Ýokardaky soraglar, belki-de, köpümiziň özümize diýýän soragdyr ýüzlenmelerinden biridir. Bu babatda maňa-da jogapkär hökmünde elektroniki poçta arkaly sorag sorapdylar, ýöne sahypamyzyň (www.yslam.net/www.yslam.info) köpden bäri işlemeýänligi sebäpli hem-de bolar-bolgusyz bahanalar bilen jogap ýazmandym. Indi mümkinçilik bolan wagty elimden sypdyrmak islemedim. Aslynda, jogap ýazýanam welin, özümiň hem derdim bolany sebäpli, has laýyk biriniň ýazmagy, elbetde, has amatly bolardy, sebäbi, meň ýazjaklarymyň täsir güýji hem öz ejiz ruhym ýaly ejiz bolarmyka diýýän. Şoňa garamazdan, bu babatda bilýänjelerimi we öňkileriň tejribelerini siziň bilen paýlaşmak isledim. Ynha: A – Käbir maslahatlar: 1 – Mekan/ýer täsiri: Gezýän we ýaşaýan ýerleriňizde şu ýagdaý üçin mümkinçilik bar we köp bolsa, onda bu ýagdaýdan gutulmak mümkin bolsa-da kyn bolup biler, şol sebäpli-de, mümkin bolsa ýaşaýan ýeriňizi bu ýagdaý üçin has amatly bolan ýerlerden tutmaga/edinmäge synanyşyň. 2 – Tirkeşýän ynsanlaryň täsiri: Bile bir ýerde bolýan, işleýän we ýaşaýan ynsanlaryňyzyň hem bu ýagdaýa bolan meýilleri we olaryň häsiýetleri size bu babatda erbet täsir edip biler, şol sebäpli-de ynançly, gözel ahlakly we tämiz ynsanlary dost/jora tutunmaga synanyşyň. 3 – Mukaddes kitap we çeşmelere hormat goýmak we gulak asmak: Gurhan we hadys kitaplarynda Biribar we ilçisiniň (SAW) bu babatdaky beýanlaryny okap öwrenmeli we olara eýerjek bolmaly. Meselem, Gurhanda “zyna etmäň!” däl-de “zyna ýakynlaşmaň!” diýip buýruk berilýär! Ýokardaky iki maddanyň täsiri şundanam belli bolýar! Ýene Gurhanyň “Möminler” atly süresiniň 5, 6 we 7-nji aýatlarynda şeýle diýilýär: “5-Olar oz ar-namyslaryny(mahremliklerini) gorarlar; 6-Dine oz halallary(yanyoldash) bn aragatnashykda bolarlar, sebabi bu yagday tebigydyr we ayiplanylmaz; 7-Yone bu serhedin dashyna cykmaga ymtylyanlar, asyl (bagt we namyslaryny)yitirenlerdir” Hadysdyr başga çeşmelerde bolsa zynanyň uly günälerdenligi we jezasynyň hem uly boljagy bildirilýär. Yene hadysda “zyna etmek isläp-de, Biribar gorkusy sebäpli, ondan ýüz öwrülse, onda 100(?!) günlük nafile(parz, wajyp we sünnetden daşary bolan) ybadatyndan has köp sogap gazandyrýany” we ýene-de “Biribar gorkusy sebäpli, garşy jynsa şehwet bilen seretmegiň deregine ýüz öwren ýagdaýyňda, Biribaryň kalba ondan has köp lezzet yhsan/peşgeş edýäni” bildirilýär. Başga bir hadysda bolsa “Şeýtanyň waswasynyň ynsan üçin möýüň kerebi deýin ejizligi” bildirilýär, ýagny, bir ynsan gidip barýarka, öňünden möýüň kerebi çykanda, ondan gorkmagy we “indi öldüm, meni möý iýer!” diýmegi nähili gülkünç bolsa, şeýtanyň waswasynyň hem täsir güýjinden gorkmagy we boýun egmegi şonça gülkünç bolmaly. Şeýtanyn wezipesi diňe ynsan aklyna waswas bermek, meselem, ynsanyň aklyna garşy jynsdan biriniň suduryny surat halynda sokmak, yzyny bolsa ynsan öz nebsi bilen dowam etdirýär, surat halyndaky dudura jan bermek, eşiklerini çykartmak we ş.m. Diýmek, bize hadysdaky beýany ýatlap, wyždanymyzy diňläp, sudury kabul etmezlik galýar. Jenneti arzuwlamak we jähennem azabyndan halas bolmak üçin, ahyreti we menzillerini ýatladýan aýat we hadyslary hökmany ýagdaýda okap öwrenmek we olara uýmak/eýermegiň ähmiýetine göz ýetirdikmikäk diýýän! 4 – Beýik şahsyýetleriň sözlerine gulak asmak: Ýokardaky madda kybapdaş. Günümizde Yslam bilimlerini iň oňat bilýän ynsanlaryň bu babatda aýdan sözdür ýazan zatlaryny okap amal etjek bolmaly. Olaryň sözleri has täsirli bolýar, çünki özleri bu ýagdaýlary iň oňat ýagdaýda amal edýärler. 5 – Öýlenmek/durmuşa çykmak, bu mümkin bolmasa agyz beklemek: Hadysda bu babatda şeýle diýilýär:” Baylygy we guyji yeterli bolan oylensin, eger guyji yetmeyan bolsa, agzyny beklesin (oruc tutsun), cunki agyz beklemek (nebse garshy) galkandyr, giybat bilen deshilmedigi muddetce! “ B – Wakalar: 1 – Nebsine ýeňilýän sahaba we pygamberimiziň maslahaty: Bir gün ýaş sahaba sahabalaryna Yslam dini we hökümleri barada maglumat berip duran Pygamberimiziň ýanyna gelip(sahaba=S, Pygamber=P) : S- Eý, Allahyň Resuly, men nebsine ejiz biri, zynanyň külli günäligini bilýän, ýöne çydap bilemok, maňa bu babatda rugsat beräýseňiz! P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz ejeňe etseler halarmydyň? S – Ýok! P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz gyzyňa etseler halarmydyň? S – Ýok! P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz gyz doganyňa etseler halarmydyň? S – Ýok! P- Eý, S, sen şu ýagdaýy öz ýanýoldaşyňa etseler halarmydyň? S – Ýok! P – Ynha, görşüň ýaly, senem başga biriniň halamajak ýagdaýyny amal etjek bolýarsyň! (Kim näme etse, netijesi hem şoňa görä bolar) Şol sebäpli-de, sen bu höwesiňden ýüz öwür (we Biribardan sabyr we namys dile)! – diýýär we yzyndanam mübärek ellerini şol sahabanyň kalbynyň üstüne goýup, Biribardan şol sahaba üçin dileg edýär. Wakany gören sahabalardan biri soňra şeýle diýýär: “Şol sahaba Pygamberimiziň dileginden soňra şeýle toba etdi we şeýle durmuş ýaşady welin, ony görenler özlerinden haýa etdiler.” 2 – Ata bin Ýesar we nebsine ýeňilen zenan: Ata b.Ýesar beýik Yslam alymlaryndan biridi. Görmegeý we iffetli (namysly) biridi. Ol bir gün ýolda gidip barýarka, öňünden bir zenan çykyp, ondan nebsini gandyrmagyny talap etdi. Ata b.Ýesar hem şol ýerde durup:”Men haýsy günäni işledim-de, bu aýal gelip menden şeýle betpäl islegi talap etdikä?!” diýip, birden oturdy-da toba edip, aglap başlady. Ol şeýle bir aglady welin, şol zenan hem oturyp aglap başlady. Ynsanlar bu ýagdaýy gördüler we şol zenan haýa edip, turup gitdi we yzyndanam düýpli toba etdi. Biribar onuň tobasyny kabul etdi. Şeýle bir namysly zenana öwrüldi, beýleki zenanlaryň arzuw edýän oňat mertebelerine gowşup, bu babatda görelde boldy. 3 – Baý Kifil we çäresiz zenan: Kifil atly bir baý bardy, ol hemme betpäl işlere baş goşupdy we bu ýagdaýy bilen ynsanlar arasynda tanalypdy. Bir ýyl erbet guraklyk gelip, ähli ynsanlaryň ambarlary taňkyrap galypdy. Kifiliň ambarlary bolsa dolup durdy. Bir maşgalaň halys çagalarydyr özleri mejalsyz galyp, äri aýalyna Kifilden un karz almaga iberdi. Kifil bolsa ol zenana öz betpäl arzuwyny aýdyp, ýerine ýetirse berjegini aýtdy. Zenan kabul etmän yzyna gaýtdy we ärine ýagdaýy bildirdirdi. Äri çagalarynyň açlykdan ölmezligi üçin öz razylygyny bildirýänini beýan etdi, aýaly nälaç ýene Kifiliň ýanyna bardy we kabul edýänini bildirdi. Kifil ýakynlaşan wagty zenanyň bedeni galpyldaýardy, Kifil sebäbini soranda : - Men edýän zadym sebäpli Allahdan gorkýaryn! - diýdi. Şonda Kifil: - Sen zenan halyňa llahdan gorkýaň, a men näme üçin gorkamok?! – diýip, toba etdi we zenana el degirmän, uny hem berip goýberdi. Şol gije ol ruhyny Biribara tabşyrdy we ertesi irden ynsanlar onuň gapysynda:”Biribar gorkusy sebäpli Kifili Jähennemden azat etdik!” ýazgysyny gördüler. 4 – Hz. Yusup (a.s.) we Hz. Zeýnep: Bendesi bolan Hz.Yusuba nebsini gandyrmagyny talap eden Hz. Zeýnep, boýun towlan Hz. Yusuba topulypdy, şonda yzyna öwrülip, gaçmaga başlan Hz.Yusubyň köýneginiň arkasyny ýyrtyp galypdy. Netijesinde töhmet atyp, ony ýoldaşy bolan padyşa arkaly zyndana atdyrdy. Soňunda bigünäligi belli bolup, padyşanyň hem wepat etmegi bilen Hz.Zeýnep bilen toý etdiler we şondan soňra Hz.Zeýnep örän asylly, namysly bir zenan bolup, bu babatda zenanlara görelde boldy. 5 – Görmegeý toý goňşusyndan nebsini gandyrmagyny talap eden betpäl zenan we netije: 6 – Mätäç zenana maddy kömek eden taksiçi we oňa ruhy älem arkaly kömek eden Pygamberimiz: 7 – Biriniň padyşa we wezirine mazaryny gazdyryp, jaýlatmagyna sebäp bolan aýratynlygy: 8 – Nebsine erk etdi, her iki älemde bagtly boldy:

Köneler, ata tarapyndan 17 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir