(1802-1885)
W.M. Gýugo 26-njy fewralda Bezanson şäherinde eneden dogulupdyr. W. Gýugonyň kakasy Napoleonyň döwründe general derejesini alypdyr we ol Napoleonyň tarapdary bolupdyr. Ýazyjynyň ejesi, tersine Napoleony ýigrenipdir we ol patyşa düzgüniniň tarapdary bolupdyr.
Geljekki ýazyjynyň doglan wagtyna çenli onuň hossarlary bäş ýyl bile ýaşapdyrlar we olaryň Aben we Ežen atly iki sany ogullary bolupdyr. Wiktor Gýugonyň doglanyndan köp wagt geçmänkä, onuň ejesidir kakasynyň arasynda agzalalyk ýüze çykýar we netijede olaryň aýrylyşmagyna getirýär.
Gýugonyň çagalygy kä ejesiniň, käte kakasynyň ýanynda geçýär. Ol 1811-1814-nji ýyllar aralygynda pansionda okaýar. Gýugo poeziýadaky ilkinji ädimine pansionda okap ýörän wagty başlaýar. Gýugonyň kakasy Madridde häkim bolup işlän döwründe Gýugonyň ejesi Pariže dolanyp gelipdir. Gýugo ýaşlygyndan goşgy düzüp başlapdyr. Şol döwürde ýazan goşgularynda ol Napoleony nälätläp, patyşa nesilleri, Burbonlary öwüp ýazypdyr. 1817-nji ýylda 15 ýaşly Gýugonyň goşgylary Fransuz Akademiýasynyň baýragyny alypdyr. Onuň 1822-nji ýylda neşir edilen goşgylar ýygyndysy onuň adyny butin Fransiýa tanadypdyr.
1825-1828-nji ýyllarda ýazylan goşgular toplumy “Gündogar äheňleri” öz täzeligi bilen okyjylary haýran edipdir. Bu goşgular toplumy bilen Gýugo fransuz poeziýasynda uly meşhurlyk gazanýar.
Şondan soñ şahyr dramaturgiýa geçýär. W. Gýugo teatrda, dramaturgiýada hem täzelikler girizýär. Ol özüniň "Kromwel" (1827) atly dramasyna ýazan sözbaşysynda romantizmiň tarapdary hökmünde çykyş edip, klassisizmiň kadalaryny ret edipdir.
Onuň "Ernani" (1829), "Marion de Lorm", "Mariýa Týudor (1834), "Rýui Blaz" (1838) atly dramalary teatrda goýulupdyr we meşhurlyk gazanypdyr. Bu dramalarynda Gýugo klassisizmiň köp kadalaryny berjaý etmändir. Olaryň mazmuny hem patyşa Lýudowik XIII-njini erksiz şahsyýet, onuň ministri Rişelýe zalym adam hökmünde suratlandyrypdyr.
Kem-kemden W. Gýügo romantiki proza eserlerini, romanlaryny ýazyp başlapdyr. Onuň ilkinji uly eseri "Pariždäki Merýem enäniň buthanasy" (1831) atly romanydyr. W. Gýugonyň döredijiliginde 30-njy we 40-njy ýyllarda syýasy mazmunly eserler köpelýär. 1851-nji ýylda Napoleon III Lui Banapartyň hökümet başyna geçmegi bilen, W, Gýugo Fransiýadan gaçyp gitmeli bolýar. Ol 19 ýyllap daşary ýurtda ýaşaýar. Ol ilki Belgiýada, soňra Angliyanyň Jersi adasynda, we Lamanş adalar tarapynyň biri bolan Gernseýde ýaşaýar. Şol döwürde häkimiýeti güýç bilen öz eline alan Napoleon III -njiniň garşysyna tankydy häsiýetli "Kiçi Napoleon" (1852) atly eserini ýazýar. Bu döwürde Gýugo öndümli işleýär. Ol özüniň uly meşhurlyk gazanan“Gülýän adam“(1864) atly romanyny ýazýar.
Wiktor Gýugo 1870-nji ýylda Ikinji Imperiýa diýip at alan fransuz düzgüniniň ýykylmagy bilen watanyna dolanyp gelýär. Fransiýanyň Russiýadan ýeňilmegi, Parižiň basylyp alynmagy Gýugony örän gynandyrýar. Watançy ýazyjy bu barada "Ýowuz ýyl" (1870-1871) ýygyndysyna girýän birnäçe goşgularynynda gynanç bilen ýazýar.
W. Gýugoniň ömrüniň soňky ýyllary ýazan "Ýowuz ýyl" (1870-1871), "93-nji ýyl" (1874) Fransiýada bolup geçen fransuz buržuaz rewolýutsiýasynyň we Pariž Kommunasynyň wakalarynyň esasynda ýazylandyr.
W. Gýugo ömrüniň soňuna çenli romantizm akymyna wepaly bolup galýar. Onuň ömüniň soňky ýyllary ýazyjynyň şöhratlanmagy bilen geçýär.
1885-nji ýylyň 25-nji maýynda W. Gýugo aradan çykýar. Fransiýada şol gün ýas güni diýlip yglan edilipdir. Ýazyjyny iň soňky ýoluna ugratmak üçin bir million töweregi adam gatnaşypdyr.
Romanguly Mustakow. Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy 2-nji kitap Aşgabat, 2010 ýyl.
Panturkist 5 years ago- *Wiktor Hýugo (Viktor Hugo)