(1835-1910)
Mark Twen (hakyky ady Semýuel Lenghorn Klemens) 1835‑nji ýylda Missuri ştatynyň Florida diýen ýerinde eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary kiçijik Gannibal şäherçesinde, Amerikanyň uly derýalarynyň biri bolan Missisipiniň kenarlarynda geçýär. Şol derýanyň boýlarynda bolan wakalar Mark Tweniň birnäçe eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Mark Tweniň kakasy ýurist bolupdyr. Ol ir aradan çykýar, şol sebäpden, gün-güzeran görmek üçin, Mark Twen ýaşlygyndan işlemeli bolýar. Şeýdip, ol okuwyny yzygiderli okap bilmeýär.
Mark Twen on iki ýaşynda çaphana işe girýär we harp ýygnaýjy bolup dürli şäherlerde işleýär. Ol soňra gämide ýol görkeziji, gämiçi-losman wezipesinde işe durýar we Missisipi derýasynda gämili köp ýüzýär. Onuň «Mark Twen 1» lakamy hem şol derýada suwuň çuňlugyny habar berýänçi bolup işlände köp eşiden sözlerini aňladýar. Soňra ol şol sözleri özüne edebi lakam edinip alýar, çünki ol derýada, gämide ýüzmegi çagalykdan arzuw edip gezipdir.
Amerikada 1861-1865-nji ýyllarda raýat urşy başlanýar we Missisipi derýasynyň gämi gatnawy kesilýär. Mark Twen düşewüntliräk iş, gazanç gözläp, Newada ştatyna, Günbatara gidýär. Şol döwürler ABŞ-nyň Günbatarynda altyn we kümüş magdanlarynyň tapylan wagty eken. Geljekki ýazyjy täze ýerde gyzyl gözläp köp işläpdir, emma gazanan zady bolmaýar. Soňra ol gazet-žurnallarda habarçy bolup işleýär, oçerkler, gülküli hekaýalar ýazyp başlaýar. Şeýlelik bilen, ol gysga wagtyň içinde özüni ýumorist ýazyjy hökmünde tanatmagy başarýar. Ýöne Mark Tweniň adynyň ýazyjy hökmünde meşhur bolmagyna onuň 1867-nji ýylda Ýewropa we Kiçi Aziýa eden syýahatlary sebäp bolýar. Onuň bu syýahatlary baradaky ýazgylary köp gazetlerde çap edilýär. Şol ýazgylaryň esasynda Mark Twen «Sada adamlar daşary ýurtda» (1869) atly syýahatlar kitabyny ýazýar. Şol kitap hem onuň adyna meşhurlyk getirýär. Ýazyjy şondan soň Gartford şäherinde ýaşap başlaýar we diňe edebiýat bilen meşgullanýar.
Mark Tweniň irki hekaýalary esasan gülküli, ýumoristik häsiýetlidir. «Tennessidäki žurnalistika», «Men nädip oba hojalyk gazetini redaktirledim», «Mak Wilýams we Krup», «Sagat» we başga-da birnäçe hekaýalar bu toplumy düzýär. Bu hekaýalarda amerikan durmuşyndan alnan gülküli wakalar görkezilýär. Ýazyjy öz hekaýalarynda esasan amerikan halk döredijiliginiň tärlerini ulanýar. Şol bir hatarda çendenaşa ulaldyp, wakalary gülküli häsiýetde gürrüň berip, ýazyjy halk döredijiligine mahsus äheňleri ulansa-da, ol öz eserlerinde real durmuş wakalaryny hem özüçe täzeden işläp, olarda haýsy-da bolsa bir wajyp meseläni görkezýär.
«Men nädip oba hojalyk gazetini redaktirledim» atly hekaýada gazetiň wagtlaýynça redaktory bolup galan adam ekiş möwsüminiň tomusda başlanýandygyny, kädiniň agaçda gögerýändigini we şuňa meňzeş oba hojalygynda bilmeýän zatlary barada gazete ýazýar. Ýazyjy bu hekaýasynda gazet redaktorlarynyň nadanlygynyň üstünden gülýär.
1876-njy ýylda Mark Twen özüniň iň bir meşhur eserleriniň biri bolan «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» atly romanyny ýazýar. «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» çagalar edebiýatynyň iň gowy romanlarynyň biri hasaplanylýar, ýöne ony diňe çagalar däl-de, eýsem uly adamlar hem uly höwes bilen okaýarlar. Ýaşlygyndan ýetim galan we daýzasy tarapyndan terbiýelenýän Tomuň durmuşda hiç kem zady ýok, ýöne ol daş-töweregindäki durmuşy öz okan kitaplaryndaky ýaly dürli gahrymançylyklardan we başdan geçirmelerden doldurmaga synanyşýar. Dogrudan hem, onuň durmuşy şeýle hem bolýar. Bezzatlyk edeni üçin daýzasyndan temmisini alyp, haýaty agartmaly bolan Toma birbada dynç alyş güni bu işe bulaşmak agyr degse hem, ol töweregiň oglanlaryna ýönekeý haýaty agartmagyň hem öran jogapkärli işdigini, muny daýzasynyň dine özüne ynanandygyny aydyp, olara uzyn günläp haýat agartdyrmagy başarýar. Şeýle ynama mynasyp bolmaga jan edýän oglanlar Toma para-peşgeş berip, zordan ellerini çotga ýetirýärler. Şeýlelikde, irden haýaty bir gezek agartmagy kyn hem içgysgynç iş hasaplan Tom ony töweregiň oglanlaryna dört-bäş gezek agartdyrýar…
Tomuň ykmanda Gek atly dosty hem Tomuň ähli ideýalaryny goldap, özüni onuň wepaly dosty hökmünde görkezýär. Hatda her hili howply ýagdaýlarda-da, ol Toma hemaýatçy bolmagy başarýar.
Tom Soýer her hili çylşyrymly ýagdaýlarda hem özüni akylly, ugurtapyjy we mert ýoldaş hökmünde görkezýär. Ol öz söýýän gyzy Bekki Tetçer bilen ýerasty gowaklarda azaşanlarynda-da, özüni batyrgaý alyp barýar, müzzermeýär.
Çagalykda her bir oglanjygyň bir wagt garakçylaryň gömüp giden hazynasyny tapmagyň arzuwynda ýaşaýşy ýaly, şeýle tapyndyny arzuw eden Tom bilen Gek hakykatdan hem gömlen hazynany tapýarlar. Emma bu hazyna olara onçakly bir gerekli hem bolmaýar. Çünki olar üçin durmuşyň syrlaryny açmak, dünýäniň başdan geçirmelerden doly ajaýyp ýaşaýşy hemme hazynalardan hem gymmatly bolup görünýär…
Mark Tweniň bu romany çagalyk döwrüniň ajaýyplygyny çagalara mahsus bolan oýunlaryň, dürli başdan geçirmeleriň üsti bilen sada dilde çeper suratlandyrýar.
Ýazyjynyň döredijiliginiň ikinji ýarymynda onuň durmuşa bolan garaýşy üýtgeýär. Indi ol öz töweregindäki hadysalara tankydy göz bilen seredýär. ABŞ-da şol döwürde, ýagny XIX asyryň aýagynda oba durmuşynda uly özgerişler bolup geçýär. Şäherler ulalyp, öňki ekin ekip bolaýjak boş ýerler alyp-satarlar tarapyndan söwda harydyna öwrülýär. Fermer-daýhanlaryň ýer satyn almaga güýji ýetmän, olar iş gözläp, şäherlere siňýärler.
Mark Twen «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» atly romanyndan soň çagalar we ulular tarapyndan şu günlerem söýlüp okalýan romanlaryň biri bolan «Şazada we gedaý» (1882) atly taryhy romanyny ýazýar. Bu gezek ýazyjy eserinde Angliýada XVI asyryň birinji ýarymynda bolup geçen wakalary suratlandyrýar. Ýowuz kanunlar bilen zuluma sezewar edilýän halk köpçüligi agyr durmuşda, garyplykda, köne düşünjeleriň we yrymlaryň kerebine çolaşyp ýaşaýar. Şeýle ýagdaýda daşky sypaty meňzeş bolan şazada we gedaý, iki sany oglanjyk tötänleýin egin-eşiklerini çalşyp geýip, durmuşda hem ýerlerini çalyşýarlar. Welsiň şazadasy Eduard Tom Kenti atly garyp oglanyň eşigini geýip, onuň agyr durmuşynyň hupbatlaryny çekmeli bolýar. Ine, şonda lälik ösen şazada durmuşyň kynçylyklaryny başdan geçirip, jemgyýetiň kanunlarynyň göwnejaý däldigini öz gözi bilen görüp, egni bilen çekýär. Tom Kenti bolsa şazadanyň eşigini geýip, döwlet işlerini akylly-başly çözýär. Ol köp meselelerde adamkärçiligi birinji kanun hökmünde ulanýar.
