çykaryp, olaryňam üstünden suw akdyrdym. Şundan soň Mamur eje ikimiz orta saçak ýazyp, meniň getiren çöregimden dogranyp, üstüne-de çorbany guýduk. Mamur eje aýalary bilen zol gözowalaryny süpürýärdi. Öň aglapmy, şol wagt agladymy, men ony welin aňyp bilmedim. Belki, onuň çyrany ýakman, garaňkyda oturmagam aglanlygy üçindir...
Biz naharymyzy iýip bolýançak, ejem bilen kakam hem geldi. Ejem daşarda agzyna faner tagta ýapylyp, sekä galdyrylyp goýlan bedredäki suwdan tüňçäni dolduryp, çaý ojaga oturtdy-da, ot ýakyp ugrady. Çaý gaýnaýança, men saçagy ýygnaşdyrdym. Ejemiň tüňçesi derrew gaýnady. Ol agaç sandykdan (Mamur ejäniň ähli gap-çanagy şol agaç sandykdady) iki sany çäýnegi alyp, çaý demledi. Biziň barymyz çaý içmäge oturdyk.
Mamur eje mydama gapdalynda goýýan düwünçeginden bir gysym gant çykaryp, orta süýşürdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Hemmeler bir zat üçin günäkär ýalydylar. Hemmeler müýnli dek başlaryny aşak salşypotyrdy. Diňe käte: «Içiber. Içýän. Boldum» diýen ýaly sözler orta atylýardy.
Ahyrsoňy, çaý içilip bolnandan soň, ümsümligi kakam bozdy. Gahardan sesini sandyradyp gepledi:
—Mamur eje, men-ä senden rugsat dilemäge geldim... Sen «ýok» diýme, men ony gereklenýän ýerine äkidip geleýin, ile ryswa bolmanka...
Kakam sözüni tamamlap-tamamlamanka, Mamur eje ellerini kelemenletdi:
—Ýok, ýok, oňa zat diýme, oglum! Bir topar çagaň bar!
—Alla bardyr, Mamur eje, çagalara-da hiç döw çalmaz!—diýip, kakam Mamur ejäni yrmaga synanyşdy.—Heniz ony getirmänkä çykaýyn ugruna... Goý, gerek bolsa, oň ýanyna özi gidäýsin!
—Ýog-eý, ýok!—diýip, Mamur eje hem baş ýaýkady, hem elini daldalatdy.—Gerek däl, oglum, tutma adyny! Nätse, şeýtsin! Näme bolsa, görübiýris... Şundan beterin-ä görmeli bolmaz!—Mamur ejäniň bokurdagy doldy.—Onsoňam elinde çagajygy bar-a...
—Çagasyny alyp galarys, ine, Abadan sereder!—diýip, kakam ejeme tarap nazar aýlap goýberdi.—Hor etmeris!
—Ýok, gerek däl!—diýip, Mamur eje birsyhly garşy boldy.—Näme görkezse, görübermeli bor...
—Erkek kişiniň öňünde ýaşmak syryp, diýjegini diýip bilýän maşgaladan her zada-da garaşsa bor indi—diýip, kakam gamgyn halda aýtdy.—Ol gaty üýtgäpdir...
Ejem köp wagtlap gürrüňe goşulman oturdy. Iň soňunda uludan dem aldy-da:
—Men-ä näme diýjegimi bilýän däldirin... Baş alyp çykar ýal-a bolmady—diýdi.
Garaz, Mamur ejäniň kän töwella etmegi bilen ejemdir kakam gaýtdy. Biz bolsak, ýerimizi ýazynyp ýatdyk. Men iýseň süýji uklapdyryn. Gijäniň bir mahaly kimdir biri ýaňaklaryma düşüp duran gulpaklarymy, başymy sypaýar. Öýde ejemiň ýanynda ýatyrmykam öýdüpdirin. Sebäbi diňe ejem meni şeýdip söýgülärdi. Men beýleki gapdalyma öwrülip, ýene gymyldaman ýatdym.
Gulpaklarym ýene birsyhly sypaldy. Soň hem Mamur ejäniň sesi gulagyma ildi:
—Nunna jan! Nunna jan, turjakmy, balam?
Men eýýäm daň atandyr öýtdüm. Sebäbi içeri ýagtydy. Ýöne nämüçindir, diýseň ukym gelýärdi. Mydama ine-ganaja alýan ukymy almadygym bildirýärdi. Gözümi açasym gelenokdy. Her näme-de bolsa, mamur ejäniň ýanynda bulanjyrap ýatmaga ejäp edip, ýerimden galan boldum. Ýüz-gözümi owkalaşdyrdym.
—Nunna jan, bimahal biynjalyk edäýdimmi, balam?—diýip, Mamur eje özüni müýnli saýyp gepledi.—Oýanyp biljekmi?
Meniň gözüm peltesi içine çekdirilip, ölügsije yşykly goýlan çyra düşende özüme geldim. Geň galmakdan ýaňa derrew aýňaldym. Äpişgä seretdim. Daşary tüm-garaňky. Görüp otursam, daň atmandyr-da, içerini ýagtyldýan çyra eken. Mamur eje, asyl, ýerine-de geçmändir. Düşeginiň gapdalynda iki elini dyzlaryna diräp, öňküsi ýaly bolup otyrdy.
—Bimahal oýadaýdymmy, balam? Aýňalyp biljekmi?—diýip, Mamur eje ýene şol bir sözlerini gaýtalady.
—Sen ýatmadyňmy, Mamur eje?—diýip, men özümi geň galdyran pikiri daşyma çykardym.—Heniz daňam atmandyr...
—Entek gijäniň ýary!—diýip, Mamur eje uludan dem alyp gepledi.—Daň atar ýaly däl entek, balam...
Men onuň ýüzüne: «Onda näme üçin oýarýaň?» diýen terzde soragly mölertdim. Mamur eje maňa düşündi.
—Sen, balam, daş çykan bol-da, aýak sesiňi bildirtmän, Selbinýaz gelnejeň äpişgesinden bir jyklap gaýt!—diýip, ol ýalbaryjy äheňde aýtdy.
Başga kişi ýa ejem dagy gijäniň bir mahaly oýaryp, şeýle haýyş bilen ýüzlenen bolsalar, men kes-kelläm etmezdim. Mamur eje bir zat diýse welin, hiç wagt hem «ýok» diýip biljek däldim. Sebäbi onuň bolup oturyşyna, ýalňyz oglunyň ölümi sebäpli çekýän ejirine men dözüp bilemokdym. Onuň näme ýumşy bolsa-da, bitirmäge taýýardym. Diýenini etsek, göwnüme bolmasa, Mamur eje ýene öňküleri ýaly ýerinden galyp ötägidäýjek ýalydy.
Men gulagasyjylyk bilen diklenip, daşaryk çykdym. Kaloşymyň sesi bildiräýmesin diýen pikir bilen aýakýalaňaç gitmegi ýüregime düwdüm. Pişik basyşyny edip, Selbinýaz gelnejemiň äpişgesine golaýladym. Çagasy kiçi bolansoň, Selbinýaz gelnejem gijesi bilen çyrasyny ýakyp ýatardy. Şeýle bolansoň, öýden yşyk görünýärdi. Barybir, men hiç bir zat saýgaryp bilmedim. Sebäbi ol eýýäm äpişgesiniň ýarym biline tutujyk tutan eken. Ilde-günde ýok tuty. Ol wagtlar hiç kim äpişgesine tuty etmezdi. Biz, häli, kakam bilen gelip-gidenimizde-de Selbinýaz gelnejemiň äpişgesinde tuty ýokdy. Häzir bolsa bar. Onuň eýýäm nädip tutyny tikip hem tutup ýetişişine-de haýranlar galdym.
Men çaga-da bolsam, şu gün bu öýde bir üýtgeşikligiň baryny duýdum. Ömür tutusyz duran äpişgä tuty tutulmasy, Mamur ejäniň gijesi bilen ýatman, dik oturmasy, kakamyň gahary bir zatlardan habar berýärdi... Ýöne men nämäniň nämedigini bilip bilemokdym.
Äpişge diňläbem, hiç zat aňyp bilmedim. Yzyma dolanyp bardym.
—Näme bar?—diýip, Mamur eje şöhlesi öçüşen gözlerini maňa dikdi.
Onuň bir zatlar biljek bolup özelenýäni, ejir çekýäni bildirip durdy. Ýüzi gamaşykdy, gussalydy.
—Äpişgede tuty bar—diýip, men ýagdaýy aýtdym.—Hiç zat görnenok.
—Tuty tututpdyr diýsene, saçy kesilen!—diýip, Mamur eje sögündi.
Men onuň diline şeýle söz alşyny ilkinji gezek eşidýärdim. Ol mydama hemmelere, Selbinýaz gelnejeme-de «balam» diýip ýüzlenerdi.
—Içerde hüňürdi barmy?—diýip, Mamur eje şöhlesi öçüşen gözlerini ýüzüme dikip sorady.
—Ýok—diýip baş ýaýkadym.
Mamur ejäniň eginleri sallandy. Iki elini ýere diräp, başyny aşak egdi. Göwnüme bolmasa, ol durmuşyň keserdip goýan bu ajy wakasy üçin müň sowaly düşenip oturan gara keçesine berýän ýalydy. Birhaýuk seredip oturandan soň, ol:
—Ýatandyrlar... Hälem hüňürdileri bardy...—diýip, misli meniň bilen däl-de, gara keçesi bilen gürleşýän dek, ýüzüni galdyrman gepledi.