Täze bir daşary ýurt dilini öwrenmek islendik kişi üçinem aňsat bolmaýar. Sebäbi ähli gazançlar belli bir derejede zähmet talap edýär. Öwrenmekdäki çekmeli zähmetimiziň mukdary we derejesi bolsa biziň alyjylyk ukybymyzdan başlap ulanýan çeşmelerimize we usullarymyza bagly bolup durýar. Hernäçe bu ýagdaý herkimde dürli-dürli bolsa-da adamlaryň köp bölegi üçin hakykatdan hem peýdaly boljak käbir usullar bar. Emma bulara geçmezden ozal “Näme üçin daşary ýurt dilini öwrenmeli?”, “Birnäçe dili bilmegiň bize nähili peýdalary bolup biler?” ýaly soraglary gysgaça jogaplalayň.
Şuwagt dünýäde iň köp gürlenýän dil hytaý dili, soňra iňlis, hindi, ispan we arap ýaly diller bilen bu yzygiderlik dowam edýär. Ýene belki 50 ýyllardan dünýäde diňe bir diliň ýörärlikde bolup galan dilleriň ulanyşdan galjakdygy barada çaklamalar bar. Eger-de bu çaklamalar dogry bolsa onda diňe şol dili öwrenmek ýeterlikmi ýa-da biz ýene-de wagtymyzy harjap bilýän dilimiziň mukdaryny artdyrmaga dowam etmelimi diýen ýaly soraglar ýüze çykýar. Bu ýagdaýda ene dilimizden başga bir dili öwrenmegiň, birnäçe dilde gürläp bilmegiň biziň saglygymyza, esasanam beýnimiziň işleýşine nähili oňaýly täsir edýändigine seredeliň .
Birden köp dilde gürlemek biziň:Ünslilik derejämizi artdyrýar;Meseleleri tiz we dogry çözüp bilmek ukybymyzy ösdürýär;Bir wagtda birnäçe işi edip bilme ukybymyzy güýçlendirýär;Empatiýa – başgalarynyň ýerine özümizi goýup olaryň ýagdaýyna düşünip bilmek duýgymyzy berkedýär;Köplenç adamlaryň garran çagynda ýüze çykyp bilýän alzaýmer (gürleşik dilinde aňy-huşy peselmek hem diýilýär) keseline duçar bolmak ähtimallygymyzy peseldýär;Ýatkeşligimizi artdyrýar;Täze maglumaty kabul ediş we öwreniş tizligimizi artdyrýar.
Ýokarda sananlarymyz, birden köp dil bilmegiň diňe biziň şahsy saglyk ýagdaýymyz bilen bagly bolan peýdaly taraplary.
Mundan başga-da onuň sosiýal durmuşymyzda:Arkaýyn we özbaşdak syýahat etmek;Dürli dillerde maglumat edinmek;Dürli medeniýetdäki adamlaryň pikirleniş usulyna we dünägaraýyşlaryna has gowy düşünmek;Iş durmuşymyzda hemişe bäsdeşlerimizden bir ädim öňde bolmak;Täze ýerleşen ýa-da baran ýerimize tiz öwrenişmek ýaly peýdalaryny sanamak bolar.
Görüşimiz ýaly birnäçe dilde gürläp bilmegiň hem şahsy hem-de umumy ýagdaýda peýdalary köp. Öwrenmegiň gereklidigini kabul edenimizden soňky ikinji ädimimiz nähili usul bilen gowy hem-de tiz öwrenmeli diýen soraga jogap tapmak. Aslynda dili öwrenmegiň iň tiz we aňsat bolýan wagty çaga wagty öwrenmek. 4-5 ýaşlarda öwrenen dilimizi ene dilimiz ýaly gürlemek has aňsat bolýar. Sebäbi çaganyň beýni entek ösüşde bolanlygy sebäpli boljak üýtgeşmelere has açyk. Emma bu belli bir ýaşdan soň öwrenmek mümkin däl diýmegi aňlatmaýar. Islendik ýaşda öwrenilýän dil beýnimiziň saglygyna peýdalylygyny goraýar. Has tiz we netijeli öwrenmek üçin maslahat berilýän birnäçe usullar bar we bularyň hersi herkim üçin dürli netije berip biler. Ýagny herkimiň alyş usuly we ukyby dürli-dürli bolýandygy sebäpli özümiz üçin iň gowy usuly özümiz saýlamaly bolýarys.
Bu ýerde ilki bilen diňe daşary ýurt dilini däl, eýsem islendik temany has tiz we ýatda galjak ýagdaýda öwrenmek üçin Jim Kwikiň “FAST” (çalt, tiz) diýip atlandyrýan usulyny maslahat bermekçi. Bu metodda:
F – FORGET = UNUT. Näme üçin öwrenmäge unutmakdan başlamaly? Sebäbi öwrenjek bolýan temamyzda öňden bilýän zatlarymyz bolany üçin käbir ýerlerine üns bermän bilýändigimizi göz öňünde tutup ätläp geçmegimiz mümkin. Bu bolsa ýene-de doly öwrenmegimize päsgel berýär. Şol sebäpli bir temany öwrenmek islänimizde, öňden biraz maglumatymyz bar hem bolsa ony edil birinji gezek öwrenýän ýaly üns bilen öwrenmeli;
A – ACTIVE = AKTIW. Öwrenýän zadymyzy aktiw şekilde öwrenmek. Diňe okamak we diňlemek däl-de özümizden birzatlar goşup, hyýal güýjümizi ulanyp has ýatda galjak ýagdaýda göz öňüne getirip ýa-da aýdymlaryň, tapmaçalaryň, oýunlaryň, mümkinçilik bar bolsa ýaryşlaryň we ş.m. üsti bilen öwrenmek;
S – STATE = ÝAGDAÝ. Öwrenýän wagtymyzda içki we daşky ýagdaýymyz. Daş töweregimizde ünsümizi böljek zatlardan uzak bolmak, okaýan otagymyzyň howasyndan başlap özümiziň açlyk, ukysyzlyk ýagdaýymyza çenli. Bularyň hemmesi biziň ünslüligimizi peseldip bilýär;
T – TEACH = ÖWRET. Soňky ädim öwrenen zadymyzy birine öwretmek. Bu meniň durmuşda iň köp peýdasyny gören usulym. Ekzamenlerden öň birine temany düşündiren wagtymda özümiň has gowy düşünendigimi görýärdim.
Islesek ýokarda bellenip geçilen metod bilen islesek öz saýlan metodymyz bilen özbaşdak bir dili öwrenip başlanymyzdan soň indiki mesele ony berkitmek we durmuşa geçirip başlamak bolup durýar. Bu ýagdaýda bolsa etmeli iň esasy we ýekeje zat GORKMAN GÜRLEMEK.
Aslynda çagalaryň tiz öwrenmeginiň bir sebäbi hem olarda gorkynyň ýoklygy. Näçe ýyllap öwrenen zatlarymyzy “Ýalňyşsam masgara bolaryn” diýen düşünje bilen ulanman içimizde saklap ýörýän wagtymyz az dälmika diýýän. Emma käwagt bizçe bilmeýän kişiler barja bilýänlerini ulanýandyklary üçin hernäçe bilimimiz ýeterlik bolsa-da ýalňyşmakdan gorkýandygymyz üçin olardan yzda galýarys. Eger bu gorky däl-de utanjaňlyk bolsa bu duýgymyzy ýeňmek üçin “Utanjaňlygy ýeňmek” atly makaladan peýdalanyp bilersiňiz.
Öwrenen dilimizi berkitmek üçin mümkin bolsa şol diliň ulanylýan ýurduna gidip ýerli halk bilen gürleşmek, oňa mümkinçilik ýok bolsa internediň üsti bilen gürleşmek, oda bolmasa siziň ýaly dil öwrenýän biri bilen öwrenýän diliňizde gürleşmek peýdaly bolar.
Şuwagtky döwürde birden köp dil bilýänleriň sany bir dil bilýänlerden köp. Hatda indi üç dil bilmek adaty ýagdaý ýaly hasaplanylýar. Eger döwürden yza galmajak bolsak biziňem azyndan 3-4 dili bilmegimiz hökmany. Göni dört dil bolmasa-da mümkinçiligimiz bar bolsa öňki bilýän dillerimize ýene birini goşmak biziň üçin bir maksat bolsun!