Şwe­si­ýa­da ýur­duň mil­li wal­ýu­ta­sy bo­lan kro­na­la­ryň öý­jük­li gör­nü­şi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Bu barada ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Tä­ze tas­la­ma ýur­duň par­la­men­ti­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­len­di, em­ma Şwe­si­ýa Ban­ky hä­zir­ki wagt­da tas­la­ma­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak üçin ze­rur ka­nu­ny düz­gün­le­ri iç­gin öw­ren­ýär. Tä­ze ul­gam­da mo­bil en­ja­my­na ýük­läp bol­ýan prog­ram­ma­ny dö­ret­me­gi ni­ýet edin­ýär­ler. Elekt­ron kro­nany kar­ta gi­ri­zip, tö­le­g­le­ri ama­la aşyr­mak üçin ula­nyp bo­lar.
Şwe­si­ýa hä­zir­ki wagt­da nagt pul­lary bü­tin­leý diýen ýaly do­la­ny­şyk­dan aý­ran ilkinji ýurt bo­lup dur­ýar. Şu gün­ki gün­de Şwe­si­ýa dün­ýä­niň nagt däl ha­sap­la­şyk ge­çi­ril­ýän ýur­dy ha­sap­la­nyp, tö­leg­ler kar­t ýa-da mo­bil en­jam­la­ry ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Bank­la­ryň köp bö­lüm­le­ri, res­to­ran­lar, jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry nagt pul­la­ry ulan­ma­gy bes et­di­ler. Ýur­duň sarp edi­ji­le­ri üçin pul ge­çir­mek, karz ber­mek we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça tö­leg­le­riň dür­li mo­bil prog­ram­ma­la­ry dö­re­dil­di. Ýurt­da bu­la­ryň äh­li­si­ni akyl­ly te­le­fon­la­ryň ýar­da­my bi­len ama­la aşy­ryp bol­ýar.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir