Ýurtda iň ýokary wezipeli adam döwletiň we ýerine ýetiriji hökümetiň ýolbaşçysy – Türkmenistanyň Prezidendidir. Ol Ministrler Kabinetine – Türkmenistanyň hökümetine ýolbaşçylyk edýär. Prezident milli garaşsyzlygyň, territorial bitewiligiň, Konstitutsiýanyň we halkara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegine kepil geçýär, Türkmenistanyň ykdysady we sosial-medeni ösüşini üpjün edýär, Konstitutsiýada göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amal edýär. Prezident Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdebaşysydyr. Ol ilçileri, ministirlikleriň we wedomstwolarynyň ýolbaşçylaryny goşmak bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň diwanynyň ýokary wezipeli işgärlerini belleýär. Mejlis bilen ylalaşyp, Ýokary suduň başlygyny, Ýokary hojalyk sudunyň başlygyny, Baş prokurory belleýär we wezipesinden boşadýar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy Prezidente Mejlisiň adatdan daşary sessiýalaryny çagyrmaga, günasi geçmäge we amnistiýa etmäge hukuk berýär.
Türkmenistanyň döwlet gurlyşy - döwlet ýolbaşçysy (prezident)
-
Ga1taman
16 years ago
- Kandidat hemişe gowy prezidentden,
Kim bolaýsyn, ýagşy-ýaman söz berer.
Adam umyt eder, adam ynanar,
Hem garaşar, durmuş öser, özgerer.
Kandidat hemişe gowy prezidentden,
Mylaýym, hamala öýlenjek ýigit.
Girrik bolsa gaharyny ýygşyrar,
Gedem bolsa ýylgyr başyny egip...
Aýdylşy deý, “daýy” diýer doñuza,
Köprüdenmi, gylsyratdan geçinçä.
Kandidat elmydam päk prezidentden,
Gassaba ýag gaýgy, geçä bolsa jan...
Kandidat – bu açylmadyk sahypa,
Prezident bolsa okalan kitap.
(Ýurt ýerine türme gurdy, öldürdi,
Ýogsa söz beripdi guýrukýag-gutap...)
Prezident hemişe ýamandyr ýöne,
Kandidatyñ ondan ötürmejegne
Barmy kepillik,
Direg ýa delil,
ýaplanar ýaly?
Söze, wada bolarmyka bil baglap,
Adam çörek ýerne iýýärkä a:ly?
Kandidat hemişe gowydyr, akdyr,
Ýüzi gara, pula çümen gedemden.
Kandidat prezident bolansoñ başga,
Ýalançy, ýallakçy, şere bor hemdem...
-
serkerde85
16 years ago
- Slam Dos oran onat edip yazipsın ..
Yone menem sana bir soragym bar Bu dovlet sistemi demokratik ve osen dovlet bolmak ichin yeterlimi?
-
kakabay
16 years ago
- gaty govy sorag!
-
London polis
15 years ago
- politikadan dasda bolanymda gowy.
Farabi 16 years ago- gyzyklanýanlar üçin: türkmenistanyň döwlet gurlyşy - konstitutsiýa