(1783-1842)

Görnükli fransuz ýazyjysy Stendal, öz hakyky ady Anri Beýl Fransiýanyň Grenobl şäherinde baý aklawçynyň maşgalasynda eneden bolýar. (Stendal nemes şäheriniň ady. Ol ýerde Winkelman atly belli sungat öwreniji bir alym ýaşapdyr. Dostlarynyň aýtmaklaryna görä Stendalyň ençeme edebi lakamlary bolupdyr, emma ahyrsoňy ‘‘Stendal“ lakamy ýörgünli bolupdyr.) Onuň ejesi ir aradan çykypdyr. Kakasy ogluny bir katolik ruhanysyna terbiýelemäge beripdir. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, Stendal ömüiboýy buthanany we dini halamandyr. Ol öz terbiýeçisinden ogrynça Kabanis, Didro, Golbah ýaly aň-bilim ýaýradyjylary ürç edip okapdyr. Şol okan kitaplary, fransuz rewolýusiýasynyň ideýalary onuň aňyna güýçli täsir edipdir.
1799-njy ýylda Stendal Pariže baryp politehniki institutyna okuwa girýär, emma şol ýylda hem okuwdan çykyp, Napoleonyň goşunyna gullaga durýar we demirgazyk Italiýada gulluk edýär. Soňra ol Napoleon Bonapartyň syýasatyny halap, onuň Germaniýa we 1812-nji ýylda Russiýa tarap eden ýörişlerine gatnaşyp, uly intendant derejesini alyp, belli bir wagtlar örän baý bolýar. Emma kem-kemden Stendal Napoleonyň uruşparazlyk syýasatyndan ýüz öwürýär. Waterlo söweşinden soň (1814), Stendal Italiýada ýaşaýar. Stendal 1821-nji ýylda Triýeste şäherinde konsul bolup işläp ýörkä, Italiýanyň şol wagtky hökümdary ony Fransiýa yzyna ugradýar. Sebäbi olarda Stendalyň karbonariler (italýan dilinde ‘‘karbonariler“ ‘‘kömürçiler“ diýmekligi aňladýar. Olar gizlin gurama düzüp Italiýanyň azatlygy üçin göreşýärler. 1821-nji ýylda Italiýanyň birnäçe şäherlerinde karbonarileriň gozgalaňlary bolup geçýär.) hereketine kömek berýänligi barada şübhe döreýär.
Stendalyň özi Italýan rewolýusionerleriniň arasynda bolmasa-da ol öz pikirleri bilen olara örän ýakyndy. Soň ýene 1820-nji ýyllaryň ahyrynda Ol Italiýa gaýdyp gelýär. Sebäbi Stendal Italiýany, onuň halkyny, sungatyny örän gowy görýär. Ol Italiýa barada ‘‘Italyan ýazgylary“, onuň sungatyna degişli ‘‘Rim, Florensiýa, Neapol“ diýen eserlerini ýazýar. Onuň uly romanlarynyň biri ‘‘Parm buthanasy“, ‘‘Wanina Wanini“ atly powesti hem Italiýa bilen baglanşyklydyr. Stendalyň Italiýany söýmeginiň ýene bir sebäbi onuň bütin ýaşlygnyň Italiýada geçmegidir.
1815-nji ýyldan soň Fransiýada patyşa-monarhiýa düzgüniniň dikeldilmegi 1830-njy ýyldan soň Stendalyň durmuşyny kynlaşdyrýar. Sebäbi ony Bonapartyň tarapdary hasaplaýarlar. Şol sebäpli ol köplenç Italiýada ýaşap öz kitaplaryny ýazýar. Aram-aram ol Pariže gelýär, daşary işler ministrliginde öz resmi işlerini edýär we ýene-de Italiýa gaýdyp gidýär. 1842-nji ýylda bir gün ol Pariže gelende, kellesine gan inip, insult bolup, köçede ýykylýar we şeýdip aradan çykýar.
Beýik ýazyjy Onore de Balzak Stendalyň eserlerine uly baha beripdir. Onuň eserleriniň uzak ýaşajakdygyny aýdypdyr. Soňra bu sözler dogry bolup çykýar.

Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir