KÖR SÖÝGI
Birinji bölüm
Sadap böwrüne dürtülen dek, tisginip oýananda, daň saz berip, töwerek gowy ýagtylypdy. Muňa gyzyň ýüregi aşak gaçana döndi. Gözlerini töwerege aýlady. Öňküje ýerinde goluny ýassanyp, düşeksiz-ýassyksyz uklap ýatan Sylaba nazary düşende, huşy ýerine geldi. Hasanaklap, gupbaly tahýasyny gözledi. Ony geýensoň, ýene öňküsi dek edip, ak ýüň ýaglygy maňlaýyna daňdy. Çabydyny, ýüň jorabyny geýdi. Kemsinmekden hem jany ýanmakdan ýaňa saňňyldady. Gaharyna Sylaby it alan sanaja dönderesi geldi. Häzir özüniň il öňünde masgara boljakdygy ýadyna düşende, gahardan gaňşyrawugy tütäp, gözlerine ýaş aýlandy. Düşeginiň gapdalyna çökdi-de, başyna kürtesini atdy. Soňam syrkyldap aglamaga başlady. Onuň sojamasyna Sylap hem oýandy. Ol ýüz-gözüni sypaşdyryp, gözlerini çerreldip, Sadaba seretdi. Ýigidiň eginleri barha sallanýardy. Özem ýygrylyp, bir gysyma dönüp barýardy. Gözlerinde dünýäniň aladasy jemlenipdi.
—Men indi näme edeýin!—diýip, Sadap eňräp oturyşyna pessaý ses bilen nalady. —Daň atyp gidipdir... Indem meni «Düşegi arassa çykypdyr» diýip, it masgarasy ederler... Arassa adym ile ryswa bolar...
Sylap uludan dem aldy.
—Hiç zady gaýgy etme sen, Sadap!—diýip, misli ölüm habaryny aýdýan dek, ol gussaly gepledi. —«Biderek däp-dessurlaryňy edäýmegin» diýip, ejeme tabşyrypdym men. Düşek barlamaga hiç kim gelmez!
—Gelinmände-de, indi ile gürrüň bolnar!—diýip, Sadap ýene aglady. Bütin ömründe ynsanyň il öňündäki sylagynyň neneň boljagyny kesgitläp berjek bu üýtgeşik hem hiç wagt gaýdyp şu günküsi dek bolup dolanmajak gijäniň baky ýitirilenine ol ýanyp, kül boldy. —Il ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de bilýä. Men indi neneň edeýin?!
Sylap Sadabyň agysyna dözmedimi ýa-da onuň bolup oturyşy gaharyny getirdimi-nämemi, ýerinden turdy-da, gapa tarap ýöneldi...
***
Sadap bilen Sylabyň toýy hem iliňkiden üýtgeşik bolmady. Kemem bolmady, artygam. Adaty, döwrebap türkmen toýy boldy. Ýöne birje zat üýtgeşik boldy: öňki toýlaryň ählisinde agzyna suw alan dek oturyp gidýän kolhozyň başlygy Baba aga söz sözledi. Ba-aý, onuň gepläýşini dagy diýseňiz-läň! Sylaby asyl ýerde-gökde goýmady.
—Sylap ýaly gowy ogul dünede ýokdur!—diýdi.—Şeýle ogly söen gyzam bagtlylaryň bagtlysy bolmalydyr—diýdi. Özem hut toýda, uly iliň öňünde özüniň basym pensiýa gitjekdiginem aýtdy. Bir gezek aýdany bilenem goýman, telim öwra gaýtalady.
Toýda ýene bir bolan üýtgeşiklik: kolhozyň on iki brigadasynyň brigadirleriniň ählisi orta çykyp, tans etdi. Olar «Ј-ä»-sine goýman, orta Sylabam çykardylar. Ýogsa Sylap orta çykmajak bolup, garşylyk görkezme keminem goýmady. Barybir çykardylar. Brigadirler daşyna tegelendiler. Sylap ortada galdy. Ol soňra şeýle bir tans etdi welin, heý, goýaýyň. Ömür ýygrylyp ýören Sylap şeýle tans edip bilýändir öýdüp, hiç kimem pikir edenokdy. Oňa seredip, hemmeler haýran galdylar. Içlerini çekdiler.
Sylap tans edip durşuna Sadaba tarap birsyhly ýylgyryp seredýärdi. Sadabyň bagtlylygyndan, şatlygyndan bökjekleýän ýüregi kükregini ýaraýyn diýýärdi. Ol şol pursatda ýerinden turaga-da, uly iliň öňünde: «Sylap ja-an! Sen bolmadyk bolsaň, men neneň ederdim! Men seni söýýä-än!» diýip gygyrasy gelýärdi. Ony töwerekdäki gözlerden gabanýardy. Göwnüne bolmasa, tansa seredişip, töwerekde aý berip duran ulugyzlaram armanly nazarlary bilen Sylaby iýip barýan ýalydylar. Şu gün, gelnalyjy gelmeziniň öň ýany hem, ol şeýdip, baý, darygyp-da! Öz wagtynda gelenem bolsa, Sadabyň göwnüne bolmasa, gelnalyjy gaty gijä galýan ýalydy. Sylap özünden gaçyp, nirädir bir ýerlere gidäen ýaly duýulýardy. Howsala düşüp, darykmakdan ýaňa ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy.
Gelnalyjy bilen gelen gelin-gyzlar urduryp öe girenden, onuň intizar gözleri märekäniň içinden Sylaby gözledi. Jigisi Bibiniň ýany bilen özüne tarap eli gülli gelýän Sylaby görende, begenjinden gözlerine ýaş aýlandy. Ýüregi gopup gitdi. Ýigit gelip, özüne gül uzadanda, tas: «Geldiňmi, Sylap jan, gelmezmikäň öýdüp gorkdum!» diýipdi. Zordan saklanaýdy.
Sylap Sadaba güli berip, özünem goltuklap çykardy. Şonda söýgüli ýigidiniň gataňsy elleri ilkinji gezek öz gollaryna galtaşanda, Sadap tok urana döndi. Galpyldydan ýaňa bütin endamyna garynja goýberilen ýaly bolupdy...
...Gapdaldaky hyşy-wuşular Sadaby pikirlerden saplady:
—Seret oň tans edäýşine! Heý, şol ýygra Sylap diýip kim aýdar?!
—Aşgabatda okap gelen oglan-da!
—Görsene gyz, ony, tüýs «Ere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýenleri-dä. Ýygrylan bolup ýörş-ä tans etjege meňzänok.
—Aý, bu okuwçylarda oýun köpdür!
Tans gutaryp, Sylap ýerine geçensoň, Sadabyň ýüregi birneme ynjaldy. Şondan soň kän oturtman, gelin bilen ýigidi öe ugratdylar. Sylabyň ýakyn dostlary üýşüp, ädik çykardyp, guşak çözdürdiler. Şondan soň bolsa hemmeler çykaryldy. Jaýda diňe iki juwan galdy. Sylap gapynyň golaýragynda çöküp, ýanyna küldany süýşürdi. Çilim otlandy.
Sadaby galpyldy barha basmarlaýardy. Ol özi üçin täsin syr bolup görünýän üýtgeşik durmuşyň çetinden girilmeli pursadyň golaýlanyna tolgunyp-tolgunyp, özüni ynandyrmaga çalyşýardy. Birdenkä-de, nämüçindir, aglasy gelýärdi. Gözleriniň alny ümezläp, gaňşyrawugy tüteýärdi. Birdenem uludan dem alyp, bagtdan püre-pür nazarlaryny gyzyl kürtäniň yşyndan jyklap, Sylaba gönükdirýärdi... «Ine, ahyr-a maksadyma ýetdim. Başyma gyzyl kürte atyp, seň öýüň törüne geçdim» diýip, Sadap çilim kükedip barha agraslanýan Sylaba seredip oturyşyna içini gepledýärdi...
Bu öýüň törüne geçýänçä, Sylabyň ugrunda gören güzaplary onuň göz öňünden birin-birin geçdi...
***
Ese-boýa galyp, Sylap ýigit dagy bolmady. «Tüýs çynar ýaly» diýilýänlerden boldy. Onuň nurana keşbem, salykatlylygam köplere «gaýra dur» diýýärdi. Ýigidiň adam dilden-dile geçýärdi, agyzdan-agza. Obada ony sylamaýan ýokdy. Ady mydama «Sylap jandy».
Ýigidiň ýekeje kemi bardy. Ol ýaşynyň eýýäm otuza golaý at salýandygyna seretmezden, öý-işik boluberenokdy. Ýogsa onuň ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran wagtyndan bäri klasdaş gyzlary daşyndady. Pelesaň kakýardylar. Kökenek bolýardylar. Beýleki klaslardanam ýigidiň hyrydary ýetikdi. Gyzlar sapak wagtam, ýolda-yzda-da nämedir bir zady bahanalap, onuň bilen gürleşjek bolup çyr-çytyrdylar. Ýöne Sylabyň welin, bu zatlar piňine-de däldi.
Onuň dymmalygyndan içini-bagryny tütedip, başga kişilere çykyp giden gyzlar kän boldy.
Sadap hem Sylabyň ugrunda ýürek-bagryny kebap edip aý-gününi geçirýänleriň biridi. Ýöne onuň ýigide göz dikişi üýtgeşikdi. Kalbynda berk ynamy bardy. Hamala, kimdir biri onuň gulagyna «Sylap seňki» diýip, çawuş çakyp duran ýalydy. Ýigidiň öz ykbalyndan aýrylyp gitmejegine özüni birsyhly ynandyrasy gelýärdi.
Sadap Sylabyň klasdaşam däldi. Ikisiniň üç-dört ýaş aratapawudy bardy. Ýöne goňşy ýaşaýardylar. Sadap soňky klaslardaka, Sylap eýýäm okuwyny gutarypdy. Sylapsyz mekdebe onuň gatnasy gelenokdy. Keýpsizlik tä sapak gutarýança gyzdan ara açanokdy. Sylaby hemmelerden gabanýardy. Ýolda-yzda Sylaba lak atýan gyzlary göräýdigi, olaryň saçlaryny ütäesi gelýärdi. Ýigidiň daşyna öz deň-duş oglanlary üýşüberse-de, Sadap halanokdy. Göwnüne bolmasa, ýigitler Sylabyň ünsüni özünden sowýan ýalydylar. Käteler ol Sylabyň öňünden çykagada: «Men seni janymdan eziz görýän, Sylap! Başga gyza göwün bereniňi eşidäýsem, ýüregim ýarylar» diýäesi gelýärdi. Ýöne gyz ejaby muňa ýol berenokdy.
Öýde wagtam gyzyň iki gözi goňşularyndady. Goňşy ýigidi synlap, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Häli-şindi bir zady bahanalap, goňşulara baryp gaýdýardy. Sylabyň ejesi Sabyr daýzanyň özüne: «Sadap jan» diýip ýüzlenmesi gyza lezzet berýärdi. «Ejesi-hä gowy görýä, ol ogluna-da diýenini etdirer» diýip, gyz bu mylaýymlykdan özüçe many çykaryp, öz göwnüni hoşlaýardy. Şeýle pikir öwrende, gyzyň ýüregi aram tapýardy.
Orta mekdebi gutaryp, Sylap Aşgabada okuwa gidende, düne Sadap üçin dowzaha döndi. «Wah, gowy görýänimi bir duýduryp galaýmaly ekenim. Kim bilýär, indi ol şäherden birini tapsa-da ahmal!» diýip, gyz häli-şindi arman çekdi. Sylabyň gyz jigileri Bibidir Bilbiliň ýanyna tikin işini alyp barardy. Şonda Sylap hakda agzajak bolup, telim öwra synanyşdam. Ýöne her sapar gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman gaýdýardy. Bäş ýyl gyz üçin tükenmez wagta döndi.
Her näme-de bolsa, Sylap Aşgabatdan gelinli dolanmady. Ol bäş ýyllyk okuwy arka atansoň, oba gaýdyp geldi. Sylap gelensoň, oba her hili gürrüňler ýaýrap ugrady:
—Ony kolhoza başlyk bellejek bolanmyşlar. Ýöne Sylap razy bolmanmyş. «Birneme tejribe toplaýançam, brigadir boljak» diýenmiş—diýşip, häli-şindi onuň tarypyny ýetirdiler.—Şumadyň birtopar adamy-ha başlyklygy diläbem alawersin. Sylap jan beýle adamlardan däldir. Göwni pesdir-le onuň.
Ýigidi öwdüklerisaýy Sadabyň ýüreginiň ody beter lowlaýardy. Misli üstüne ýag damdyrylýan ýalydy. Sylaba bolan söýgüsi kükregi ýarara getiripdi. Ýigit bolsa dymyp ýördi.
Ahyry gyz çydamady. Hat ýazdy. Nijeme ýyl bäri ýürekde berç alan sözler kändi. Olar kagyz ýüzüne ýalyn bolup geçdi. Hatyny ýazyp bolup, gyz gysymynda ýylan saklaýan dek bolup, daşaryk çykdy. Hemmeler uklapdy. Açyk tomus asmanyndan Aý şugla saçýardy. Ýyldyzlaryň şöhlesi misli aladaly gyz ýüreginiň tisginişi kimin, çalaja titräp durdy.
Sadap ýüregini bökdürip, kän garaşdy. Goňşularynyň daşarsynda gymyldaýan jandar ýokdy. Çyralary öçükdi. Töwerek imi-salady. Hatda Sadaba öz ýüreginiň dükürdisem eşidilip durdy. Gözüni gyrpman, goňşy öe bakyp oturyşyna Sadap: «Wah, görünmedem-dä» diýip, ahmyr bilen pikir öwürýärdi. «Bir garasyny görkezsedi!»
Daşardaky tagta sekiniň üstünde kimdir biri ýatyrdy. Ýöne Sadap onuň kimligini bilip bilmedi.
Ol diýseň kän oturdy. Daňdana golaý ejesi Abat daýza çykdy.
—A gyz, näme işleýäň bu ýerde?—diýip, Abat daýza jaýyň düýbünde çugutdyryp oturan gyzynyň ýanyna baryp, howsala bilen pyşyrdady.—Kakaň göräýse nätjek?!
Öňem göwün maksadyna ýetip bilmän oturan Sadap gahar bilen ejesiniň ýüzüni aldy:
—Daş edewersin! Kakam görende näme, gyz! Indi arassa howada oturmagam bolanokmyşmy?! Içeriniň yssysyna çydar ýalymy, gyz! Bolşuň dagy nähili seň!
Abat daýza howsala düşer ýaly zadyň ýoklugyna göz ýetirip ynjalansoň, Sadap bolsa gaýdyp ejesi özüni yzarlamasyn diýen niýet bilen ýene hüňürdäp galdy:
—Toba! Daş edewersin! Öz öýüňde otyrkaňam bir howsala düşmek bor oguşýa!
Garaz, Sadabyň gijeki niýeti amal bolmady. Ol ukusyzlykdan ýaňa gözlerini pökgerdip, säher bilen işe ugrady. Ýolda-yzda Sylaby garawullady. Gyz maksadyny çyna tutupdy. Eger ýigit ýedi ýoluň üstünde yzyndan ýetäýse-de, onuň bilen gürleşmekçidi. Indi Sadaby töweregiň gep-gürrüňem çekindirip duranokdy. Söýgi derdi bar zady owarram edip barýardy.
Hatyny Sylaba bermek üçin Sadaba günortan amatly pursat tapyldy. Öýlän başga karta geçmelidi. Ýöne Sadap güýmeň-samaň edip, paýyny wagtynda bolmady. «Siz nahara gidiberiň, men şuny bolman gitmäýin» diýip, ol joralaryndan galdy. Otagy boldy edilen ýerleri gözden geçirip ýören brigadir Sylap Sadabyň bir özüniň işläp ýörenini geň gördümi-nämemi, onuň ýanyna ýöneldi. Brigadir bolsa-da, gyz-gelinleriň ýanynda görünmegi kän bir halamaýan Sylabyň özüne tarap gaýtmagy Sadaby galpyldatdy... «Ýa özüniňem söz aýtma niýeti barmyka?» diýip, şatlykdanmy, tolgunmadanmy, on iki süňňi bilen gagşady. Misli üşütme tutýan ýalydy.
Sylap, hamala, golaýlaşaýsa, çeňňege düşüriläýjek ýaly, taýak atymlykda badyny saklady. Ellerini owkalap durşuna Sadaba ýüzlendi:
—Goňşy, arma-da!
Sadap onuň öz adyny tutman, «goňşy» diýip ýüzlenmesini näler halamady. Gaşlaryny çytdy. Zordan:
—Bar bol!—diýip seslendi.
—Gyzlardan galypsyň welin...—diýip, Sylap töweregine ýaltaklap durşuna sypaýy gepledi.—Paýyňa ýetişmedik bolsaň, öýlän gyzlardan haýyş ederis-de, köplenişäeris! Gaýdyber arkaýyn!
«Munuň söz aýdanyndan-a geçeýin-de, kowmasa razy bolaýyn!» diýip, Sadap kalbyna hem kine, hem gahar duýgusyny aralaşdyryp, pikir öwürdi. Ol:
—Sylap!—diýende, ýigitden garaşany çykmanlygy zerarly tas aglapdy. Sesi endiräp gitdi:—Men bilgeşländen galdym häzir!
Ýigit mydama gussaly gözlerini tegeledi:
—O näme üçin?
—Seň üçin!—diýip, Sadap barha dogumlandy. Soňam başyna daňan ak, gülli ýaglygynyň çowuna çigen agşamky hatyny eline aldy-da, Sylaba tarap golaýlady.
Gyzyň elindäki kagyzy gören ýigit seslenmän durup bilmedi:
—Näme, düzetmeli dokument barmydy?
Gyzyň huşy başyndan uçdy. Ol dogumly ädimläp geldi-de, haty Sylabyň eline tutdurdy.
—Häziriň özünde oka-da, maňa jogap ber!—diýibem ýigitden birki ädim beýläk çekildi. Özüni ýere goýberdi. Keşiň gyrasynda oturyp, ýer dyrmalap ugrady. Ýüzüni aşak salyp, hatyň okalaryna garaşdy.
Sylap haty basym okap çykdy. Soňam ony gysymynda mynjyratdy. Jübüsinden çilim bilen otluçöp çykaryp, ilki çilim otlandy. Çilimiň tüssesini burugsadyp goýberensoň, otluçöpi täzeden ýakdy-da, Sadabyň hatyna degirdi. Haty elinde saklap gowy ýakdy. Barmaklarynyň arasynda saklap duran iň soňkuja böleginem ýere taşlady. Ýene otluçöp çyzyp, ýere gaçan bölejiginem ýakdy. Gara köýük bolup ýatan kagyzyň üstünden brezent ädigi bilen gum sürdi. Şondan soň bolsa, sesini çykarman, Sadapdan daşlaşmak bilen boldy. Onuň mydama-da aladaly, ünjüli ýüzüne gara bulut çöken ýaly boldy. Gussaly gözleri has-da gaýgyly bakdy. Eginleri sallanýan ýalydy. Јdim ädişi «Aýaklaryndan daş asyldymyka?» diýdirýärdi.
Bu bolşy synlap, Sadabyň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. Depesinden asman basyp gelýän dek darykdy. Birdenem Sylabyň aýagy bilen süren gumlaryny eli bilen eýläk-beýläk syryp, hatynyň gara köýük küllerini gysymlady-da, eginlerini silkip aglap ugrady. Agysynyň arasynda-da kimdir birine hasabat berýän ýaly: «Meni ýigrenýän eken, ýigrenýän eken» diýip, sesiniň ýetdiginden zarynlap, öwran-öwran gaýtalady.
Şu wakadan soň olar biri-birinden gaçmak bilen boldular. Sylab-a Sadabyň gözüne görünmejek bolýardy, Sadabam Sylabyň. Ýöne öz hatyny ýakany üçin gyz ýigidi ýigrenmedi. Gaýtam söýgüsi beter gaýnady. Diňe kemsindi. Özüniň söýülmänine kemsindi. Söýgüsiniň kabul edilmänine ýanyp-bişdi. Ýigidiň gözüne görünmeden gaçsa-da, Sadap Sylaby göz astyndan synlaýardy. «Barybir, söýýän, ömrüm ötýänçä söerinem!» diýip, içinden ýigit bilen gepleşýärdi. «Meni söýmän aljak gelniňem neneň-niçik boljakdygyny görerin! Meniň söýşüm kimin seni hiç kimem söýmez!»
Aý ötdi, gün ötdi. Sylap hiç kime öýlenmedi. Ýöne oba ol hakda has aýylganç gürrüňler ýaýrap ugrady.
—Sylabyň öýlenerlik ýagdaýy ýokmuş ýaly-la!—diýşip, indiki gürrüňi pyşyrdaşyp aýdyşýardylar. Oňa hemmeleriň ýüregi awaýardy.—Çynar ýaly ýigit! Heý, şeýle-de betbagtlyk bolarmy!
Oňa bolan gynançlaryny adamlar süýji dilleri bilen ýerine salaýjak bolýardylar. Indi onuň «Sylap jan» adynyň yzyndanam her kim «balam, inim, agam» diýip ýüzlenýärdi. Onuň diýenini iki gaýtalatman bitirmäge ylgaýardylar. Hatda käbir ýukaýüregräkler brigadiriň diýjek zadyny diýmänkä, öňünden aňyp, onuň göwnüni götermäge jan çekýärdiler.
Adamlaryň beýle hoşamaýlyklary ýigidiň ýygralygyny barha artdyrýardy. Ol indi diňe gelin-gyzlardan däl, beýleki adamlaryň-da gözünden daşrakda bolanyny kem görenokdy. Öýünde öz otagyndan çykmazdy. Toý-tomga kän barmazdy. Ýöne, her zadam bolsa, sylagly adam sylagly bolýar. Dostlary ony ýalňyz galdyranokdylar. Üsti günde depeşekdi. Käte onuň diýenine bakman, ony toýa-da äkidýärdiler, üýşmeleňlere-de.
Bu bolýan gürrüňleriň birine-de Sadap ynananokdy. «Gybatlardyr-da» diýip, göwnübir pikir öwürýärdi. Ýöne käteler özüniň hatyny otlan ýigidiň bolşuny ýatlap, birden ýüregi höpleýärdi. «Aý, ýok, ýalan gepdir» diýibem, ýene öz pikiriniň garşysyna gidýärdi.
Günleriň bir güni Sylabyň kakasy Gurban aga Sadabyň kakasy Myrat agany ýanyna çagyrdy. Kakasynyň ýörite çagyrylmagy Sadaby iňkise goýdy. «Meni soraýjakmykalar?» diýip, ilki öz aladasyny orta atyp oýlandy. Soňundanam: «Aý, ýok, meni sorajak bolsalar, ilki özleri gudaçylyga gelerdiler, türkmende beýle düzgün ýok ahyr» diýip, öz pikiriniň garşysyna gitdi. «Ýa-da Sylap üçin gudaçylyga gitmeli maşgalanyň maslahatyny etjekmikäler?». Soňky tapan pikiri gyzyň ýüregini höpletdi. «Hut şeýledir» diýip gaýga batdy. Aglamjyrady. «Garamaňlaýdyryn-leý men...». Şeý diýibem, ol maňlaýyna telim ýola ýumruklap goýberdi.
Tä kakasy Sylaplardan dolanyp gelýänçä, aýagy oda bişen towuk kimin, iki ýana zowzuldady ýördi. Kakasy gelip, çaý soraýsa, aşhana gitmeli bolup, özüniň gep-gürrüňi eşitmän galaýmak gorkusy bilen bir çäýnek çaýam demläp, basyryp goýdy.
Myrat aga yzyna gijäniň ýarynda köwlendi. Gapydan girip barýarka-da, ol Sadaba ýumuş buýurdy:
—Gyzym, düşeklerimi ataweri, ýataýyn men...
Sadap edaly gepledi:
—Bolýa, kaka... Çaýam-a demläp goýupdym...
—Aý, ýok, çaý meýlim ýok—diýip, Myrat aga içki jaýa geçensoň jogap gaýtardy.—Olarda çaý içme keýpinden çykdyk.
Sadabyň ejesi Abat daýza bilesigelijilik bilen adamsyna ýüzlendi:
—Goňşular nämä çagyrypdyrlar? Eýgilikmi?
Myrat aga bir çete labyryny goýberip, ynjalykly ornaşyp durşuna birbada özbaşyna hüňürdedi:
—Ha-aý... Ogul bolsa-da, gyz bolsa-da, ile-güne meňzeş, ibalysyny berewersin...
—Näme, bir bolmasy iş bolupmy?—diýip, Abat daýza ýene howlukmaç sorady.
—Aý, şü... Sylap heläk edýä olary—diýip, Myrat aga ýene açyk bir zat pyşgyrybermedi.—Gurban-a, hakyt, sakgalynyň agy bilen aglap otyr! Heý, toba!
—Be... Sylap jan bir edepli ýigit ýaly-la?—diýip, Abat daýza gürrüňiň tükelini eşitmäge howlukdy.—Daşyndan-a adam ynjytjak ýigit däl ol...
Myrat aga agras gepledi:
—Adam ynjytmasa-da, ene-atasyny ynjydýa şo. Meň-ä juda gaharym geldi oňa. Gaty görenem bolsa, biljek däl, gaharyma birki agyz diýmänem durmadym.
Abat daýza elini ýakasyna ýetirdi:
—Hih, çal! Birdenikgä agramly söz aýdyp, kişiň çagasyna ýigrenji bolup ýörmäweri sen. Ne işiň iliň dawasyna goşulyp!
Myrat aga gaharlandy:
—Janyň ýanýa-how, janyň ýanýa! Ak sakgally atasyna ýüregi awanok oň. Betligem-ä gowy däl welin, gaty ýuwaşlygam ibaly zat däl eken! Ne «hä» diýýä, ne «hawa». Otyr lal bolup!
—Näme Gurban aga dagy öeräýsek diýýärlermi ony?—diýip, Abat daýza adamsyny gepiň ugruna kowdy.
—Öermelisin-ä ony birmahallar öermelidi—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—Adamzat nesli ýöremeli ahyr... Gurban goňşy bir salykatlyrak ýeri göz astyna alyp ugraýsam diýip sala salýar welin... teý, sesi çykmasa näme o näteňenälediň!
Abat daýza ýakasyna elini ýetirdi:
—Hakyt, ýeke sözem diýenokmy?
Myrat aga başyny ýaýkady:
—Eger-eger...
—Toba tagsyr, toba tagsyr—diýip, Abat daýza ýakasyny towlam-towlam edip oturyşyna, adamsyny öz ugruna kowdy.—«Ere bakandan, ýer gorkar» diýenleri-dä!
—Geplemän iç ýakýan eken ol—diýip, Myrat aga dowam etdi.—Tüýs soky daşyň bar-da! Beýle dymmadan-a eline taýak alyp, düwläp duranam müň paý gowudyr. Häk, Gurban goňşy oňaranok-da. Eliňe degerliräk zat al-da, geç-dä daşyna!
—Heý, wi... aý, oglan!—diýip, Abat daýza Myrat aganyň bu sözlerine öz daşyna geçilip barylýan dek bolup gygyrdy.—Urup bolmaz-a ony. Uly adam ahyry indi. Ile ýolbaşçy bolup ýör-ä!
Myrat aga gahar bilen elini silkip goýberdi:
—Aý, goýsan-aý senem, heleý... Özi ulam bolsa, hakyly kiçiniňkiçe-de ýok eken şoň!
Adamsynyň gaharynyň gelenini duýdumy-nämemi, Abat daýza:
—Heýlemi!..—diýdi-de, gaýdyp sesini çykarmady.
—Gurban goňşyňkam aňsat däl—diýip, Myrat aga özbaşyna hüňürdedi.—Uly şeýdip, öňlerini baglap otursa, kiçileriniňem bagty açyljak däl-ä... Goňşyň Sylapdan soňky çagalaram öý-işik borluk derejä ýetipdirler... Bazary sowulmanka, olaram ile goşmaly.—Şeý diýip, Myrat aga sözüne birneme dyngy berdi. Soň ýene dowam etdi.—Menem halys gaharyma çydaman: «Sen-how, köşek, lal bolmasaň, ataňa bir zat diý ahyr, beýdip soky daşy ýaly bolup oturma!» diýip gygyrdym.
—Heý-wi!..—diýip, Abat daýza ýene ellerini ýakasyna ýetirdi.—Heýem, iliň çagasyna şeý diýerlermi?!
—Diýjek!—diýip, Myrat aga onuň sözlerini agzyndan kakyp aldy.—Gaty gitse, beterräginem diýerin! Gurban goňşy bilen nije ýyl bäri agyryşman-ynjaşman, dogan ýaly bolup gatnaşyp otyrys. Atasyny käeden çagy onuň çagalaryna käemäge hakym bar meňňem. Onsoňam, asyl Gurban goňşyň özem meni hut Sylaba birki agyz diýdirmek üçin çagyran eken...
Abat daýza baş atyp, pessaý ses bilen makullady:
—Hüm... Asyl şeý diýsene...
—Hawa...
—Eri, onsoň, Sylap seň diýeniň bilen bir gepe gulak saldymy?
—Islänimiz-ä çykmady ondan...—diýip, Myrat aga ýene gepiň netijesini aýtmaga howlukmady.—Ýöne dil-ä açdy.
—Näme diýdi dil açyp?—diýip, Abat daýza howlukdy.—Heý, pyşgyran zady boldumy?
—Boldy—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—«Men rugsat berýän, kiçileri öerip-çykaryberiň» diýdi.
«Hih!» edip, Abat daýza içini çekdi:
—Daş edewersin! Indi utanmajakmyka... şo syraty bilen... Toba-toba, gulak eşitse-de, göz bir görmäwersin! Ogul berse-de, gyz berse-de, ibalysyny berewersin!
Şundan soň Sadabyň ejesi-kakasynyň ikisem dymdy. Ses-üýn çykmady. Içerde çyra öçdi. Sadap eline işini alyp, gabatdaky jaýda çökdi. Gulagyny ejesi dagynyň ýatan jaýyndan aýyrmady. Diňşirgendi oturdy. Birhaýukdan soň çalaja açyk duran gapydan Abat daýzanyň ýeriň aşagyndan eşidilýän ýaly hüňürdisi geldi:
—Men saňa bir zat aýdaýyn weli, çal, eger bir ýerde diliňden sypdyrsaň-a... hijimize abraý-a bolmaz!
—Ýak, senem, heleý!—diýip, Myrat aga gaharly hüňürdedi.—Şu ömre çenli tanarçarak bolansyň-la meni!
Abat daýza pessaý pyşyrdy bilen Sadabyň eşidip ýören aýylganç gürrüňini gaýtalady:
—Şoň öýlenerlik ýagdaýy ýok ýaly-la, çal!
Bu habar Myrat aganyň gulagynyň düýbünde top atylan ýaly etdi. Ol:
—Eý-ho!—diýip, seslendi.—Ýak, heleý, seňňem tapyp ýören zatlaň-ňaýt!—diýibem, bu habara ynanasynyň gelmeýänini duýdurdy.—Heý, şeýle-de bir zat bormy!
—Aýallar aýdýa—diýip, Abat daýza sözüni tassyklamak üçin janykdy.
—Aýallar aýdýan bolsa, dogrudyr—diýip, Myrat aga kinaýaly gepledi.—Aýallar nädürs zat aýtmaz!.. Pahaý-da welin... Tapyp ýören zatlaryna sered-ä bularyň!
—Eger çynym, ynanaý, çal!—diýip, Abat daýza barha janygyp, ýene delil gözledi.—Diňe aýallar däl, hemmelerem diýýä!
Myrat aga azmly gepledi:
—Kim diýse-de, sen lal bol! Goňşy bolup otyrys. Bizden çykanyny bilseler, goňşular näder!.. Haý, akylsyz heleý! Il ugruna yňyp ýörme. Ilde-günde aýdan-diýen kän bolar!
Abat daýza gaýdyp sesini çykarmady. Myrat aga soňra özbaşyna hüňürdedi:
—Be... Bendäniň çagasy asyl lal-jimler bolup otyr diýýän-le... Ýa bi gepleň aňyrsynda bir zatlar bar bolaýmasyn...
Şunuň bilen Sylaply gürrüň tamam boldy.
Gürrüňlerden ýaňa Sadabyň kellesi gum dykylana döndi. Sylap hakda diýilýän gepler onuň gaharyny getirdi. Bu diýilýän zatlara onuň birjigem ynanasy gelenokdy. «Ilde-günde görip kän, bir garaýüregiň tapyp ýören zadydyr-da, onuň köp wagtlap öýlenmän ýöreni üçin aýdaýandyrlar» diýip, öz-özüni ynandyrmaga çalyşdy.
Kolhozçy gyzlaryň arasynda bolsa, ýene Sylap hakda täze gürrüň ýaýrady:
—Sylap okaýarka, bir gowy gyz bilen halaşanmyş. Ýöne ol gyz biwepa bolup çykanmyş. Sylabam ony şeýle bir gowy görenmiş welin, indi hut şol gyza meňzeş gyzy tapýança öýlenjek dälmiş—diýşip, gyzlar erteki aýdyşýan dek bolup, täze gürrüňe barha gyzýardylar.
Hatda bu gürrüň ýaýrandan soň, Sylaba göwün ýüwürdýän gyzlar ýene onuň alnyndan bezenip-beslenip çykmaga-da başladylar.
Gurban aga-da uly oglunyň agzyna gaýdyp aňkarylmady. Sylapdan kiçi çagalarynyň öermelisini öerdi, çykarmalysyny çykardy.
Sadap bolsa yşkyň heserinden saralyp-soldy. Nä alaçlar etjegini bilmän urunýardy. Gijeler kirpigini kirpigine gatman çykýardy. Oba gyzynyň ýüreginde çyn söýgi at salýardy!
Günleriň bir güni Sadap ýüregine daş baglap, Sylabyň çykan jigisi Bibiniňkä gitdi. Ýüzi kül urlan ýalydy, solukdy. Eginlerinden daş asylan dek, agras dem alýardy. Onuň gamaşyp duran ýüzüni görüp, Bibiniň sussy basyldy.
—Eýgilikmi, Sadap, ýüzüň-gözüň salyk-la?—diýip, ol myhmany öe girmänkä howlugyp sorady.
Sadap gepi birbada nämeden başlajagyny bilmedi. Haslap-haslap zol uludan dem aldy. Keçe dyrmalady. Ýüzi lap-lap gyzdy. Özüniň düşüp ýören gününe kemsinip, dodaklary tirpildedi. Gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Onuň bu bolşy Bibiniň zähresini ýardy. Ol ýüregini howladyp, Sadabyň eginlerine ýapyşdy:
—Ýa öýde bir bolmasy iş boldumy, Sadap?
Bibiniň gorkudan tegelenen gözlerini görensoň, Sadap özüniň telek iş edenini duýdy. Aglap, Bibini gorkuzanyna öz-özüne käýindi. Özüni dürsedi.
—Sen howsala düşme!—diýip, gözýaşlaryny süpürip oturyşyna agras gepledi.—Öýde bar zat gül ýaly. Men öz günüm üçin aglaýan...
Bibi uludan dem alyp, beýläk çekildi:
—Wah-eý, saglyk bolsa bolýa-la gyz! Galan zadyň alajy bor-la. Öýde bir bolmasy iş ýüze çykaýdymyka diýip, zähräm ýaryldy.
Sadap pessaý ses bilen ýene öňki diýenlerini nygtady:
—Ýok-la... Öýde imi-salalyk...
Şeý diýibem, ol eginlerini silkip, ýene uludan dem aldy. Ara dymyşlyk düşdi. Birhaýuk dymyp oturanlaryndan soň, gürrüňi Bibi gozgady.
—Hany, aýt-da nämä gynanýanyňy, Sadap!—diýip, ol Sadabyň ýüzüne seretdi. Özüne aýdyljak habaryň gyza diýseň agram salýanyny duýdy. Sebäbi Sadap zol hyrçyny dişläp, ýüzüni gyzardyp otyrdy. Birsyhly keçe dyrmaýardy.—Çekinme-de aýdyber...
—Wah, aýtmasam-a, ýüregim ýarylyp barýa—diýip, Sadap agzyndan ýalyn çabratdy.—Kime aýtjagymam bilemok...—Şeý diýip, ol biraz dymdy. Soň ýene dowam etdi. —Gyzlaram näme, näçe jora bolsaňam... Joraňam jorasy bar-da... Biri-birine derrew ýetiräýýärler...
—Wah, hawa-da, keseki keseki bolaýýa-da—diýip, Bibi Sadabyň diýenlerini makullady.—Hernäçe jorasyrasalaram... Ýa-da şu zamanyň jorasynda-da derek ýokmy-nämemi... Syryňy saklamag-a kyn...
—Hawa-da—diýip, Sadap baş atdy.—Menem şoň üçin senden haraý isledim, Bibi... Öz doganyň bolansoň...
Bibi Sadabyň bu sözlerinden gürrüňiň Sylap hakda boljakdygyny aňdy. Ýüregi höpläp, boz-ýaz boldy. Sylap sebäpli bir oňaýsyzlyk ýüze çykaýdymyka diýen pikir serine geldi. Sadabyň habarynyň soňuny eşitmäge howlugyp, howsala bilen sorady:
—Näme, Sylap bir bolgusyzlygyň gyrasynda görnäýdimikä?!
—Wah, ýok-la... Sylap bolgusyzlygyň gyrasynda görünmez-le—diýip, Sadap zol uludan dem alyp oturyşyna pessaý gepledi.—Edepsizligi men edýän...
Sadabyň soňky sözlerine Bibi geň galdy.
—O nähili? Sen nämäniň edepsizligini edýämişiň, gyz?!—diýip sorady.
Sadap dilinden sözleriň neneňsi sypanynam duýman galdy:
—Men Sylaby gowy görýän, Bibi!
Sadabyň beýle habar aýtmagyna Bibi bütinleý garaşmadyk bolarly. Ol Sadabyň gözlerine seredip ýylgyrdy:
—Wiý! Ondanam bir edepsizlik bormy?!—Sadabyň juda agras keşbinden çekindimi ýa-da başga sebäbemi, nämüçindir, şundan soň Bibiniňem ýüzi agras sypata geçip, ol uludan dem aldy.—Wah, doganymy gowy görýäniň-ä gowy-la, Sadap jan—diýibem nämedir bir zatlar aýtmaga çemlendi.
Sadap Bibiniň näme diýjek bolýanyny aňan bolmaga çemeli. Ellerini silkip, onuň sözlerini böldi:
—Men edepsizlik etme kemini goýmadym, Bibi! Sen durmuşa çykmandyň... men şol wagtlar oňa hatam ýazdym... Saňa-da diýmäge utandym-da... hut öz elim bilenjik özüne berdim.—Bibi demini alman diňleýärdi. Sadap, hamala, bu zatlary doly aýtmaga güýjüniň ýetmezinden çekinýän dek, çalt-çalt gepläp dowam etdi.—Ol bolsa haty okady-da, otlady... Sesini çykarmanam, yzyna dolandy. Men ol hakda il-günüň diýýän zatlaryna-da ynanamok. «Il agzyny bogup bolmaz» diýipdirler...
Bibi Sadaby ilkinji gezek görýän dek, gözlerini çüýjerdip, oňa tiňkesini dikip, bir salym oturdy. Soň onuň gözleriniň alny ümezläp, ýaňaklaryndan ýaş damjalary yzly-yzyna togalandy. Sylaplaryň maşgalasyna-da ýigit hakda il arasyna ýaýran gepler ýeten bolarly, Bibi Sadapdan: «Il ol hakda näme diýýärmiş?» diýip soramady. Gözüniň ýaşlaryny sylyp oturyşyna nalap:
—Wah, şol öý-işik bolup, ile goşulsa, başga armanymyzam ýok. Ýeköýliniň horazy ýaly bolup ýör welin... biz-ä ölüp bilemzok... Ejem-kakam-a şondan ýaňa halys iki büküldiler...
Sadap barha dogumlandy:
—Sen oňa meniň özüni gowy görýänimi bir aýdyp ber... Her zadam bolsa, doganyňdyr... Belki, düşünişersiň...
—Wah—diýip, Bibi janyýangynly gepledi.—Aýtmasyn-a aýdaryn welin... Diňlese diýsene şo... Asyl, öý-işik meselesinde dil ýaranog-a ol. Şeýdip bagyr-öýkenimize gan öýýä-dä!
Sadap özüne ejir berýän başga aladasyny ýaňzytdy:
—Ýa onuň halaýany barmyka?!
Bibi ýene bir belli zat aýtmady:
—Nä bileýin-dä! Bar bolsa, barlygyny duýduraýmal-a! Kakam pahyr dag-a ol ýeriň aňry ujundan gelin getirse-de, öňüne çöp atjak däller...
Sadap turmakçy boldy:
—Men gaýdaýyn, Bibi... Gyz bolup, oglana habar ibermek gowam-a däl welin... her zadam bolsa, sen onuň bilen gürleşip gör... Meniň ony sulhumyň alýany çyn...
—Bolýa, hökman gürleşeýin—diýip, Bibi söz berip galdy.
Sadap şol günüň ertesi Bibiniň ýanyna habaryny eşitmäge geldi. Ýöne Bibi ony begendirmedi.
—Onuň-a şol bir bolşy, diňlänogam—diýip, Sadaba sowuk habary ýetirdi.
Sadap Bibiniňkiden kellesine taýak degen ýaly bolup gaýtdy. Ýaşaýyş onuň üçin gyzyksyz bir zada öwrülip barýan ýalydy. Bar zada kejebesi darygýardy. Gabadyndan ötüp-geçip duranlaryň «gurgunmysyny-da» onuň ýüregine düşüp barýardy. «Göni geçiberenlerinde bolmaýarmyka?!» diýip, özi bilen saglyk-amanlyk soraşyp geçýänlere gaharlanýardy. Onuň hiç bir zada ünsüni sowman, pikirini böldürmän, ýüreginiň sedasyna diň salyp gidesi gelýärdi. Beýnisinde birsyhly: «Näme etsemkäm?» diýen sowal at çapýardy. «Indi nä alaç edeýin?» diýip, dodaklaryny müňküldedip, öz-özüne sowal berýärdi. Öz-özi bilen gürleşip barýardy. Ýöne bu sowallara jogap tapmaga onda güýç-kuwwat ýokdy. Onuň göz öňünden Sylap birje salym-da aýrylanokdy. Ýigidiň mydama aladaly, gamgyn nazarlaryny ýere dikip, çilim kükedip barýan keşbi gyzyň göz öňünde surat bolup galypdy. Ol pikir elegini her näçe elese-de, Sylap bilen çalşyp boljak ýigidi, özi üçin Sylabyň ornuny tutjak oglany hakydasyna getirip bilenokdy. «Sylapsyz ýaşamaly bolsam, ýaşajagam däl!» diýip, ol bir gün aýgytly pikire geldi. Sebäbi ol Sylapsyz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilenokdy. Sylabyň öýünden özünden başga gyzyň girip-çykjagyna Sadap özüniň döz getirip bilmejekdigini bilýärdi.
Üstesine-de, Sadaplaryň gapysynam sawçylar yzly-yzyna kakýardy. Ejesi-kakasy her sawçy gelende, gyzyň daşyna geçip, bolmajysyny bolýardylar. Ýalbarýardylar, käeýärdiler, düşündirýärdiler... Ýöne, barybir, gelen sawçylar yzyna ugradylyp durdy... Bu ýagdaýyň hem uzak dowam etmejekdigine Sadap aňryýany bilen göz ýetirýärdi. Ejesidir kakasynyň günleriň bir güni özleriniňkini gögertjekdigini duýýardy. Şonuň üçinem maý barka, Sylaba niýetine düwen zatlaryny diýip galmak isleýärdi.
Ol her gije Sylaby daşarda ýekeräk görmek üçin peýläp başlady. Oňa-muňa güýmenen bolup, tä goňşy öýde çyra öçýänçä, daşarda köwlendi. Gözlerini goňşulardan aýyrmady. Tomsuň aý aýdyň gijeleriniň birinde hem oňa Sylaba sataşmak miýesser etdi. Obada toý boldy. Agşamlyk hemmeler bagşy diňlemäge gitdi. Sylap bilen Sadapdan başga jemende galmady. Sylap gapydaky agaç sekiniň üstünde ýassyga ýanbaşlap, täze gazetleri gözden geçirýärdi. Amatly pursada garaşyp, ýüregini eline alyp ýören Sadap öýler gowy çolaransoň, sallanjyrap, goňşulara ugrady. Ýüzüne gazet tutup, öz oý-pikirleri bilen başagaý bolup oturan Sylap birbada gyzyň tagta sekä golaýlaşanynam aňşyrmady. Sadap özüne üns berilmese-de, sekiniň bir gyrasynda çökdi. Aýaklaryny sallap oturdy. Sylaby içgin synlady. Oňa seretdigisaýy gözleriniň alny ümezledi. Ýamanlykda tutulan dek, galpyldady. Ýüregi böküp-böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Sen meni näme üçin halaňok?» diýip, gyz Sylaba seredip oturyşyna oňa sessiz ýüzlenýärdi. Şu sowal beýnide gaýtalandygysaýam gözýaşlar owany dolduryp barýardy. Birdenem gözüň owasy ýaşdan püre-pürlendi-de, damjalar gyzyň ýaňaklaryndan ýol ýasap gaýtdylar. Gyz aýalary bilen ýüzüni süpürip, uludan dem aldy. Onuň haşşyldysyna Sylap tisginip gitdi. Elindäki gazetini bir çete oklap, göze ilmez çaltlyk bilen ýerinden zöweldi. Sadabyň gelenini aňşyrmanyna geň galdymy ýa-da gyzyň sessiz gözýaş döküp oturmasyna aljyradymy, birbada näme diýjeginem bilmedi.
—E-he... S... Sadap...—diýip, sakawlady. Soňam birden özüni ele alyp, çalt-çalt gepledi.—Sadap? Kim göwnüňe degdi?
Sadap geplemedi. Ýigide balkyldap duran pyýala gözlerini dikip oturyşyna, birsyhly dymdy. Zol uludan dem alyp, aýalaryny ýüzünde gezdirýärdi.
—Sadap, saňa näme bolýar?—diýip, Sylap ýene pessaý ses bilen sorady.
Gyzdan ýene jogap bolmady. Şol bir bolşuny saklap, sessiz dymdy.
—Birden... kakaň dagy göräýse... gelşiksiz bolaýmasa...—diýip, Sylap töwerege ätiýaçly garanjaklady.
Ýigidiň bu sözlerine Sadabyň dili açyldy. Ol gandaryny gören dek bolup, gaharyny dişleriniň arasyndan syzdyrdy. Agzyndan ýalyn çabrady:
—Kakam şuş-şu wagtjyk gelip, etimi çişe düzäýsedi!
Gyzyň gahary Sylaby aljyratdy. Ol näme diýjegini bilmedi.
—Beý diýmesene, beý diýmesene—diýip, aljyraňňy gaýtalady.—Uruş-sögüş gowy däl, Sadap!
—Beterräk zadam diýerin men!—diýip, Sadap indi gözýaş dökmesini bes edip, gahardan saňňyldady.—Men saňa ýekeje zat aýtmaga geldim... Şony eşit... Soň bihabar galyp, arman çekme!—Şeý diýip, Sadap Sylaba tarap nazar aýlap goýberdi. Sylap gyzyň ýüzüne-de seredenokdy. Gülli keçäniň üstüne oklanan gazetlere bakyp otyrdy. Gyz dowam etdi.—Men özümi öldürjek, Sylap!
Şu sözden soň Sylap başyny galdyrdy-da, Sadaba nazar aýlady. Sesi howsalaly çykdy:
—O näme üçin? Beýtmek bolmaz ahyry!
—Men özümi seň üçin öldürjek!—diýip, Sadap okunyň nyşana degenini aňyp, barha dogumlandy.—Özünem «Meň ölümime Sylap günäkärdir» diýip ýazyp gitjek!
Sylap uludan dem aldy. Çep eli bilen maňlaýyny tutdy:
—Meni beýle betbagt edip gitmek saňa nämä gerek boldy, Sadap? Men saňa näme ýamanlyk etdim?!
—Sen gowy oglan bolup doglupsyň! Ana, şol seň maňa ýamanlygyň!—Sadap şeý diýip, uludan dem aldy.—Aşa gowulygam ibaly zat däldir, bilseň!
—Betbagt bolup doglanyň üçin diýsene!—diýip, Sylap maňlaý saçyny penjeledi. Dem alanda, eginleri silkinip gitdi.—Betbagt bolsaň, hemmeler saňa ýagy bor eken...
Sadap birden «sen-men» ýok, sekiden düşdi-de, hasanaklap, Sylabyň gabadyna baryp, ýere dyzlaryny diräp çökdi. Ellerini serip, ýene aglamjyrady:
—Men seniň bagtyňy açaýyn, Sylap! Ýöne meni başga ýigidiň gapysyndan girip-çykmaga mejbur etme! Sensiz ölerin men, ölerin... Alla kessin, ölerin... Beýdip äsgermezlik edip, gyz ýüzümi gyzardyp durmasana! Ejemem-kakamam meni indi uzak saklajak däller...
Sylap ýerinden turdy-da, beýläk geçdi. Soňam sekiden düşüp, köwşüni geýdi. Öe girip gitdi. Çilim alyp çykdy. Daşky gapynyň bosagasynda oturdy-da, çilim otlandy. Ajy tüssäni birnäçe gezek işdämenlik bilen sordy. Soran tüssesini agyz-burnundan burugsadyp goýberensoň, aýagyndaky ala-mula matadan tikilen şypbygynyň burnuna seredip dymdy. Uludan dem aldy. Çiliminiň külüni kakyp goýberdi-de, Sadaplaryň öýüne tarap göz aýlady. Ýene pessaý ses bilen gyza ýüzlendi:
—Biri görse, aýyp bor, Sadap! Tursana. Beýdip bir oturmasana... Haýyş edýän...
Gyz öz bolşunyň edepsizligini duýdumy ýa-da Sylabyň sözüni ýykmak islemedimi, ýerinden galdy. Köýneginiň gum basan ýerlerini kakyşdyryp, ýene sekä geçip, aýaklaryny sallap oturdy. Özüniň bolşuny aklajak boldumy-nämemi, nalynjyrady:
—Şu bolşumyň aýypdygynam bilýän, Sylap! Gyz bolup oglanyň üstüne atylmagyň türkmen gyzy üçin ölüm bilen barabardygynam bilýän! Sen meni edepsizligim üçin bagyşla! Gaty görme! Ýöne men nädeýin... başgany ýüregim almasa... nädeýin!
—Öýüňize bar, Sadap—diýip, Sylap şol bir pessaý hörpde gepledi.—Soň bir gün işde gürleşeris... Kakaň dagy görse...
Sadap Sylabyň sözüni kesdi:
—Ýok!—diýip, dogumly aýtdy.—Görüp geçsin kakam. Şu gijeden ýekeje sagadam aňry geçmen! Ýa ölüp dynjak... Ýogsa-da aýt bir belli gep!
—Eger men «seni halamok» diýsem näme?—diýip, Sylap gyza sowal berdi.
Sadap tok urana dönüp, ýerinden zöweldi.
—Beý diýmäweri!—diýip, ýalbaryjy gepledi.—Duran ýerimde ýüregim ýarylar!—Şeý diýip, Sadap ýene Sylaba tarap ädim urdy.
—Otur, otur—diýip, Sylap elini öňe uzadyp gepledi.—Eriňde oturaweri... Şonda-da düşünişeris!
Sadap ýene sekide çökdi-de, sesine alada çaýdy:
—Ýa-da başga halaýanyň barmy, Sylap?
—Eger bolaýsa nädersiň?!—diýip, Sylap onuň sowalyna sowal bilen jogap berdi.
—Başymy alyp giderin mundan—diýip, Sadap ahmyrly gepledi.—Barybir giderin. Seniň bilen başga bir gyzyň tirkeşenini görenimden... ölenimi müň paý gowy görýän!
Şundan soň Sadap dymdy. Birhaýuk oturybam, gepini ýene öňküje nyşanasyna gönükdirdi:
—Barybir, gidäýsemem, «Sylabyň sözümi ýykanlygy, göwnüme degenligi üçin gidýän» diýip ýazyp giderin!
—Şeýt, şeýt—diýip, Sylap çekip bolan çiliminiň galyndysyny bir çete pitikläp goýberensoň, keýpsiz gepledi. —Meni ile masgara et!..
—Men-ä seniň gowy görýän gyzyňam ýokmuka diýýän!—diýip, Sadap ýigidiň taryna kakyp görmek isledi.
Sylap geň galdy:
—O näme üçin beýle netijä geldiň?
—Eger bar bolsa, bu çaka öýlenip dynardyň-a!
Sylap ýene dymdy. Sadap goşa örüm saçlaryny oýnap, aýaklaryny hallanladyp oturyşyna gepini berkitdi:
—Meniň bilen şeýdip oturmaga gorkýan bolsaň, men gaýdaýyn! Ýöne ejeň dagyny bize ibermäge söz ber! Eger halaýan gyzyň ýoklugy çyn bolsa, söz ber!
Sylap agras gepledi:
—Adam bilen oňşup ýaşaşmak ony daşyndan gowy gören ýaly däldir, Sadap! Gowuja pikirlen! Söýginiň gözi kördür, ol adamy hemme zadyň üstünden eltip biler!
—Oňşaryn! Etimi çişleseňem, oňşaryn!—diýip, Sadap Sylabyň özüne tarap birneme ýykylyp ugranyna göz ýetirip özelendi.—«Öl» diýseň, ölerin, «gül» diýseň, gülerin! Ynanaý maňa, Sylap!
—Saňa meniň bilen ýaşaşmak kyn düşäýmese...—diýip, Sylap bir depen ýerini depdi.—Gowy oglan kän ahyry!
—Kyn düşmez, Sylap!—diýip, Sadap barha janykdy.—Kyn düşse-de, çydaryn! Meniň üçin dünede senden özge gowy oglan ýok. Düşünýäňmi sen şoňa?!
Sylap başyny aşak salyp dowam etdi:
—Maşgalanyň abraýyny saklamak üçin... uly gaýrat gerekdir, Sadap! Sen heniz durmuş görmedik gyz! Saňa bu wagt ýaşaýyş juda ýeňil görünýändir... Ýöne durmuş göz öňüňe getirişiňden bütinleý başga zatdyr, bil şuny, Sadap!
—Men hiç zadam biljek däl!—diýip, Sadap ýene kesirligine tutup ugrady.—Ýaşamaga razy bolsaň-a, men seni her edip-hesip edip bagtly etmäge söz berýän... Ýogsa-da hälki diýenlem...
—Be... nätdiň-aý—diýip, kyn ýumuş buýrulan çaganyň bolşy ýaly Sylap ýüz-gözüni eňşetdi.—Garaz, seniň meň bilen bir öýden girip-çykjagyň çyn-ow, Sadap!
Sadap gaýdyp oňa jogap bermedi-de, ýerinden turup, öýlerine ugrady. Gidip barýarka-da, yzyna gaňrylyp:
—Iň soňky gün ertir. Eger ejeň dagy gudaçylyga barmasa, birigün gölegçi gitmeli bolarsyň. Sözüm sözdür!—diýdi.
Gyz gitdi. Sylap şol oturyşyna saçlaryny penjeläp galdy. Pikire batyp, birhaýuk oturdy. Birdenem onuň ýadyna arada kolhoz başlygy Baba aga bilen raýkoma gidişi ýadyna düşdi. Şonda olary oba hojalyk bölüminiň müdiri çagyrypdy. Müdir Baba agadan Sylap hakda kän öwgüli sözleri eşidenden soň: «Maşgalaň barmy?» diýip, Sylaba ýüzlenipdi. Onuň heniz öýlenmändigini eşidibem başyny ýaýkapdy-da: «Hany, dogrujaňy aýt ýa-da aýrylyşaýdyňmy?! Ýigidi ýokarrak işe çekjek bolsalar, maşgala ýagdaýyna-da-ha seredýändirler» diýipdi. «Hökman öýlenmek gerek» diýşip, soňra Baba aga bilen müdir ikisi Sylaba ýerli-erden igenipdiler.
Şu zatlar ýadyna düşende, Sylap ýeňil dem aldy. Onuň üçin durmuşyň iň bir kyn meselesi çözülen ýaly boldy. Eger biri şeýdip üstüne atylaýmasa, onuň özüniň-ä entek-entekler gyza sözem gatyp bilmejegi çyndy. «Özi şeýdip durka, gel, ejemi iberip göräeýin-le. Soňky gün ýolbaşçylaryň ýanynda-da dili gysga bolmaryn» diýip pikir öwürdi-de, şol günüň ertesi Sabyr daýza bilen Gurban agany Abat daýzalara sözaýdyjy iberdi...
Begenjinden ýaňa Sabyr daýzanyň erni bir ýere gelenokdy. Ýyrş-ýyrş edip, bijesi çykan ýalydy. Gurban aganyňam öňki gamaşyp duran ýüzi ýokdy. Rahat dem alýardy.
Abat daýza bilen Myrat aga birbada goňşularyny ýöne çaýlaşmaga gelendir öýtdüler. Göwünlerinde hiç hili pikir bolmansoň, Abat daýza hatda hut myhmanlaryň ýanynda oturan ýerinden:
—A gyz, Sadap! Çaý-suw getireweri! Näme bu gün bukuljyrap alaýdyň, görülmän ýören adamlar barmy bu ýerde!—diýip, çirkin sesi bilen gyzynyň üstüne-de gygyrdy.
Ejesi hernäçe gohlasa-da, Sadap eli çäýnekli içerik girmedi. Aşhana baryp, çaý oturtdy, demledi. Käsedir süýjüleri taýýarlady. Ýöne olary içerik eltmedi. Özem begenjinden uçaýjak bolýardy. Ýüregi eýýäm arzuwly pursatlara telwas urýardy. Hyýalynda özüni Sylabyň ýanynda duýýardy.
Gyzyndan derek bolmansoň, hyklap-çoklap ahyry Abat daýzanyň özi daşaryk çykdy. Ýene Sadaba azgyryldy:
—A gyz, näme ýöne bukuljyrap alaýdyň?! Ýaşynýanyň barmydy?
Sadap bagtyýar ýylgyrdy. Soňam ejesine wäşilik bilen jogap berdi:
—Ýaşynýanym bolmasa-da, ýaşynjagym-a bar, eje!
Gyzynyň bu sözleri Abat daýzany depesinden daş düşene dönderdi. Onuň gözleri hanasyndan çykara geldi.
—Hä?..—diýip, sesini süýkdürdi. Aljyrap, eline alan çaýly çäýnegini ýere gaçyrdy. Çäýnek pagyş-para boldy-da, bugaryp duran çaý töwerege saçalanyp gitdi. Muňa Abat daýzanyň zähresi ýaryldy. Gyzgyn çaýyň öňünden aýagyny zordan çekip ýetişdi. Köýneginiň öl bolan etegini sypaşdyrdy.—Wah-wah-eý... Bi artyp nädäýdi gyz...
Ejesiniň bolşuna Sadap jakgyldap güldi:
—Eňillik boljakdyr, eje! Daş döwülse, ýeňillik bormuş-a!
Ömür gaşy çytyk gyzynyň bu gün jakgyldap durmasyna Abat daýza haýranlar galdy. «Muny ne döw çaldyka?» diýip, içinden pikir öwürdi. Gyzyna ýumrugyny çenäp, janyýangynly gepledi:
—Kelläň bir ýerindemi seň?! Diýýän gepleňňi gulaklaň beri eşidýärmi?!
Sadap ýene ýylgyrdy:
—Näme üýtgeşik zat diýenmişim men?
—Täze çaý oturt!—diýip, Abat daýza gyzyna buýruk berdi. Soňam özbaşyna hüňürdedi.—Tapdyň ýaşynjak adamyňy!
«Ejem dagy bir ýoknasyzlyk edip, goňşularyň göwnüne degäýmesin» diýen ätiýaç bilen Sadap ýene agras sypata girip, pessaý ses bilen ejesine ýüzlendi:
—Eje, Sylabyň ejesi dagynyň sözüni ýykaýmaň!
—Ј-ä?!—Edip, Abat daýza gyzynyň bu sözlerine öňküdenem beter öweldi. Gözleri tegelenip, birbada dili tutuldy. Näme geplejeginem bilmedi.
Sadap ejesine diýjegini diýensoň, aşhanadan çykyp gitdi. Iň tördäki kiçijik otagyna baryp, el işine ýapyşdy.
Abat daýza iki eli bilen ýakasyny ebşitläp tutdy-da, gözlerini depesine dikdi.
—Heý, toba!—diýip, sesini süýkdürdi.—Adam pahyr ölmese, herki zady görüp-eşitjeg-ow! Bu näme gep boldugyka indi?!
Ol çaýdanam ellibizar bolup, içerik myhmançylyga gelen goňşularynyň ýanyna atylyp bardy. Demi-demine ýetmän haslady. Içindenem birsyhly «Toba-toba, ol Sylap diýen bendä il-gün nämeler diýenok! Ýa Sadabyň bi zatlardan habary ýokmuka?!» diýip pikir öwürýärdi. Birdenem goňşularyna gaharlanýardy: «Ogullaryndan nalaýan-a özleri, indem beýdip gelmeleri nämekä?!»
Abat daýza näme edýäninem bilmän, göni Sabyr daýzanyň pete-pet maňlaýynda çommaldy-da, sesine howsala çaýdy:
—Siz habarly geldiňizmi, goňşy?
Abat daýzanyň gelen myhmana birden zoňtar sowal beribermesi Myrat aga üçin gelşiksiz duýuldy. Ol gözlerini alardyp, aýalyna ýüzlendi:
—Јh-eýt... Bolşuň nähil-ow seň! Heý, türkmençilikde gele-gelmäne-de bir myhmany howlukdyrarlarmy! Çaý-suw äberiber bakaly... Habarly gelnen bolsa, habaram aýdylar-da, elbetde...
Näme üçindir şu pursat Abat daýza goňşularynyň öz gyzyna sözaýdyjy gelmesine kemsindi, aglasy geldi. Bu ýagdaýy basymjak adamsyna-da duýdurasy gelip, ýüregi çat açyp barýardy. «Olar bize gudaçylyga geläýipdirler» diýip, sesiniň ýetdiginden möňňüriberesi gelýärdi. Ýöne zordan dilini dişläp saklanýardy. Ol adamsy özüne azgyrylansoň, edepsizlik edenini bilip yza çekildi. Myhmanlardan çeträk sowlup oturdy. Keýpsiz halda ýer dyrmalap ugrady.
Abat daýzanyň sowalyny jogapsyz goýmagy birhili gördümi-nämemi, Sabyr daýza «Sen başla» diýen terzde adamsynyň ýüzüne seretdi.
Gurban aga ardynjyrady:
—Biz-ä habarly gelendiris, goňşy...
—Habaryň bolsa gowy zat—diýip, Myrat aga Gurban aganyň ýüzüne seretdi.—Aýdyp otur, eşideli, goňşy.
—Bi kesir oglumyz-a ahyr dil açandyr, Myrat goňşy—diýip, Gurban aga begenjini gizläp durman ýyrşardy.—Ilkiler-ä geplemän ýüregimizi ýard-aý... Ýa seňňem käemäň täsir etdimi-nämemi şoňa...
—Kim ol?—diýip, Myrat aga gürrüňiň Sylap hakda barýanyny duýsa-da, birbada aňmaýandan boldy. Soňam birden huşuna gelen kişi bolup gepledi.—Hä, bi Sylapmy? Tüweleme, dil açawersin!
—Hawa, dil açdy—diýip, Gurban aga ýene öňki sözüni gaýtalady. Soňam habaryny aýtdy.—«Şü, goňşulaň gyzy Sadaba baryp göräýseňiz» diýdi...
Bu habar Myrat aga üçinem duýdansyz «wäh!» diýlen ýaly boldy. Ol gözlerini tegeläp, aýalyna seretdi. «Be...Sylap hakda il-günüň çykaryp ýören gepi nire, bi, gudaçylyk gürrüňi nire!» diýip, içinden pikir öwürdi. Onuň içki pikirini Abat daýza-da aňdy. Ýöne ýene-de myhmanlaryň ýanynda ýoňsuz gep eşidäýmeginden çekinip, sesini çykarman saklandy. Dilini dişledi. Myrat aga-da goňşulara näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Bu ýagdaýdan Sadabyň habarlydygyny-däldigini bilmek üçin Gurban aganyň taryna kakyp görmek isledi:
—Indi bi işlere zorluk zamanasy ýok, goňşy. Meseläni nähili çözmeli bolsa, gyzyň özi biler-dä... Siz-ä gözümiz ýetik... Nije ýyl bäri agyryşman-ynjaşman, goňşy otyrys...
Sabyr daýza ara düşdi:
—Sadap jan-a razymyş. Öň ikisi gürleşikli ýaly-la?!
—Sylap bilenmi?—diýip, Myrat aga bolýan gürrüňlere haýran galyp sorady.
—Hawa—diýip, Sadap daýza arkaýyn gepledi. Ýöne muň üçin Sadap janyňam göwnüne degip durmaň. Ýaşlardyr-da...
Myrat aga bu wagt goňşularyna belli bir zat diýmän goýberdi. Gyzy bilen gürleşmekçidi. Ýöne Abat daýza oňa Sadaba-da zat diýdirip durmady.
—Iliň diýýän gepi ýalandyr, ýogsa ýigit öýlenmäge razy bolmazdy!—diýip, Abat daýza öz pikirini orta atdy.—Sylabyňam, goňşularyňam adamçylygam erbet däl, gyzyňam razy.
Goňşularyny gowy görüp duransoň, Myrat aga-da gaýşaryp durmady. Ine, şeýdibem, Sadapdyr Sylabyň toýy tutuldy...
KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa)
-
myspaser
5 years ago
- ***
Gaýtarma bolup gezen döwründe ara salnan wagt Sylaba birazajygam bolsa, özüni küýseder öýdüp pikir öwren Sadap gaýyn öýüne uly umyt bilen dolanyp geldi. Özüni gaýtaryp getiren gelin-gyzlaryň sabaşaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Indi öňküsi ýaly gelin bolup sülmüräp oturmady. Myhmanlar dargandan, öýüne serenjam berdi. Sylaba aýratyn nahar taýýarlady. Çaý demläp, basyryp goýdy. Bazardan alan gülgüne pombarhat köýnegini geýip, başyna her dürli ýalpyldawuk erişleri öwüşgin atyp duran gök ýüň seçeklini orap aldy. Bägül kimin sülmüräp, aýnanyň öňünde dikilgazyk boldy-da, Sylabyň ýoluna bakdy.
Pagta ýygymynyň gyzgalaňly günleri bolansoň, Sylap wagty bilen gelmedi. Sadap aýnanyň öňünde durup-durup ýadady. Aýaklary gurşup gitdi. Çaýyny telim sapar döküp, täzeden demledi. Ukusy tutup, gözleri süzülip ugrady. Ýöne ýatmady. Sylaba garaşdy. Tikin işini eline alyp, göwünli-göwünsiz sançdy oturdy. Käte hem uky üstün çykyp, kirpikler-kirpige gatylyp gidýärdi.
Ol şeýdip ep-esli oturansoň, gapyda aýak sesleri eşidildi. Gaýynenesi Sabyr daýzanyň:
—Sylap jan, geldiňmi, balam!—diýen sesi geldi.
Sadap işini bir gapdala taşlap, hasanaklap galdy. Çyranyň ýagtysyna säher dogan Gün kimin ýalbyrap durşuna gapa öwsündi. Göwni «Baragada, Sylaby bagryňa bas!» diýýärdi. Ýöne gyzlyk ejaby muňa ýol berenokdy. Utanýardy. Beýtmäge heniz ýeke gezegem erkek kişiniň demi çabramadyk ýüzi çydajak däldi. Heniz elinden ýekeje gezegem erkek kişi tutup görmedik gyz gapynyň agzynda çüýlenene döndi. Onuň göwni köp zady isleýärdi. Ýöne göwün islegini berjaý ediberere güýç-gaýraty ýokdy, wyždany ýol berenokdy. Gyzlyk utanjy gapa böwet kimin gabat bolup durdy.
Sadaby gapyda sadylla edip, Sylap ahyry içerik girdi. Gyzyň ýüregi gopup gitdi. Mähir-muhabbetden doly nazaryny ýigide gönükdirdi. Agzyndan ýalyn çabradyp, uludan dem aldy. Hasratyny duýdurmajak bolubam, guzynyňky ýaly akja dişlerini çalaja görkezip ýylgyrdy. Özüne ýigidiň gujak gerip topularyna garaşdy.
Ýöne ýene-de ilkinji ädimden gyzyň göwni döwlüp ugrady. Sylap nurly kuýaş kimin ýalbyrap duran gelnine gara kesege sereden dek sowuk nazar bilen seretdi-de, töre geçdi. Hatda oňa «Geldiňmem?» diýmedi. Gaýtam Sadaby görenden, onuň ýüzüne nämüçindir, gahar alamatlary çaýylan ýaly boldy. Şifoneriň ýanyna baryp, özbaşyna hüňürdedi:
—Eşiklerimi çalşyrmasam boljak däl!
Şeý diýibem ol şifonerden arassa eşiklerini aldy-da, daşaryk ýöneldi.
«Meniň gaýdyp gelenimi halamadymyka?! Gelmez öýdüp pikir etdimikä?» diýip, Sadap içinden pikir öwürdi. Soňam ol hasanaklap, daşaryk çykyp barýan Sylaba ýüzlendi:
—Daşaryk gidip nätjek! Şu ýerde çalşyrynyber!
—Aý, ýok... men... häzir...—diýip, üzlem-saplam gepledi-de, Sylap öz diýenini edip, daşaryk çykmak bilen boldy.
Sadap onuň yzyndan gygyryp galdy:
—Naharyňy bärde iýäý. Çaýyň demli dur!
Sylap jogap bermän gitdi. Sadap onuň yz ýanyndan çykyp, aşhanada nahar gyzdyrdy. Gaýynlarynyň öýünden Sabyr daýzanyň hümürdisi eşidildi:
—Tüweleme, indi Sadap janyň özem äberjek nahar-çaýyňy. Ol hälden bäri seň ugruňda gydyrdanyp ýör. Aňyrda iýip-içseň, men-ä ýatjak, oglum!
«Meniň Sylap üçin ylgap ýörenimi gaýynenem nädip duýduka?!» diýip, Sadap geň galdy.
Içerden Sylabyň hüňürdisi geldi:
—Sen ýatsaň, ýatyber, eje! Nahar-çaýymy özüm taýýarlanyp, aşhanada iýip-içäerin men! Sadabam azar edinip ýörmesin!
—Aşhana nämä gerek!—diýip, bu gezek Sabyr daýza sesini gataldyp gaharlandy.—Ne gözel gelin ugruňda ylgap ýörkä, şoň bilen bolarlar-da! Azary bormy nahar-çaýyňam bir. Öz gelniňdir-dä! Işe gidenok-zat edenok!
Sabyr daýzanyň Sylaba käýinmesine Sadap heziller edindi. «Bolaýdy-da şo saňa!» diýip, öz ýanyndan özem Sylaba igendi. Boýnuny sallap, ejesiniň öýünden bialaç çykan Sylaby synlap durşuna çalaja ýylgyrdam.
Sabyr daýza Sylabyň yzyndan hüňürdäp galdy:
—Ýygralygyňam halys gözüni çykaraýmaly däl-ä!
Sylap ilki öe girip çykdy. Soň aşhana geldi. Iki elini owkalap, öz pikirleri bilen nämedir bir zada başagaýsyrap, aljyrap durşuna Sadaba ýüzlendi:
—Nahar gyzdyrýaňmy, Sadap?.. Azar edinmelem däl ekeniň... Men... özüm...
Sadap tas: «Azar edinmelimi-dälmi, saňa ejeň düşündir-dä häli» diýipdi. Ýöne zordan saklanaýdy. «Gelşim-ä ýaňy. Eýýämden dilimi süýndüribermäýin!» diýip, içini gepletdi. Soň hem gowy gaýnan çorbany demir saplaw bilen jama guýup durşuna sypaýy gepledi:
—Azary ýok-la!
Sadap çorbany guýup bolansoň, gara gazanyň agaç gapagyny ýapdy. Jamy götermekçi boldy. Sylap ellerini owkalap durşuna, ýene oňa ýüzlendi:
—Goýaý jamy şo ýerde. Men şo taýda iýip-içäerin... Ejem dagam ýatdy...
Sadap jamy goýmady-da, göterip öz jaýyna ugrady. Gidip barşyna-da, Sylaba jogap gaýtardy:
—Öýde iýäýsene! Men çaýam demläp goýdum...
Sylap alaçsyz öe gelmeli boldy. Ýöne Sadabyň saçak ýazyp goýan ýerine barman, gapynyň öňünde, mydama özüniň oturýanja ýerinde çökdi.
—Onda sen zatlaryňy bärik alaý, men şu taýda iýäerin...—diýip, burnuna salyp hüňürdedi.
Sadap onuň bolşuny geňlese-de, dawalaşmady. Saçagyny, çäýnek-käsesini, iýip-içmek üçin getiren zatlaryny sesini çykarman, Sylabyň ýanyna eltdi.
Sylap özüniň iýip-içýänini Sadabyň görenini halamaýanyny duýduryp, keserilip oturdy. Çaý guýundy. Soňam çörek döwüp, çorbasyny şürpüldedip ugrady.
Sadap onuň özünden utanýanyny duýdy. Hem geň galdy, hem ýüregi awady. «Günüňe ýanaýyn, erkek kişi bolaýşyňdan seň!» diýip, içinden pikir öwürdi. «Toý tutulanyna näçe wagt boldy, indi beri öwrenişibermeli ahyry!». Sylabyň aşhanada kesirlik edip galaýman, öz ýanyna gelip nahar edinýänine-de Sadap begendi. «Munuň bar bolşy utanjaňlykdandyr. Belki, ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişer, ähli zat düzelibem gider!’ diýibem, ol şol bir pikirini ýene gaýtalady. Özem Sylaba: «Men seniň nahar iýşiňe seredemok!» diýen manyda onuň ýeňse tarapyna geçip, işini tikmäge oturdy. Käte bir sanjan boldy. Küýi welin Sylapdady. Onuň syratly göwresine, ýeňsesine dökülip duran şar-gara saçlaryna, ýigide birgeňsi gelşik berýän sakgalsapysyna zol nazar aýlap goýberýärdi. Eginlerini silkip, uludan dem alýardy. «Ne gözel ýigit, muňa näme bolýarka, janlarym!» diýip, içinden öz-özi bilen gepleşýärdi.
Sylap kemini goýman, naharyny iýdi, çaý içdi. Soňundanam saçak-suprany özi ýygnaşdyrmaga durdy.
Sadap ýene işini bir gapdala taşlap, silkinip galdy-da, çäýnek-käselere ýapyşdy:
—Özüm ýygnaryn!
Ol göz açyp-ýumasy salymda orta goýlan zatlary äkitmeli ýerlerine äkidişdirip geldi. Sylabam daşaryk çykyp, çilim otlandy. Sadap gelensoň, düşekleri ýazmaga durdy. «Seniň içiň ýanaýsyn!» diýip, öz ýanyndan Sylaba käýindi-de, onuň düşegini özüniňkä degripjik ýazdy. Özem özüniň şeýtmesinden diýseň utanýardy. Sylabyň özi hakda: «Ölüp-öçüp barýa» diýip, pikir öwürmesinden utanýardy. Düşegini ýanaşyk ýazyp, Sylabyň ýüzüne seretmekden utanýardy. Ýöne her näme-de bolsa, şeýtmegiň gerekdigine ol özüni ynandyrmaga synanyşýardy. Öz-özüne teselli, basalyk bermäge synanyşýardy. Onuň bu ýagdaýda uzak ýaşamaga sabyr-takady gutarypdy. Ol Sylap özüni ýigrenip şeýdýärmi ýa utanjaňlyk sebäpli egnini ýygryp ýörmi, bu zatlary bilmelidi. «Ýa-da il-günüň muňa öň diýen zatlary çynmyka, janlarym?!» diýibem, Sylap barada bir wagt oba ýaýran howsalaly hem sowuk gürrüňlerini hakydasyna getirip hopugýardy. «Aý, beýle däldir-le» diýibem, ýene öz-özüne göwünlik berýärdi. «Beýle bolsa, öýlenmäge razylyk bermezd-ä!».
Sylap gaýdyp gelende, gapyda kürtdürip, gözlerini tegeledi.
—Meniň düşegimi aňyrdan ýazaýdyňmy?—diýip sorady.
Sadap sesini çykarman, öz düşeginiň üstünde çökdi. Sylaba öýkeli nazary bilen seretdi oturdy.
Sylap onuň gaharynyň gelýänini aňdymy-nämemi, ýa-da ýazylan düşegini üýtgedibermegiň ebeteýini tapmadymy, özi üçin ýazylan ýere geçip, kellesini ýassyga goýdy. Ýorgany başyna çekdi. Ýorganyň içinde gybyrdabam, aňyrsyna düňderildi.
Sadabyň gahary gaýnap-joşdy. Ol pombarhat köýnegini çalşyrdy. Başyna kiçijik ýüň ýaglygyny daňdy. Soňam çyrany öçürip, ýerine geçdi. Ýorganyny ýapynman, uzynlygyna süýndi. Hälden bäri gözleri süzüljiräp duran-da bolsa, uklasy gelmedi. Gahary ukyny gaçyrdy. Goşaryny maňlaýyna tutup ýatyşyna özüni barha gaýga aldyrýardy. Sylapdan ses-üýn, dem-düýt çykanokdy. Misli öli ýaly, gymyldaman ýatyrdy.
Sadap pessaýja sesi bilen Sylaba gep goşdy:
—Sylap!
Sylap ýatman eken. Ol ýorganyň aşagyndan ses berdi:
—Hymm...
—Ikimiz gürleşeli-le...
—Gürläber, arkaýyn gürläber!—diýip, Sylap ýene ýorganyň aşagyndan seslendi.
—Sen näme meni ýorganyň aşagyndan diňlejekmi?—diýip, Sadap öýkeden ýaňa aglaýjak-aglaýjak bolup, bokurdagyny dolduryp, zordan gepledi.—Ýüzüňi bir aç-a!
Sylap kellesini ýorgandan çykardy. Ýöne Sadaba tarap öwrülmedi. Sesinem çykarmady.
Sadap özüne zor salyp, gussaly gepledi:
—Maňa gyz halyma üstüňe sürnüp durmak juda kyn düşýä, Sylap! Ýöne men bir zady anyklamaga mejbur bolýan! Sen näme üçin meni äsgereňok?!
Sylap şol bir ýatyşyny üýtgetmän, janyýangynly gepledi:
—Men saňa näme ýamanlyk etdim, Sadap?!
Sadap ary çakana döndi:
—Eýsem, mundan beter näme ýamanlyk etjekdiň maňa?!
—Men saňa näme ýamanlyk edýänime düşünemok, Sadap!—diýip, Sylap ýene öňki hörpde gaýtalady.
—Toba! Toba! Daş edewersin!—diýip, Sadap gahardan saňňyldady.—Sen meni ýa-ha oýnajak bolýaň, Sylap, ýa-da ýigrenýäň!
Sylap sesini çykarmady. Sadap özbaşyna hüňürdedi:
—Adam ýaly ýaşaşmajak bolsaň, gelin edinmek nämä gerekdi! Toý tutmak nämä gerekdi!
Sylap üstünden ýorganyny serpdi. Aýaklaryny ýygryp, dyzlaryny gujaklap oturdy. Aý aýdyňda onuň göni burny, agras ýüzi mese-mälim saýgardýardy. Ol ýüzüni Sadaba tarap öwürdi. Soňam:
—Ikimiziň toý tutmagymyza kim günäkär, Sadap?—diýip, pessaý ses bilen sorady.
Bu sowala Sadap tisginip gitdi. Onuň göz öňünde bir wagt özüniň Sylaba ýalbaran gijesi janlandy. Özüniň Sylabyň öňünde özelenişleri ýadyna düşdi.
—Toý tutmaga özüň mejbur etdiň!—diýip, Sylap uludan dem alyp, gürrüňi dowam etdi.—Eger razylaşmadyk bolsam, näderdiň sen şonda?! «Özümi öldürjek!» diýdiň-ä!.. Seň üçin ile ryswa bolup, ömrümi gazamatda geçireýinmi men?!
Sadap Sylabyň bu sözlerine haýranlar galdy. «Görgülini şeýle gorkuzaýdymmykam?!» diýip, içini gepletdi. Sylabyň şol gije özünden gorkanyna hem gülküsi tutdy, hem gynandy. Şeýle hem şol wagt Sylap toý tutmakdan ýüz öwräen bolsa, özüniň öz janyna kast edip biljegi-bilmejegi hakda pikir öwürdi. Ýöne sowala jogap tapmady. «Kim bilýär, her hili zadyň bolmagy mümkindir. Kör söýgä erkini aldyran gyzdan her zadyň çykmagam mümkin!» diýip, içini gepletdi. Şol wagt özi üçin Sylapsyz dünýäniň puç görnendigini hakydasyna getirdi.
—Men seni şeýle bir söýdüm, Sylap!—diýip, ahyrsoňy Sadap dillendi. Uludan dem alanda, agzyndan howur çabrady. —Söýginiň gözi kör diýenleri çyn eken. Şol wagt näme edip-näme goýanymam bilmändirin. Hany, sen aýt, eýsem, seni şeýle gowy görenim üçin men günäkärmi?! Eýsem, gorkuzmadyk bolsam, sen maňa öýlenjegem dälmidiň?!
Sylap hem uludan dem aldy. Başga hörpden gopup gepledi:
—Meniň bolsa bütinleý başga etsem-petsemlem bardy... Sen baryny puja çykardyň!
Onuň bu sözlerine Sadap özüçe düşündi. «Başga gyzy göz öňünde tutaýdymyka?!» diýip, howsala bilen oýlandy. Soňam içki pikirini daşyna çykardy:
—Näme, başga gyza öýlenmekçimidiň?!
Ara düşen ýeke sekuntlyk wagtda-da gyz: «Sylap «hawa» bir diýäýmäbilseýdir» diýip, gabanjaňlyk bilen oýlandy. Eger Sylap «hawa» diýäýse, özüniň bu habara tap getirip bilmejekdigini boýun aldy.
Sylap sesine gahar çaýdy:
—Öýlenmekden, söýgüden başga-da alada kän-ä dünede! Adamlara haýyrlyrak iş hakda-da pikir öwürmeli käte!
Sylabyň bu sözlerine Sadap oňaýsyz ýagdaýda galdy. Utanç iş eden dek, ýüzi lap-lap gyzdy. Bu sözleri ol diňe özi üçin aýdylan hasaplady. «Ýa-da men söýgi diýip halys ölüp-öçüp baraýýarmykam?! Sylap şony halamaýarmyka?» diýip oýlandy. Birdenem öz-özüne garşy gitdi: «Ildençykgynç näme edipmişim! Dagy näme, goş birikdirip, nikaň birleşensoň, şeýdişip ýörmek aýyp dälmi?!».
Ol şu pikir bilen özüniňkini makul tapyp, ýene Sylaba ýüzlendi:
—Sylap! Ýa biz baglanaýdykmykak?! Şol baglymyş diýilýänlerem biziňki ýaly ýagdaýa düşýän bolaýmasynlar?!
Sylap zol uludan dem alýardy:
—Men o zatlary bilmen! Bilmegem islämok!
—Onda biz indi näderkäk?!—diýip, çözgüdi kyn matal kimin Sylaba bakyp oturyşyna Sadap gaýgy-gama batdy.—Mundan bu ýanky ýaşaýşymyz neneň bolarka?!
—Ony özüň bil!—diýip, Sylap ýene belli bir zat pyşgyrmady.—Ikimiziň baş goşmagymyza sebäp bolan—özüň, Sadap! Indiden beýlägem ýaşaýşa nähili çemeleşesiň gelse, özüň bil! Ýöne men saňa ýol salgy berip bilmen!.. Isläniňçe ýaşa!
Sadap Sylabyň näme diýjek bolýanyna düşünmedi. Özi welin niýetini gönülemek isledi. «Men senden ýol salgy soramok. Ýöne sen haçanam bolsa, meni özüňe aýal edinmekçimi ýa-da şeýdip äsgermän gezjekmi?» diýip, soramak isledi. Ýöne ol Sylapdan şeýle bir utanýardy welin, diýesi gelen zady diline badak bolup duruberýärdi. Ýene diýip bilmän ýuwdundy. Ýüzüniň uýat perdesi syrylmadyk gyz ejap etdi. Dilini dişledi. Eginlerini silkip, uludan dem aldy oturdy.
Sylap şundan soň başyna ýorganyny çekdi-de, ýene öňküsi ýaly bolup ýatdy. Ýorganyň aşagyndan mydyrdady:
—Göwnüňde näme etsem-petsemiň bar bolsa, ediber, Sadap! Ýöne gaýdyp maňa azar berme! Haýyş edýän men! Meni öz dünýäm, öz aladalarym bilen ýaşamaga goý!
—Belki, ejeň daga sala salmalydyrys, Sylap?—diýip, Sadap Sylabyň taryna kakyp gördi.
Sylap ýene ýorganyň aşagyndan mydyrdady:
—Garrylara azar berme! Öz başymyzy çaramaz ýaly, kiçi-girim adamlar däl-ä biz! Bessir olaryň şu çaka çenli kösenenleri!
Sadap onuň näme diýmek isleýänine ýene düşünmedi. «Öz başymyzy çararys» diýýä welin, ýa ýagdaýdan çykalga tapaýjakmyka?!» diýip oýlandy. «Belki, şeýle bolsun» diýip, ýene öz-özüne göwünlik berdi.
Şundan soň Sadap hem öňküsi ýaly öz ýerinde gyşardy. Gije bir çene baranam bolsa, aladadan ýaňa onuň gözlerine uky gelenokdy. Goşarlaryny maňlaýyna goýup, diňşirgendi ýatdy. Eltisi Jereniň öýünden çaganyň üzlem-saplam agysy gelýän ýaly boldy. Sadap garysyna galyp diňşirgendi. Birden ses kesilen ýaly boldy. Soň ýene eşidildi. «Ukusy agyr öýdýän, eşitmeýärmikä?!» diýip, pyşyrdady-da, Sadap ýerinden galdy. Gapa ýöneldi. Jereniň gapysyndan barjak bolsa, ol gaýynlarynyň ýatýan otagynyň üstünden geçmelidi. Takyrdap, olary bimaza edip ýörmezlik üçin, Sadap Jereni äpişgeden baryp oýarmak isledi. Ol jaýyň arka ýüzüne aýlanýança, çaga sesem galan ýaly boldy. Eltisiniň içersinde ölügsije yşyk ýanýardy. Tutusy düzüwli ýapylmansoň, äpişgäniň bir gyrasyndan içeri mese-mälim görünýärdi. Sadabyň gulagyna hüňürdem eşidilen ýaly boldy. «Ýa çagasy ýaramaýarmyka?» diýip pikir öwürdi. Ýüzüni aýna berip, gapdalrak durdy-da, içerik göz aýlady. Göz açyp-ýumasy salymda-da içini çekip, aşak oturdy. Öz sesini eşidäýmeklerinden howatyr edip, eli bilen agzyny tutdy. Biriniň göräýmeginden çekindi. Töweregine ýaltaklap, emedekläp diýen ýaly yza çekildi. Soňam ýagydan gaçýan dek bolup, gaty-gaty ýöräp, öz öýüniň gapysyna geldi. Haslap dem alýardy. Ýüregi dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. Öz-özündenem utandy: «Bolup ýörşüň gursun, seretmek nämä gerekdi!» diýip käýinjiredi. «Heý, şeýle-de bir zat bormy, heý, şeýle-de bir zat bormy!» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalady. Soň ýene öz-özüne sögündi. «Bolmanda, gijäniň bir mahaly är-aýalyň äpişgesinden jyklap ýörseň, düzüw zadyň üstünden barasyň ýok-la. Nä körüňe gerekdi seretmek!».
Ol içerik girmedi. Gören ahwalatynyň täsirinden çykyp bilmän, duran ýerinde doňňara daşa öwrülene döndi. Eltisiniň güni bilen öz gününi deňeşdirip gördi. «Bagty daş ýarýa onuň!’ diýip pyşyrdady. Beýnisinde dürli pikirler at çapdy. «Aýallaryny gowy görýän erkekler şeýle mährem bolaýýamykalar?! Eýsem-de bolsa, Sylabyň meni ýigrenýäni çyn-ow?!».
Onuň hut ýap-ýaňyja görüp, hopugan, aljyrap, basga düşen ahwalatyna ýene gidip syn salasy geldi. Bu ýagdaý onuň üçin diýseň täsinlikdi. Hiç wagt onuň pikirine getirip bilmejek geňligi bardy. Misli onuň üçin jadyly erteki ýalydy. Ol yzyna öwrülmek üçin birki ädim ätdem. Ýöne ýene ejap etdi. Öz-özünden utandy. Öz-özüne käýindi. «Iliň pynhan syryna şärik bolmak aýyp dälmidir!» diýip, kimdir biri gulagyna gygyran ýaly boldy. Gulagy şaňlap gitdi. Ol ýene keýpini gaçyryp, öe girdi. Gapynyň agzynda oňa Sylap pete-pet geldi.
—Çagalary aglap geçdi-le—diýip, ol hüňürdedi.—Bolmasa men ejem dagyny oýadaýyn, olary turzar ýaly?!
Hamala Sylap sapandan sypan dek bolup gidiberjek ýaly, Sadap onuň gollaryndan nähili tutanyny duýman galdy.
—Ýok! Gitme!—diýip pyşyrdady.—Olar oýa!
Sylap sesini çykarmady. Sadabyň elinden goluny boşatmagyňam ebeteýini tapmady-da, nätjegini bilmän, sadylla boldy durdy.
Sylabyň gollaryna özüniň ýapyşmagyna Sadap diýseň tolgundy. Özüni birhili oňaýsyz duýdy. Heniz ýakyn aradan erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz durup görmedik gyz üçin bu ýagdaý diýseň aljyradarlyklydy. Ol birden utanyp, ellerini çekip aldy. Ýüzüni aşak salyp, ýerine geçdi. Gyşardy. Sylabam onuň yzy bilen geçdi. Dessine-de ýorganyny ýapyndy.
Sadap birden-ä «Senem meni jigiň öz gelnini gowy görşi kimin gowy göräý! Şonuň öz gelnini bagryna basyşy ýaly bagryňa basaý! Iň bolmanda, şonuň gelniniň saçlaryny sypaýşy ýaly saçlarymy oýnaý!» diýip ýalbarasy geldi. Ýöne gyzlyk utanjy hiç bir gepe ýol berenokdy. Birdenem: «Iň soňuna çenli sesimi çykarmaýyn, çydaýyn. Özi näme etse, şony etsin!» diýip mertlige salýardy. Birdenem: «Sen nä töwra adam?! Saňa näme bolýa? Maňa hakykaty aýdaý!» diýip, Sylabyň eginlerinden tutup, silteşdiriberesi gelýärdi.
Sylap öňküsi ýaly aňyrsyna bakyp ýatyrdy. Ýöne kellesini ýapmandyr. Sadap ýene garysyna galdy. Јpişgeden düşýän aýyň şöhlesine Sylabyň şar gara saçlaryny synlady. Soňam özüne erk etmezden, elini uzadyp, onuň ýeňsesinden çalaja sypap goýberdi. Sylap onuň bu hereketine kirpiniň kellesini päsgelçilikden gizleýşi ýaly, göz açyp-ýumasy salymyň içinde, bütin düýrmegi bilen ýorgana sümüldi. Ýorganyň aşagyndan onuň gahar gatyşykly sesi eşidildi:
—Beýdişmek nämä gerek! Daň atyp barýa! Ýat!
Sadabyň häliden bäri gyzyl ot bolup ýanyp, galpyldap duran göwresi doňdy galdy. Ol tok uran dek bolup, beýlesine düňderildi-de, bagryny ýere berdi. Ýüzüni ýassyga oýkap, sessiz gözýaş dökmäge durdy. Eginlerini silkip-silkip, zol sojaýardy. Sylap oňa aglaýamyňam diýenokdy. Jansyz dek bolup ýatyrdy. Ol ýa-ha uklapdy, ýa-da ýalňyz hasrat çekýärdi.
Sadap aglap ýatyşyna ahyr uka gitdi. Ol düýş gördi. Düýşünde ol Sylaba däl-de, ýüwürjisi Halyga durmuşa çykanmyş. Onuň ogly Atda-da öz oglumyş. Halyk Sadaby şeýle bir gowy görýämiş welin, diýip-aýdar ýaly dälmiş. Ol öz gujagynda ýylan kimin towlanýan Sadaby bagryna basyp, gysyp-gowrup barýarmyş. Hut özüniň öz eltisi Jereni synlaýşy ýaly, Sadaby hem äpişgeden kimdir biri synlap durmuş. Özem ýylgyrýarmyş. Sadap ondan utanyp, Halykdan gaçmak üçin urunýarmyş. Şol wagt niredendir bir ýerden Sylap hem geçip barýarmyş. Sadap ony hem görüp durmuş. Sylabyň ýüzi diýseň salyk hem agyr. Ol Sadap bilen Halygyň bolşuny synlap, sag eliniň süem barmagyny çommaldyp haýbat atýarmyş. «Adamlara haýyrlyrak işem etjek boluň!» diýip, gygyrýarmyş. Sadap öz eden işinden utanyp, Sylapdan ötünç sorajak bolýarmyş. Ol: «Sylap! Sylap!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýarmyş...
Sadap öz sesine özi oýandy. Gören düýşünden utanyp, ýere girip bilmedi. «Adam pahyr-eý... Düýşe-de her zat girse, girer eken...» diýip içini gepletdi.
Gün dogup gidipdir. Јpişgeden tylla tyglar içerik dökülişip durdy. Sylap öz düşeklerini ýygnapjyk gidipdir. «O bendänem güýmäýdim agşam, işinden gijä galman bir gitdimikä?!» diýip, Sadap Sylaby ýatlap pikir öwürdi.
Daşardan uly wagyrdy gelýärdi. Sadap düşekleri galdyryp durşuna gykylyga diň saldy. Eltisi Jeren bilen gaýynenesi Sabyr daýza gygyryşýardy.
—Men siziň hyzmatkäriňiz däl!—diýip, Jeren sesine bat berýärdi.—Saklasyňyz gelse, saklaň, saklasyňyz gelmese, äkidäýiň atam öýüme!
—Waý-eý, boldy-la, jan gelin!—diýip, Sabyr daýza ýalbarýardy.—Diýmedigim bolsun. Nireden diýäýipdirin! Ýöne çala bir zat diýilse, ataň öýüni agzap dursuň-la!
—Agzajak atam öýümi!—diýip, Jeren barha gygyrdy.—Hamyr ýugurtjak bolsaň, şu öýde menden başga-da adam gyt däl. Düwünçek goltuklap, uzakly gün ykmaly bolsaň-a ýaraýaň sen, edil hamyr ýugurmaga gezek gelýä welin, aýaklaň agyryberýä-le... Menem ýaramok... Ýagdaýymy sorandan-a geçen... Gaýtam... iş buýran bolup... Gyzyňam ýapy ýaly bolupdyr-la... hamyr oňarmaz ýaly däl! Il oň ýalysyny äre-de berip ýör!
—Toba, toba! Gelin bolman, ýalyn boldy büý-ä...—diýip, Sabyr eje nalynjyrady. Soňam kiçi gyzy Bilbile gygyrdy.—Bilbil jan-a, gyzym, öe kendirik ýazaweri... Un eltjek men!
Sadap gyňajyny oranyp, daşaryk çykdy. Jeren gapynyň agzynda otyrdy. Çagasy Atda bolsa aňyrrakda guma bulaşyp, kiçijik maşynjygyny sürüp oýnaýardy. Jeren daşaryk çykan Sadaby görenden, ýene gaýynenesiniň üstüne gygyryp ugrady:
—Gün guşluk bolýança ýatyp, elini sowuk suwa urman ýörenlerem bar gygyryşjak bolsaň. Näme ýöne menden başga pişäň ýok ýaly, ökjämden galman alaýdyň sen?!
Sadap Jereniň gepi özüne kakdyrýanyny duýdy. Şeýle-de bolsa, oňa sesini çykarmady. Köýneginiň etegini dyzlaryna çekip, urup gaçjak ýaly bolup hekgerip oturan eltisine gözüniň gytagyny aýlap goýberdi-de, geçiberdi. Soňam aşhanada uly jama demir saplaw bilen un guýup duran gaýynenesiniň ýanyna bardy. Ýaşynýanlygy üçin geplemedi-de, unly jama ýapyşdy. Onuň bolşuna Sabyr daýza düşündi.
—Wah, Sadap jan, sen bir ýaňy gaýdyp gelen täze gelin. Oturybersene—diýip, ol jamy Sadaba berse-de, saplawy bermän un guýmagyny dowam etdirdi.—Özüm ederin hamyry, öňem etmän ýören işim däl-le...
Sadap ýene geplemän, tä undan dolýança, jamy saklap durdy. Un guýlup bolansoň, ony gaýynenesiniň jaýyna eltdi. Bilbil eýýäm kendirigi ýazyp, elekdir duzly haltany taýýarlap goýan eken. Sadap köýnegi uzyn bolmaz ýaly, biline ýelýyrtan ýaglygy daňyp, bir salymyň içinde uny eledi. Onýança Sabyr daýza-da bedre bilen ýyly suw alyp geldi.
—Bar, sen çaýyňy içiber, hana, men gazda çaý oturtdym—diýip, Sabyr daýza Sadaba ýüzlendi.—Hamyry özüm ederin.
Sadap baldyzy Bilbiliň gulagyna pyşyrdady:
—Häzir içesim gelenok. Çaýy soň içerin, hamyram özüm ýugraryn!
Bilbil gelnejesiniň bu diýenlerini ejesine gaýtalap berdi. Sadap jamyna duz atyp, suw guýdy. Soňam un guýmaga durdy.
—Bolýa-da beýle bolsa!—diýip, Sabyr daýza Sadapdan göwni bitip, özüni düşege goýberdi.—Ýugurjak diýseň, ýugraý... Menem biraz seniň ýanyňda oturaýyn. Soň çaýyňy özüm demläp beräerin onda.
Sadap çalasynlyk bilen uny gardy-da, şatdyldadyp, hamyry derrew ýugurdy. Göwresi gamak ýaly ýeňil gopýardy. Berdaşly ýumruklar hamyra şeýle bir çalasyn girip çykýardy welin, daşyndan syn edip, oňa agram düşýändir diýer ýaly däldi. Ýöne maňlaýyndan burçak-burçak der syrygýardy. Sadap derini häli-şindi eginlerine oýkap, sylyp goýberýärdi.
—Wah, jany sagatja, ýaş adamyň ýanynda birje tamdyrlyk hamyr dagy nämejik!—diýip, Sabyr daýza gelniniň işine höwesli seredip oturyşyna gürrüňini dowam etdi.—Uly-uly toýlarda bäş-on tamdyrlyk ýugran wagtlarymyzam bolandyr... Hany, indi ol wagtlardaky güýç-kuwwatlar galdymy diýsene!
Sadap «Hawa-da!» diýen terzde gaýynenesini baş atyp makullady. Sabyr daýza açyk duran gapysyndan daşaryk nazar aýlap goýberdi:
—Goňşy bolup otyrsyň, heý, Jeren gelniň şu öe geleli bäri hamyra el uranyny ýa-da çörek bişirip duranyny gördüňmi?!
Sadap oňa baş ýaýkap, «ýok» diýip jogap berdi. Sabyr daýza indi birneme pessaý ses bilen dowam etdi:
—Gören dälsiň! Şu gün irden baryp oýardym-da: «Hamyr ýugraý, gelin jan!» diýdim welin, başymdan bela bolup inäýdi. Hakyt, bi on dört ýaşly gyzy dagy...—Şeý diýip, Sabyr daýza bir çetde dyzlaryny gujaklap, Sadabyň hamyr ýugruşyna syn edip oturan Bilbile tarap elini salgap goýberdi.—Јre bermeli etdi goýaýdy, gyz!
Sadap eltisiniň gaýynynyň göwnüne degenine gynanýandygyny duýduryp, ýene başyny ýaýkady. Sabyr daýza dowam etdi:
—Palçyk edip goýdum. Tamdyryň içi gopupdyr. Jeren hamyr ýugran bolsa, men gidip, bir halta-ýarym halta ýylgyn pür alyp geläýjekdim. Hol, pagtaçylygyň aňry başynda, gumuň gyrasynda kän eken ýylgyn. Düýn geçip gaýdamda gördüm. Sowugam düşüp gelýä. «Bu gün-bu gün, ertir-ertir» bilen tamdyrjygym suwalman gelýä. Bu gezek çöregi seň ejeň tamdyrynda bişiripjik, özümiňkini suwaýjak bolýan...
Sadap gaýynenesini makullap, ýene baş atdy. Hamyryny boldum edip, jamy süýşürdi. Derrewem kesişdirip öýdi-de, jama saçak ýazyp, öen hamyrlaryny saldy. Soňam ony saçak bilen gowuja basyryp, töre eltip goýdy. Üstüne çetde duran odeýalony atdy.
—Taňryýalkasyn, hezil beräýdiň—diýip, Sabyr daýza gelninden göwni hoş bolup gepledi.—Heý, jany sagat adam bolsaň, goh edeniňe degýämi diýsene şu iş!
Sadap deri gaýdýança, biraz oturdy. Sabyr daýza kendirigi epläp, Bilbile berdi:
—Al, gyzym, bu zatlary ýygnaşdyr.Duzhaltadyr bedräni, elegi äkit. Menem häzir gelnejeňe çaý demläp geleýin.
Şeý diýip, ol daşaryk çykdy. Onuň yzy bilenem Bilbil kendirigi alyp çykdy. Jeren oturan ýerinden ýakasyny ebşitläp, içine tüýkürdi-de, gözlerini tegeläp, gaýynenesine gygyrdy:
—Hamyry täze gelniň ýugraýdymy, gyz?! Daş etsin, inine suwam-a almady ol. Duzuň-a harama çykardyň. Ýa şonam bilmeýärmikä ol?!
Sabyr daýza Jerene gaharly azgyryldy:
—Lal bol! Seň bilýäniňi şolam bilýändir!
Jereniň bu diýenlerinem Sadap eşitdi. Ýaşmagyny syraga-da, syçrap galyp: «Inime suw almasam-da, senden arassadyryn men!» diýip gygyraýasy geldi. Ýöne birdenem täze gelin halyna gaýynenesiniň ýanynda şermende bilen agyz deňäp durmagy uslyp bilmedi. Dilini dişledi. «Eri geler entek, almytyňy alarsyň sen menden!» diýip, ýigrenç bilen içini gepletdi. «Beýle-de bir ýylan häsiýetli adam bor eken. Bar jyny maňa düşäýdi-le muň!».
Bilbil iç girdi, daş çykdy. Elegi äkitdi, käse getirdi. Süýji daşady. Iýip-içer ýaly zatlary üýşürdi. Şeýdip ýörşüne, ol birdenkä Jeren bilen garpyşdy. Jeren oňa seretdi-seretdi-de, gygyryp ugrady:
—Näme her öteňde, gözüňi alardyp geçýäň?! Eddil gözüňi köwlärin, ganjyk! Beýle serederiň ýaly, men saňa näme etdim?!
Bilbil oňa elini salgap goýberdi:
—Ýitsene! Hekgermesene! Saňa seredip, işimi tükedipmişimmi men?!
Bilbiliň bu sözleri Jereniň otly peltesine ýag damdyrdy. Ol ýerinden galyp, ellerini bykynyna urup, gygyrdy:
—Ýumruk ýaly halyňa dil gaýtarmagyn maňa, süýtsüz! Edil süýdüňe gatyk goşaýaryn! Hekgeresim gelse, hekgererinem! Siziň ýanyňyzda müýnüm ýokdur. Iliň agzyndan galan däldirin. Düşegim arassa çykan däldir meniň! Düşegimi ilden bukup, ýüzümi gyzardan däldirin!
Bu sözleri eşiden Sadabyň gahardan başy aýlanyp gitdi. Ýerinden galmaga mejaly bolmady. Ýogsa göni turup, Jereniň üstüne towsaýasy geldi. Bütin süňňi bilen gagşady. «Bu näme üçin beýdip, meni ýigrenýärkä?» diýip, içinden birsyhly pikir öwürdi. «Toý gününiň ertesi ýanyma baranda, ýüzüni alanym üçinmikä?! Ýa-da asly şeýle zannyýamanmyka muň?!».
Sadap Jerene näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Özem utançdan ýaňa ýere giräýjek bolup gyzaryldy oturdy.
Aşhanadan Sabyr daýza atylyp çykdy. Onuň hem ýüzi gahardan gara ört bolupdy.
—Aýu! Näme diýseň, maňa diý! Agzyndan süýdüň ysy gitmedik ýumruk ýaly gyza diýip duran zatlaň näme seň!—diýip, Jerene azgyryldy.
Jeren gep alyp galmady:
—Seň onyň ýumruk ýalam bolsa, heleýiň bilýäninden köp bilýä!—diýip gykylyklady. Soňam baryp, oýnap oturan ýerinden galdyryp, Atdanyň çem gelen ýerine ýelmemäge başlady.—Näme üçin gumda oturýaň sen, hä?! Näme üçin?!
«Muň akylynyň kemi barmyka ýa?!» diýip, Sadap Jereniň bolşuny synlap, pikir öwürmegini dowam etdi. «Çagasynyň gumda oýnap oturanyny häliden bärem-ä görüp otyr ýalydy-la?!»
Sadabyň Atdajyga ýüregi awady. Ony baryp, Jereniň elinden almak isledi. Ýöne ýene-de özüniň ondan bolgusyzyny eşiderinden çekindi-de, sarsman oturdy. Halyk bilen Jereniň agşamky boluşlaryny ýatlady. «Adamsy daşyny şeýle mähir bilen dolap durka, nädip gaharlanyp bilýäkä?!» diýip, Sadap Jeren hakda geň galyp oýlanýardy. «Nähili bagtly güni bar welin, duýanok... Wah... Maňa-da şeýle bagt bir ýetdirsedi... gerdenim bilen dag süýşürtselerem, sesimi çykarmazdym...».
Sabyr daýza baryp, Jereniň eline ýapyşdy:
—Çaga degme!
Jeren Sabyr daýzany itdi:
—Ýit! Öz çagam! Seň nä işiň!
Şol wagt aňyrdan üsti otly eşegini idip, Gurban aga görnäýdi. Ýogsa bu gykylygyň nämäniň üstünden eltjegi belli däldi...
Gurban aganyň garasy görnenden, Jeren-ä çagasyny alyp, öz jaýyna atyldy. Sabyr daýza-da öz jaýyna gaýtdy. Içerden Jereniň Atdany diňdirjek bolup, höre-köşe edýän sesi eşidilýärdi.
Gurban aga ilki jaýyň çüňkünde otuny düşürdi. Soň eşegini daňyp geldi. Gelip, el-ýüzüni ýuwuşdyrdy. Şondan soň Sabyr ejä ýüzlendi:
—Sabyr?! Bir goh barmydy häli?!
Sabyr daýza atylyp, adamsynyň ýanyna çykdy-da, ellerini owkalap, sypaýy gepledi:
—Aý... şü Atda jan-la...
—Hymm...—Edip, Gurban aga seslendi.—Beýle bolsa, bolýa-la...
Sabyr daýza Sadaba gowurdak äberdi. Ýumurtga gowrup geldi.
—Sen arkaýyn iýip-içiber, Sadap jan, men seni utandyrmaýyn—diýibem, özi daşaryk çykyp gitdi.
Sadap hernäçe ajam bolsa, oňly zat iýip bilmedi. Jereniň diýen sözleri onuň bokurdagyna tegek boldy. «Bu zatlary eşidip, gaýynenem näme üçin menden ýüzüni sowmadyka?! Ýa o bende-de ähli zatdan habarlymyka? Ýa-da bir zat diýibermäge Sylapdan çekinýärmikä?!» diýip, Sadap çaý içip otyrka-da, pikirden saplanyp bilmedi. Pikir öwürdigisaýy onuň ýüregi howlady. Düne gysyp-gowrup barýan ýalydy. Başyny alyp, düze çykyp gidäesi gelip durdy. Ol ýylgyn pür getirmäge özi gitmek isledi. Şu pikir bilenem ol Bilbile ýüzlendi:
—Bilbil jan, bar, ejeňe aýt, hamyr alýança, ýylgyn püri özümiz alyp geläeli. Jigim Wepanam çagyr. Hem arassa howa çykyp, göwnümizi açarys! Daş ýer däl, obanyň gyrajyg-a!
—Bolýa!—diýip, Bilbil döwtalap bolup, ejesiniň ýanyna bökjekläp gitdi. Az salymdanam Sadabyň jigisi Wepany yzyna tirkäp geldi.—Ejem gidäýiň diýdi, gelneje! Kän gerek däl, ýarty halta bolsa, bor diýýä!
Sadap könelip ugran iki sany un haltany alyp, ýola düşdi:
—Hany, ýörüň!
Bilbil ulugyzsyrap, ýere bakyp, sülmüräp barýardy. Aşaklyk bilen käte Wepa tarap nazar aýlap goýberýärdi. Wepa bolsa ýola düşülenden, oglan garagollygyna başlady. Çägesöw toprakdan bir penjesini alyp, ol elinden bu eline geçirip, tokgalamaga durdy. Sadap onuň bu bolşuny görüp duran-da bolsa, üýtgeşik pikir etmedi. Ünsüni gözetime uzap gidýän giň meýdana gönükdirdi. Öz aladasyna gümra boldy. Başga zada hernäçe ünsüni sowjak bolsa-da, hakydasyndan Sylabyň bolşy, eltisi Jereniň gyjalatlary çykanokdy.
Birden Bilbil «wäk!» diýip gygyrdy-da, Wepa tarap okduryldy. Wepa hikirdäp, ondan gaçyp ugrady.
—Gelneje! Seret jigiňe! Gum bilen ýagyrnyma ýelmäýdi!—diýip, Bilbil Wepanyň yzyndan ylgap barşyna gygyrdy.
Sadap biri-birini kowalaşyp barýan ýaşlara näme diýjegini bilmedi. Olaryň yzyndan ýylgyryp seretdi. Bilbiliň göwni üçin:
—Wepa! Hakyllyja bo-ol!—diýip gygyran boldy.
Olara gözi gitdi, hem guwandy. «Gaýgy-aladasyz wagtlary, goý, degişsinler!» diýip, öz gününe köýüp, uludan dem alyp barşyna ýene pikire batdy.
Wepa bilen Bilbil kowalaşyp, at gaýtaryma baranlaryndan soň, batlaryny sakladylar. Bilbil Wepanyň yzyndan ýetse-de, oňa hiç zat diýmedi. Gaýtam, bileje gadam urup, deň ýöräp ugradylar. Käte hem yzlaryna gaňrylyşyp, Sadaba tarap seredip goýberýärdiler. Tä ýylgyn pür ýygmaly ýere ýetilýänçä, olar Sadaba garaşman gitdiler... «Häý, garagollar diýsä! Menden bilgeşländen gaçdylar öýdýän!» diýip, Sadap olary synlap barşyna içini gepletdi. Ýylgynly ýere baransoňam, olara päsgel bermek islemedi. Özüniňem giň sähra içini dökesi gelýärdi. Aglasy gelip, ýüregi dolup durdy.
—Siz daşa gitmäň-de, şu ýerlerden ýygyberiň!—diýip, Sadap Bilbile haltanyň birini berdi.—Gaty doldurmasaňyzam bolar. Men bolsa, hana, hol ýerden ýygjak.—Şeý diýip, ol elini uzaklara salgap goýberdi.—Ýylgyn şo taýda gür görünýä.
Bilbil özüne berlen haltany alyp, baş atyp galdy.
Sadap öňe atyldy. Özem paýlanyşykdan galyp barýan dek, badyny batlandyrýardy. Güýjünde baryny edip haýdaýardy. Gaýdyp yzyna-da seretmedi. Ep-esli ara geçip daljygansoň, özüni ýere goýberdi. Ýedi ýylky aýralykdan soň hossaryna duşan ýitig kimin, ses edip aglap, ýer ýumruklady:
—Meniň ykbalym indi şeýle bolmalymyşmy, jan Allam! Men seň öňüňde näme günä etdim!—diýip, sesiniň ýetdiginden aglady.—Bu dünede indi meň maňlaýymda ene bolmak bagtam ýok-da onda?! Meň gujagyma çaga-da dolmaz-da onda?! Men indi näme edeýin! Ýa ol oglany il masgarasy edip gideýinmi men?! Men näme edeýin ahyry?!—diýip, kimdir birine ýüzlenýän ýaly gygyrdy. Aglap-aglap ýüregi gowzansoň, sesini goýdy. Şondan soňam eli işe barman, biraz salym gaýgy-hasrat içinde başyny yrady oturdy. Birhaýukdan soň gerdenine daş ýüklenen dek bolup, ýerinden galdy. Ýylgynlygyň pagta meýdanlary tarapynda akyp duran zeýkeşden el-ýüzüni ýuwdy. Şondan soň gyňajyny agyz-burnuna orap daňdy-da, işine haýdady. Haltany derrew ýarpylady. Özem zol uludan dem alýardy. «Gowusyny edeweri, jan Allam!» diýip, birsyhly samraýardy. Ýol boýuna-da ol bir gysym-ýarpy gysym pür ýygan bolup, yzyna gaýdyp geldi.
Öz aladalary bilen başagaý Bilbildir Wepa Sadabyň aglanyna-da üns bermediler. Olar hem iki bolsalar-da, püri Sadabyň ýygany ýaljak ýygan ekenler. Sadap olara: «Dogrujaňyzy aýdyň, kowalaşyp oýnadyňyzmy ýa-da bar işläp bilşiňizmi şu?» diýip degmek isledi. Ýöne keýpsizlikden ýaňa sesinem çykarasy gelmedi. Haltalary biri-birine gapgaragada, Wepa berdi:
—Al, göter, erkek oglansyň! Ýylgyn püri agyr zat däl!
—Haltalary nämä goşduň-ow!—diýip, Wepa ýylgyrdy.—Ýarysyny Bilbile götertmeli ekeniň. Brigadir doganyna arkalanyp, pagta ýygymyna gitmese-de, gujursyz-a däl eken. Yzymdan derrew ýetäýýä!
—A sen kime arkalanyp gideňok pagta?—diýip, Bilbilem jedirdäp, ondan galmady.
—A men okuwçy, maňa hökmanam däl gitmek!—diýip, Wepa ýylgyn pürli haltany arkasyna alyp ýöräp ugrady. —Basymjak ýöräýin, okuw wagty bolup barýandyr.
Şeý diýip, Wepa bilgeşländen gybyrdaklap, öňe haýdady.
—Bolaýşyny muň!—diýip, Bilbilem onuň yzyndan ýöredi.—Näme men okuwçy dälmi! Onsoňam bu wagt ýygyma islän çykýa, islemedigi gyssap duran barmy näme! Bu ýerde meň doganymy ara goşmak nämä gerek!
—Baý, seniň hakyllyjadygyňy! Wah, seňki ýaly akyl mende-de bolan bolsa bolmaýamy?—diýip, Wepa bilgeşländen Bilbiliň gaharyny getirmäge synanyşdy.
—Häzir saňa kimiň hakyllyjadygyny görkezeýin!—diýdi-de, Bilbil ýylgyn çybygyny döwüp aldy. Soňam ýene Wepanyň ökjesine düşdi.
Towuk ýelegi kimin ýeňil ýylgyn pürli haltany selkildedip, Wepa-da ondan gaçdy. Sadap olaryň yzyndan gygyryp galdy:
—Wepa! Ýuwaşrak boluň-u-u! Gaçyrýaň eliňdäkini-i-i!
Bular gaýdyp gelenlerinde Sabyr daýza eýýäm Abat daýzanyň tamdyrynda çöregini bişirip dur eken. Özüniň aglanyny ejesiniň duýaryndan çekinip, Sadap olaryň ýanyna barmady. Açlygyndanmy-nämemi, ýa-da ýylgynyň ysy ýüregine urdumy, aňyrsy-bärsine gelip, ýüregi endiräp durdy. Ol ýuwnup-ardyndy. Ýüregi bulanmadan ýaňa ögäp-ögäp, gyzylödegini ýyrtara getirdi. Kellesi sorkuldap, gözi çykyp barýardy. Ol öýüne girip, ýassyga gyşardy.
Az salymdan Sabyr daýza çöregini bişirip geldi. Onuň sesi eşidildi:
—Aýu, Bilbil-ä! Hany gelnejeň?
—Öýünde-e!—diýip, Bilbil niredendir bir ýerden gygyrdy.—Püri tamdyryň ýanynda goýdu-uk!
—Pür gerek däl-le, gyz bu mat!—diýip, Sabyr daýza gygyrdy.—Tamdyry çaý içip, soň suwajak! A gyz, Bilbil, bar çörekleri ýaýrat-da, gazaweri!
—Bolýa!—diýip, ýene Bilbiliň sesi eşidildi.
Sabyr daýza Sadabyň ýanyna geldi.
—Sadap jan, näme, ýaramadyňmy?—diýip, ol gapydan ätländen sorady.
Sadap gaýynenesine aglanyny bildirmejek bolup, gyňajyny gözüniň üstüne çenli süýşürdi. Soňam «kelläm agyrýa» diýen terzde elini kellesine ýetirdi.
—Wah-eý—diýip, Sabyr daýza onuň ýanyna geçdi. Gataňsy elleri bilen Sadabyň kellesini basyşdyrdy.
Daşardan jammyldap, ýene Jereniň gykylygy eşidildi:
—Ejeň içerde! Onuňkyda. Ol gelni aş saýlaýamy-nämemi, häli ögäp, içegelerini üzjek bolub-a otyrdy. Ejeňem şoň üçin oňa ýaranjak bolýandyr-da!
—Juk-juk-juk—edip, Sabyr daýza Sadabyň kellesini basyp oturyşyna Jereniň diýýän zatlaryna gaharlandy.—Bi gelin ahyr bir gün dilinden bela galar. Muňa terbiýe beren adam nähilikä, janlarym?!
Ýaşynýanlygy sebäpli Sadap ýene gaýynenesine hiç zat diýip bilmedi. Gapydan Halyk girdi. Ony görenden Sadabyň ýüzi lap-lap gyzdy. Utançdan ýere giräýjek boldy. Agşamky gören wejera düýşi göz öňüne geldi. Hasanaklap galmakçy boldy. Ýöne Sabyr daýza ony goýbermedi:
—Ýatyber, ýatyber, ýaramaýan halyňa turjak bolma. Halyk janam öz ýüwürjiňdir-dä. Ýat adam däl-le!
Halyk bosagada kürtdürip, ejesine ýüzlendi:
—Eje, şü, Jerene şu günler iş diýip, kän azar bermesene-how! Şu günler ýene aýagy agyr onuň!
—Bolup geçsin aýagy agyr!—diýip, Sabyr daýza Sadabyň kellesinden elini aýyrman, oglunyň üstüne gygyrdy.—Tutma şoň tarapyny. Üýtgeşik iş buýrulyp barlanok şoňa! Dili uzyn şermende ol! Beýle är bolýan bolsaň, biraz dilini ýygnat onuň! Ýogsa heleýjigiň bir gün Sylap janyň demine düşmeli bolaýmasyn?!
—Sylaba näme diýýä ol?!—diýip, Halyk gözlerini elek-çelek etdi.—Sylaba zat diýse-hä hezil bermen men oňa!
Sabyr daýza elini silkip goýberdi:
—Bar, git-de, özünden sora!—Halyk turup gidenden soň, Sabyr daýza özbaşyna hüňürdedi.—Aýagymyz agyr bolup hem görüpdik. Ýeke gezek hamyr ýugurmajak bolup, beýdip bagyryp oturan däldiris!
Sabyr daýza kellesini basyp bolansoň, Sadaba Bilbil ajyja çaý demläp berdi. Üýşüp nahar iýdiler. Şondan soň Sadap birneme özüni tutdy.
Agşamlyk Sylap ir geldi. Onuň elinde bili daňylgy uly kagyz bardy. Özem ýyrşaryp, erni bir ýere gelenokdy. Ony görenden Sadap kürşerildi-de, ýüzüni öwürdi. «Küýli haýran» diýip, içinden gargyndy. «Keýpine-de düşer ýaly däl, gaharyna-da». Şeý diýip pikir öwrensoň, ol Sylap bilen gepleşmejek bolup, çäýnek-käseleri alyp ýuwuşdyrmaga durdy. Sylap öz jaýyna girip barşyna ýyrşaryp, Sadaba ýüzlendi:
—Sadap, bärik gel!
Sadap barha gaşlaryny çytdy. Onuň diýenini diňlemejek boldy. Ýöne eli çagaly aýlanyp ýören Jereniň özüne gzölerini alardyp seredýänini görensoň: «Şunuň bir içi ýansyn-la!» diýip pikir etdi-de, ýuwup duran käselerinem ýygnaman, Sylabyň yzyndan atyldy. Jeren onuň yzyndan hüňürdäp galdy:
—Daş etsin, iliň süýjeşäýşini! Çäýnek-käselerem zyňdy-da gidiberdi, gyz!
Sylap içerik girensoň, kagyzyň daşyndaky ýüpi aýyrdy-da, içinden gök reňkli palto çykaryp, Sadaba uzatdy:
—Bi saňa, Sadap! Şu gün ýörite şähere gidip aldym!
Sadap onuň bu bolşuna geň galdy.
—Maňa? Palto?—diýip, haýran galyp durşuna sorady.—Donum bar-a!
—Men seni Aşgabada äkitjek!—diýip, Sylap ony ýene geň galdyrdy.
—Aşgabada? O näme üçin?—Sadap Sylabyň özi hakdaky aladasyna ganat bekälp uçaýjak boldy.
—Ýaşamaga—diýip, Sylap düşegiň üstüne geçip, öňküje oturýan ýerine geçip oturdy-da, ýyrşardy—Hany, geýip görsene, Sadap! Laýykmyka?!
Sadap paltony geýdi-de, şifoneriň ýanyna bardy. Palto oňa deňelip tikilen ýalydy. Şaplaşyp durdy.
—Ylaýyjak eken—diýip, Sylap oturan ýerinden ony synlady.—Laýyk bormuka-bolmazmyka diýip, alada edip gelýädim!
—Laýyk welin, gyňaç bilen gelşiksizräk boljak—diýip, Sadap uýaljyrady.
—Gyňajyňy aýryp, beýleligine, şäherli gelinleň atynyşy ýaly atynaýarsyň!—diýip, Sylap ony bu aladadan-da dyndardy. Soňam Aşgabada näme üçin äkidýändigini aýtdy.—Menem kolhoza başlyk bellejek bolýarlar. Gurban aganyň ýerine. Ýöne şondan öň bir ýyllyk ýokary kursda okap gelmeli.
Sadap begenjinden tas Sylabyň boýnuna böküpdi. Ýöne beýle bolşy Sylabyň halamaýanyny bilip duransoň, ol özüne erk etdi. Begenjini welin gizläp bilmedi.
—Menem bir ýyllap Aşgabatda saklajakmy?!—diýip, paltony epläp durşuna ýylgyryp sorady.
—Hawa—diýip, Sylap çaga ýaly göwnüni açdy.—Alnymyz sowuk. Sen üşäermikäň diýip aldym paltonam. Ýene bir hepdeden ugramaly. Sura daýza diýip, gowy, tanyş daýzam bar. Şoňka elterin seni. Hezil edinersiň. Ol gaty gowy aýal. Men okaýan döwrümde bäş ýyllap şonuňkyda ýaşadym. Timur diýip ogly bar. Şol meniň dostumdy. Özleri azerbaýjan.
Sadap Sylabyň özi bilen şeýle göwnaçyk gepleşip, özüni şadyýan alyp baran pursadyny ilkinji gezek synlaýardy. Şeýle bolansoň, geň galmakdan ýaňa onuň Sylaba bolan agşamky öýke-kinesem ýatdan çykdy. Paltosyny ýygnap bolansoň, Sylaba ýüzlendi:
—Nahar-çaýyňy nirede iýip-içjek sen?!
Sylap Sadaby ýene geň galdyrdy:
—Şu ýerik getiräý!
Geň görmeli zat, bu gezek Sylap Sadap bilen utanman-çekinmän iýibem-içdi. Ýöne agşam welin ýene öňki ýagdaý dowam etdi. Bilmezlikde özüne Sadabyň el-aýagy degse-de, Sylap süýşüp-süýşüp, düşeginden çykdy gitdi. Daň atýança, ol şeýde-şeýde, düşeginiň çetine togalanyp bardy.
Şundan soň Sadap gaýdyp onuň düşegini özüniňkiniň ýanyndan ýazmady. Öňküje—onuň endik edinen ýerinden ýazdy. Sylabam: «Näme üçin beýdýäňem» diýenokdy. Ine, şeýdip, Aşgabada gidilmeli gün golaýlap geldi. Sylap bir gün agşamlyk iki sany bilet alyp geldi. Irden samolýota çykmalydy.
-
myspaser
5 years ago
- ***
Aşgabat diýlip çykylan pursatdan Sylabyň özüni alyp barşy ýene Sadabyň ýüregini üýtgetdi. Gyz «Söýgi indi başlanaýýarmyka?» diýip pikir öwürdi. Sylap samolýota münülende-düşülende, Sadabyň elinden tutdy. Samolýota ilkinji gezek münenligi üçin Sadabyň ýüregi bulandy. Sylap onuň kellesini ýolboýy öz eginlerinde saklap gitdi. Adamsy bolan bolup ýören ýigitden henize çenli üýtgeşik mähir-muhabbet görmän ýören gyza bu zatlar diýseň täsir etdi. Onuň Sylaba imrikmesine şularam ýeterlikdi. Bu wagt gyzyň uly bir göwni ýokdy. Onuň üçin sähelçe zat hem uly döwletdi. Ol şeýle gyzlardandy.
Sura daýza, dogrudanam, gowy aýal eken. Özem şäheriň bäbekhanasynda göbegene bolup işleýän eken. Ol Sadabyňam göwnünden turdy. Sylap bilen Sadaba bir jaýyny ýaşamaga berdi. Onuň ogly Timur öýde ýok eken. Ol başga şähere işe iberilipdir. Onuň eýýäm iki çagasy bolupdyr.
—Timur jan hem giç öýlendi—diýip, Sura daýza Sylabyň ýanynda nalady.—Häk, siz ogullarmy! Ene-atanyň göwnüni bileňzok siz. Biz bolsak, agtyk küýseýäris.
Sura daýzanyňka baran pursadyndan Sadaby bir zat biynjalyk edýärdi. «Okan döwründe Sylabyň halaşan gyzy boldumyka?» diýip, ol gabanjaňlyk bilen pikir öwürýärdi. Muny Sura daýzadan sorap göresi gelýärdi. Ahyry bir gün maýam tapyldy. Sura daýzanyň özi olaryň durmuşyndan gürrüň gozgaýdy.
—Siz näme ýöneje gezip ýörsüňiz? Çaga aladasy size degişli dälmi?—diýip, ol bir gün diňe Sadap ikisi çaý içip otyrka, ýylgyryp sorady.—Bärde bir zatjagazyňyz dagy bolaýsa, göbegeniňiz-ä özüm bolardym.
Bu sözler Sadabyň ýüzüne kül urlan ýaly etdi. Ol ilki hiç zat diýmän dymdy. Agzyna salan çöregi bokurdagyndan geçmejek boldy. Gözlerine ýaş aýlandy. Syr bildirmejek bolup, içesi gelmese-de, yzly-yzyna çaý owurtlady. Birhaýuk ýuwdunyp oturansoň, gözlerinen ýaş paýradyp pyşyrdady:
—Sylap meni halanok, Sura daýza!
Sadabyň gözýaş edip oturmasyna Sura daýzanyň zähresi ýaryldy. Ol Sadabyň ellerine ýapyşdy:
—Hih! Diýýäniň näme, Sadap!
Sadap: «Hawa, şeýle!» diýen terzde sesini çykarman, başyny atdy. Öz ykbalyna kemsinmekden ýaňa gözýaşlar böwedi açylan sile döndi. Aglamakdan gözleri gyzardy gitdi.
—Hany, balam, goý, aglamaňy goý!—diýip, Sura daýza oňa göwünlik berdi. Sadabyň ýagdaýyna onuňam keýpi bozuldy. Soň sesini süýkdürip gepledi.—Wa-aý, görsene muny... Asyl, geleliň bäri ýüzüň-gözüň açylanok diýýän-le. Aladaň artyk görünýä diýýän-le. Seň ýaly gelni harlaýan bolsa, men Sylap bilenem gürleşerin. Käýýärin oňa!
Misli, Sura daýza turup ötägidip barýan dek, Sadap onuň egninden ýapyşdy.
—Sylaba zat diýmäweriň, Sura daýza. Ol bilmesin bu gürrüňleri. Eger oňa bir zat diýseňiz, men gaty görerin!
Sura daýza Sadabyň bolşuna geň galdy.
—O näme üçin?—diýip, gözlerini tegeledi.
Sadap birbada hiç zat diýmedi. Uludan dem alyp dymdy. Soňam:
—Ony gynandyrmajak bolýan-da...—diýip, pyşyrdady.
Sura daýza ýene geň galyp gepledi:
—O nähili... gynandyrmajak bolýaň! Ol-a seni gynandyrýa... Sen bolsaň...
Sadabyň ýüreginde berç bolan hasratyny kimdir birine aýdyp, öz güni hakda kimdir birine şeýle bir sala salasy gelýärdi welin, diýip-aýdar ýaly däldi. Özem bu hakda haçanam bolsa bir wagt ýarylyp dynmasa bolmajagyny bilýärdi. Ýöne nämeden başlajagyny bilenokdy. Dili şol wawwaly gürrüňe hiç öwrüliberenokdy. Birdenem: «Men-ä syry açsam, Sura daýza-da ony Sylaba ýetiräýse, soňy nähili bor! Sylap ne günlere düşer!» diýip, alada bilen oýlanýardy.
Sura daýza Sadabyň bir agyr hasratynyň baryny duýman durmady. Onuň bir syry açmaga ýaýdanýanynam aňdy.
—Sen Sylabyň gelnimiň, men seni gyzym ýaly görýän, Sadap jan. Sylabam oglum ýaly gördüm men. Sylap jan okan döwründe tä instituty gutarýança, biziň öýümizde boldy—diýip, Sura daýza agras gepläp gürrüňe başlady.—Timur jan bilen bile okady ol... Ilkiler Timur gelip: «Eje-e... kursumyzda şeýle bir ýuwaş, gowy oglan bar welin, men-ä şony öe getirjek» diýdi. «Sapagynam şeýle gowy bilýä, bileje taýýarlanmaga-da boljak» diýdi. «Getir, oglum» diýdim. Getirdi. Görüp otursam, Sylap jan, asyl, Timuryň aýdyşynyň dagam çeni däl eken. Beýle-de bir rahat oglan bolar eken. Käbir oglanlar bardyr, okuw diýip geler-de, ne-hä okuw bilen seri bor, ne beýleki bilen. Guduraşyp, urşup, gohlaşyp ýörendirler. Ýo-ok... Sylap janyň beýle zatlar bilen işi bolan däldir. Şü, haçan görseň, okuwjygy bilendir. Meniň öý işime-de kömekleşibiýr, nahar-çaýa-da. —Şeý diýip, Sura daýza uludan dem aldy.—Ýigidiň-ä gowusydyr Sylap jan. Onuň seni ynjydaýşyny diýsene, gyz!.. O näme üçin beýdýärkä?!
Ara dymyşlyk düşdi. Sadap öňki keýpsizligi bilen otyrdy. «Sylabyň söen gyzy hakda-da soraýsammykam?» diýip, ol içinden pikir öwürýärdi. «Sura daýzanyň özem bu hakda dil ýaraýmady...»
Birhaýukdan dymyşlygy Sura daýzanyň özi bozdy. Ol, hamala, Sadabyň içki pikirini duýan dek, gyzyň aladasyndan söz açdy:
—Ýigit gyz-beýleki bilen dagy söýşeýin ýa-da tanşaýyn diýen däldir. Diňe okuw bilendi. «Birki ýyl obada işläp, gowy iş öwrenemsoň, aspirantura girjek» diýýärdi. «Pagtanyň hem ir ýetişýän, hem hasylly sortuny oýlap tapjak» diýýädi.
Bu gürrüňlerden soň Sadap üçin Sylap eletmez bir şaha öwrüldi duruberdi. Ol özüniň şeýle beýik adam bilen bir gapydan girip-çykýanyna buýsandy, begendi. Özi üçin sada oba oglany bolan Sylabyň il üçin diýseň täsindigine haýranlar galdy. Sadap Sylabyň: «Meniň öz etsem-petsemlerim, maksadym bardy» diýen sözlerini ýatlap: «Eger men oňa päsgel bermedik bolsam, ol has ýokary okuwa gidip, alym boljak eken-ow!» diýip içini gepletdi. Oňa gözi gitdi. Eger ol şol wagtlar Sadaby diňlemän, şeýdip gaýdaýan bolsa, özüniň Sylapsyz obada neneňsi bolup galjakdygyny bilmedi. Hamala, häzirem zyňlyp barýan ýaly, ýüregi gopup gitdi. Birdenem Sylap bilen özüniň ykbalyny birleşdirenine begendi. Onuň bu ýerde hiç hili gyz bilen halaşmanyna begendi.
—Be-e...—diýibem, haýran galmak bilen duýdansyz dillendi.—Sylap beýle oglan eken-ow!
—Çensiz oglandyr ol—diýip, Sura daýza ýene sözüni tekrarlady.
Sadap her zadam bolsa, Sylabyň bärde bir gyz bilen halaşandygy hakda obada ýaýran gürrüňi aýdyp galmak isledi.
—Obada-ha o hakda «okaýarka, bir gowy gyz bilen halaşanmyş» diýip gürrüň edýäler—diýip, öňki keýpsizliginden saplanyp bilmän oturyşyna, gyz pyşyrdap diýen ýaly gepledi.
Sura daýza ellerini daldalatdy:
—Ýo-ok, kim diýýän bolsa, ýalan aýdypdyr. Sylap jan bärde gyzyň ýüzüne sereden oglan däldir. Hatda Timur hem ony näçe gyz bilen tanyşdyrjak bolup gördi, diňlemedi.
«Onda onuň meniň bilen bolup ýörşi nämäniň alamatyka, janlarym!» diýip, Sadap ýene alada galyp başlady. Özem «Ýagdaýymyzy Sura daýza aýtsammykam, aýtmasammykam?» diýip, pikirini kän ölçerip-dökdi. Ýöne bu gün ony ölçerip-dökmegiň hiç ebeteýini tapmady. Goýbolsun etdi.
Sura daýza türkmen dilinde diýseň arassa gepleýärdi. Özem mydama kitap okardy. Öýünde türkmen kitaplary-da kän eken. Bir gün ol öe çaklaňja bir kitap getirdi. Ony jukguldap, gynanmakdan ýaňa başyny ýaýkap-ýaýkap okady. «Wah-wah, bendäniň çagasy... Uruş gursun hudaýym» diýip, öwran-öwran gaýtalady. Hatda gynançdan gözlerinem ýaşlady.
Sadap kän bir kitap-beýlekä höwes edip ýören gyz bolmasa-da, Sura daýzanyň getiren bu kitapçasyna imrindi. Sura daýza işe giden wagty alyp, ony işdämenlik bilen okady. Okadygyça-da, ýüregi gopup, başy aýlanýan dek boldy. Asyl, kitapda olaryň hut öz durmuşlary suratlandyrylýan bolsa nätjek! Eserde hereket edýän är-aýalyň günleri hut Sylap bilen Sadabyňky ýalydy. Ýöne olar uruşdan öň il ýaly är-aýal bolup, gowy ýaşapdyrlar. Nälet siňen uruş welin, ýigidiň synasyna zeper ýetirip, ýüreginde öçmez dag goýupdyr. Ol soňra öz gelni bilen hiç wagt il ýaly ýaşaşyp bilmejekdigine jany ýanyp, dälilik hetdine ýetýär. Gelniniň ömrüni biderek ýakyp ýörmezi ýaly, ony her edip-hesip edip giderjek bolýar. Ony ýersiz-ere urýar. Adamsyny jany-teni bilen gowy görüp, tä uruş gutarýança garaşan gelnini ahyr hem gidirýär.
Kitap Sadaba diýseň täsir etdi. Ol ençeme günläp kitabyň täsirinden çykyp bilmän gezdi. «Görgülijik, o-da meniň Sylaby gowy görşüm ýaly, gowy görýän eken adamsyny» diýip, öz ykbalyna meňzeş ykbally gelin hakda oýlandy. Birdenem özüni Sylap hem şeýdip kowaýanda gidip biljek-bilmejekdigi hakda pikir öwürdi. Ýöne öz sowalyna jogabam tapyp bilmedi. Sebäbi her näme-de bolsa, entek onuň ýüreginde Sylaba bolan söýgi joşýardy.
Sadap kitaby Sylabyň-da okaryny isledi. Ýöne «Şuny oka» diýip, göni beräýmäge-de bogny ysmady. Sylap bir zady göwnüne getirer öýtdi. Şonuň üçin ol agşam ýatmak üçin düşege geçensoňam, kitaby ýene eline alyp okan boldy. Sylabyň: «Bu nämäniň kitaby?» diýip soraryny isledi. Ýöne nämüçindir Sylap sesini çykaranokdy. Oňa «Okaýamyňam» diýenokdy. Ahyrsoňy ýalan okamakdan Sadabam irdi. Ol kitaby bir çetde goýdy-da:
—Gowy kitap eken şü—diýip, Sylaba nazar dikip, pessaý gepledi.
Sylap ýene sesini çykarmady. Sadap az salym dymdy. Ahyry hem ýüregini bire baglap, Sylaba ýüzlendi:
—Okasyň gelse, senem okaý... Sura daýzaň kitaby...
—Men ony birmahal okadym—diýip, Sylap hiç hili sep bildirmän aýtdy.
Sadap onuň bu habaryna geň galdy:
—Okadyň?—diýip haýran galmak bilen sorady.—Şeýle gowy kitaby okabam... maňa-da aýdaýmansyň...
Sylap sesini çykarmady. Sadap bolsa onuň nämedir bir zatlar diýerini isleýärdi. «Wah, şunuň geplemezligi ýakýa-da janymy» diýip, gyz gaharyny getirip pikir öwürdi. Her zadam bolsa, sowukganlylygyny saklap, Sylabyň pikirini bilmek isleýärdi.
—Gowy kitap eken, hä, Sylap?—diýip, ýene gürrüňi dowam etdi.
—Aý, näme, kitap-da...—diýip, Sylap ýene belli bir zat aýtmady.—Her kime bir hili ýaraýa-da.
—Sen näme, ony halamadyňmy?—diýip, Sadap Sylaby ýene öz ugruna kowdy.
—Aý, näme, kitap-da...—diýip, Sylap şol bir içýakgyçlygy bilen öňki jogabyny gaýtalady.—Okab-a çykdym.
Sadap gepi özüni gyzyklandyrýan meselä syrykdyrdy:
—Ol oglan... hakyt, gelni görgülini urup-urup gideräýýä... Ömrüni zaýalap gezip ýörmesin diýendir-dä, bende...
Sylap ýa-ha Sadabyň özünden näme jogaba garaşýanyny syzdy, ýa-da kitaply gürrüňi soňlamak isledi:
—Aý, bir görgülini urmak nämä gerek!—diýip, ýüzüne tutuklyk çaýyp gepledi.—Her hili ýagdaýda-da ýaşasy gelýän-ä ýaşamaly bor, ýaşasy gelmedigem, gidibermeli bor-da! Zorluk nämä gerek!
Şeý diýensoň, Sylap «Gürrüň gutardy!» diýen terzde ýorgany başyna çekdi-de ýatdy.
«Munuňky düşnükli!» diýip, Sadap içinden pikir öwürdi. Sylabyň kitap hakdaky jogabynyň hut özüne degişlidigini ol duýdy. «Diýmek, biziň soňky durmuşymyzyň çözgüdinem ol meniň özüme goýýar» diýip, esli wagtlap pikirlerden saplanyp bilmän oýlandy. «Ýaşasy gelýän-ä ýaşamaly, ýaşasy gelmedigem gidibermeli! Diýmek, ol maňa: «Ýaşasyň gelmese, ýol açyk, arkaýyn gidiber!» diýýä-dä.
Sadap bu pikirlerden saplanyp bilmän, juda kän gün gezdi. Sylabyň diýenlerinden nädip baş çykarjagyny bilmedi. «Wah, durmuş kitap däl-dä, bir ýanlygyna syryp dynaýara» diýip, ahmyr bilen oýlandy. «Aňsat däl-ä ykbalyňa aýgytly çözgüt tapaýmak!».
Günler bolsa, biri-birine meňzäp, kerwen gurap geçip durdy. Sylap, bolsa-da, Sadaby edil obadaky ýaly ýalňyz goýanokdy. Okuwdan geldigi şähere aýlaýardy. Kino-teatra äkidýärdi. Bu zatlar ilki günler hezil görünse-de, soňabaka Sadaby bezikdirdi. Indi onuň hiç ýere çykasy gelenokdy. Bagryny ýerden galdyrman ýatsam diýýärdi. Onda bir tükeniksiz hasratyň bardygyny Sura daýza-da aňdy. Bir gün ol Sylap okuw diýip çykyp gidensoň, Sadabyň bolýan otagynyň gapysyny açdy. Düneden bütinleý göwni galan Sadabyň hiç pişe bilenem weji ýokdy. Ol ýorgan-düşeklerinem ýygnaman ýatyrdy.
Sura daýza gapydan kellesini uzadyp, ýylgyran boldy:
—Baý-bu! Bu ýalta gelni! Henizem ýatyrmyň?
Sura daýzanyň göwni üçin zoraýakdan ýylgyran bolsa-da, Sadabyň keýpsizligi mese-mälim bildirýärdi.
—Gel, Sura daýza!—diýip, ol ýatan ýerinden dikeldi. Aýaklaryny ýorganyň üstünde uzyn saldy.
—Tur-da! Çaý içeli—diýip, Sura daýza içerik girip, labyryny çüňkde duran agaç oturgyjyň üstüne goýberdi.—Heý, şeýle-de bir ýatma bormy?!
Sadap keýpsiz gepledi:
—Јý, meň-ňä çaýam içesim gelenok.
Şundan soň Sura daýza çynlakaý gürrüňe geçdi.
—Seniň bir aladaň-a bar, Sadap! Meni ejeň ýaly gör-de, aýt näme bolýanyny! Adam syryny biri bilen paýlaşmasa, ir ýykylýarmyş. Gadymlar, ata-babalaram gaýgysyny, iň bolman, daga baryp, daşlara aýdyp gaýdar ekenler.
Sadap uludan dem alyp gaharlandy:
—Ýykylyplar geçäýsedim! Ölüpler geçäýsedim! Ile meňzeş ýaşamajak bolsam, ýaşamak nämä gerek!
Sura daýza başga hörpden gopaýmasa, Sadabyň syr açmajagyny aňdy.
—Bir wagtlar adamym Alik janyň uruşdan öldi habaryny alanymda, menem şeýdip kän kösenipdim...—diýip, Sura daýza geçmişini ýatlap, gussaly söhbete başlady. —Gaýgydan öläermikäm diýdim. Ýöne «Adam başy daşdan gaty» diýleni-dä... Çekdim-çydadym... Gezip ýörün ynha...—Sura daýza sözüne biraz dyngy berdi. Soň ýene dowam etdi.—Biz onuň bilen nähililer gowy görşüpdik... Sen nämäniň aladasyny edýäň! Adamyň ýanyňda, başyň sag, uruş ýok, ölüm-ýitim ýok...
—Uruş hemmäniň başyna deň hasrat getirdi, Sura daýza—diýip, Sadap keýpsiz gepledi.—Elbetde, onuň betbagt eden zenanlarynyňam bäri-aňyrsy ýok. «Il bilen gelen toý-da baýram!» diýipdirler. Gaýgyny köplük, il-gün bolup, deň çekseň, belki, adama kanagat berýändir... A men bolsa...—Sadap biraz dymdy.—Men bolsam, derdi ýalňyz çekýän... Belki, meň başymdaky hasrat hiç kimde-de ýokdur... Meniň deň-duşlarymyň bary bagtly, çaga-çugaly...
—Başyň heniz ýaş. Çaga sende-de bolar, Sadap jan—diýip, Sura daýza oňa göwünlik berdi.
Sadap uludan dem alyp, onuň sözüni böldi:
—Ýok, Sura daýza, meniň hiç wagt çaga ýüzüm düşmez!
Ol şeý diýensoň, aglamakçy boldy. Özüniňem şeýle bir aglasy gelýärdi welin, gaňşyrawugy tütäp-tütäp gidýärdi. Ýöne, nämüçindir, aglap bilmedi.
Sura daýza gözlerini tegeläp geň galdy:
—O näme üçin?
Sadap ýene birbada syryny ýaşyrdy:
—Aý, şeýle-dä, Sura daýza!
—Näme, doktor bolmaz diýdimi?—diýip, Sura daýza alada galyp sorady.
Sadap elini silkip goýberdi:
—Aý, biz-ä doktora baramzogam.
—Näme üçin baraňzok?—diýip, Sura daýza janygdy.—Doktora hökman görün. Men äkideýin seni aýal doktoryň ýanyna!
—Meni aýal doktoryň ýanyna äkitmek hökman däl—diýip, Sadap ýene gussa batdy.—Belanyň has uluragy bar, Sura daýza. Iş doktorlyk bolsa, hiç-le...
—Heý, weý-eý, janym, men-ä seň näme diýjek bolýanyňa düşünýän däldirin—diýip, Sura daýza ýene janykdy.—Menden gorkma-da aýdaý, näme bolanam bolsa.
—Men bu syry öňde-soňda kimdir birine aýdyp dynmasam, bolmajagyny bilýän, Sura daýza. Kimdir biriniň akylly-başly maslahaty bizi bir ugra gönükdirmese, biziň başymyz çaşyp barýa, ugrumyz ýitip barýa... Ýöne men şu çaka çenli-hä ynamdar adam tapman gezdim... Indem ýene çekinýän!
—Sen kimden çekinýäň?!—diýip, bu ýerde bir üýtgeşikligiň baryny duýan Sura daýza janyýangynly gepledi. Soňam, hamala, Sadabyň içki pikirini bilen dek—Sylapdan çekinýäňmi? On-a alada etme. Sen islemeýän bolsaň, oňa hiç zat aýtman!—diýdi.
Sadap ýüregini gowzatmaga yş tapylanyna diýseň begendi. Ol dyzyna daýanyp, Sura daýzanyň gollaryna ýapyşanynam duýman galdy.
—Çynyňmy, Sura daýza?—diýip, begençli seslendi.
Sura daýza çyny bilen söz berdi:
—Gaty çynym!
Hernäçe arkaýynlyga salsa-da, Sadap syryny birden açybermedi. Ol Sura daýzadan çekilip, öňki ýerine baryp oturdy. Ýaýdanyp, barmaklaryny oýnaşdyrdy. Ahyry dillendi:
—Sen arada bir kitap getirip okadyň, Sura daýza... Ýadyňa düşýämi?
—O nämäň kitaby? Meniň okaýan kitabym kän!—diýip, Sura daýza Sadabyň syr açaryna howlukdy.
—Ady ýadyma düşenok şu wagt... Öz-ä içinde uruş hakda-da bir powest bar eken... Ýigit uruşdan gaýdyp gelensoň, hiç gelni bilen düzüwli ýaşaşanok... Ahyry hem ol gelnini urup, kowup goýberýär...
—Hä-hä, ýadyma düşdi—diýip, Sura daýza baş atdy.—Eri, bu ýerde kitabyň näme dahyly bar?!
—Ine, Sura daýza, Sylap bilen meňňem günüm, hakyt, şol kitapdaky gelin bilen ýigidiňki ýaly...
Sura daýzanyň gözleri tegelendi:
—Hih!—diýip, içini çekdi.—Seň diýýän zatlaň näme, Sadap?
—Hawa, şeýle, Sura daýza! Ol kitapdaky ýigit gelni bilen uruşdan öň adam ýaly ýaşaşypdyr. Men bolsam... Sylap bilen tomus toý tutduk...—Şeý diýip, Sadap howa ýetmeýän ýaly hopukdy. Sözüniň yzyny diýip bilmän sakyndy. Ýüregi jigläp gitdi. Soň hem näme bolsa, şol bolsuna salyp, derdiniň iň agyr ýarasyny gozgady.—Men bolsam... henizem gyz!
Sura daýza duýdansyz otyrka, üstüne ýylan oklananam bolsa, beýle haýykmazdy. Ol arkan-arkan gaýşyp, gözlerini hanasyndan çykaraýjak boldy.
—Hih!—edip, ýene içini çekdi.
—Ýöne Sylaba bir aýdaýmaweriň!—diýip, Sadap ýene alada galyp, ýalbaryjy gepledi.—Ol bir gezek ejesi daga duýdurmakçy bolanymda-da maňa: «Şolar bilse, gaty erbet bolar» diýipdi!
—Ýok, ýok! Aýtman!—diýip, Sura daýza Sadaby arkaýyn etdi.—Wah-eý, başyňda-ha uly alada bar eken, gyzym!—diýibem, biraz dymdy. Başyny ýaýkady oturdy. Soňam bir zat ýadyna düşen dek dogumlandy.—Beýtjek bolsa, başda näme öýlenýämiş! Näme, ol adam oýnajak bolýamyka?!
—Ol maňa öýlenmekçi däldi!—diýip, Sadap uludan dem alyp oturyşyna agras gepledi.—Men ony gününe goýmadym...
Eşidip duran zatlaryna geň galmakdan ýaňa Sura daýzanyň gözleri tegelenip, hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ol hatda geplemegem unudana meňzeýärdi. Ol «O nähili?» diýen sowally nazary bilen Sadaba çiňerilip seretdi.
—Men ony şeýle bir gowy gördüm, Sura daýza!—diýip, Sadap dowam etdi.—Söýgi diýen zadyň gözi kör bolýan eken... Ol her zadyň üstünden eltjek eken adamy.—Sadap häli-şindi sözlerini bölüp-bölüp, uludan dem alýardy.—Men, hakyt, bir gije ulugyz halyma Sylaplaryň öýüne bardym-da, oňa: «Maňa öýlenmeseň, özümi öldürerin. Baryna hem Sylap günäkärdir diýibem ýazyp giderin» diýdim...
Sura daýza igençli sesi bilen Sadabyň sözüni böldi:
—Hih! Heýem bir şeýdelermi! Oglany çykgynsyz ýagdaýda goýupsyň-a sen!
—Şeýtdim, Sura daýza, şeýtdim!—diýip, Sadap dowam etdi.—Türkmeniň ulugyzy üçin şu zatlar aýyp hem bolsa, şeýtdim men. Sebäbi söýüp gören bolsaň, özüň bilýänsiň ahyr! Bi söýgi diýen zat ne gudratly zat eken! Ýüregiňe erk edip bolmasa näme! Şo halat ol meniň bilen ylalaşmadyk bolsa, men näme ederdim?! Bu sowala men henizem jogap tapyp bilemok!
—Hawa-a-aa...—diýip, sesini süýkdürdi-de, Sura daýza ýene uludan dem aldy.—Söýgi derd-ä ýaman dertdir, janym!.. Ony çeken biler!.. Menem başga hiç kimiň gapysyndan bakdyrman, şu çaka çenli ýaşadyp oturan söýgi ahyry!..
—Seniň, hernäme-de bolsa, çagaň bar...—diýip, Sadap özüni durşy bilen gam-gussa aldyryp gepledi.—Wah, birje çagam bolsady... belki, menem egnimden galdyrylan dek, hasratdan saplanar giderin...
—Çaga bilen gaýgyňy unudaryn öýtseň, sen onuň aladasyny etme! Geregiň çaga bolsun!—diýip, Sura daýza Sadabyň göwnüni galkyndyrdy. Ol ýene-de nämedir bir zatlar diýjek boldy. Ýöne özi üçinem ile goşulmaga bir umyt uçgunynyň döränine begenen Sadap onuň sözlerini böldi:
—Çynyňmy, Sura daýza?!
Sura daýza uludan dem aldy:
—Çynym, Sadap jan, çynym... Görsene bu dünýäniň oýnuny... Kimler-ä çaga zar, kimler bolsa öz perzendinden bizar! Eşider bolsaň, Sadap jan, meniň işleýän bäbekhanamda her hili bela-beter bolup geçýär. Hut özleri dogrup, «Çaga gerek däl!» diýip, elleri bilen arza ýazyp, çagasyny taşlap gidýänlerem düşýä bize!
—Hih!—edip, bu habara Sadap ýylan gören dik bolup, içini çekdi. Soňam ýakasyna tüýkürdi.—Daş edewersin! Hakyt, öz çagalaryny taşlaýýalarmy?!
—Hawa...taşlaýalar... Kä wagt bolsa daňdanlar bäbekhananyň agzynda jägildäp ýatan gundaglyja bäbegem tapýarys!
Sadap zol ýakasyna tüýkürdi:
—Daş edewersin! Daş edewersin! Soň olary näme edýäňiz, Sura daýza?
—Birneme ulaldyp, çagalar öýüne tabşyrýarys. Gerek diýen adama şol ýerde dokumentlerini düzedip berýärisem!
Sadap dilinden sözleriň nähili sypanyny duýman galdy.
—Onda... Maňa-da şolaryň birini äberäý, Sura daýza!
Şu sözleri diýende Sadabyň ýüregi gopup gitdi. Özem şeýle bir begenýärdi, şeýle bir howlugýardy welin, göz açyp-ýumasy salymyň içinde «Sura daýza bir «ýok» diýäýmäbilseýdir» diýip, içinden pikir öwürdi. Eger çaga alyp bilse, Sylabyň hem begenjekdigine ýüregi böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. Ikisine ümmüldeşmäge bir güýmenje tapyljakdygyna begenýärdi.
—Hökman äbererin. Geregiň çaga bolsun!—diýip, Sura daýza sözüni nygtady. Soňam gamgyn gepledi.—Menem Timur jany şeýdip alypdym... Ýöne hiç kime aýdan däldirin, Sadap... Diňe saňa aýdýan...
Sadap Sura daýzanyň bu habaryna diýseň geň galdy.
—Timur, asyl, seniň öz ogluň dälmidi?—diýip, ol gözlerini tegeläp sorady. Hem özüniň Sura daýzanyň ykbalyna gynanýanyny mälim etdi.—Wah-eý... Sende-de hasrat-a bar eken, Sura daýza...
—Şu dünede hasratsyz-aladasyz adam bir barmyka beri!—diýip, Sura daýza agraslyk bilen sözüni dowam etdi. —Alik uruşdan dolanmansoň, başga kişä gitmäge-hä ýüregim etmedi. Ýeke gezip ýörmäýin diýdim-de... aldym Timur jany... Adam pahyra höwür gerek ahyry! Hatda özüniň alnan çagalygyny onuň özem bilenok... Men ony şeýdip sakladym...
—Menem hökman şeýderin...—diýip, Sadap pyşyrdady. Özem şu pursat özüniň ýylgyn pür ýygyp gelen pursatyny ýatlady. Özüniň ýaraman oturanyny eltisi Jereniň başga zada ýormasyna şol wagt gahary gelenem bolsa, häzir begendi. «Şol wagtky ýagdaýymy ol ile her hili edip aýdar. Onsoň, çagany bärden eltsemem, bäbekhanadan alnanlygyny hiç kim pikir etmez» diýip oýlandy. Onuň içki pikirini duýan dek, Sura daýza-da:
—Toý tutan wagtyňyzdan hasaplarys-da, çaganyň hut bolmaly wagtyny kesgitläp alarys bäbegi. Hiç kimem bilmez!—diýdi.
Ine, şeýdip, Sadabyň ýüreginde berç bolan hasrat buzy çözülip ugrady. Ýöne ýene bir alada bardy. Bäbekhanadan çaga alynmagyna Sylabyň nähili garajagy belli däldi. Özem ýagdaýy oňa diňe Sadap aýtmalydy. Öz ýagdaýyndan Sura daýzanyň-da habarlydygyny biläýse, ýigidiň nähili harasat gopdurjagy belli däldi.
Sadap Sylabyň ýanynda çagaly gürrüňi nähili gozgajagyny bilmän, kän ýaýdanyp gezdi. Ahyry bir gün agşamlyk çaý başynda ýüregini bire baglap söz açdy:
—Men Sura daýza ýagdaýymy aýtdym, Sylap—diýip, pessaý gepläp başlady.
Sylabyň ýüzi gamaşdy. Gözleri ulaldy. Ol özüniň syry açylandyr öýdüp alada galdy. Tolgunmadanmy, gahardanmy, saňňyl-saňňyl etdi. Birbada gepläbem bilmedi.
Sadap Sylabyň gaharynyň gelenini aňyp, ýene günäni özüne syrykdyrdy:
—Men oňa: «Menden çaga bolanok, aýal doktory bolmazam diýýä» diýdim.
Şu sözlerden soň Sylabyň ýüzi birneme açyldy. Uludan dem alyp:
—Şeýlemi?—diýip, agras seslendi. Gözleri ýerine geldi.—Oňa beýle zatlar aýtmak hökmanam däl eken, Sadap...—diýibem, sesine gahar çaýyp gepledi.
—O näme üçin hökman däl?—diýip, Sadap Sylap çaga alynmagyna razylyk bermez öýdüp darygyp gepledi. —Akylly-başly adam... Maslahat berse, gowy ahyry!
Sylap uludan dem alyp gepledi.
—Durmuşy maslahat bilen düzedip bolaýarmyka?!
—Wiý, näme bolman!—diýip, Sadap ynamly gepledi.—Hana, Sura daýza şeýle bir gowy maslahat berdi... Men-ä indi bizem hökman ile goşularys diýip pikir edýärin, Sylap! Bilýäňmi, ol bize nähili kömek etjek diýýä!
Sylap sesini çykarmady-da, «Aýdyber, diňleýän» diýen terzde Sadabyň ýüzüne seretdi. Sadap begenjini mälim etdi:
—Bize çaga äberjek diýýä, Sylap!
Şu sözi aýdandan soň, Sadap Sylap hem şatlykdan guş bolup uçaýarmyka öýdüp pikir etdi. Ýöne beýle bolmady. Sylap arkasyny diwara berip pikire batdy. Sadaba sowal bilen ýüzlendi:
—Enesiz çagany eklemek eýgerdermikä?!
Dogrusy, Sadap öň bu hakda oýlanmandy. Çagaly bolmagyň höwesine teşneligi oňa kynçylyk hakda pikir etmäge maý berenokdy. Ol Sylabyň bu zatlar hakda başdan pikir edişine haýranlar galdy. Özem: «Dogrudanam, ony nähili saklap bileris, ene süýdüniň ýerine bäbege näme bererkäk?» diýip alada galyp oýlandy. Ýene serini aladalar gaplady. Gaýdyp sesini çykarmady. Ara dymyşlyk düşdi.
Birhaýukdan soň Sylap ümsümligi bozdy.
—Çaga almagy beýle höwes edýän bolsaň, al, Sadap. Ýöne gowuja pikirlen! Çaga bilen oýun edip bolmaz! Soňky gün aýagyňa duşak bolar öýtmeseň, kyn bolar öýtmeseň, orta ýolda namartlamajagyňa gözüň ýetse... al!
Sylabyň «namartlamajagyňa» diýen sözi Sadaba ýaramady. «Näme üçin beý diýýäň? Men näme namartmy?» diýip, oňa igenäesem geldi. Birdenem özüniň ilk-ä ýigidiň üstüne özüni atalap, soňundanam onuň hasratyny çekişmäniň ýerine namartlyk edip, ondan öýkelän bolup ýörşüni ýatlady. «Belki, Sylap häzirem meniň hut şu häsiýetimi göz öňünde tutup diýýändir» diýip pikir öwürdi. Ertire-de howlugyp, Sura daýzanyň ýanyna gitdi. Sura daýza heniz ýatman eken.
—Sura daýza, bäbejigi oba äkitsem, nädip eklärin?! Ýa-da birine emdirtmeli bolarmyka?!—diýip, Sadap gapydan girip-girmänkä gözlerini ýaşlap, aladaly gepledi.—Maňa mydama bir gaýgy tapylyp dur...
—Bu samsyjagyň gaýgy edip ýören zadyna serediň-ä!—diýip, Sura daýza gözlerini ýaşlap duran Sadaba seredip ýylgyrdy.—Heý, şoňňam bir aladasyny ederlermi! Bu wagt hezillik-le, hemme zat bar. Käbir gelinler-ä hut özleri dogrubam, çagasyna ene süýdüni berenoklar. «Malyş», «Malýutka» doly ahyry! Onsoňam, birazajyk nabat gant garyp gaýnadagada, sygyr süýdünem beribermeli!
—Şeýlemi!—diýip, Sadap ýene çykalga tapylanyna begenjini gizläp bilmän seslendi.—Beýle bolsa, bolýa-la!
Sura daýza ony ýene begendirdi:
—Bir ýyl bärde boljak bolsaňyz, çaga menem esli wagt seredişerin. Dört-bäş aý geçensoň bolsa, oňa sygyr süýdüni göni beriberseňem bor. Kaşajyk berip başlarsyň. Suwluja naharjyk ýaladyp ugrarsyň!
Sura daýza ilki bilen Sadaby bäbekhana pol süpürijilige işe saldy. Sadap täze dünýä inenleriň arasynda bolup görýärdi. Bäbejikleriň gundalyşyna, iýmitlendirilişine seredýärdi. Ýaz aýlarynyň birinde bolsa, Sura daýza Sadaba-da bäbek alyp berdi. Özem birem däl, iki. Biri ogul, biri gyzjagaz.Olaryň ikisinem hut öz ejeleri «Gerek däl» diýip, hat ýazyp goýup gidipdirler. Çagajyklar diýseň eýjejik, gowujadylar. Ikisiniňem şar garaja saçlary bardy. Özlerem buýraja saçlyjady. Garaýagyzjadylar. «Saçlarynyň buýralygy Sylabyň saçlaryna-da çalym edip dur» diýip, Sadap çagalardan özlerine çalymdaşlyk gözläp pikir öwürdi. Jereniň bir zatlar diýip, ýene özlerine dil ýetirerinden heder etdi. Şeýle hem ol şeýle eýjejik zatlary taşlap gidenler hakda haýran galyp oýlanýardy. «Nädip dözdükäler!» diýip, zol içini gepledip, olar hakda pikire batýardy.
Oglanjygyň adyna Maksat, gyzjagazyň adyna Arzuw goýdular.
Sura daýza çagalary Sylap dagynyň adyna geçirden güni oba telegramma berdi. Telegrammada: «Ekiz agtygyňyz boldy» diýip ýazdy. Şol günüň ertesi Gurban agadan-da telegramma geldi. Ol Sylapdan «Kömek üçin ejeňi ibereýinmi, men baraýynmy?» diýip soraýardy. «Begençden aglaşdyk» diýip ýazýardy. Telegramma Sylap hem bozulyp, gözlerini ýaşlady. Sadap bolsa hem-ä özleriniň çagaly bolanyna garrylaryň begenenligine tolgunyp, hem olary aldaýandyklary üçin wyždanyň azabyna döz getirip bilmän aglady...
Sylap kakasyna: «Hijiňiz gelip oturmaň. Sura daýza kömekleşýä» diýip, telegramma iberdi. Şeýle-de bolsa, aradan iküç gün geçirmän, Gurban aga geldi. Ol ýany bilen süýtli külçemidir, gowurdakmydyr, balmydyr... zat barynam getirdi. Tas ähli zat bulaşypdy. Bolsa-da, Gurban aga gelen çagy Sadap işdedi. Şeýle bolansoň, tä ýaşuly gidýänçä, oňa kän görünmezligi tabşyrdylar. Sura daýzanyň hemaýaty bilen ol birki gije nobatçylyk edýän doktor gyzlaryň ýanynda bolmaly boldy. Sura daýza çagasy bolan gelniň yzyndan türkmeniň ýaşulusynyň barmaýandygyny bilýärdi.
Sadap, hakykatdanam, hut öz oglunyň çagasy bolandyr öýdüp, uzak ýol söküp gelen gaýynatasyny özleriniň aldaýanyna gynanyp, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Zol aglaýardy. Käte hem: «Men onuň ogluny ile goşýan ahyry!» diýip, kimdir birine hasabat berýän ýaly, pyşyrdap, öz-özi gürleşýärdi, öz göwnüne teselli berýärdi.
Gurban aga yzyna basym köwlendi. Şeýle-de bolsa, Sura daýza çagalar özlerini gowuja tutýança, olary bäbekhanadan çykarmady. Ýagdaýa belet doktorlaryň bary bäbeklere yhlas bilen seretdiler. Öwrenişmek üçin olaryň ýanyna Sadaby-da häli-şindi goýberýärdiler.
Sadap kynçylygy bäbekler öe getirilenden soň gördi. Çagany ulaldaýmak bäbekhanada käte bir ýanlaryna baryp gaýdanyň ýaly däl eken. Sadabyň dik oturyp çykýan gijeleri kän bolýardy. «Wah, näme üçin aldymkam?» diýip, häli-şindi içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. Biri-birinden beter jägildeşip, özüni ukudan, nahar-çaýdan goýýan körpejelere gahary gelýärdi. Ýöne Sylabyň «Namartlaýaňmy?» diýen gyjalatyny eşitmejek bolup, sesini çykarman çyam edýärdi. Onuň çyn eneligiň nämeligini bilmeýän gyz ýüregi gyzyleteneje zatlara kän bir imrigibermeýärdi. «Nädip ogşasy gelýärkä?» diýip, bäbekliginden çagasyny şapbyldadyp ýören eltisi Jeren hakda pikir öwürýärdi. «Ýa-da çaga diňe öz bagryňdan önende süýji bolýarmyka? Ýa-da men doňýürek diýilýänlerdenmikäm?» diýip, zol içini gepledýärdi.
Bäbejikleri Sylap diýseň gowy gördi. Ol öe geldigi olary gezegine eline alýardy. Jägildiden başga zady bilmeýän adamjyklara gep goşýardy. Kişüwleýärdi. Gijelerine Sadaba dynman kömekleşýärdi. Bäbekleriň süýtlerini taýýarlaşýardy. Käteler Sadaba «Sen ukyňy al» diýip, daňa çenli hut özi dik oturyp çykýardy.
Sura daýza-da kömegini gaýgyrmady. Garaz, şeýdip, olar Sylabyň okuw möhleti tamamlanansoň, oba dolanyp geldiler.
Sabyr daýzadyr Gurban aga agtyklary üçin uly toý tutdy.
***
Bäbekler Jerene iş boldy. Ol ilk-ä: «Näme üçin emdireňok?» diýip, Sadaba gün bermedi. Onuň her bir sözünden, her hereketinden many ogurlajak bolýardy. Sadap Jerene kän ýüz berenokdy. Oňa içýakgyç jogap berýärdi.
—Emdiresim gelenok!—diýip, onuň has gyzyklanýan sowalyna-da ibaly jogap bermedi.
—Bular kime meňzeýäler, gyz?—diýip, Jerenem irginsizligini bes etmän, gep gözlemesini dowam edýärdi.—Saňa-ha meňzänok bular.
Sadap ýene ony sylaman gepledi:
—Sen bir işsiz adam, elti baý. Üstesine-de, dünede bilmeýän zadyň ýok. Serediber köpräk. Ahyry bilersiň kime meňzeýänini.
Sadapdan ibaly zat eşitmänsoň, Jeren ýene eltisine ýagy boldy. Obada Sadap hakyndaky gürrüňler köpelmese, azalanokdy:
—Şatdyldap, iş edişi dagam çaga dograna meňzänok, gyz, onuň.
—Göwresem-ä ýarsmandyr. Gelin bolup, çaga dogranyň ýüzi dagam tegelenibermeýänmidir, gyz! Onuň bolsa, şol öňküje ýüzi. Ýüzüniň gaýmagam bozulmandyr, gyz, onuň. Tüýs gyzyň ýüzi!
Ine, şeýle gürrüňler ondan-oňa at salýardy.
Ilde nähili gep-gürrüň bolsa-da, maşgalada durmuş dowam edýärdi. Sabyr daýzadyr Gurban aga bäbekleri Sadabyň eline ýetirenokdylar. Bilbil hem seredişýärdi. Baba aga pensiýa gidensoň, Sylaby kolhoza başlyk bellediler. Onuň indi öňki keýpsiz ýüzi ýokdy. Geldigi çagalar bilendi. Olary ýerde goýanokdy. Sadabam gowy görýärdi. Häli-şindi: «Näme getirmeli, Sadap? Näme ýetmeziň bar?» diýip, soraýardy. Wagty bolan çagy Sadabyň çaýyna çenli demleşip, saçak-suprasyna çenli ýygnaşýardy. Gijeler üsti açyk galsa, üstüne ýorganyny çekip berýärdi. Ýerine çenli ýazyşýardy.
Sadabyň hem göwni öňküleri ýaly çökgün däldi. Ol hem indi ile goşulypdy. Ogully-gyzly bolupdy. Özem: «Indi il-günem menden gepini birneme çeker» diýip pikir edýärdi.
Ol häli-şindi öz ykbalyna meňzeş ykbally gelin hakdaky kitaby ýatlaýardy. Oturyp-oturyp öýüni bozan ýigidiň ykbalyna gynanýardy. «Olaram şeýdip çaga alaýmaly eken. Ýa-da ol ýigit beýle bolaryny islemedimikä? Gelniň hut özünden çaga önerini isledimikä?» diýip, mydama oýlanýardy. Öz sowallaryna jogap berip bilenokdy. Pikirlerini aýlap-öwrübem Sylaba syrykdyrýardy. Sylabyň yzynyň şol, Sadabyň Sura daýzadan alyp okan kitabyndaky ýigidiňki ýaly bolup tozmazlygyna özüniň sebäp bolanlygyna, indi Sylabyň-da yzynda nesilleriň dowam etjekdigine begenýärdi.
Ilki-ilkiler Maksat bilen Arzuwjyk dil çykaryp, özüne «Eje» diýende, Sadaba diýseň ýokuş degýärdi. Birhili tisginip gidýärdi. Ýöne soňabaka ol özüne «Eje» diýilmesine-de öwrenişdi. Hernäme-de bolsa, nämüçindir, çagalar oňa amanat ýaly bolup durdy. Ahyry bir gün olary kimdir birine eltip beräýmeli ýaly bolup durdy. Kimdir biri gelip, olar üçin dawa edäýjek ýaly duýulýardy. Üstesine-de, olaryň ikisem, köplenç, Sabyr daýzanyň ýanynda bolansoň, Sadap çagalara imrikmesini kesip barýardy.
Çagalar ese-boýa galyp, aladalar azalansoň, Sadap ýene kolhoz işine gidip başlady. Gowaça otagy döwrüdi. Günler biri-birine meňzäp geçip durdy. Sylabyň kolhozy otagy ir tamamlady. Şeýle bolansoň, olary goňşy kolhoza kömege ibermekçi boldular.
—Goňşular gowaçalaryny halys ota basdyrypdyrlar—diýip, meýdan düşelgede bolup geçen gysgajyk ýygnakda kolhozyň başlygy Sylap Gurbanowiç (indi oňa şeý diýip ýüzlenýärdiler) ýagdaýy mälim etdi.—Elbetde, dynç alasy gelýänler, öz kolhozymyzyň işi başlaýança, biraz öýlerinde dynç alsalar-da bor. Goňşy kolhoza gitmek islege görä. Ýöne, hernäme-de bolsa, kömekden ýüz öwrülmese gowy.
Goňşy kolhoza kömege gitmäge döwtalaplar köp boldy. Onuň öz sebäbi bardy. Ol kolhozyň ähli gowaça meýdanlary raýon merkeziniň töweregini halkalap otyrdy. «Goňşy kolhozyň gyzlary suwsasalar, raýon merkezine baryp, gazly suw içip gelýämişler. Gowuja kino bolsa-da, işlerini taşlap ötägidýämişler» diýen gürrüň häli-şindi eşidilýärdi. Kolhozçy gyzlaryň köpüsi goňşy kolhozyň gyzlarynyň şojagaz endiklerine höwes edýärdiler. «Bizem şähere gideris» diýşip, diriň-diriň bökýänlerem bardy.
Sylap: «Sen gal-da, dynç alaý» diýse-de, Sadap hem goňşy kolhoza kömege şaýlandy. Onuň öýde ýüregi gysýardy. Iş, köpçülik, hernäme-de bolsa, gowudy. Göwni açylýardy.
Her gün daň saz berenden, obanyň gaýrasyndaky zeýkeşiň ýanyna üýşmeli edildi. Kolhozçy gelin-gyzlary äkitmek üçin maşynam goňşy kolhozyň özi ibermelidi.
Ilkinji bolup gelen maşynyň şofýoryny turuwbaşdan Sadabyň ýüregi almady. Gözleri içine çöküp duran, gowkurak aýaklaryny süýräp ýöreýän orta ýaşlaryndaky şofýor maşynyň badyny saklandan, garaşyp durany bar ýaly, kabinadan atylyp çykdy. Aýaklaryny gowkardyp, çeträge baryp durdy. Çilim otlandy. Soňam uly gykylyk bolup maşyna münýän gyzlara syn salmaga durdy. Özem bijesi çykan dek bolup, birsyhly ýylgyrýardy.
Sadap şofýoryň bolup durşuny halamady. «Oturybermese bolmaýamyka kabinasynda sokulyp!» diýip, gahar bilen içini gepletdi. Her gyz maşynyň ýokarsyna galyp, kuzowa aýagyny atmakçy bolanda, öz-özi utanyp, ýere girip bilenokdy. «Aýyp dälmikä, şeýdip gyz-gelinleriň aýaklaryna seredip durmak!» diýip, hatda birki gezek eşidiler-eşidilmez hüňürdäbem çykdy. Ýöne şofýor ýa-ha onuň hüňürdisini, alarmasyny duýanokdy, ýa-da duýmazlyga salýardy. Çilimini soran bolup durdy.
«Men-ä şu nejis ýerine geçäýmese, münmen şuňa aýagymy görkezip» diýip pikir öwürdi-de, Sadap birneme yza çekildi. Paýlaşykdan galyp barýan dek, gykuwlaşyp, maşyna dyrmaşýanlara ýol berdi. Şeýdibem, ol iliň soňuna galdy. Oňa maşynyň üstünde ýerem galmady. Gyz-gelinler urlup dykylan ýaly bolşup, biri-birine gysylyşyp otyrdylar.
—Sen indi kabina münäý, gelneje—diýip, iň öňde dik duran gyzlar Sadaba gygyrdylar.—Dik durup gidäýmesek, bize-de ýer ýok.
Şofýor çekip gutaran çiliminiň düýbüni ýere taşlansoň, dik duran gyzlara ýüzlendi:
—Bize gidilende, dik durmak bolmyýa, oturyň-oturyň! Siziňki ýaly obaçylykdan gitmeli däl, hol asfaltdan ýöremeli. Ýolda awtoinspektor bar! Oturyň!
Şundan soň maşynyň üstünde ýene jagyl-da-jugullyk köpeldi. «Süýş-de-süýş» boluşdylar. «Depämde oturýaň-da, aýagymy basýaň» diýşip gygyryşdylar. Sadap özüne ýokardan ýer tapylmajakdygyna göz ýetirdi.
—Galanlary äkitmek üçin maşyn ýene bir geljek!—diýip, şofýor ýene gygyryp gepledi. —Sygmaýanyňyz düşäýiň bolmasa. Ýene geljek köpmi?
—Gelerler!—diýşip, ýokardan gyzlar gygyryşdylar. —Ýöne biz-ä düşjek däl indi. Bir münemizsoň, gitjek!
—A gelin, sen näme galmakçymy?—diýip, soňra şofýor Sadaba ýüzlendi. —Er ýok bolsa, kabina münäý, iýesim ýok. Galma-da joralaňdan!
—Wiý, gelneje! Galma-da bizden!—diýşip, ýokardan gyzlaram Sadaba gygyrdylar.—Ýaş gyz däl-le. Münäýsene kabina!
Sadap gözüne ýigrenji görnen şofýoryň ýanyna hernäçe münesi gelmese-de, bir özi ilden saýlanyp galmazlyk üçin öňe ýöredi. Şofýor çalasynlyk bilen baryp, oňa kabinanyň gapysyny açyp berdi. Sadap münensoň, gapyny ýapdy-da, özi beýleki tarapdan ýerine atyldy.
Maşyn öňe ýöredi. Şähere gidilýän uly asfalt ýola çykylandan soň, şofýor maşynyň badyny artdyrdy. Säheriň mylaýym şemaly Sadabyň ýüzüni sypap-sypap, zülplerini galgadýardy. Keýpini göterýärdi.
—Meniň adym-a Bähbit—diýip, ýolda şofýor Sadaba gep goşdy.—Size kim diýýäler?
Sadap oňa adyny aýtmady. Gaýtam onuň özüne gep goşmasyna gahary geldi. Halys geplemän oturmaýyn diýen pikir bilenem agras dillendi:
—Adymy beýle bilesiň gelýän bolsa, eşider ýörersiň-dä...
Şofýor gaýdyp sesini çykarmady. Hut şähere degip duran gowaçaly kartalaryň ýanyna barybam, maşynyň badyny saklady. Iki sany erkek kişi goňşy kolhozdan gelýänlere garaşyp dur eken. Erkek kişileriň biri tokgarak, ýaşuly adamdy, birem uzyn boýly ýaş ýigitdi. «Brigadir bilen zwenomyka?» diýip, Sadap içini gepletdi. Erkek kişiler kabinada oturanlygy üçinmi-nämemi, Sadaba has içgin seredişdiler. «Geňleýämikäler?!» diýip, Sadap uly alada galdy. Soňam: «Geňläp geçsinler, bilgeşlän-ä münemok» diýip, içini gepletdi-de, özüni birneme ele aldy.
Bu ýerde atyzlary otuň basyşy diýlendenem bäş beter eken. Misli pellere gowaça däl-de, ot ekilen ýalydy.
Özlerine garaşyp duran erkek kişiler hakda Sadap dogry pikir öwren eken. Olaryň tokgarak görünýän ýaşulusy brigadir, uzyn boýly ýaş ýigit bolsa, zwenowod bolup çykdy.
—Sag-aman geldiňizmi?—diýip, ýaşuly brigadir gelin-gyzlara ýüzlendi.—Meniň adym-a Keşşik aga diýýäler. Bi-de zwenämiz Pirli.—Şeý diýip, Keşşik aga gapdalynda duran ýaş ýigide tarap elini salgap goýberdi.—Näme gerek-ýaragyňyz bolsa, soraberiň. Gaýrat edip, şü otlary bir ýygşyň bakaly... Arasynda Pirli sizi gazly suw içmäge-de äkider. Ýöne soň biziň gyzlarymyz ýaly bütin günüňizi suw satýan budkaň ýanynda geçiräýmäň!
Keşşik aganyň bu sözlerine hemmeler gyzyl-gyran gülüşdiler. Birden Sadabyň gözleri çetde duran Bähbit şofýora sataşdy. Ol birsyhly ýylgyryp, Sadaba seredýärdi. Onuň bolşuna Sadabyň ýüregi jigläp gitdi. «Waý-eý, o nejisi, gyz. Menden gözüni aýranok, nireden münäýipdirin ýanyna» diýip içini gepletdi.
Keşşik aga ilki gyz-gelinleriň hersine aýratyn paý bölüp berdi. Soňra Bähbidiň maşynyna mündi-de, nirädir bir ýerik gitdi. Pirli bolsa gyzlaryň ýanynda galdy.
Bähbit birhaýukdan soň ýene bir maşyn gyz-gelin alyp geldi. Soň ýene gitdi.
Günortan arakesmä çykylmazdan öň, gyzlar Pirliniň daşyna geçdiler:
—Gazly suw içmäge äkit-dä!
Pirli razy boldy. Goş-golamlaryň arasynda biri galmalydy. Ýöne ýaşlygyň sarç at kimin duýgusyna püre-pür göwünli gyz-gelinleriň hiç birisiniňem garawullyga galasy gelenokdy. Galmak gezegi ýene Sadaba ýetdi. «Saňa suwy termosda getireli, gelneje jan» diýşip, gyzlar özelenişip ýalbardylar. Il ugruna «gidäeýin» diýäýmese, Sadabyň çöken göwni şähere galkynybam duranokdy. Şeýle bolansoň, ol garawul bolmaga razy boldy.
Günler her gün şeýdip, gaýtalanyp geçip durdy. Gyzlar her gün arakesmede şähere gazly suw içmäge gidýärdiler. Sadap bolsa goşlara garawul galýardy. Bir günem gyzlar: «Şähere hindi kino gelenmiş, özem iki seriýalymyş» diýşip böküşdiler. Pirlini gününe goýman, arakesmede kino gitdiler.
Gyzlary arakesmä alyp gitmäge gelen Bähbidiň maşynyna diňe Sadap münmelidi.
—Gyzlar gelmese, menem şu ýerde garbanyp oňaýaryn. Bir meň üçin benzin harçlap ýörme—diýip, Sadap Bähbide ýüzlendi.—Sen öýüňe gidiber.
—Iki seriýaly kino haçan gutarar öýdýäň sen!—diýip, Bähbit Sadaby makullamady.—Benziniň aladasyny etme. Ýör, gitseň-ä äkideýin öýüňe. Bir özüň üçe çenli oturjakmy gugaryp!
Sadap üçin ýat kolhozyň meýdanynda ýeke oturmagam gelşiksizdi, bir özi maşyna münüp, oba gitse-de. Ol pikirlendi-pikirlendi-de, gitmezligi ýüregine düwdi. «Gyzlaryň kino gidenini bilse, hossarlaryň halajagy bardyr, halamajagy bardyr, birden goha sebäp bolaýmaýyn» diýen netijä gelibem:
—Men-ä, her zadam bolsa, galmakçy, Bähbit, oba ýeke barsam, halamazlar!—diýdi.
—Beýle bolsa, halanyňy et—diýip, Bähbit bir çete özüni goýberdi-de, dynç almaga oturdy.—Isleseň, biziňkä äkideýin. Öýümiz-ä ýakynjak.
—Wiý, daş etsin, siziňkide nä körüm bar—diýip, Sadap onuň bu sözüne ör-gökden geldi.
—Aý, ýöne... Çaý-çörek iýip gaýtsaň diýýän-dä—diýip, Bähbit onuň ör-gökden gelmesini halaman gepledi.—Aýalym-a ýok, gorkma. Bir garryja ejem bar, birki sanam çagam.
—Hä, aýalyňa näme boldy?—diýip, Sadap gürrüňi dowam etdirdi.
—Ýogaldy...
Şeý diýip, Bähbit başyny aşak salyp, uludan dem aldy.
—Wiý, görgüli, imany hemra bolsun!—diýip, Sadap ýuwaşja dillendi.
Birhaýuk oturansoň, Bähbit ýene Sadaba ýüzlendi:
—Seň adamyň barmy?
—Bar!—diýip, Sadap buýsançly gepledi.—Oglum, gyzymam bar!
—Goýsan-aýt!—diýip, seslendi-de, Bähbit aňk bolup, Sadaba seretdi.—Seniň ýüz-keşbiň-ä çagala meňzeş däl!
Sadap: «Bu-da meň ýagdaýym hakda eşidäýdimikä?» diýip, alada galyp oýlandy. Soňam:
—Näme, çagalynyň keşbi üýtgeşik bolýamyşmy!—diýip, gaşlaryny çytyp hüňürdedi.
—Hawa, üýtgeşik bolýa—diýip, Bähbit erjellik bilen sözüni dowam etdi.—Çagasy bolan aýallaň ýüzi gyz wagtyndakysyndan könelýä, solýa. Seniň ýüzüň bolsa, tüýs gyzyň ýüzi. Gaýmak çalnan ýaly.
—Waý-eý, daş etsin!—diýip, Sadap içini çekdi.—Bolşuň nähili seň! Iliň aýalynyň ýüzüne beýdip, içgin seredip ýörmezler, utanaňokmy?!
Bähbit ötünç soramadan geçen, gaýtam onuň has ýakynyna süýşdi. Sesini endiredip gepledi:
—Seni ilki gören pursadymdan ýüregim gopup gitdi. «Hudaýym, dul bolaýbilseýdir» diýip pikir etdim. O diýenim-ä çykmady.
Bähbidiň bolşuna Sadabyň gahary geldi.
—Seň bolşuň nähili!—diýip, sesini gataltdy.—Hany, ýok bol şu ýerden! Şojagaz sözlerini ýetirmeli adama ýetiräýsem, gözüň nirede açdyryljagyny bilýäňmi sen! Sen meniň kimiň aýalydygymy bir bilýäňmi!
—Kimiň aýaly bolsaň, şoňky bol! Gözümi nirede açdyrsaň, şonda açdyr!—diýip, Bähbit pälinden gaýtmajagyny duýdurdy. Sadaba has ýakyn baryp, onuň goşarlaryndan tutdy.
—Gabyr bol diýýän saňa!—diýip, Sadap bu gezek sesini has gataltdy. Goşarlaryny çekip almak isledi. Ýöne Bähbidiň äpet güýjünden ejiz geldi. Bähbit onuň çepiksije göwresini çekip aldy-da, bagryna basdy. Ençe gün bäri sakgaly syrylmadygy mese-mälim bildirip duran eňegini Sadabyň ýüz-gözüne oýkamaga durdy.
Sadap erkek kişiniň demine ömründe ilkinji gezek düşüp görýärdi. Ol bu garaşylmadyk ýagdaýdan nädip baş alyp çykjagyny bilmedi. Gahary dälilik hetdine ýetdi. Hem aljyraýardy. Güýjüniň ýetdiginden Bähbidiň çem gelen ýerine urmaga durdy. Ahyry hem ondan sypdy. Şol wagt eline ilenem çaýly termos boldy. Sadap termosy bat bilen galdyryp, Bähbidiň ýüzi kessir oklap goýberdi. Termosyň içindäki aýna gap pagşyldap ses etdi-de, döwüldi. Agzyndan gaýnag suw çogup, Bähbidiň üst-başyny göz-gülban etdi. Sadap birden öňe atyldy-da, kartanyň içi bilen ümdüzine tutdurdy. Ep-esli ara geçensoň, yzyna gaňrylyp seretdi. Bähbit öňki duran ýerinde sadylla bolup durdy.
Sadap özüni ýere goýberdi. Ilki kemsinmekden ýaňa ses edip aglady. Soň bolsa özüni üýtgeşik duýga aldyrdy. Ýap-ýaňyja bolup geçen ýagdaýy göz öňüne getirip, melul boldy oturdy. Ýüzi gyzyp, ýaňaklary awuşaýardy. «Nejisiň sakgaly çyzaýdymyka?» diýip, ol awaýan ýaňaklaryny sypaşdyrdy. Gelinligiň özi üçin juda täsin hem jadyly görünýän dünýäsiniň gädiginden garap görmäge bolan höwes hem-de imrindiriji täsin duýgy ýene onuň ýüregini lerzan aldyrdy. Iki maşyn gelin-gyzyň içinden Bähbidiň ala-böle özüne syn salşyna ýüregi gopdy. Buýsançly duýgy aralaşyp, başyny badyhowa galdyrdy. Ol şeýdip, alasarmyk duýgulara özüni aldyryp, näçe oturanynam bilmedi. Birhaýukdan soň Bähbidiň maşynynyň sesine özüne geldi. Bähbit gidensoň, yzyna dolanyp geldi. Saçlaryny barmaklary bilen daraşdyryp, gyňajyny düzetdi. «Ýüz-gözüme çyzyk dagy düşen bolsa bildiräýmesin» diýip, ýaşmagyny burunlary bilen orandy.
Iýip-içibem keýpi bolmady. Tolgunmadan işdäsi bütinleý tutulypdy. Hiç kim onuň bolşuna ünsem bermedi. Gelin-gyzlar gören kinolarynyň täsirinden çykyp bilmän, öz gepleri bilen başagaýdylar.
Agşamlyk öe gaýtmaly bolanda, Sadap kabina münmezligi ýüregine düwdi. Ýöne birdenem gelin-gyzlaryň öz bolşundan üýtgeşik many gözlärinden çekinip, niýetinden el çekdi. Öňki ornuna geçdi. Bähbit ony nazary bilen iýip barýardy. Ol sesini endiredip, ýuwaşlyk bilen ýene Sadabyň uguny ýekeledi:
—Seni halys gowy göremsoň, özüme erk edip bilmedim-dä, bagyşla, Sadap!
Sadap sesini çykarmady. Bähbide nazar aýlap goýberdi. Ýöne onuň gözlerine uzak bakyp bilmedi. Bähbit oňa şeýle bir seredýärdi welin, gözleri içiňden geçerlidi. «Sylapda iň bolman şeýle bakyşam ýok» diýip, Sadap içinden öz aladasy hakda pikir öwürdi.
Gyzlar münüp bolansoň, Bähbit maşyny otlady. Ýola düşülmänkä, goş-golamly korzinkasyny gujaklap oturan Sadabyň elleriniň üstüne bir elini goýdy. Sülük barmaklary ýuwaşja sypady. Sadap onuň elini itip, ýene ýüzüni almak isledi. Ýöne näme üçindir bu gezek başarmady. Bu boluş gaýtam gyzyň mähre teşne ýüregini gobsundyrdy. Ýürek jigläp-jigläp gidýärdi. Öňki gezek tagaşyksyz görnen Bähbidiň ellerinde ol mähir duýdy. Tä özi aýyrýança, onuň elini itmedi.
—Saňa näme üçin öýlenmänkäm duşmadymkam!—diýip, ondan elini aýransoň, uludan dem alyp, rula ýapyşdy.
Onuň bu sözleri söýgüden köräp duran gyz ýüregine ýag damdyrylan ýaly boldy. Sadabyň ýüreginde söýgi ody lowlap ýanmaga başlady. Ol gyzy ýakyp-ýandyryp barýardy. Gijeler düýşüne Bähbit girýärdi. Bir çüňkde düýrlenip ýatan Sylaba bolan ýigrenç gün-günden güýjeýärdi. Göze uky gelenokdy. Işdäler tutulýardy. Şu pursat Sadap Sylabyň-da özüni Sura daýzadan alyp okan kitabyndaky ýigidiň öz gelnini urup-urup gidirişi ýaly, gidirerini isleýärdi. «Şo düýrlenip ýatyşyňa janyň çykaýbilseýdir» diýip, ol indi içinden Sylaba gargynybam başlady. «Erkek däl-ä bi. Tüýs heleý-dä, heleý... Ömrümi ýakaýdy» diýip, öz-özi bilen gepleşýärdi. «Munuň şeýle bolup döränine men günäkärmi näme! Näme muň üçin men ile meňzeş bolup ýaşamaly dälmişimmi! Näme muň üçin gül ömrümi kül edip! Muň üçin iliň görenini görmän ötmelimi men!» diýip, kimdir birine hasabat berýän ýaly, dodaklaryny müňküldedip pyşyrdaýardy. Birdenem onuň ýadyna Sura daýza düşýärdi. Birje hepdelik gelinliginden başga kişä gitmän oturan zenan onuň bu bolşuny eşidäýse, geňlejek ýalydy. Sadap Sura daýzanyň ýanynda-da özüni aklamaga bahana tapdy. «Ol, her näme-de bolsa, gelinligiň nämedigini bilýär. Ol adamsyna aýal bolup ýaşan adam. Ony şol gatnaşyk saklaýandyr». Sadap Sylaby birden zyňyp gidibermäniňem tärini tapmady. «Ýa-da Bähbit bilen ogryn gatnaşyk açaýsammykam?!» diýip pikir öwürdi. Ýöne bu pikirinem makullamady. «Biriniň duzuny iýip, dulunda ýaşap ýörkäm, beýtsem, aýyp bor!» diýip oýlandy.
Ony indi Sylabam gyzyklandyranokdy, çagalaram. Ylgaşyp, öňünden çykyp, biri-birinden öňürti jedirdeşip, nämedir bir zatlary gürrüň bermekçi bolýan Maksatjykdyr Arzuwyň gepini diňläsi gelenokdy. Sylaby görende, myrryhy tutýardy.
Bähbit bolsa ýolboýy Sadabyň kä elinden sypap, kä bilinden gujaklap, ony barha özüne imrindirýärdi.
Goňşy kolhozdan gaýdylan gün Sadap üçin ahyrzaman gopan ýaly boldy. Juda keýpsizdi. Ýolda Bähbit ýene endigi boýunça onuň elini eline aldy-da:
—Eger mende göwnüň bar bolsa, gürleşerin öýtseň, gazly suw içilýän budkanyň ýanyna geläý. Men ol ýerini her gün her sagat barlap duraryn!
Onuň bu sözleri Sadabyň gulagynda ýaňlandy durdy. Özem bu sözler ony günsaýyn çekip barýardy. Bir zatlary bahanalap, şähere gidesi gelip durdy. «Ýöne gidenimden ne peýda diýsene! Gitjek bolsam, başbütin gitmegim gerek!» diýip, ol içini gepledýärdi. Başbütin gitmäge bahana gerekdi! Bu öýde bolsa Sadabyň islegi berjaý bolara bahana bolsa ýokdy! Gaýynlary oňa: «Guzym!» diýip ýüzlenýärdi. Baldyzy Bilbil näme ýumuş buýursa, el-aýak bolup ylgap durdy. Sylap bir diýenini iki gaýtaladanokdy. Ulugyzlaryň edişi ýaly, gaçyp gidibermegem gelşiksizdi. Nije ýyllap bir öýde gelinsiräp, «çagasy boldy» adyna galyp, soňundanam äre gaçyp ötägitse, heý, bu ilde ýaşap boljakmy! Ilde-günde «Gyz gaçdy» diýen gürrüň eşidilse-de, «Gelin gaçypdyr, onda-da çagaly aýal gaçypdyr» diýen gürrüň ýok ahyry!
Onda näme etmeli?!
Bir gün bahana tapyldy. Ýene Jeren ara düşdi.
—Gyz ýaly ýelkildäp ýör, ne çagalaryňa seredýäň, ne-de öýüň biş-düşüne!—diýip, Jeren Sabyr daýza bilen sögüşip durşuna ýene Sadabyň üstünden düşdi.—Meň çagama-ha birem seredişen dälsiňiz. Onuňky näme, asmandan gapylanmyşmy?! Beýle ýere goýbermän ulaldaýjak bolýaňyz!
Şol wagt Sylap hem işden dolandy. Öe girenden Sadap onuň yzyndan girdi.
—Besdir! Şunça çydadym!—diýibem, gykylyklady.—Şonuň agzyny ýygmasaň, menden eýgilige garaşma! Şu öe gelelim bäri, ol meni günüme goýanok!
—Meni heleý dawasyna goşmasana, Sadap! Haýyş edýän!—diýip, Sylap ýadaw halda seslendi.—Ejem köşeşdirer häzir...
Sadap agzyndan sözleriň nähili sypanynam bilmedi:
—Heleý dawasy diýen bolup! Sen näme, dagy erkekmi! Heleý-ä seň özüňem! Erkekligiň çyn bolýan bolsa!..
Sylap Sadabyň sözlerini soňlatmady. Onuň nädip öz eňeginiň aşagyna dykylyp gelenini Sadap duýman galdy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ýigidiň persi üýtgedi. Gözleri gyzaryp, ýüzi duw-ak boldy. Sadap ony beýle aýylganç sypatda ilkinji gezek görýärdi. Hatda gyz entek şeýle aýylganç sypatly adama ömründe hiç wagt duşup görmändi.
Sylap kesgitli gepledi:
—Şu öýden näçe tiz gitseň, özüň üçin bähbitli bor, Sadap! Gijä galsaň, men seni öldürerin!
Şeý diýip, Sylap daşaryk ýöneldi. Sadap iki eli bilen kellesini tutup, ýylan gören dek çyrlap, gapa topuldy:
—Waý!
Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde özüni atasy öýüne atdy. Barybam gorkusyndan ýykyldy. Abat daýza bilen Myrat aga ýüzüni ak tam edip gelen Sadaby görüp aljyradylar. «Näme boldy-da, näme boldy?» diýşip, çaý-naharlaryny çete aýryp, gyzlarynyň daşyna geçdiler.
Sadap birsyhly aglaýardy:
—Maňa indi ol öe git diýmäň!
Abat daýza düwdenekläp, gudalara gitdi-de, şum habarly dolanyp geldi:
—Sylab-a: «Gelse, öldirin!» diýip otyr. Çagalaram berjekgä diýýä!
—Be... «Ere bakandan ýer gorkar» diýenleri-dä... —diýip, Myrat aga haýran galyp seslendi. —Sylapdan beýle zat çykar öýtmändik...
Iki tarapyň ýaşululary hernäçe özelenseler-de, Sadap bilen Sylapdan hiç hili söz alyp bilmediler. Üstesine-de, Sylap: «Indi şol şu gapydan gelmez!» diýip, aýak diräp durdy.
Sadap bolsa söýgi bilen gaýnap-joşup ýörşüne Sylabyň özüni gaýdyp eltmejegine iki bolup bilenokdy. «Sylaba bolan söýgim kör eken. Hakyky söýgi indi başlandy» diýip, ol özüniň maňlaýynda hem jadyly, hem täsin erteki ýaly bolup görünýän syrly ýaşaýşyň gapysyny açmak bagtynyň barlygyna begenip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Ol: «Ýüregim agyrýa, doktora gitjek» bahanasy bilen şähere şaýlandy. Özi welin, näsaga meňzänokdy. Diýseň ýeňil gopýardy. Јdimlerini ýeňil urýardy. Ol hiç bir zadyň boýun egdirip bilmejek güýjüniň—tebigatyň üýtgewsiz kanunynyň öňünde baş egmäge barýardy. Tebigatyň döreden jandarlaryna onuň ägirt hem gudratly kanunyndan gaçyp gutulma ýok. Tebigatyň baky üýtgewsiz kanunyny hiç kim, hiç bir zat üýtgedibem bilenok. Onuň öňünde hemmeler ejiz!
-
myspaser
5 years ago
- Ikinji bölüm
Јdimlerini näçe çalt urýan-da bolsa, Sadap üçin ýol önmeýän ýalydy. Gün heniz ir bolsa-da, howa yssydy. Petişdi. «Bu günem ýanjak öýdýän» diýip, Sadap maňlaýyndan syrygýan burçak-burçak deri zol-zol sylyp barşyna içinden pikir öwürýärdi. Obaçylygyň deňindäki kartalaryň gabadyna ýetende, onuň öňünden gaýynatasy Gurban aga çykdy. Ol ot getirýärdi. At ýaly daýaw mele eşegine mas ýüklän ganarynyň bir çetinden tutup, özi pyýada gelýärdi. Eşegiň yzyna Maksatjygy mündüripdir. Maksatjyk labyryny otly ganara berip, eşegiň ýüpünden tutup otyrdy. Käte hem eşegiň «hyh»-yny ýetirýärdi.
Gurban aganyň ýüzi gamaşykdy. Maksatjygyň hem keşbi ýadawdy. Ganar otdan dykylyp doldurylanlygy sebäpli, Maksatjygyň kellesi zordan görünýärdi. Şeýle-de bolsa, ol öz gabatlaryndan gelýän ejesini gördi.
—Ata! Ejem gelýä!—diýip, ýiti çaga sesi bilen gygyrdy.
Onuň Sadaby görüp, begenip gygyrýanyny-da ýa-da tötänleýin duşuşyga allaniçigsi bolup gygyrýanynam aňyp bolmady. Sebäbi çaganyň ýüzünde ne begenç alamatyndan, ne-de ýylgyryşdan nyşan bardy. Barha howry güýçlenýän Günüň ýiti tyglarynyň şöhlesiniň gözlerini gamaşdyrýanyndanmy, ýadawlykdanmy, garaz, ol gaşlaryny çytyp, gözlerini süzgekledip, eşegiň loňkuldysyna görä yranyp barýardy.
Ogly bilen gaýynatasynyň öz öňünden çykmasyna Sadabyň ýüregi jigläp gitdi. Maksadyň çirkin sesi kalbyny lerzan aldyrdy. Özem häzir onuň özüniň bu adamlary taşlap gaýdany üçin, olardan aýry ýaşaýanlygy üçin birjigem ýüregi gyýlanokdy. Gaýtam häzir olaryň öňünden çykmasy Sadaba ýokuş degdi. Basymjak olardan ara açasy geldi. Şeýle-de bolsa, Gurban aganyň deňinden başyny aşak salagada, görmedik kişi bolup geçibermäge ynsaby çatmady. Kürtdürip, gaýynatasyna tarap nazar aýlady. Ýaşmagyny has bekledi.
—Manlykmy, gelin, man-sag gezip ýörmüň!—diýip, Gurban aga eşegiň üstündäki ganary gaçyrmajak bolup, eşek bilen deň ylgaşlap barşyna gelnine gep goşdy.
Şeý diýibem, ol kürtdürjek ýalam etdi. Ýöne, nämüçindir, bat saklatmady-da, geçip gidiberdi. Eger gaýynatasy saklaýan bolsa, Sadap Maksada pyşyrdap, özüniň şäher doktoryna barýandygyny, ýüreginiň agyrýandygyny aýtjakdy.
Sadaba serede-serede Maksatjygyň boýny burlup gitdi. Ol käte öňe bakyp, eşegiň «hyh»-yny ýetirýärdi-de, ýene gaňrylyp, Sadaba tarap seredýärdi.
Olar özlerinden arany açdygysaýy Sadabyň ýüki ýeňledi. Ýüregi düşüşdi. Hatda «Nirä, näme üçin baramda näme! Saňa hasabat bermäge borçlumyşymmy men!» diýip, öz ýanyndan gaýynatasyna igendem.
Ol uly ýola çykyp, taksä el galdyrdy. Sadylla bolup kän garaşmaly boldy. Taksileriň biri saklanyp, ony mündürdi.
Eňil maşyn, hamala, Sadabyň arzuwly budka sary telwas edip, böküp duran ýüregini bilýän dek, ganat baglap uçaýjak bolýardy. Ýel bolup süýnüp barýardy. Maşynyň badyndan döreýän şemala Sadabyň zülpleri ýüzüni birgeňsi sypap-sypap goýberýärdi. Sadap töweregi synlap, arzuw kölüne batyp barşyna zülplerini ýüzünden zol aýyrýardy.
Goňşy kolhozyň ekin meýdanlary görnüp ugrady. Onda-munda kolhozçy gyz-gelinler görünýärdi. Kartalaryň töwereginde Bähbidiň uly maşyny-ha göze ilenokdy. Bu bolşa Sadabyň ýüregi höpläp, böküp gitdi. «Ol budkanyň ýanyndadyr, maňa garaşýandyr» diýip, buýsanç hem tolgunmak bilen pikir öwürdi.
Taksi ony göz açyp-ýumasy salymyň içinde arzuwly budkanyň ýanyna eltdi. Sadap elýaglygynyň burçuna düwen pulundan taksiçiniň ýetdik paýyny tölänsoň, seýkin basyp, sallanjyrap, maşyndan düşdi. Ýüzüni ýerden galdyrmaga utandy. Hamala, töwerek-daşdaky adamlaryň ählisiniň özünden habary bar ýaly, hemmeler özüni gözleri bilen iýip barýan ýaly duýuldy. Birbada synlanýan täze gelin mysaly, gabagynam galdyryp bilmedi. Budkanyň düýbüne dykylyp baransoň, biraz durup, özüni dürsedi. Ilki edil ýanyndakylaryň köwşüne tiňkesini dikdi, soň gabaklaryny galdyryp, olaryň üst-başyny synlan boldy. Asyl, görüp otursa, hiç kimiň onuň bilen işem ýok bolsa näme! Her kim öz işi-aladasy bilen ber-başagaýdy. Asyl, Sadaba tarap seredýänem ýokdy. Seredýänem käte bir bimany nazar aýlap ötüp durdy. Şundan soň Sadap hem özüni gowy dürsedi-de, gözlerini çar töwerege gezdirdi. Tanyşja uly maşyny gözledi. Ýöne Bähbidiň tanyş maşyny görnenokdy. «Alla janlarym, ýa-da ol meni oýnaýdymyka?!» diýip, Sadap howsala düşüp oýlandy. Ýüregi gysdy. Ýöne, her näme-de bolsa, biraz garaşmagy makul tapdy. Onuň üçin häzir başga halat at salýan wagt geçmeýän ýalydy. Ötüp-geçýänlerden zol sagat soraýardy. Ýöne hernäçe garaşdymmykam diýse-de, ýaňy birki minut geçen bolýardy.
Şeýdip ol kän durdy. Öz obadaşlarynyň biriniň gabat geläýmeginiň mümkinligindenem çekinýärdi. Bu barada pikir öwrende, ol keýpsiz halda gadam urup, ýüzüni oba tarap öwürdi. Maşyna-da münmän, mytdyldap ugrady.
Uly ýoluň gyrasy bilen ýöräp, ep-esli ara geçensoň, onuň yzyndan ak «Wolga» maşyny ýetdi. «Wolga» Sadabyň öňüne geçip, badyny saklady.
