“Facebook” kom­pa­ni­ýa­sy özü­niň lib­ra at­ly krip­to­wal­ýu­ta­sy­ny hem-de “Calib­ra” at­ly san­ly gap­jy­gy­ny in­di­ki ýyl­dan baş­lap müş­de­ri­le­re hö­dür­le­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Lib­ra gol­daw ber­ýän we ulan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan teh­no­lo­gi­ýa ägirt­le­ri bar. “Calib­ra” gap­jy­gy­nyň bol­sa, “Mes­sen­ger”-de we “What­sapp”-da öz­baş­dak app­li­ka­si­ýa­sy bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň be­ren mag­lu­ma­ty­na gö­rä, “Calib­ra”-nyň bank we karz kart­la­ry ýa­ly howp­suz­lyk ba­bat­da yg­ty­bar­ly bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le hem müş­de­ri­le­riň mag­lu­mat­la­ry­nyň bi­rug­sat “Facebook” ýa-da haý­sy­dyr bir üçün­ji ta­ra­pa be­ril­me­jek­di­gi mä­lim edil­­di. Lib­ra­nyň dö­re­dil­me­gin­dä­ki esa­sy mak­sa­dyň mil­liard­lar­ça ada­myň ula­nyp bil­jek ýö­ne­keý glo­bal pul bir­li­gi­ni we ma­li­ýe inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny eme­le ge­tir­mek­den yba­rat­dy­gy aý­dyl­dy. Be­ýa­nat­da krip­to pul bir­li­gi­ne “Visa”, “Mas­tercard”, “Uber”, “Voda­fo­ne”, “Spo­ti­fy” we “ebay” ýa­ly 28 kom­pa­ni­ýa­nyň eme­le ge­ti­ren kon­sor­siu­my gö­zeg­çi­lik eder.
Şeý­le hem be­ýa­nat­da hö­dür­len­jek tä­ze hyz­mat ar­ka­ly “Facebook” ula­ny­jy­la­ry­nyň pul süý­şür­mek, sarp et­mek we ge­çir­mek ýa­ly iş­le­ri edip bil­jek­di­gi aý­dyl­dy.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir