Şahyr şahyrlygyň çyn bolýan bolsa
Sönüp ýanyp ýene sönüp ýanyp git
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa
Gara ýere çümüp çykyp çümüp git
Hem akyl ber hem iliňden akyl al
Kitapdan däl gara ýerden nakyl al
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al
Soň ýenede ýeriň süýdün emip git
Dag ýoluna çöl ýoluna belet bol
Dag ýolunda çat açmaýan polat bol
Çöl ýolunda tirkeş tirkeş bulut bol
Teşne görseň dodagyna damyp git
Ýol agyrdyr müň ýanylar öçüler
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler
Ýene ýygna şaglap gelse geçiler
Sen öküz dek ýele garşy zyňyp git
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al
Ylgap baryp saglyk bilen erki al
Ýany bilen çuwal çuwal gülki al
Soň tapylar galan zady zyňyp git
Dost paýlansa äber diýip gysganma
Alaňdan soň gysgaltma hem gysganma
Dileg etse gözleriňide gysganma
Birin berde biri bilen oňup git
Ha çaryk geý, ha çokaý geý ,telpek geý
Parhy ýokdur geýseň bolar erkek deý
Ýone welin şyppyllama çepek deý
Aýna gonuşly ädik ýaly doňup git
Sorosaň aýdaýyn kyýamat nedir
Erkekler oglasa kyýamat şodur
Her başy telpekläp goýmagyn gadyr
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git
Gözelligi sor bagryňa öýkeniňe
Söýülseň söý söýülmeseň sükenme
Söýgide goşgydyr kişä öýkinme
Öz möhrüňi öz köziňi goýup git
Ýeňip ýaşa ahyrda ýeň başda ýeň
Tomusda ýeň ýazda,güýzde.gyşda ýeň
Söýgiňde ýeň,gaýgyňda ýeň, işde ýeň
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git
Ýeňsin ogul dil bilen däl iş bilen
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen
Aýak dälde parasatly baş bilen
Ýeňse ogul gözüň rahat ýumup git
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna
Bir aglapdyň indi bir aglama
Öz balaňy eliň bilen jaýlama
Nobatyňda mele ýere siňip git
Dünýä gelmegiňde nobaty ýagşy
Ýene ölmegiňde nobaty ýagşy
Men diňe birzatda nobata garşy
Dost öýünde islän çagyň bolup git
Başarsaň köplügiň içine garyş
Tanyşdan dost tutun ýatlardan tanyş
Ziguliň içinden gözleme durmuş
Köplük bilen awtobusa münip git
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman
Ýary işçi bolsun ýarysy daýhan
Elbetde alymam şahyram höhman
Üýşip çaşyp çar tarapa eňip git
Şeýle dostlar bilen gezseň bir sellem
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem
Gadamyň giden bar entekler elleň
Hol öňdele ýaş hakynda dymyp git
Haly wagtyň meňzemegiň pilime
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme
Öçen wagtyň öýkünmegiň çilime
Içi közli ojar ýaly sönüp git
Ýene bir söz,nygtalmak dal ,öwit dal
Mazaryňa daş oturtmak sargyt däl
Mele ýeriň astyndada daş gyt dal
Bakylyk şol şo daşlara siňip git
Çesme: duralga.ru