«Şumat bu haýranyňky näme diýsene!» diýip, maşynyň hut öz ýoluna böwet bolup durmasyna gahary gelen Sadap onuň daşyndan öwrüm edip geçmek üçin ýoluň ortararagyna süýşdi. Onýança-da ak «Wolgadan» düşen Bähbit uly dişleriniň baryny birden görkezäýjek bolup, Sadabyň çat maňlaýynda dikildi. Duýdansyz duşuşyga Sadap allaniçigsi bolup gitdi. «Hih» edip içini çekdi-de, aljyramakdan ýaşmagyna ýapyşdy. Endigi boýunça ýaşmagyny bek sarady. Soňam uýaljyrap ýere bakdy.
—Bütinleý gitdigiň bolaýdymyka diýip, gara janym galmady. Hernä maňlaýymda seni ýene görmek bar eken—diýip, Bähbit aýaklarynyň üstüne gezekmejine agramyny atyp durşuna turuwbaşdan Sadabyň uguny ýekeläp ugrady. —Hälem aýlanyp gitdim suw budkaň ýanyndan.
—Menem-ä kän garaşdym!—diýip, Sadap pyşyrdap diýen ýaly gepledi.
—Onda sen men gidenimden gelensiň-dä—diýip, Bähbidem ýeň bermedi. Ýene Sadabyň gulagyna ýarar ýaly gep tapdy.—Häli men iş maşynym bilen gelip gitdim. Ýüregim, birhili, seň geljegiňi duýdy, Sadap, walla, ynanaý. Onsoň seni uly maşyna mündürip ýörmäýin diýdim-de, öe gidip geldim...
—Bu maşyn seň özüňkimi?—diýip, Sadap içki begençden ýaňa tolgunyp gepledi.
Bähbit hondanbärisiredi:
—Dagy näme! Heý, ilden diläbem bir maşyn münülermi!—Şundan soň Bähbit Sadabyň arkasyndan çalaja itdi.—Hany, ýör, uly ýolda beýdişip durmaly, maşyna mün.
Ol Sadaba maşynyň öň gapysyny açyp berdi:
—Geç, öňkiň ýaly ýanjagazymda otur!
Sadap özüne hormat edilmegini duýmagyň buýsanjaňlygy bilen Bähbidiň mürähedinden ýüz öwürmedi. «Wolganyň» öňünde joňkardy. Sadaby mündürensoň, Bähbir ruluň başyna geçip, maşyny otlady.
—Gideliň bäri ýeke salym hem ýadymdan çykaňok—diýip, Bähbit Sadabyň uguny ýekelemegi dowam etdi.—Gijeler gözlerime çiş kakylyp çykýar.
Bu sözler Sadabyň gulagyna diýseň hoş ýakýardy. Ol häzir özüne şeýle hoşamaýlyk edilmegini tüýs küýsäp durdy. Ol Bähbit ýene nähili sözler diýse-de, diňlemäge taýýardy. Biwagt ýolugan söýgi guduzlan it kimin onuň kalbyny aldym-berdime salyp barýardy.
Bähbit şäheri ýakalap oturan ilkinji köçesinden girip ugranda, Sadap tisginip gitdi.
—Hih! Sen meni nirä alyp barýaň?—diýip, Bähbidiň ýüzüne çiňerildi.
Bähbit dişlerini syrtardyp ýylgyryp barşyna gysga jogap berdi:
—Öe!
—Hih! Men-ä öýüňize gitjekgä!—diýip, Sadap ary çakana dönüp jyňňyldady.—Sakla maşyny, aý oglan!
Ol sözüni soňlamanka, maşyn gök derwezesiniň gapylary iki ýana serpilip, giň açylyp goýlan howla girip togtady. Howludaky agaç sekiniň üstüne türkmen el halysy ýazylgy durdy. «Baý öýdýän, daşaryk, aýak aşagyna el haly ýazylypdyr» diýip, Sadap dessine pikir öwürdi.
Haly ýazylan sekiniň üstünde saçlary duw-ak, boýunyň uzynlygy oturyşyndanam mese-mälim bildirip duran, ýetmiş ýaşlar töweregindäki kempir çaý içip otyrdy. Ol ortadaky gök gülli kleýonkanyň üstüne goýlan dürli-dümen zatlaryň üstüne käte bir elini salgap, siňek kowýardy. Kempiriň gapdalynda bäş-alty ýaşlyja oglanjyk, iki sany hem on iki-on üç ýaşlaryndaky gyzjagaz otyrdy. Çagalaryň Bähbidiňkidigini soraman biläýmelidi. Olar agyn kakasyna çalym edip durdy... Kempire meňzäp duran garaýagyz, süýri ýüzli garrygyzmy-gelinmi, bir aýal maşgala bolsa, agaç sekiden daşrakda durup, arkasyna çöşläp taşlan öl saçlaryny daraýardy. «Başyny ýuwupdyr öýdýän» diýip, Sadap ýene içini gepletdi. «Ejesine meňzäp dur welin, Bähbidiň jigisi ýa-da dogany ýaly».
Zenanyň ýüz-keşbi Bähbitden birneme gartaňsy görünýärdi. Şeýle bolansoň, Sadap: «Dogany bolsa gerek» diýip, içinden gaýtalady.
Oba ýeri bolsa-da, howluda barmak basara gumly ýer ýokdy. Bütin howly asfaltlangydy. Gyralarda dürli-dümen güller açylyşyp durdy. Jaýlar köşk ýalydy. Gapylary, aýnalary haşamlydy. Dürli suratlar çekilip bezelipdi. Sadap maşynda oturan ýerinden bu zatlara gaty çalasyn göz aýlap çykdy.
Maşyn badyny saklansoňam, oturanlar sarsmady hem. Zenan hem Sadaba misli ary bar ýaly, gözlerini mölerdip, syn salyp durşuna saçyny daramagyny dowam etdi.
Bähbit düşüp, maşynyň gapysyny açyp berip, Sadaba düşmäge hemaýat etdi.
Sadap maşyndan düşüp, kempire hem-de saçyny darap duran zenana tarap başyny çalaja atyp salam berdi. Ýöne kempirdenem, zenandanam ses çykmady. Bu boluş Sadabyň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly etdi. Hyrra yzyna öwrülägede, bu ýerden ökjäni göteräesi geldi. Ýöne häzir Bähbide bolan söýgi onuň aýagyna duşak bolýardy. Ol häzir bu söýgüden ara açyp, hiç ýerik butnap biljek däldi. Onuň üçin häzir Bähbitsiz ýerde ýaşaýyş ýokdy.
Bähbit Sadabyň ýagyrnysyndan çalaja itip, kaşaň jaýyň gapysyna eltdi. Birgeňsi nagyşlanan gapyny açyp, ony içerik saldy. Sadaby içerik salansoň, özi işikden kellesini çykaryp, howla gygyrdy:
—Pälwan han, oglum, maşyny süpürip goýber!
—Süpürmez şol-a!—diýip, ýiti çirkin ses çykdy.—Münýänleriň özi süpüräýsin! Näme, gören tulaňy mündürip, maşyny guma bulap gelýäň-de, ýumruk ýaly çagany hyzmatkär edinäýýäň! Guluň barmy bi ýerde seň!
«Gygyrýan dogany ýaly» diýip, sesiň dogumly çykyşyndan çen tutup, Sadap pikir öwürdi. Özüniň keýpi gaçdy. «Bähbit menden başga aýal maşgalany mündüräýýämikä maşynyna?» diýip, alada galyp oýlandy.
Bähbit hapa sögündi:
—Lal bol, seň bir doganyňy... Özüňem çaý getir, garnyňy silkerin ýogsam!
«Waý-eý, bular-a bir biedep ýer oguşýa» diýip, Sadap howsala düşüp içini gepletdi. «Myhmanyň ýanynda-da bir sögüşiler oguşýa!».
Bähbit gapyny şarkyldadyp ýapdy-da, düşege geçdi. Özi bir gyrada çökensoň, Sadaba ýüzlendi:
—Geç, otur, Sadap.
Sadap oturjagynam bilmedi, yzyna çykjagynam. Aljyrady durdy. Gykylyklaýan zenanyň «gören tulany mündürip» diýen sözlerem häzir ony aldym-berdime salýardy. Gabanjaňlyk duýgusy ýürege agram berdi.
—Seniň menden başga-da tanyş aýalyň barmydy?—diýip, Sadap duran ýerinde öýkeli pyşyrdady.
Bähbit elini silkip goýberdi:
—Јý, sen olara üns berme, Sadap. Ejem-ä bir garry, indi onuň sakyrdamakdan başga pişesi ýok. Diýer otyr... Ýaňky gygyrýanam aýal doganym. Ol adamsyndan aýrylyşyp geldi. On ýyl boldy. Çagasy bolanok. Üstesine-de, garaguşagyryly. Birden gykylyklabermesi bar... Onuň hemme diýen zadyna ynanyp ýörme. Gahary gelen çagy ol agzyna gelenini diýýändir!
Bu sözler Sadabyň ýüregini birneme düşüşdirdi. Özüni ele aldy. Şeýle-de bolsa, ol düşege geçmedi.
—Çaý diýip azar etme, Bähbit, öe gaýdaýyn men! Ejemiňem gözi ýoldadyr!—diýip, Sadap oturmazlygy küýüne düwüp gepledi. Özem barha ýüregi gysdy. Jaýyň içi poldan pataloga çenli türkmen el halysydy. Özem otag diýseň arassady. Üfläre çöp ýokdy. Goňur reňkli daşary ýurt garnitury otaga has-da bezeg berýärdi. Serwantlaryň içi jäjem gap-gaçlardan doludy. Јpişgeleriň tutusy lowurdap durdy:
—Şu zatlaryň bary seňki bolar!—diýip, Bähbit içerä syn salyp duran Sadabyň öz baýlygyna imrinýänini bilip seslendi.
Şol wagt hem gapyny şakyrdadyp açyp, Bähbidiň dul aýal dogany içerik girdi. Ol henizem ýygnalmadyk saçlaryny selkildedip, sowuk nazarlaryny Sadaba gönükdirdi. Sag eliniň süem barmagyny çommaldyp, howa kesdi:
—Şu zatlaryň hiç birinem biz kesekä elledýän däldiris! Gelnejem pahyryňky bular!—diýip, elini içerik aýlady-da, çirkin gygyryp, yzyna çykyp gitdi.—Bilip goý şony!
—Enew!—Bähbit hyrçyny dişläp ýerinden galdy.—Adam barka, zat diýmäýin diýýän welin, bular masgara etjek meni! Häzir men onuň gowuja eýini ýetireýin!
Bir gohuň goparyndan heder edip, Sadap Bähbidiň ellerine ýapyşdy:
—Gitme, Bähbit, haýyş edýän! Naçar bilen deň bolma, üstesine-de, ol keselbent bolsa!
Bähbit daşaryk çykmasa-da, çykmady welin, keýpi bütinleý bozuldy.
—Bular meniň öýlenjegime garşy, şoň üçin edýärler bu oýunlaryny—diýip, ol tukat seslendi.—Ýöne gowuja eýlerini ýetirsem, seslerinem çykarmazlar-la.
—Olar garşy bolsa, hiç wagtam bize gün bermezler—diýip, Sadabam aladaly pyşyrdady. —Men-ä gorkýan, Bähbit, bu öe gelmäge! Ýa-ha bulardan başga ýerde ýaşaly, ýa-da sen başga birine öýlenäý!
—Onda meni öldürip git!—diýip, Bähbit şumjardy-da, Sadabyň öňünde dyza çökdi. Birdenem hasanaklap galyp, ony bagryna basdy.—Başga hiç kim gelmez şu öe! Seni men öň ne günlük bilen tapdym! Başga ýere-de gitmeris! Bu meniň öz öýüm. Öz ellerim bilen diklän öýüm. Munuň içindäki zatlaram meniň öz daban azabym. Ýaňkyny diňleme diýip aýtdym-a men saňa. Sag däl ol. Näme, onuň betbagt, däliligine men günäkärmi näme!
Bähbidiň ýyly deminden, nalamalaryndan Sadabyň huşy başyndan uçdy. Ol eýýäm ähli öýke-kinäni, gorky-ürkini unudyp, ýene söýgi bilen joşup başlady.
—Sen arkaýyn bol, olar saňa gaýdyp seslerini çykarmazlar. Sen düşege geçip, biraz otur. Men olar bilen mazalyja gürleşeýin!
Sadap ýene nämedir bir zatlar diýmek isledi. Ýöne ol agzyny açyp ýetişmänkä, Bähbit atylyp daşaryk çykdy. Gapyny şarkyldadyp ýapdy.
—Haý, berekella, Pälwan oglum!—diýen sesi geldi.—Süpürýäňmi maşyny! Men saňa bir gowy oýnawaç getirip bermesem bolmaz-ow!
—Näçe gezek getirjek diýip, getireňogam!—diýip, çagajygyňam sesi geldi.—Her gezek aldap ýörsüň!
—Indi aldaman, oglum!
Sadap düşege geçmedi. Duran ýerinde daşaryk gulak asdy. Ilki hümür-sümür eşidildi. Soňam birden agy sesleri gelip ugrady.
—Waý-eý, gelneje jan-eý, indi yzyňa bigäneler eýe boljag-eý...—diýip, Enew gygyrýardy.
—Eziz gelnim-eý... Biwagt çag gitdiň-eý... Seň ýeriňe geljek indi çagalaryň üçin seň ýeriňi tutarme-ý...—diýip, kempiriňem sesi gelip ugrady. «Eje-de-eje» bolşup, gyzjagazlaram ses goşýardy.
Daşardaky agylar Sadabyň myrryhyny tutdurdy. «Bular düzüw adamlar-a bolmaly däl. Düzüw adamlar ýadyň ýanynda beýdişip, masgara bolşup durmazlar» diýip, ol bu ahwalatdan özüçe many çykardy. Birdenem: «Ýa öňki gelinleri şeýle gowumydyka?» diýip pikir öwürdi. Bähbide gelse, özüniňem ondanam gowy, mylakatly bolup, maşgaladakylaryň barynyň göwnüni tapjakdygyna söz berdi.
—Sem boluň! Baryňy gyraryn!—diýip, Bähbit gygyrdy.
Agylara suw sepilen ýaly boldy. Soň goh başlandy.
—Јrli aýaly alsaň, utularsyň, oglum!—diýip, kempir jammyldady.—Hudaý saklasyn, ilde-günde her hili zat eşidilip dur. Јrinden aýrylyşýan indiki aýallar käwagt öňki äri bilenem duşuşyberýämişler! Beýle öýlenmän oňmajak bolsaň, adamsy ýogalany al! Aýrylyşan gerekgä bize!
—Düzüw bolsa, iki çagasyny, ärini taşlap gaýdarmy ol!—diýip, Enew gygyrdy.—Öz balalaryna mähir bermedik heleý seň çagalaryňy sygdyrmy bi öe! Derrew detdoma tabşyrtdyrar saňa!—Şeý diýip, Enew sözüniň soňuny ýene aga ýazdyrdy.—Eziz jigilerim-eý... Siziň başyňyzda ne külpetler barkan-eý...
—Sem boluň!—diýip, Bähbit ýene gygyrdy.—Janyňyz çykýanam bolsa, men öýlenjek şoňa!
«O şermendeleriň Bähbit görgüliniň başyna salaýýan oýunlaryny!» diýip, Sadap indi Bähbide ýüregi awap oýlandy. «Ýa, dogrudanam, olar menden gorkýarmykalar?!».
Onýança Bähbit gelip girdi. Ol zoraýakdan ýylgyran bolýardy. Özem gara dere batypdy.
—Bary gül ýaly boldy!—diýip, ol elýaglygy bilen maňlaý derini sylyp durşuna gepledi.—Ejem size gudaçylyga barar!
Sadap: «Gül bolan zad-a ýok häzir, Bähbit, näme üçin ýalan sözleýäň?» diýmek isledi. Ýöne sesini çykarmady. Boljak zatlara garaşmagy makul bildi.
Sadap Bähbit bilen daşaryk çykanda, ýene öňki ýagdaý dowam edýärdi. Maşynyň tot-tozany süpürilipdir. Oglanjyk eýýäm enesiniň ýanynda otyrdy. Gyzjagazlaram ýerindedi. Ýöne kleýonka, saçak ýygnalypdyr. Käse-çäýnekler durdy. Enew bolsa arkasynda seçelenen saçlaryny indi barmaklary bilen daraýardy. Hamala, hut ýap-ýaňky galmagal-gohy edenler bular däl ýalydy. Hemmesi seslerini çykarman, lal-jim bolup oturyşlaryna, ýene Sadaba syn salýardylar. Sadap, her näme-de bolsa, olar bilen deň bolup durman, hoşlaşyp, baş atdy. Ýöne ýene özüne hiç hili jogap almady.
Bähbit oňa ýene maşynyň öňdäki gapysyny açyp berdi. Şol wagt Enew Bähbidiň bolşuna sesini çykarman, dodagyny çöwrüp goýberdi. Onuň bu bolşuna Sadabyň gözi düşdi. Ýöne kän üns bermedi. Maşyna özüni atdy. Bähbidem rula geçip, maşyny otlady.
Maşyn howludan yzlaýyn çykdy. Olar çykyp barýarka, Enew ylgaşlap, bir ýerden orak tapyp geldi-de, maşynyň yzyny kesmäge başlady.
—Hudaýym, şo heleýiň yzy kesilsin! Indi bir dolanmawersin şu öe!—diýibem gygyryp aýtdy.
—Häý, däli haýran!—diýip, Bähbit başyny ýaýkap hüňürdedi.—Dünede dul saklamak ýaly kyn zat ýok eken-aý! Birine gidenogam-aý bi!
Sadap bolsa bu gezek Enewiň bolşuna üýtgemedem. Onuň töwerekdäki adamlardan düýpgöter üýtgeşik mahluklygyny duýdy. Bu täsin häsiýetli adamlara gülküsi tutup ýylgyrdy. «Her hili zat bar-ow dünede!» diýip içini gepletdi.
Bähbit Sadaby obalarynyň gyrasyna eltip düşürip gaýtdy.
—Eger bolmasy iş ýüze çyksa, duşuşyk öňki ýerdir—diýip, ol Sadaba tabşyrdy.
Sadap maşyndan düşüp, ädimlerini çaltlandyrdy. Bähbit hem uly asfalt ýola tarap öwrülip gitdi.
-
myspaser
5 years ago
- ***
Öýlerine ýakynlaşdygysaýy Sadabyň bükgüldisi artdy. Birhili alasarmyk duýgular onuň kalbyny mäjumlap, aldym-berdime salyp barýardy. Ýüregi böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. Bähbitleriň öýi, maşgalasy onuň göwnüni çökerýärdi. Ýöne mundan bu ýana Bähbitsiz ýaşaýşyň welin kyn düşjegini duýdy. Eýýäm Bähbidiň uly ýolda gözden ýitenligi köre hasa bolsa-da, Sadap telim öwre yzyna gaňrylyp-gaňrylyp seretdi. Özem bir gowy zadyny ýitiren adamyň bolşy ýaly duýgy onuň aýaklaryna badak salýan ýalydy.
Obanyň jümmüşine girensoň, Sadap ýüzüni ýerden galdyrman gitdi. Töwerekden ejap edip ugrady. Göwnüne bolmasa, hemmeler Sadabyň nireden gelýäninden, onuň başyndan geçen täsin wakadan habarly ýalydylar. Sadabyň ýüzi çapady ýaly gyzarypdy. Onuň bolşuny synlan, ýaňyja kämillige gol beren gyzyň bolşuny hökman duýjakdy. Ol özüni eýelän duýgular sebäpli aljyramakdan ýaňa misli entirekläp barýan ýalydy. Basjak ýerini görmeýän dek, bir-ä maşyn tekerleriniň döreden çukuryna düşýärdi, bir beýiklige geçýärdi.
Ol öz öňünden Sylaplardan hiç kimiň çykmazlygyny diledi. Çykaýanda-da, halys pete-pet gelip, maňlaýy bir zada gütüläýmese, hiç kime seretmezligi ýüregine berk düwüpdi.
Bolsa-da, oňa hiç kim gabat gelmedi. Hatda öz öýlerinde-de ony garşylan bolmady. Jaýlaryň birinden ejesidir kakasynyň hümürdisi gelýärdi. Ýöne olaram daşaryk çykmansoňlar, Sadabyň gelenini aňmadylar.
Sadap özüniň köplenç bolýan ýeri bolan kiçijik otaga girip, eşiklerinem çalşyrman, ýassyk alyp süýndi. Ol häzir hiç bir zady ýatlamazlyk, hiç bir zat barada pikir etmezlik isleýärdi. Uklamaga synanyşdy. Ýöne hernäçe irkiljek bolsa-da, bolmady. Onuň göz öňünde birsyhly Bähbit janlanyp durdy.
Birhaýukdan ejesi Abat daýzanyň:
—Köwş-ä bar, gelipdir öýdýän—diýen sesi eşidildi.
Şondan soň çybşyldy Sadabyň ýatan jaýyna ýakynlaşdy hem dessine gapy açyldy. Sadap geleniň ejesiligini onuň dem alşyndan duýdy. Başynam galdyrmady. Ejesiniň hiç zat soramazlygyny isledi. Ýöne Abat daýza gelşi ýaly dolanaýmady. Gapynyň agzynda kürtdürip, Sadaba ýüzlendi:
—Sadap, ukudamyň? Doktor näme diýdi?
Sadap ýatan ýerinden gymyldaman, ýaltalyk bilen hüňürdedi:
—Waý-eý, sen bir azar bermesene şu wagt, ýüregim alyp barýa...
—Bolýa-da, ýatyber onda—diýdi-de, Abat daýza uludan dem aldy. Yzyna köwlenmänkä-de, ýene mylaýymlyk bilen gyzyna ýüzlendi.—Süýjülije, gyzgynjak çaý içseň-ä, birneme haýyr ederdi.
—Çaýam içjekgä!—diýip, Sadap bu gezek sesini birneme gataltdy.—Günüme goýsaňyz bolýa!
Öňem gyzynyň «Ýüregim agyrýa» diýen sözüne ynanyp, ýaga basjak ýaly titräp duran ene Sadabyň birneme gaharynyň gelenini aňansoň, ökje ogurlamak bilen boldy. Ses-üýnsüz çykyp gitdi. Gaýdyp agşama çenli Sadabyň gapysyndan bakan bolmady.
Ol gijöýlänler turup, ejesiniň taýýarlan çaý-çöreginden iýip-içdi. Nahardan bolup, çaý içip otyrka, onuň ýanyna jigisi Wepa geldi. Wepa bu geçen döwrüň içinde epeý ýigit bolup ýetişipdi. Ol Goşun gullugyny tamamlansoň, kolhozda traktorçy bolup işleýärdi.
Wepanyň häzir bütinleý keýpi ýokdy. Ýüzi salykdy. Ol ýadawlyk bilen doganynyň gapdalynda çökensoň, uludan dem aldy.
—Çaý guýup bereýinmi?—diýip, Sadap boş käsäni oňa tarap süýşürip durşuna sorady.
—Guýsaň, guýaý, birje käse içäerin—diýip, Wepa şol bir keýpsizligi bilen gepledi.—Sylabam raýona işe çagyrýamyşlar, basym gitjekmiş.
Şu habary aýdansoň, Wepa Sadabyň ýüzüne dikanlap seretdi. Sadap ýüzüni galdyrmady. Zol daş çäýnegiň gapagyny dyrmap oturyşyna, pessaýdan gaharly gepledi:
—Meň ýanymda şoň adyny tutmaň!
—O näme üçin?!—diýip, Wepa-da birden gaharlanyp ugrady.—Ol saňa näme etdi? Urdumy? Sögdümi? Işde dagy zordan çydap gezýän! Hemmeler saňa sögýä, hemmeler seni näletleýä!—Şeý diýip, Wepa sesini birneme peseldip, gussaly gepledi.—Arzuw bilen Maksatjygy görsem, meniň ýüregim endiräp gidýä, meniň gözlerime ýaş aýlanýa. Sen nädip dözýäň olara! Il-ä çaga tapanok!
Wepanyň duýdansyz gelip diýen sözleri Sadap üçin top atylana döndi. Onuň ýüreginde harasat gopdy. «Be... Meň agramym Wepa jana-da ýetäýipdir-ow» diýip, içini gepletdi. Sylap hakda oýlanasy gelmedi. Häzir onuň üçin Sylabam birdi, hol daşarda çaşyp ýatan çöp-çalamam. Ýöne Arzuwdyr Maksatjyk hakda welin pikir öwürdi. Şu gün irden şähere barýarka, atasy bilen ot getirýän Maksatjygyň yzyna gaňrylyp-gaňrylyp özüne seredişi göz öňünde geldi. «Ýa-da, dogrudanam, men şol, doňýürek diýilýänlerdenmikäm?! Näme üçin meniň o çagalara duýgym üýtgemeýärkä?» diýip, Sadap öz-özüne haýran galyp, barha pikire batdy. «Hatda heniz durmuş görmedik oglan diýjeksiň, o çagalara Wepaňam ýüregi awaýa».
Ol her zadam bolsa, Wepany jogapsyz goýmagy uslyp bilmedi. Agras gepledi:
—Maňa bu dünede düşünjek adam ýokdur, jigim. Iň gowusy, maňa azar berme.
Wepa janyny ýakyp gepledi:
—Näme üçin saňa azar bermäli, Sadap! Bir pikir ed-ä! Men-ä Sylap seň göwnüňe degendir öýdemok. Ol nähili ýuwaş oglan! Eger erbet bolan bolsa, işde-de kimdir birini ynjydar-da! Häzir onuň raýona işe gidýänine dagy bütin oba gynanýa!
—Bütin kolhoz şoňa gyzynam beräýsin, ýöne şol maň-a gerek däl!—diýip, Sadap gahardan ýaňa dişlerinden syzdyryp gepledi.
Wepa bu wagt Sadap bilen Sylaply meselede düşünişip bilmejekdigini duýdy. Az salym sesini çykarman, hyrçyny dişläp oturdy. Birdenem içmek üçin eline alan çaýly käsesini diwaryň ýüzüne aýlap saldy. Çaý töwerege syçrap, käse kül-pagyş boldy.
—Hih!—Edip, Sadap içini çekdi-de, allaniçigsi bolup, ýerinden galdy. Soňam Wepanyň üstüne gygyrdy.—Bu näme etdigiň boldy?!
—Arman, sen meniň özümden uly doganym-da! Eger jigim bolan bolsaň, seni nätmelidigini özüm bilýän!
Wepa şeý diýdi-de, çykyp gitdi. Sadap özüni ýere goýberip, möňňürmäge durdy.
—Meň ýaly garamaňlaý bolanyňyzda düşünersiňiz maňa. Ýöne hudaýym, meň başyma düşen gün siziňkä beri düşmäwersin! Siz bir bagtly bolaweriň!
Daşarda Abat daýzanyň sesi eşidildi:
—Wepa! Öňem ýüregi agyrýa oň. Sen näme üçin oňa zat diýýäň!
Wepa gaharly gepledi:
—Eje! Sen bir çaýdan keýpiňi gowuja kökle-de, pikirlensene biraz. Sen gyzyňy gaty läliksireden bolaýma, hä!
Abat daýza aglamjyrady:
—Menem guraýyn, hudaýym, şol döremän geçen gyzam gurasyn. Inmänler geçen, dünýä inmänler geçse bolmaýamydy!
«Bu Wepaňky näme diýsene!» diýip, Sadap aglap, keýpden çykyp bolansoň, oýa batdy. «Akyl satan bolaýşyny! Erkek kişimiş-dä!».
Az salymdan ol Wepanyň nämä janyny ýakýanyna göz ýetirdi. Јpişgäni tarkyldadyp, Sadaby Sylabyň jigisi Bilbil daşaryk çagyrdy. Sadap: «Içerik giräý» diýip, hernäçe mürähet etse-de, Bilbil aýak diredi durdy. «Daşaryk çykaýsana» diýip ýalbardy.
Ini-boýy ýeten Bilbil aý aýdyňa has-da syratly görünýärdi. Kirpikmen gözleri mähir guýlan ýalydy. Sadap Sylapdan aýrylyşyp gaýdan-da bolsa, Bilbil onuň sylagyny saklap, oňa: «Gelneje» diýip ýüzlendi. Gepiniň başynam sojamakdan başlady:
—Gelneje jan, sen gaýtdyň welin, hemmämiziň günümiz bulaşýa, biz indi näme edeli!—diýip, Bilbil dörtburç eplän akja elýaglygy bilen zol gözlerini süpürip oturyşyna pyşyrdady.
—Näme bolanyny bir aýt ahyry—diýip, Sadap uludan dem aldy. —Sen näme, size meň kömegim ýeter öýdýäňmi?
—Eter, diňe seň kömegiň deger bize, gelneje!—diýip, Bilbil soňra aglamasyny goýup, uludan dem aldy.—Maňa gudaçylyga gelýäler. Ejem dagam gyssaýalar meni!
Bir bolmasy zat bolaýdymyka diýip, alada galyp duran Sadap: «Wah, beýle bolsa, bolýa-la» diýip, ýeňil dem alyp, pikir öwürdi. Soňam Bilbile ýüzlendi:
—Sen näme halaňokmy gelýänleri?
Bilbil iki eli bilen Sadabyň eginlerinden tutdy-da, ýene sojap, sesini pyşyrda gardy:
—Men Wepany gowy görýän ahyry!
Onuň bu habaryna Sadabyň ýüregi jigläp gitdi.
—Wah, Wepa ja-an! Asyl häli däliräp, bir geňsi boldy diýdim-le ol!—diýip, Sadap özbaşyna pyşyrdady. Bir wagt Sadap heniz täze gelin wagty tamdyr üçin ýylgyn püre gidilende, Wepa bilen Bilbiliň gaýgy-gamsyz jykyrdaşyp, biri-birine henek edişleri onuň göz öňüne geldi.—Wah, Wepa ja-an, Bilbil ja-an—diýip, ýene pyşyrdady.—Men hemmeleriň bagtyna badak atmak üçin dünýä inipdirin-ow! Men bir wagt ölüp gidäen bolsam bolmaýamy!..
Bilbil pessaý gepläp dowam etdi:
—Indem ejem dagy öň agzymyzyň bişen ýeri diýip, siz bilen guda bolmak islemeýärler. Siziňkilerem şeý diýýämiş.
Sadap gamgyn makullap baş atdy:
—Wah, hawa-da, diýerler ony, diýerler. Türkmeniň düzgüni gursun, hudaýym, beýle bahana tapsalar, olar üçin başga zadam gerek däl-ä!
—Gelneje jan, Sylap bilen araňyzda gaty bir bolan zadam ýog-a—diýip, Bilbil Sadaba ýalbaryp ugrady. —Ene birleşäýseňiz-läň, hä! Wepa bilen meň üçin birleşäýiň! Arzuw jandyr Maksat üçin birleşäýiň. Olaram, her zadam bolsa, ejeleri-dä, ejem her näçe gowy seredýärem welin, «Ejem näme üçin bize gelenok?» diýşip sorap, bizar edýärler!
Bu sözler Sadaba birneme täsir etdi. Aýratynam, Bilbilden aýrylsa, Wepanyň juda ejir çekmeli boljakdygyna gyýyldy. Özüni ýere goýberdi-de:
—Hudaýym, men bir öläen bolsam, bolmaýamy!—diýip, öwran-öwran gaýtalady. Sözleriniň soňunam pyşyrda gardy.—Bilbil jan, siz maňa ýalbarmaň, Sylaba ýüz tutsaňyz, ol hemmesini düzederdi. Men bilýän, ol hemme zada kömek eder, ol gowy oglan. Doganyň Bibä aýt, utanma. Utansaň, utularsyň. Sylap size hökman kömek eder... Men bolsa, indi oňa hiç wagt birleşip bilmen! Bu meniň gabryma äkitjek ýalňyz syrym, Bilbil jan, men oň sebäbini hiç kime aýdybam, düşündiribem biljek däl. Meni dogram-dogram etselerem, aýdyp biljek däl... Menden hiç zadam haýyş etmäň, Bilbil jan.
Şundan soň Bilbil-ä sojap-sojap, öz öýlerine gitdi. Sadap hem el-ýüzüni ýuwup, öe girdi. Ýerini ýazynyp, başyna ýorganyny çekdi. Onuň häzir aglasy, çabalanasy gelýärdi. Ýöne birsyhly Bähbit göz öňünde janlanyp, oňa ähli gaýgy-hasratyny unutdyryp barýardy. Onuň ýüregine ýeňillik, kalbyna aram berýärdi.
Ol heniz uka gitmänkä, gapynyň agzynda ardynjyrap, kakasynyň sesi geldi.
—Çal, gyzyňa azar beräýmegin, onuň öňem ýüregi agyrýa. Bir sebäp bolmasa, özi halap baran ýerinden sowaşaýmaz. «Ere bakandan ýer gorkar» diýipdirler. Sylabam düzüw eşek däldir!—diýip, ilki ejesi gepledi. Onuň sesi aýyl-saýyl eşidildi.
«Indi näme bolduka?» diýip, Sadap ýüregini elina alyp howsala düşdi. «Gepi gutarman geçenleriň gepi gutarman geçäýdi-le!».
Onýança kakasy gaharly gygyrdy:
—Aýryl, heleý, öňden! Onuň ýüregi hakykatdanam agyrýan bolsa, gowy zat. Ýöne şol agyrmaýan bolaýmasyn!
Şu sözleri diýip gutarandanam, kakasy şarkyldadyp gapyny açdy.
—A gyz!—diýip, gözlerini mölerdip durşuna sag eliniň süem barmagy bilen howa kesdi.—Gidesiň gels-ä, hana, yzyň, gül ýaly çagalaň, adamyň bar! Ýok, ony islemeseňem, uzak öriň aşhana bolsun! Bilip goý, şu çaka çenli gowam görlensiň, hülli-hüllem edilensiň. Bolgusyzlygyň gyrasynda görnüp, ahyr ýaşymda meniň ak sakgalyma ysnat getiräýseň welin, deriňe saman dykaryn! Ýok wagtym gitseňem, ölime-de gelmersiň, dirime-de!
Sadap kakasyna eýýäm Bähbitli wakanyň ýetenini aňdy. «Kim gördükä? Kim aýtdyka?» diýen pikirler beýnisinde at saldy. «Öýüne baranymy bir görmedik bolaýbilseýdirler» diýip, öz howsalasyny basmaga çalyşdy.
Kakasynyň ökjesini basaýjak bolup duran ejesi Sadaby aklamaga çalyşdy:
—Münse münüpdir-dä maşyna. Puluny töländir-dä münen bolsa. Şoň üçin dagy düwläp dursuň...
