Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmäge taýýarlyk görýär

01:5412.01.2019

 

 0

 

4191

11-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin karz beriş edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň öňdebaryjy usullary giňden ulanylýar.

Häzirki günde “Altyn asyr” töleg ulgamynda “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryny peýdalanýanlaryň sany artýar. Bu hyzmatlaryň kömegi bilen hususy bölege degişli müşderiler bank hasaplaryny karz edarasyna barmazdan, menzilara dolandyrmagy we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini tölemegi amala aşyryp bilýärler. Ýakyn geljekde “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky tarapyndan QR-koduň (dessin tassyklanylýan kod) ulanylmagy bilen tölegleri geçirmek ulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer milletiň Liderine bu bankyň “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň agzalygyna girmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri barada habar bermek bilen, bu ulgamyň töleg kartyny peýdalanýanlara niýetlenen halkara töleg kartlarynyň milli nusgalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we hilini artdyrmak, şol sanda halkara derejede giňeltmek, öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli peýdalanyjylar üçin “MasterCard” halkara töleg ulgamynyň plastik kartlarynyň hödürlenen nusgalaryny, umuman, makullap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Täzelikler, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir