(1802-1870)

Aleksandr Dýuma 1802-nji ýylyň 24-nji iýulynda Parižden onçakly daş bolmadyk Wille-Kottre şäherinde Toma-Aleksandr Dýuma atly generalyň maşgalasynda eneden dogulýar. Aleksandr Dýumanyň kakasy Gaiti adasynda (öňki ady San-Domingo) 1762-nji ýylda markiz 1 Dawi de lýa Paýetriniň garaýagyz aýalyndan eneden doglupdyr. Gaiti şol döwürde Fransiýanyň koloniýasy eken. Harby gullukdan soň general Dýuma Gaitiden Fransiýa dolanyp gelýär we Wille-Kottre şäherinde maşgalasy bilen ýaşaýar. Aleksandr Dýumanyň kakasy 1806-njy ýylda aradan çykýar.
Aleksandr Dýumanyň ejesi we gyz dogany oňa okamagy we ýazmagy, arifmetikany öwredýär. Dýuma düşbüje oglan bolsa-da, arifmetikada köpeltmekden aňry gidip bilmändir. Ýöne onuň haty owadan bolup, ol her hili öwrümli keşdeler bilen ýazyp bilýän eken. Ýaşlygynda ol gylyçlaşmak sporty bilen meşgullanypdyr we tüpeň, sapança atmagy gowy görüpdir. Ol tokaýda köp gezelenç edipdir, sebäbi Wille-Kottre şäheriniň töweregi tokaýlar bilen gurşalan eken.
Dýuma on ýaşyna girende onuň abbat 2 Konseý atly bir garyndaşy ölmezinden öň ruhanyçylyk seminariýa mekdebinde Aleksandr okap biler ýaly oňa bir talyp hakyny miras goýupdyr. Ýöne onuň şertine görä bu mekdebi gutaryp, Aleksandr Dýuma ruhany bolmaly eken. Şol sebäpli Dýuma ol mekdebe gitmändir. Soňra ejesi Aleksandry şol ýaşaýan ýerlerindäki kolleje okuwa beripdir. Dýuma on alty ýaşy dolanda notariusyň kömekçisi bolup işleýär.
1820-1821-nji ýyllarda Aleksandr Dýuma Adolf de Lewen bilen birnäçe pýesalar ýazýar. Şolaryň içinden Dýuma «Strasburgly maýor» atly şygyr bilen ýazylan wodewili 3 – oýny halaýan eken.
1823-nji ýylda Dýuma Pariže gidýär. Ol ýerde Lamartin, Wiktor Gýugo, Alfred de Winýi ýaly şol döwrüň tanymal ýazyjylary bilen tanyşýar we edebiýat bilen ymykly meşgullanmagy ýüregine düwýär.
Parižde Adolf de Lewen diýen tanyş dramaturgy bilen bilelikde Dýuma «Aw we söýgi» diýen gülküli wodewil-pýesasyny ýazýar. Şol wodewil oýny teatrda goýlupdyr we şol pýesa üçin Aleksandr Dýuma üç ýüz frank pul gazanypdyr. Şeýdip, Dýumanyň döredijilik ýoly teatrdan başlanýar.
Aleksandr Dýumanyň özbaşdak ýazan ilkinji şowly eseri bolan «Genrih III we onuň köşgi» (1829) diýen taryhy dramasy oňa meşhurlyk getirýär. 1830-njy ýyllardan soň, ol öz güýjüni taryhy roman žanrynda synap görmegi ýüregine düwýär. Dýuma birnäçe romantik dramalary we taryhy romanlary ýazýar, ýöne ýazyjy özüniň iň gowy romanlaryny XIX asyryň 40-njy ýyllarynda döredýär.
«Üç muşketýor» (1844), «Ýigrimi ýyldan soň» (1845), «Şa zenan Margo» (1845), «Graf Monte–Kristo» (1845-1846), «Grafinýa de Monsoro», «Kyrk bäş» (1845-1848) ýaly romanlar Aleksandr Dýumanyň adyna dünýä derejesinde şöhrat getirýär. Dýuma taryhy romanlaryň halkyň arasynda uly söýgä eýe bolmagyny gazanýar. Ol taryhy resminamalary, maglumatlary tapyp, öwrenip, soňra olary öz garaýşyna görä beýan edipdir.