«Şazada we gedaý» romanynda indi ýazyjynyň öňki ruhubelent, joşgunly, ýumordan doly beýanyna derek durmuşyň agyr şertleri, baýlygyň we garyplygyň tapawutlary açylyp görkezilýär hem-de romanda ýazyjynyň ýönekeý zähmetkeş halka bolan söýgi-hormaty we duýgudaşlygy görünýär.
Çagalaryň ABŞ-nyň täze jemgyýetindäki durmuşyny görkezmek meýli bilen Mark Twen ýene-de Tom Soýeriň durmuşynyň dowamyny ýazmaga girişýär. Ol 1885-nji ýylda «Geklberri Finniň başdan geçirenleri» atly romanyny ýazýar. Indi bu romanyň baş gahrymany Tom Soýer däl-de, ondan-oňa ygyp ýören, öýsüz-öwzarsyz, garyp durmuşda ýaşaýan Geklberri Finniň durmuşy beýan edilýär.
Tom Soýer bu kitapda Gekelberri Finniň dosty hökmünde, ikinji planda hereket edýän gahryman hökmünde görkezilýär. Geklberri Finn öz başdan geçirenlerini gürrüň berýär. Onuň durmuşy Tomuň durmuşy ýaly asuda, elpe-şelpelikde geçmeýär. Onuň arakhor, hemişe serhoş kakasy Geklberri Finni ýenjip, ony öýden gaçyp gitmäge mejbur edýär. Şonuň üçin kyn durmuş şertleri Geklberri Finni ýene-de bir özi ýaly betbagt negr Jim bilen ykmandalyk etmäge mejbur edýär.
Romanda beýan edilýän wakalar eýýäm «Tom Soýeriň başdan geçirenlerindäki» ýaly romantiki öwüşginde, ajaýyp edilip görkezilmeýär. Tersine, Gek bilen Jime duş gelýän adamlar ýalta, gödek, rehimsiz we onuň üstesine-de jynsparaz bolup çykýarlar… Bir söz bilen aýdanyňda, Mark Twen öz döwrüniň möhüm jemgyýetçilik meselelerini bu romanda çeper suratlandyrýar.
Mark Twen 1880-1890-njy ýyllarda «Missisipidäki durmuş» (1883) atly oçerkler kitabyny, «Amerikaly bäsdeş» (1892), «Amerikaly ýanki 2 korol Arturyň köşgünde» (1889), «Žanna d’Ark» (1896) atly taryhy romanlaryny ýazýar. Ýazyjynyň döredijiligi amerikan edebiýatynda realizmiň kemala gelmegine we özboluşly çagalar edebiýatynyň döremegine örän güýçli täsir edýär.
Maksim Gorkiý, Ernest Hemingueý, Wilýam Folkner, Jon Golsuorsi, Redýard Kipling ýaly dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri Mark Tweniň eserlerine uly baha beripdirler.
Mark Twen tä ömrüniň ahyryna çenli, hatda düşekde ýatan ýerinde-de, ýazyjynyň özüniň diýşi ýaly, «hakykaty mazara alyp gitmejek bolup» eser ýazmagyny dowam edýär. Mark Twen öz dostlaryna «Iş – dünýäde iň beýik şatlykdyr» diýip aýdar eken. Mark Twen 1910‑njy ýylda Konnektikut ştatynyň Redding şäherinde aradan çykýar we soňra Nýu Ýork şäherinde jaýlanýar.
Mark Tweniň romanlary ençeme gezek türkmen diline terjime edilip, indi köpden bäri okyjylaryň söýgüli eserlerine öwrüldi.
1 Mark twain – «ikinji ölçeg» diýmegi aňladýar, ýagny gäminiň päsgelçiliksiz ýüzüp biljekligini aňladýar.
2 Ýanki – amerikalylary şeýle atlandyrypdyrlar.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.
™Serdar™ 5 years ago- hmmm