Döredi täze bir kesel
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Bir zat ýazýalar-da sähel
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Adminler tapsa bir sebäp
Laýk sorarlar, laýksyz heläk
Täze moda mundan beýläk
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Laýky kimkä oýlap tapan
Işden goýdy bagry ýakan
Düýşde diýýär uklap ýatan
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Kimleñ söýgüsi başlady
Kimleri söýgi taşlady
Ilki line-de buşlady
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
5-ini köpeldip 10-a
Ýüz laýky bar sygmaz dona
Realmy ýa Barselona?
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Şatlansa-da laýk goýmaly
Aglasa-da laýk goýmaly
Sorap günüme goýmady
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Howa kimin gerek ýaly
Ýa ýaşaýyş, suw mysaly
Indi LINE-iñ ykbaly
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Alyñ menden müñ laýk size
Bolşuñyza müñ haýp size
Besdir, laýk diýmäñ, goýaýyñ
Munça laýklardan doýaýyñ
Wiiiii
Bu ýazanja goşgyma-da
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Parahat Öräýew.
Laýk goýuň
-
kese kesuk
5 years ago
- Ба.Перхат!Ине далде мана дийдинов!?Сенем сарыкмы я-да?
-
Perhat Sabirovv
5 years ago
- @kese kesuk Öwrenipdirin dos şunuñ yaly yazmana
-
Janyk
5 years ago
- IMOda like nämä gerek?!
Perhat Sabirovv 5 years ago- Howa kimin gerek ýaly
Ýa ýaşaýyş, suw mysaly
Indi LINE-iñ ykbaly
"Laýk goýaýyñ, laýk goýaýyñ"
Indi imonyñ ykbaly bolaýmasyn dostum
Mana menden Like👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