Onuň bar maksady eseri gyzykly etmek üçin, wakalaryň okgunly, syrly bolmagyny gazanmak bolupdyr. Şonuň üçin ol taryhy döwrüň şahsyýetlerini, däp-dessurlaryny, hadysalaryny, wakalaryny suratlandyrsa-da, şol gapma-garşylyklaryň düýp sebäplerini açyp görkezmeýär. Onuň eserlerinde taryhy wakalar, uruşlar, syýasy öwrülişikler hökümdarlaryň şahsy isleglerinden, olaryň gurýan hile-pirimlerinden gelip çykýan görnüşde beýan edilýär. Ýagny eseriň sýužetini, onuň mazmunyny gyzykly we özüne çekiji etmek üçin, käte taryhy hakykat bolşy ýaly görkezilmän, baýlaşdyrylyp, ýazyjynyň islegine, döredijilik hyýalbentliligine görä beýan edilýär.
Aleksandr Dýumanyň romanlarynyň gahrymanlary hemişe öňdebaryjy güýçleriň tarapynda zuluma, zalymlara garşy çykyş edýärler, adalat ugrunda, ejizlere howandarlyk etmek üçin göreşýärler. Onuň iň meşhur romanlarynyň biri bolan «Graf Monte–Kristo» (1845-1846) romanyny alyp görsek, bu romanda ynsan ruhunyň güýji, onuň durmuşa bolan söýgüsi örän täsirli beýan edilýär. Romanda feodal gatlagyň eden-etdiligi sebäpli azatlykdan, söýgüden we bagtly durmuşdan mahrum edilip, zyndana taşlanan Edmon Dantes iň bir kyn pursatlarda hem ruhdan düşmeýär we azatlyk üçin göreşýär. Onuň keşbi özüniň tutanýerliligi we ruhubelentligi bilen okyjylary özüne çekýär. Edmon Dantes romanyň dowamynda adalat ugrunda öz duşmanlaryna garşy batyrgaý göreşýär. Ol graf Wilfor, jenap Debre, bankir Danglar, Fransiýanyň peri 4 Morser ýaly baýlyk,wezipe üçin dönüklige, rehimsiz etmişlere we jenaýatlara ýüz urýan adamlary jemgyýetde paş edip, olaryň gabahat işleriniň üstüni açýar. Ol öz bähbidi üçin dälde, şeri ýok etmek ugrunda göreşýär.
Aleksandyr Dýuma fransuz romantizminiň iň meşhur wekilleriniň biridir. Onuň romanlarynda söýgi, wepalylyk, batyrlyk, adamkärçilik, rehimdarlyk, ugurtapyjylyk, tutanýerlilik, dönüklik, jenaýat we jeza ýaly temalar teswirlenýär.
Aleksandr Dýuma 1870-nji ýylyň 6-njy dekabrynda keselläp aradan çykýar.
Fransuz edebiýatynyň taryhynda üç sany Aleksandr Dýuma bellidir. Ýazyjynyň kakasy general Toma-Aleksandr Dýuma (1762-1806), ýazyjynyň özi Aleksandr Dýuma (1802-1870), oňa «Dýuma ata» ýa-da «ulý Dýuma» hem diýýärler. Onuň ogly Aleksandr Dýuma (1824-1895) hem ýazyjydyr. Ony kakasyndan tapawutlandyrmak üçin, «kiçi Dýuma» ýa-da «Dýumanyň ogly» diýip atlandyrýarlar.

1 Markiz – dworýanlyk derejesi.
2 Abbat – katolik ruhanysy.
3 Wodewil – gülküli we aýdymly oýun.

Romanguly Mustakow. Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. II kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017 ýyl

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir