Sazy: Çary Abdyllaýewiňki
Sözleri: Ata Atajanowyňky
Aýdymy ýerine ýetirýän: Türkmenistanyň at gazanan artisti Pälwan Halmyradow
Sensiň meniň mydarym, baýlygym-barym,
Ençe aýdyr senden habar ýok, ýarym.
Eşit bu nalamy, gaçdy kararym,
Ara daş bolsa-da, özüň daşlaşma.
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.
Daşlaşma, gel, ýar,
Hoşlaşma, gel, ýar.
Gül-günçalar düşäýin men,
Seniň geljek ýoluňa.
Aňsat däldir tapmak ýürek taýyňy,
Aşyk gözlär öz nurana aýyny.
Arman edäýmäli ýeneki bir gün...
Ara daş bolsa-da,
Özüň daşlaşma!
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.
Doýan ýokdur söwer ýardan, söýgüden,
Gutar meni bu hasratly gaýgydan.
Aramyzda söýgi ody sönmesin,
Ara daş bolsa-da, özüň daşlaşma.
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.
Daşlaşma
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- uzak yasha
-
wagt
5 years ago
- Palwanyñ aydymy dal bu. Palwanyñ dyrnak yaly azaby siñenok. ilki yerine yetiren aydymçy başga. Palwan diñe ony "ogurlap" aytdy... (hazrki aydymcylañ edyan zady)
-
wagt
5 years ago
- Palwanyñ aydymy dal bu. Palwanyñ dyrnak yaly azaby siñenok. ilki yerine yetiren aydymçy başga. Palwan diñe ony "ogurlap" aytdy... (hazrki aydymcylañ edyan zady)
-
Babaniyazow J
5 years ago
- .....
ETIKA 5 years ago- 👍👍👍