Görüp oturan kinoňyz käwagt gyzykly ýerinde  birden gutarar, ýöne uzak wagtlap täsirinden çykyp bilmän gezýäňiz.

Diliňize bir aýdym çolaşar, yzyny ýadyňyza düşürip bilmersiňiz, uzyn günläp kelläňizde  yzy nämekä diýip oýlanýäňyz.

Ekzamindan çykanyňyzdan soň jogaplap bilmedik soraglaryňyzy pikirlenýäňiz.

Dynç alyşa çykanyňyzda ýarym galan işiňiz kelläňizi meşgul edýär.

Görýän serýallaryňyz hem gyzykly ýerinde gutarýar, sebäbi senaristler  ol sahnanyň indiki bölüme çenli siziň kelläňizi meşgul etjegini bilýär.

Muňa Zeigarnigiň täsiri  diýilýär.  Psihologiýada gutarylmadyk ýa-da bölünen zatlar, gutarylan zatlara görä aňsat ýatda galýar. Bu termin özüniň gözbaşyny ors psihology Bluma Zeigarnikden alýar.

Zeigarnik, dostlary bilen giden bir restoranda garsonyň ähli zakazlary hiç ýerik ýazman ýatda saklamagy ünsüni çekýär.

Restorana yzyna dolanyp  munça zakazlary nädip ýatda saklaýanyny soranda , garson hatda gelen kişilerin kimdigi ýadyna düşmeýändigini, zakazlary kellesine ýazyp eýelerine berensoň  ýadyndan aýyrýandygyny aýtýar. Zeigarnikiň

Bu wakalardan soň Zeigarnik bu temänyň üstünde iş  tejribesini  geçirmäge başlaýar.

Tejribe geçirilýän topara ýüpe monjuk düzmek, roman okamak, tapmaça çözmek ýaly ýeňil işler berilýär. Käwagtam aralaryna girip dowam etmelerine päsgel berýärler. Belli bir wagtdan soň tejribe geçirilen topardan haýsy işler ýadyňyzda köp galdy diýip soralanda olar ýarym galan işeriniň ýadyndadyklaryny aýtýarlar.Zeigarnikiň

Mundan ýyllar soň Kenneth McGraw hem Zeigarnigiň täsirini başga bir metod bilen barlap görýär.

 

Barlag geçirýän toparyna kyn tapmaça berýär we hiç kim bu tapmaçanyň jogabyny bilmän barlagyň gutaradygyny aýtýar. Muňa garamazdan üstünden wagt geçsede gatnaşyjylaryň köpüsi tapmaçanyň jogabyny tapmak üçin uzyn wagtlap dyrjaşandyklaryny aýtýarlar.

Charles Dickens hem öz romanlarynda Zeigarnik täsirini ulanýar.

Charles Dickensiň köp eserleri soň tamamlanan hem bolsada  başlarda bap görnüşinde çap edilýärdi.  Munuň sebäbinäm okäýjylarynda gyzyklandyrma döretmek we indiki babyna sabyrsyzlyk bilen garaşmagyny islemekdi.

Umuman aýdanymyzda  ýarym galan , gutarylmadyk işlerimiz biziň beýnimizi mydama meşgul edýär. Bu sebäpden hem ertire, soňa goýulýan işlerimiz mydama kellämizde aýlanyp durar. Bir işi ertä goýmakdan gaça durmagyň ýoly, ol işe bir ýerden başlamakdyr. Sebäbi “ Başlamak gutarmagyň ýarysy”.başlanyňyzdan soň gutarmak üçin içiňizde bir güýç oýanjakdyr. Her bir işi gutaranyňyzdan soň  beýniňizde dofamin gormonlary emele gelýär, bu gormonlar bolsa siziň höweslenmegiňize itergi berýär.  Entegem wagtyňyz barka ýarym galan işleriňizi gutarmak üçin herekete geçiň, ýogsam soň puşman edip bilersiňiz.


Ünsüňizi çekip biler: Janyna kast etmekden ýüz öwrüp KFC-ni guran Adam Colonel Sandersiň hekaýasy

Bilim, ETIKA tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir