Hawa, bilşiňiz ýaly, biziň şu sahypalar internet ulgamy arkaly dünýäniň dürli ülkelerindäki agzalaryň bir-birleri bilen bir habarlaşmagyna, Tm-däki täzelikleri öwrenmegine, tanyşlardan dost tutunyp, nätanyşlardan tanyş tutunmagyna, köp mowzukdyr söwdalarda-da maslahatlaşylyp, bu babatda amatly ýagdaýyň bolmagyna sebäp boldy şu wagda deňiç, enşallah, mundan soňra-da dowam eder. Menin başga bir zat dykgatymy çekýär. Şu sahypalardan biziň TM telewideniýämiz, has takygy, käbir işgärleri hem peýdalanýarmykalar?! Öňler sahypalary gönüden-göni prezidentimiziň yzarlap okaýany bildirilipdi bir-iki ýerde. Belki-de, sahypalardaky oňat mowzukdyr bloglar örän oňat çeşme we serişde bolup durýandyr şol işgärler üçin?! Belki-de žurnalist agza ýa-da agzalarymyz bardyr, eger şeýle bolsa, onda sahypalardan nädip peýdalanýanlaryny, nämeler edilse gowy boljagyny, haýsy mowzuklara has köp üns berilmegini, gerekli mowzuklary we ş.m. ýagdaýlary aýdaýsalar! Hökmany ýagdaýda žurnalist bolmaklaryna gerek ýok, beýleki agzalaram öz pikirlerini beýan edibermeli! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir