Bu usuly amala aşyrmak üçin adamyň bütin durkuna täsir edýän, şonuň bilen birlikde boýuň ösmegine ýardam berýän dürli trenažorlary we esasan hem ýörite maşklary ulanýarlar. Fiziki maşklar beden etiniň we süňküň ösmegine kömek edýär, artyk ýagyň toplanmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem dogry we yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlarda boýunyň 10 sm golaý kemelmegine getirýän oňurga gyşarma keseli ýüze çykmaýar.
Bu usuly ulanmak bilen 15-20 ýaşly juwanlaryň ösüş zolaklaryny tijendirip, örän gowy netijeleri gazanyp bolýar. Adatça, türgünleşigiň birinji hepdesinde olar 2-3 sm ösýärler. Elbetde, 35-40 ýaşda bular ýaly netijäni gazanmak kyn, ýöne şonda hem adamda goşmaça kuwwat saklanýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Fiziki maşklar boýuň ösmegine gönüden-göni täsir etmek bilen birlikde, beden durkunyň dikelmegine, garyn myşsasynyň bekemegine, ýöreýşiň gowulanmagyna hem ýardam berýär.
Boýuň ösmegi üçin peýdaly bolan ýönekeý fiziki maşklaryň toplumy şulardan ybarat bolup biler. Ilki bilen kyn bolmadyk umumy berkidiji maşklaryň kömegi bilen az-kem el-aýagyňy ýazmaly. Ony ýöremekden başlamak peýdaly. Soňra aýlanyş hereketleriň, öňe, gapdala, arkan egilmek, öwrülmek, bat almak maşklary bilen elleriň, aýaklaryň, oňurganyň bogunlaryny ýazmaly. Mundan soň bolsa 3-5 minudyň dowamynda ýeňil ylgamaly we ýörite maşklara başlamaly:
► Diwara golaý, oňa seredip duran ýagdaýda, aýagynyň barmaklaryna daýanyp, mümkin boldugyça gönelip, ýokaryk dyzamaly.
► Turnikde özüňi götermeli, soňra sallanyp, mümkin boldugyça bedeniňi gowşatmaly we birnäçe minut asylyp durmaly.
► Asylyp duran ýeriňde aýaklaryňy saga-çepe maýatnik görnüşde hereketlendirmeli (maşk döwründe myşsalar maksimal gowşadylmaly).
► Bedeniňi gowşadyp asyyp duran ýagdaýda göwräňi saga-çepe öwürmeli.
► Gezekleşdirip sag, çep, soňra iki aýakda ýokaryk bökmeli. Belentlikde asylan zada eliňiz bilen ýetmegi maksat edinmek hem bolar.
► Arkan ýatmaly, aýaklar bile göni, eller gapdala uzadylan. Gezekleşdirip ilki sag, soňra çep aýagy dik ýokaryk galdyrmaly.
► Ýüzin ýatmaly, aýaklar göni, eller arkada birleşdirilen . Kelläni we eginleri galdyryp arkan ýaý atmaly.
► Ýüzün ýatyp, elleri göwräň ugruna göni uzaldylan ýagdaýda. Birleşdirilen aýaklary arkan galdyrmaly.
► Arkan ýatmaly, eller bilde bolmaly. Bileleşdirilen aýaklary galdyryp, olary kelleden aşyrmaga synanyşmaly.
Agzalan maşklaryň her birini görnüşine görä fiziki taýýarlygyňyzy göz öňüne tutup, azyndan 6-12 gezek gaýtalamak maslahat berilýär. Görkezilen ýörite maşklary, hepdede 2-3 gezek suw howdanlarda ýüzmek, suw bilen bejeriş çäreleri kabul etmek (saunalar, 37-39ºC ýylylykda – deňiz duzly, pürli ekstraktly, derman otly ýyly wannalar), owkalama, beden taplamalary bilen üstüni ýetirmek ösüş zolaklary gyjyndyryp, beden dokumalarynda gan aýlanyşygy, maddalaryň çalşygyny janlandyrar. Bu işleriň netijesinde boýuň ösüşi az-kem çaltlaşyp başlaýar. Şeýle hem boýuň ösmegine sportuň woleýbol, basketbol, uzynlyga bökmek ýaly görnüşleri oňat täsir edýär.