Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýalarynyň bileleşigi (Society for Worldwide Interbank Financial Telecommunication – SWIFT) banklaryň arasynda maliýe maglumatlaryny alyşmak (ibermek we kabul etmek) üçin ýokary tehnologiýaly we howpsuz ulgamy guramak maksady bilen 1973-nji ýylda döredildi. 2008-nji ýylda SWIFT ulgamy 92 ýurtdan 3.700 sany maliýe edaralaryny özünde jemleýärdi.
Häzirki wagtda bolsa SWIFT ulgamyna dünýäniň 190 ýurdunda ýerleşýän 7.407 sany bankdyr beýleki maliýe guramalaryny girýär. Olaryň ählisi, öz geografiki ýerleşişine garamazdan, ýylyň 365 gününde gije-gündiz özara arabaglanyşykda bolmak mümkinçiligine eýedirler. Häzir SWIFT ulgamy boýunça her gün umumy möçberi 5 trillion ABŞ dollaryna deň bolan 4,9 millon maliýe maglumatlary iberilýär we kabul edilýär.
Bu ulgam arkaly özara hasaplaşyklary amala aşyrmaklygyň tizliginiň, ygtybarlylygynyň, geriminiň has ýokarylygy bilen bir hatarda, SWIFT ulgamyna birikmek üçin banklar ep-esli harajat etmeli bolýarlar. SWIFT ulgamyna agza bolmak üçin tölegiň möçberi 160-200 müň ABŞ dollary aralygynda bolup, kiçi we orta banklar üçin kynçylyklary döredýär.
SWIFT ulgamyndan başga-da, halkara gerime eýe bolan kartly töleg ulgamlaryna gatnaşyjy banklaryň özara hasaplaşyklaryny amala aşyrmak üçin beýleki hasaplaşyk ulgamlary hem peýdalanylýar. Mysal üçin, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde halkara derejede banklaryň arasyndaky hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin Umumy hasaplaşyklaryň trans-ýewropa awtomatlaşdyrylan ekspress ulgamy (TARGET), Ýewropa bank assosiasiýasynyň ýanyndaky Ýewropa kliring ulgamy (ECS), milli hasaplaşyklar ulgamlary ýaly ulgamlar ulanylýar.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir