Durmuşda bagtly bolmaklyk ondan çuwal dolusy zat almak däl-de, yzyňda giden bir harman galdyryp bilmeklikdir. Bagtly bolmak üçin durmuşyň saňa beren nygmatyndan has känrägini oňa gaýtarmak zerurdyr. Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy “Bagtly bol! Alnyň, bagtyň açyk bolsun!” diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syrlary nämede?! Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlardan başlap, ýüzlerçe, müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň “Durmuşda bagtly bolmagyň bäş şerti” atly kitabyny ýazýar. Bu kitap bagtyýar durmuşyň iň ýönekeý, şol bir wagtyň özünde hem iň möhüm esaslaryny beýan edýär. Jon Izzo 18 müň ýylyň durmuş tejribesini arka atan danalaryň pähim-paýhasyna giň orun bermek bilen, her bir adamyň şu aşakdaky bäş ýörelgäni berjaý eden halatynda özüne bagtly durmuşy gazanyp biljekdigine ynanýar. Bu hakykat ençeme kişi tarapyndan kabul edilýär.
1. Öz-özüňiz babatynda dogruçyl boluň!
Öz-özüňe ýalan sözlemek ýaly gysga wagtlyk nepi degýän ýagdaýlar köplenç halatda durmuşda entäk ýeterlik tejribämiziň bolmadyk döwründe ýüze çykýar. Şol döwürde näme etmelidigini, nähili ýoly saýlamalydygyny ýüregimize geňeşmegiň ýerine, özümizi beýleki kişiler, aýratyn hem deňduşlarymyz bilen deňeşdirmek arkaly anyk karara gelýäris. Bu bolsa soňy bilen ýüze çykjak ençeme şowsuzlyklaryň başyny başladýar. Izzo Jona görä, bagt munuň özi hemmeler üçin gymmatly bolan zat däl-de, diňe seniň üçin gymmatly bolan zatdyr. Şu kada eýerip ýaşap bilýän adam bagtly bolmagyň ilkinji syryny özleşdirdi diýmekdir. Kalbymyza gulak goýup, öz-özümize “Meniň barýan ýolum meni bagta eltýärmi?” diýen sowala ýürek bilen jogap bersek, ençeme gezek puşman etmeklikden saklanyp bileris.
2. Puşman etmäň!
“Ýalňyşmakdan gorkmaň. Çünki, hiç haçan ýalňyşmadyk adam hiç bir iş etmedik adamdyr” diýilýär. Aslynda, soňy gowy netijeler bilen tamamlanýan işlere batyrgaý çemeleşilmelidir. Aslyýetinde puşman etmek haýsydyr bir zadyň anyk dogry ýa-da ýalňyşdygyny bilip, şol işi etmeklik ýa-da etmezlikdir. Dostuň kömege mätäç halatynda oňa ýardam bermezlik, ata-enäniň diýeninden çykyp, olaryň tersine gitmeklik soňundan puşman etmegi mejbur edýän ýagdaýlaryň käbirleridir. Puşman etmezlik üçin durmuşyň biziň öňümize dikýän päsgelçiliklerinden baş alyp çykmaklygy başarmalydyrys. Puşman etmek ejizligiň miwesidir. Haçan-da, bir işi amal etmäge ejizlesek, onda ertir şol işi etmedigimiz üçin puşman etjekdigimiz hakdyr. Wyždanyňa geňeş, durmuşa batyrgaý çemeleş!
3. Söýmegi başaryň!
Beýik italýan-amerikan ýazyjysy Leo Buskaglia şeýle diýýär: “Durmuş söýgüden ybaratdyr we söýgüni ýitirseň, durmuşy-da ýitirdigiňdir”. Söýmek hem-de söýülmek bagtly we manyly ömri ýaşamagyň esasy şertleriniň biridir. Bagtyýar we manyly ömrüň baş şertiniň söýgüdigine doly göz ýetirip, ýene-de söýmezlik, betbagtlygy özümize kabul etmeklikdir. Nädip söýýän we söýülýän ynsan bolmaly?! Bu soragyň jogaby söýgüni duýmagy we beýleki biriniň kalbyna ornaşdyrmagy başarmakdan gelip çykýar. Ilki bilen özümize hormat goýşumyz ýaly, özümizi hem söýmelidiris. Ikinjiden, bize ýakyn bolan ynsanlary söýmegi, üçünjiden bolsa olara söýgümizi ýetirmegi başarmalydyrys.
4. Bagtly pursatlary duýmagy başaryň!
Jon Izzo “Bagta barýan ýol, bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar” diýýär. Eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerinden birine öwürmek biziň özümize baglydyr. Säher bilen sag-aman örmek, maşgala bolup, başy jem ertirlik edinmek, ruhubelentlik bilen işli-işiňde bolmak, öňüňden çykan tanyşlaryňa mähirli salam berip, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, işiňde, okuwyňda öz paýyňa düşýän borçlary doly amala aşyryp, netijeli we halal zähmet çekmekligiň lezzeti bilen öýüňe dolanmak, ýolda guşlaryň jürküldisine, baglarda açylan güllere, adamlaryň ýüzündäki şatlyga guwanmak, öýüňe gelip, bir iş gününiň ýa-da okuw gününiň netijesinde Watanyň ösüşine zerre goşant goşmagyň buýsanjy bilen gök çaýyň başynda dem-dynç almak munuň özi ähli ajaýyplyklaryň özeni bolan bagtdyr.
5. Netijeli ýaşamaklyga çalşyň!
Jon Izzonyň gürrüňdeş bolan ähli pähimdarlary, dana adamlary üçin iň möhüm wezipe özüňden soňkulara haýyrly bir zady goýup gitmeklikdir. Aslynda, bu pikir akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
“Magtymguly sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolsun”
- diýen setirleri bilen has hem berk baglanyşýar. Durmuşyň baş maksady hem şundan ybaratdyr. Durmuşda bagtly bolmaklyk ondan çuwal dolusy zat almak däl-de, yzyňda giden bir harman galdyryp bilmeklikdir. Bagtly bolmak üçin durmuşyň saňa beren nygmatyndan has känrägini oňa gaýtarmak zerurdyr. Syrlary bilmek durmuşda bagtly bolmaklygy aňlatmaýar. Esasy zat şol aýdylanlary amal etmekden ybaratdyr. Çünki biziň aglabamyz näme etmelidigini bilýäris, emma diňe käbirimiz bilýän zatlarymyzy amal edýäris.