—Lal bol!—diýip, Myrat aga aýalynyň sözüni soňlatmady. —Puluna münen bolsa, näme üçin uly ýolda düşüp galýa!—Şeý diýip, Myrat aga ýüzüni Abat ejä tarap öwrüp, çommalan barmaklaryny onuň gözlerine sokaýjak boldy.—Bilip goý, heleý! Gyzyň türkmençilikden çykyp, bir masgaraçylygyň gyrasynda görnäýse, senem menden taňryýalkasyn tamasyny etmegin!
—Toba-toba! Hudaý abraý berewersin—diýdi-de, Abat daýza adamsyndan daşlaşmak bilen boldy.—Gowusyny edeweri, jan Alla, ýüreklere kanagat, giňlik bereweri!
Sadap sesini çykarman oňdy. Kakasam gitdi. «Bu gün näme ýyldyza ýörän ýaly bolaýdy-la. Kimi görseň, gygy ajap dur» diýip, Sadap ýatan ýerinden içini gepletdi. «Türkmençiligiňiz başyňyzy iýsin!» diýip, pyşyrdy bilen sögündi. «Biriniň öýi ýykylsyn, bagty ýatsyn, işleri ýok bulaň. Bulara türkmençilik bolsa bolýamyş. Häk, türkmençiligi başyny iýenler!».
Şol günüň ertesi guşluk çagy Bähbidiň «Wolgasy» gelip, Sadaplaryň deňinde saklandy. Maşyndan Bähbidiň ejesi düşdi. Kempir düşensoň, maşyn gitdi. Wepa bilen kakasynyň häzir öýde däldigine Sadap diýseň begendi. Sebäbi Sadap kakasynyň özüne indi juda gaharynyň gelýändigini duýýardy. Onuň özüni ikinji gezeg-ä razylyk bilen äre bermejegini-de aňýardy. Şeýle bolansoň, ol Bähbidiň gelmesini halamady. Onuň basymrak giderini isledi.
Ejegül kempir kän oturmady. Abat daýza onuň bilen düzüwli gepleşmedik bolarly. Bir käse çaý içer salym hem geçmänkä, turmak bilen boldy. Bähbidiň gelerine-de garaşman, ýola düşüp, mytdyldap ugrady. Kempiriň giderine mähetdel, Abat daýza eline tut çybygyny alyp, atylyp öe girdi. Sadabyň çem gelen ýerini saýgylap ugrady. Özem sojap-sojap gepleýärdi:
—Öň-ä Sylaba barmasam öljek diýdiň sen inmän geçen, indem ýene birini tapyp ýörmüň?! Seň päliň azany çyn eken, esräniň çyn eken! Gül ýaly çagalary, gül ýaly ýigidi, asyl, şeýtmek üçin taşlap gaýdan ekeniň-ä sen! Aslynda-da seň özüň düzüw dälsiň, ýogsa Sylap görgüli adam ynjytjak oglan däl-ä!
Abat daýza gyzyny çybyklap-çybyklap keýpden çykdy. Eli ýadaýança urdy. Sadap oňa gaňrylybam seretmedi. Näçe urulsa-da, çydady. Uruldygysaýy hem ol hemmeleri ýigrenýärdi. Bu töwerekden basymrak ara açmak isleýärdi.
—Seniň edip ýören zatlaň, heý, türkmençilige sygjak işmidir!—diýip, Abat daýza gyzyny saýyp bolansoň, ýadawlykdan özüni ýere goýberip, daljygyp, haşlap-haşlap dem aldy.—Häziriň özünde git şu öýden! Kakaň gelmänkä, git, gelse, gijä galdygyňdyr! Soň giç bor!—Şeý diýip, Abat daýza özbaşyna hüňürdedi.—Türkmen pahyr «Dünede dul saklamak ýaly kyn zat ýok» diýip, gaty dogry aýdýan eken...
«Türkmençiligiňiz başyňyzy iýsin!» diýip, Sadap dişlerinden syzdyryp pyşyrdady. Soňam sesini çykarman, özüne gerekli goşlaryny düwmäge durdy. Ýola çykyp, täze gaýynenesiniň yzyndan ýetmäge howlukdy...
Sadap täze gaýynenesiniň yzyndan derrew ýetdi. Düwünçegini gujaklap gelýän Sadabyň gyzaran gözleri ýagdaýy habar berýänem bolsa, kempir oňa ýagşydan-ýamandan zat diýmedi. Onuň ýüzüne gabak astyndan çalaja nazar aýlap goýberdi-de, ýöremegini dowam etdi.
Sadabam sesini çykarmady. Kempir bilen deňje ädimläp gitdi oturdy. Obadan çykanja ýerlerinde olara Bähbit gabat geldi.
—Näme-how, eje, gelniňi eliňe berip goýberäýdilerm-ow! Sen-ä tüýs gurt bolupsyň!—diýip, ol ýyrş-ýyrş edip durşuna maşynyň gapylaryny açyp, ýolagçylary mündürdi.
Bähbide jogap beren bolmady.
Sadap täze gaýynenesine ejesiniň näme diýenini agşam Bähbitden eşitdi. Abat daýza Ejegül kempire «Gyzymyzy ikinji adama bermek niýetimiz ýok, ony birinji adamsy bilen ýaraşdyrmakçy biz» diýip goýberipdir.
Her zadam bolsa, Ejegül kempir täze gelin üçin tamdyra çörek ýapdyrdy. Tüwi bişirtdi. Birki sany goňşyny çagyryp geldi. Bähbit bilen Sadaba nika gyýdyrdy.
Wagt gijigip, aýak ýygnanyşdygyça, Sadabyň galpyldysy artdy. Ol ýaşmagyny agzy-burny bilen ýaşynyp, bir burça dykylyp, galpyldap otyrdy. Ol özi üçin nije ýyllar bäri täsin bir ertekili dünýäniň gapysynyň syrly perdesi bolup görünýän pursadyň bu gezek has ýakynlaşanyny duýýardy. Ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýaýyn diýýärdi. Şu pursat onuň ýadyna mundan birnäçe ýyl öň Sylabyň öýünde, Sylabyň öňünde şeýle galpylda galyşy düşdi. Öz ykbalyna ýüregi gyýlyp, bokurdagy dolýardy. Gözlerine çyg gelýärdi. Sylap bilen tutan toýy, onuň öýündäki ilkinji arzuwly pursatlary ýatlanda ýüregi gysdy. Nämüçindir, şu pursat ol Sylapdan aýrylandygyna gynandy. Sylapsyz durmuş onuň üçin mundan bu ýana-da birhili tukat bolaýjak ýalydy.
Myhmanlar gaýdyşyp, bütin öý uka gidensoň, otagda Bähbit ikisi ikiçäk galdy. Bähbit daşyndan şifonere çalym edip duran goňur reňk şkafy açyp, onuň içinden ýorgan-düşek çykardy. Düşek-ýorgan salynýan şeýle şkafyň baryny Sadap ilkinji gezek görýärdi. «Brigadir, başlyk bolup işläbem, näme üçin beýle zatlary Sylap öýüne almadyka» diýip,, ol Bähbidiň her bir hereketine syn edip durşuna pikir öwürdi.
Bähbit gök mahmal düşekleri ýazansoň, olaryň üstünden akja prostyn düşedi. Düşekleriň hersine daşyna gülli mahmal çekilen per ýassyklaryň goşasyny oklady. Soňam Sadabyň ýanynda çöküp, öňa pişik ýaly dykyljyrady.
Sadaby indi bir üýtgeşik gorkuly duýgy gaplap ugrady. Ol çyny bilen aglamjyramaga başlady.
—Maňa barmajygyňam uzadaýma, eşidýäňmi?!—diýip, Bähbide çyny bilen aýtdy-da, hatda sesinem gataltdy.—Geläýme diýýän golaýyma!
Şeý diýip, ol Bähbidi itip goýberdi. Hasanaklap, özem beýläk geçdi. Onuň bolşuna Bähbit geň galdy hem-de gaharlandy. Ýüzüni kürşerdip gepledi:
—Bolşuň nähil-aýt seň! Öz aýagyň bilen geldiň, razy bolduň... Indikiň näme?!
Şeý diýip, ol Sadabyň alkymyna dykylyp bardy hem-de onuň goşaryndan tutdy:
—Gohuň näme seň! Eşidäýse, ejem dagy näme diýer! Ýa näz eden bolşuňmy şu! Erkek kişiniň gapysyndan ýaňy jyklap görýän ulugyzam-a däl sen! Ogluň bar, gyzyň bar... Ep-esli ýylam biri bilen ýaşaşdyň...
Sadap goşaryny Bähbidiň elinden boşadyp, özüni ýere goýberdi. Çyny bilen aglap ugrady:
—Hudaýym, men guraýyn-eý... Şol gyz bilen ogulam gursun, erkek kişi bilen ýaşalan ýyllaram. Näme üçin men ogul-gyzly bolmankam, başymy alyp, şol öýden çykyp gitmedimkäm?! Näme üçin ölüp-ýitip gitmedimkäm?!..
—Be... Ýak-eý... Sen-ä bir şermende ekeniň—diýip, Bähbit Sadaba igendi. Özem Sadapdan çekilip, bir çete baryp oturdy. Barmaklary bilen zol saçlaryny daraklady. Dodaklaryny berk gysyp, başyny ýaýkady.—Ýa-da meň bilen nikalaşanyňa puşman edýäňmi! Eger şeýle bols-a, göniňden gel, heniz giç däl, gapyda maşyn dur, äkideýin öýüňize!
Gaharyna Bähbidiň her zady-da niýetine düwäýmeginiň mümkindigi hakda pikir öwrensoň, Sadap sesini kesip, aýalary bilen gözýaşlaryny süpürdi. Eger Bähbit gahar edägede, häzir özüni yzyna äkidip geläýse, ol soňky gününiň neneň boljakdygy hakda pikir etmäge-de gorkýardy. Şonuň üçin Sadap dessine dillendi:
—Ýok-ýok, Bähbit, men seň bilen nikalaşanym üçin birjigem gynanamok, ýok...
Bähbit gahardan ýazylmady:
—Onda näme çaga ýaly... möňňürip dursuň! Ýa oýnajak bolýaňmy bu adamlary! Bu gezek Bähbidiň ýanyna Sadabyň özi bardy. Onuň gabat garşysynda gözlerine seredip oturdy.
—Bähbit—diýip, hamala töwerekde öz gepini eşitjek bar ýaly, pyşyrdap gepledi.
Sadabyň bir aglap, bir diňip, başagaýsyrap oturmasyndan onuň bir syrynyň baryny Bähbidem aňdy. Ýene Sadabyň goşarlaryna ýapyşdy:
—Saňa näme bolýa, Sadap?
—Men häzir aýdaýyn, Bähbit, häzir—diýip, Sadap sesini endiretdi. «Aýdaýyn» diýse-de, aýtmanyň ugruny tapman, bokurdagyna bir zat tegek bolýan ýaly, telim öwra ýuwdundy. Ahyram gepledi.—Men senden bir zady haýyş etjek bolýan, Bähbit!.. Şol haýyşymy ýerine ýetir sen, haýyş edýän!
—Be... Ýak-eý...—diýip, Sadabyň müň öwrüm edip oturmasyna Bähbidiň indi jany ýandy.—Aýdyber-dä haýyşyňy, bar bolsa! Onuň üçin munça goh-galmagal nämä gerek!
—Meniň bir syrym bar, Bähbit...—diýip, Sadap ýene juda kyn gürledi.—Enem-atama-da aýtmaýan syrym... Eger sen sataşmadyk bolsaň, belki, men ony özüm bilen o dünýä alyp giderdim!.. Häzir bolsa, men saňa ony hökman aýan etmeli... hökman!
Bähbit birden Sadabyň goşaryny goýberdi-de, hasanaklap ýerinden galdy. Ondan gaçyp, gapynyň golaýyna baryp durdy. Gözleri tegelendi:
—Sen, ýa-da garaguşagyrylymy?—diýip, şondan soň ol demi-demine ýetmän haslady.—Beýle bolsa-ha häzir talagyňy bererin! Men garaguşagyrylylar bilen dälilerden gorkýan! Ýaşaşyp bilmen!
Başga wagt bolan bolsa, Sadap Bähbidiň bu bolşuna gülüp hezil ederdi. Häzir welin ol dünýäniň aladasyny depesine çökerip, gaýgy-gussada otyrdy. Gülki ýadyna düşenokdy. Onuň Sylabyň syryny dünede ýekeje adama-da açasy gelenokdy. Ýöne häzir ol islegiň ýüzüne atanak çekmeli pursat gelipdi.
Sadap uludan dem aldy:
—Men garaguşagyrylam däl, dälem däl, Bähbit, arkaýyn oturyber—diýip, Sadap gözlerini bir nokada dikip, gussa batyp oturyşyna pessaý gepledi.—Ýöne sen meniň hiç kime ýetmesiz syrymy öňküsi ýaly gizlin saklamaga söz ber!
Bähbit özüni dürsäp, birneme arkaýynlaşdy. Öňki ýerine geçip oturdy. Ýene-de Sadabyň goşarlaryndanam ýapyşdy. Özem indi Sadabyň bolşuna şeýle bir haýran galýardy welin, onuň täsin syryny bilmäge çagajyk kimin howlugýardy.
—O nämäniň syr-aý?—diýip, ol Sadaby howlukdyrdy.—Aýdaýsana basymrak, Sadap jan. Syr bolsa, elbetde, gizlin saklamaly bor-da!
—Söz berýäňmi?—diýip, Sadap gözlerine ýaş aýlady.—Sylap görgülini ile masgara edesim gelenok meň...Özem raýkomam bolupdyr diýýäler... Beýle sylagly adamyň il içine gürrüňi ýaýrasa, gowy däl-dä... Munça ýyl gezdim hiç kime aýtman, indem çykmasyn şo gep ile!
Sylabyň ýatlanmasyna Bähbidiň gahary geldi. Ol ýüzüni kürşerdip, agras gepledi:
—Sen näme henizem ony unudyp bileňokmy?
—Unudylman durlan däldir-le, ýöne meň syrym şoň bilen bagly-da—diýip, Sadap pyşyrdady.
Bähbit gahardan ýazylman gepledi:
—Serowna, bi öýde Sylaby ýatlamak gerek däl, Sadap, hany, indem aýt, näme syryň bar bolsa!
Sadap uludan dem alyp, Bähbide seredip, ýene ep-esli oturansoň pyşyrdady:
—Men heniz gyz, Bähbit!
Onuň pyşyrdysy Bähbit üçin öe bomba oklanandan enaýy bolmady. Ol ýene Sadabyň goşarlaryny goýberip, yza serpildi.
—Ј...?—Edip, ilki gözlerini tegeledi. Sakawlap gepledi:—Ol näh... O nähili gyz?! Seniň ogluň-gyzyň bar-a! Nije ýyl ýaşaşyp geldiň-ä biri bilen...
—Ýaşaşsamam, şeýle şol—diýip, Sadap özüni gaýgy-gussa aldyryp dowam etdi. Çagalary bäbekhanadan alşyny gürrüň bermek isledi. Ýöne özüni gussa barha basmarlansoň, hiç gepläsi gelmedi.
Bähbit bolsa bu täsin habara barha gyzykdy:
—Sylap woobşe bolmadymy seň bilen?—diýip, dylym-dylym edip sorady.
Bähbidiň öz betbagtçylygyny bir täsin zat ýaly edip ýyrşarylmasyna Sadabyň diýseň gahary geldi.
—Gürrüň gutardy, Bähbit!—diýip, azmly aýtdy-da, kürşerilip oturdy.
—E...e—edip, Bähbit gepini birden kesäýmedi.—Bar diýýäler-eý şeýle oglanlaram... Menem eşidýädim. Ýöne olara doktor-a haýyr edýämişem diýýäler. Sylap doktora görünmedimi?
«Be, bi adamyň gepçidigini» diýip, Sadap Bähbide gaharlanyp, içinden pikir öwürdi. «Gep gutardy» diýlensoň, oturylmalymyka diýýädik welin...».
Sadap gaýdyp geplemedi.
...Bähbit hernäçe ýakymly sözler bilen hoşamaýlasa-da, Sadap gyzlyk dünesi bilen hoşlaşylan gijäniň ählisini gözýaş döküp geçirdi. Nämüçindir, bu gije oňa ähli başyndan geçen günleri ýatlatdy. Arzuwjyk bilen Maksatjyk hem ýadyna düşdi. Bile ýaşaşylan günler bir burçda bir gysym bolupjyk ýatýan betbagt Sylabyň keşbi göz öňünden aýrylmady. Öz ykbalyna ýanyp-bişdi. Şu çaka çenli özi üçin täsin bir ertekiler dünýäsi ýaly bolup görnen durmuşyň gyrasyndan jyklamagy onuň akylynyň kän zada ýetmesine täsir etdi. «Eý, Alla, sen näme üçin adamzady şeýle masgara ýaşamaga mejbur etdiň! Näme üçin munuň şeýledigine erkek kişiler bilen ýaşaşylmanka, göz ýetirip bolmaýarka?!» diýip, Sadap birsyhly pikir öwürýärdi. Özem özüniň Bähbit bilen baş goşanyna hut şu pursatdan, ilkinji ädimden puşman etdi. «Näme üçin gaýtdymkam?» diýip, puşmana gelse-de, alaç ýokdy. Pelegiň çarhy elinden sypypdy. Öň ol çarh Sadabyň elindedi. Sadap ony isledigiçe pyrlap, bir täsin arzuwlaryň içinde ýüzer ýörerdi. Nämedir bir täsinlige garaşar ýörerdi. Ine, indi ol hemme göwün ýüwürdýän zatlarynyň soňuna çykdy. Indi mydama durmuş şeýle ýörär. Şeýle... Sadabyň turuwbaşdan halamadyk zatlary bilen ýaşalar. Ýüregi gyssa-da, ol indi hut şeýle bolar. Sebäbi durmuş şeýle. «Kä gyzlar durmuşa çykýarlar-da, derrewem aýrylyşyp gelýärler. Soň bolsa tä ömürleri ötýänçä, hiç kime barman, atasynyň dulunda oturýarlar. Şolar hem meň ýaly beýle durmuşy halamaýanlar bolsa gerek!» diýip, Sadap ýene oýa batdy. Soňam öz-özüne käýindi. «Men nähili namart, bigaýrat. Erkeksiz durmuşam halamadym men, erkek kişi bilen ýaşamaly durmuş hem ýarajak däl maňa. Ýa men bu dünýäniň adamsy dälmikäm?! Ýa-da men dünýä ýalňyşyp indimmikäm?!».
Ol öz sowallaryna jogap tapyp bilmedi. Pikirlere gark bolup ýatyşyna-da daňdanlar irkildi... Ol häzir özüni hemmetaraplaýyn kemsidilen hasaplaýardy...
Irden Sadaby gülki sesi oýardy. Ol alasarmyklykda ilki «Düýşümmikä?» diýip pikir etdi. Aýňalan wagty welin gözlerine ynanmajak boldy. Onuň gulaklarynyň düýbünde pyk-pyklap Bähbit gülüp ýatyrdy. Sadap hasanaklap galdy-da, üstünden ýorgany serpdi. «Akyly dagysy üýtgäp ýörmükä bendäniň?» diýip, içini gepletdi. Oňa gep goşubermäge-de ýaýdandy. Hem-ä agşamky wejeralykdan soň oňa gep goşubermäge utandy, hem-de «dälirän bolaýsa» diýip çekindi.
Indi Sadap Bähbidiň ýüzüne göni seretmäge-de ejap edýärdi.
Bähbit Sadabyň hem uýaljyrap, hem özüne käte bir gabak astyndan nazar aýlap oturyşyndan onuň öz gülküsine geň galýanyny duýdy. Kesewi ýaly gara ellerini Sadabyň bilinden aýlap aldy-da, ol gülküsini batlandyrdy:
—Ýak-eý... Sadap jan... Gülkim tutýar-eý saňa... Şonça ýyl biri bilen ýaşap... Çagaly aýal adyny alyp, gyz halyňa gezip ýörşüň-eý seniň...
Sadap şu pursatda Bähbidi şeýle bir ýigrendi welin, özüniň nädip şeýle nakys adam bilen goş birikdirip bilenine haýranlar galdy. «Samsyk adam eken» diýip, öz betbagtçylygyny uly bir gülkä öwren Bähbit hakda ýigrenç bilen pikir öwürdi. Onuň gara kesewi ýaly elini öz bilinden aýryp itip goýberdi. «Şu hakda dil ýaryşyň iň soňky gezek bolsun» diýip, Bähbide azgyrylmak isledi. Ýöne uludan dem aldy-da, beýtmegem goýbolsun etdi. «Agşam sözem berdi ahyr... Gep ýokmazyň biri öýdýän bi» diýip, içini gepletdi. Düşek-ýorganlary galdyryşdyryp, töwerekde ýaşynar ýaly adam ýogam bolsa, ýaşmagyny berk ýaşynyp, bir burça dykylyp, uýaljyrap oturdy. Bar ýigrenjini gözlerine jemläbem, Bähbide gönükdirdi.
Bähbit ýene agzamasyz gepden gürrüň gozgady:
—Seň ejeň beýle arassa maşgalasyny alyb-a, ony ýöne goýup bolmaz! Ejem bilen maslahatlaşyp, oňa süýt haky pul bilen ojagaz-bujagaz halatjyg-a ibermeli!
Sadap bu sözlerden soň nädip ýaşmagyna el uzadanyny duýman galdy. Ýaşmagyny aýryp, hopugyp gepledi:
—Ejeňe aýtmak nämä gerek, Bähbit! Gepleşdig-ä agşam syr syrlygyna galmaly diýip! Sen nähili adam ekeniň!
Şeý diýdi-de, Sadap gaharyna gözlerinden paýradyp ýaş dökdi. Beýnisinde hem: «Nähili samsyk adam eken, aňrybaş samsyk!» diýen pikir at çapdy.
Bähbit onuň bu pikirleriniň üsti ýeter ýaly ýene samsyk gep tapdy.
—Ejemiň bileni bilen ile ýetäer öýdýäňm-ow şo!—diýip, hondanbärisiräp, ellerini serip gepledi.—Onsoňam, sen näme-how, döwlet syryny saklaýan däldirin öýdeňok! Il-ä oň ýaly syry içinde saklamajak bolýa gaýtam...
Sadap sesini gataldyp gygyrdy:
—Meniň nije ýyl bäri mukaddes saklap gelýän zadym şo syr! Özüňki bolsun, döwletiňki bolsun, tapawudy näme! Syr syr bor-da! Aýtmasyz diýlen zady diýlensoň, aýtmasyz bor-da! Sen ne beýle gepe düşmez ekeniň!
—Sesiňi gataltma-how!—diýip, Bähbit ilki Sadaba gözlerini alardan boldy. Soňam ýene ýyrşardy.—Bu syr indi maňa-da degişli ahyry, Sadap! Özüme degişli zady bolsa, aýtsamam özüm bilerin, aýtmasamam!
Şeý diýip, Bähbit daşaryk çykyp gitdi. Sadap onuň yzyndan ýigrençli bakyp galyşyna, kimdir biri bilen gepleşýän ýaly pyşyrdady: «Bi adam samsygyňam aňrybaşy bolmaly. Meň maňlaýym ýene açylmady öýdýän!». Şeý diýibem, ol maňlaýyna ýumruklap goýberdi.
Daşardan Enewiň gohy geldi:
—Şermende süýdi ýanan! Gijesi bilen gohy ýatyrmady. Näme özüni ulugyzdyryn öýdýämikä?!
Aradan kän salym geçmänkä-de, Sadabyň oturan jaýynyň gapysy şarkyldap açyldy-da, Enewiň gysylyp süýreldilen kädini ýatladyp duran kellesi göründi. Ol dessine Sadabyň üstüne ajysyny pürkdi:
—Näme ulugyzlygyna gelen ýaly bolup, sülmüräp otyrsyň! On ýyllap birine heleý bolup, iki çaga dogran aýala beýdip burça dykylmak nämä gerek! Ondan-a irräk turup, ejem görgülä, o ýetim çagalara çaý-suw äbererler! Ýa çaýy seň özüňe demläp bermelimi?!
«Heý-weý-eý... Bi içine ot düşen maşgala näteňet eken!» diýip, Sadap içini gepletdi hem-de ýerinden galmak bilen boldy. Sesini çykarman, Enewiň yzyna düşdi.
Enew oňa gaz jaýy, banýany, gerekli goşlary görkezip çykdy. Oba ýeri hem bolsa, içi ýalpyldap duran daşlar bilen bezelen banýada gyzgyn hem sowuk suw şaglap akyp durdy. «Ezit, öýüne-hä gowuja seredýän eken» diýip, Sadap Bähbidiň hojalykçydygyna haýran galdy. Ýuwunyp-ardynybam, çaý oturtdy. Enewiň görkezen ýerinden alyp, çäýnek-käseleri ýuwdy. Bolsa-da, heniz kempir daşarda görnenokdy. Sadap şoňa-da begendi. Onuňam özüne bir zat diýip iňirdärinden çekindi.
—Banýadan çykaňsoň, eliňi ýene sabynlap ýuw, çäýnek-käse bir arassa zat—diýip, Enew iki elini biline tutup, gözilginç bolup durşuna oňa birsyhly gep öwredýärdi.
Enewiň görkezmesi bilen Sadap bedre alyp, sygyr sagdy. Süýdi gazana guýup, gazda goýdy.
—Süýdüň aşagyny pessejik ýak, pessejik!—diýip, Enew oňa birsyhly öwretdi durdy.—Ýanar ýogsa!
Onuň öz ökjesine düşüp sakyrdap ýörşüne Sadabyň myrryhy tutdy. «Seň özüň ediber şony!» diýip, oňa gep gaýtarmak üçin telim öwra hyýallandy. Ýöne bu wagt dili daňlan ýalydy.
Daşardaky türkmen halysy düşelen agaç sekiniň üstüne öňki gök gülli kleýonka saçak, çäýnek-käseler, iýip-içmeli zatlar üýşensoň, gyzjagazlar, Pälwan, kempir dagylar hem çykdylar. Pälwan bilen gyzlar el-ýüzlerini ýuwup geldiler. Kempir bolsa göni saçak başyna geçdi.
—Irki namazymy okap, şo-ol garaşyp ýatyşymdyr, asyl, bu gün çaý demlenmän geçdi—diýip, Ejegül kempir başdan iňirdäp ugrady.—Öň bir öýi görüp gelen gelin dagy ýerinden gündenem öň galmazmy!
—Öý görmände-de, düzüw ejäniň terbiýesini alan maşgal-a bilmelidir bi zatlary!—diýip, Enewem ejesiniň gepini makullady.
Sadap kleýonka saçagyň üstüne ony-muny daşap ýörşüne olaryň gepini sesini çykarman diňleýärdi. Özüniň bu öe ilki gelen güni, gowy gelin bolup, bu maşgaladakylaryň barynyň göwnüni tapmaga öz-özüne söz berşini ýatlap, gaýynlary her zat diýse-de çekmäge çalyşýardy. Ýöne her näme-de bolsa, olara içinden igenýärdi. «Şular-a gözleri açylyp-açylmanka, ýorganyň aşagyndakalaram agyzlaryna bir zat dyksaň hem ýuwutjaklar» diýip, ýigrenç bilen içini gepletdi. «Ýaňyja gün dogdy, sagat heniz ýedem-ä bolan däldir. Nädip işdäleri zat alýaka?».
Sadap daşarda goýulmaly zatlary boldum edensoň, kiçijik daş çäýnekleriň biri bilen iki sany käsäni alyp, içerik ugrady.
—Gyw! Olary nirä alyp barýaň?!—diýip, Enew zähre ýaryp, çirkin gygyrdy.
Onuň sesinden gorkusyna tas Sadabyň elindäki zatlar ýere gaçypdy. Gorkudan saňňyl-saňňyl etdi. «Bähbit bilen özüme» diýip, Enewe gep düşündirmek isledi. Ýöne kempirden ýaşynansoň, sesini çykarybam bilmedi. Içerik elini salgady. Enew onuň näme diýjek bolýanyna düşünen bolarly:
—Bähbit çaýy ömürem biziň ýanymyzda içýär, senem bir ýüzüniň perdesi syrylmadyk ulugyz däl-le... Içiber şu taýda. Çaý döküp, gül ýaly içerini zer-zaýa etjek bolma!—diýip gygyrdy.
Sadap Enewiň özüne çaga gygyrýan dek gygyryp, kemsidip durmasyna diýseň gynandy. Öňki gaýynenesi Sabyr daýza ýadyna düşdi. «Olar dagy gyzyl ýaly adamlar eken» diýip, içini gepletdi. Elindäki çäýnek-käselerini kleýonka saçagyň bir gyrasynda goýdy. Onýança içerden Bähbidem gelip, hatarda ornaşdy. Sadap kempirden sowarak oturdy.
—Süýt işşek!—diýip, şol wagt Pälwan yňňyldady.
—Çagalara her gün irden süýt berilýändir, şony ýadyňda sakla!—diýip, kempir Sadaba ýüzlenip aýtdy.—Süýdem çagalar ýerinden galýança bişirilgije bolmalydyr!
Sadap diýleni makullap baş atdy hem eline bir käse alyp, düwdenekläp aşhana ugrady.
—Gyw!—diýip, Enew ýene gygyryp, onuň zähresini ýardy.—Käsäni nirä alyp barýaň! Süýdi jama guýup getir! Käse bularyň haýsy birine ýetsin!
Sadap yzyna düwdenekledi-de, käsäni ýerinde goýup gitdi.
—Jamy bir çaýkaweri guýmankaň, çaň-çuňy bilen guýaýma!—diýip, Enew birsyhly yzyndan gygyrmagyny dowam etdi.
Bu akyl satmalar Sadabyň myrryhyny diýseň tutdurýardy. Enewe bir degerlije zat diýip, içini sowatmak isleýärdi. Ýöne ilkinji gün çydam etmek isläp, zordan saklanýardy. Hut şu pursat hem özüniň gowy gelin boljakdygy hakda öz-özüne beren sözüni yzyna aldy. «Bular ýaly adamlar bilen düzüw ýaşaşyp bolmaz. Entek biraz garaş bakaly, almytyňy alarsyň menden!» diýip, ol Enewe gaýybana haýbat atyp hüňürdedi. Şeýle pikir bilenem özüniň gahardan püre-pürlenen ýüregini birneme düşüşdirdi. Gykylykçy eltisi Jereni ýatlady. «Tüýs şoň gerek ýeri eken bi ýer, biri-birine üýrüşip durar ýaly» diýip pikir etdi. «Näme üçin hemme meňzeş häsiýetli adamlar biri-birlerine sataşmaýarkalar?!».
Sadap üç litre golaý süýt gidäer ýaly jamy ilki suw bilen çaýkady. Soň hem ony süýtden dolduryp, yzyna dolanyp bardy.
—Heý-wi! Daş edewersin, tüýs iş görmedik-dä!—diýip, Enew ýakasyna elini ýetirip gygyrdy.—Heý, şeýle-de bir kän guýmak bormy! Näme bi çagalary sygyrdyr öýdýäňmi sen! Ylaýygrak guýarlar-a!
—Degme, galanyny soň äkidäersiňiz yzyna—diýip, Bähbit Sadabyň dadyna ýetişdi hem-de onuň elinden jamy alyp, ortada goýdy.
—Agyzdan galany yzyna guýup bolasy ýok!—diýip, Enew öz diýenine tutdy.—Şunça süýdüň içiljek-içilmejekdigine kellesi işlänokmyşmy munyň! Bar, muny yzyna äkit-de, kiçiräk jama guýup gel! Süýdüň aşagyny bir öçürdiňmi? Çogaýmasyn ol!
Sadap özüniň kemsidilmesine gahardan aglaýjak bolýardy. Bir alasamsygyň öz üstüne gygyryp durmasyna jany ýanyp, gaňşyrawugy tütäp-tütäp gitdi. Süýtli jamy yzyna alyp gitdi. Bu gezek kiçiräk jam alyp, elten süýdüniň ýarysyny guýdy. Süýdüň galan ýarysyny gazana guýdy. «Birki günjük öwrenişýänçäm, özleri hyzmat edäenlerinde nämemiş maňa» diýip, gahar bilen içini gepletdi.
—Eje, görýäňmi meniň tapan gelnimiň akyllyjadygyny!—diýip, Bähbit Sadap ikinji gezek getiren süýdüni ortada goýup, ýerine geçensoň, dylym-dylym edip, Ejegül kempiriň ýüzüne seretdi. —Heý, gep gaýtarýarmy! üstesine-de, seret, nähili owadan! Iliň ulugyzlaram şunça ýokdur, seret!
—Şu günki samsyklygyny ýene edäýse, men seň heleýjigiňi bogup öldirin!—diýip, Enew ölen öküziňki ýaly, sowuk hem möle gözlerini hanasyndan çykaraýjak boldy.
—Gelniň gowy bolsa, gowy zat—diýip, Ejegül kempir agzyna salan çöregini käte bir gäwüşäp oturyşyna agras gepledi.—Ýöne onuň bu günki bolşun-a göwnüm ýetmedi. Ertirden başlap irräk galawersin ýerinden. Özem öň okamaýan bolsa, namaz öwrensin... Düzüwli gelin boljak bolsa, hökman namaz okamalydyr. Namaz okan adamyň yrsgal-döwleti artarmyş. Arassaçylyga-da haýry bar onuň... Bilmeýän bolsaňam, öwren, gelin!
Sadap sesini çykarmady. Içinden bolsa: «Bir kemim namaz okamakdy» diýip gaharlandy. Kempire çörek iýşi görünmez ýaly, gyňajynyň bir çowy bilen ýüzüniň ýarysyny gizledi-de, garbanan bolup ugrady.
—Eje, namaz okamasa-da, gelniň arassa kem-ä ýok eken—diýip, Bähbit ýene dişlerini syrtardyp ýylgyrdy.—Onuň ejesine halat-serpaýam-a äkitmeli bor!
Bähbidiň sözleri Sadabyň üstünden gaýnan suw guýlan ýaly etdi. Eline ýaňy alan käsesini zordan ýerde goýdy. Ilk-ä: «Gepleme» diýen terzde Bähbide bakyp, başyny ýaýkady. Soňam ýerinden hasanaklap galyp, içerik ylgady.
—Beýle suwjarar ýaly näme bolanmyş, gyz!—diýip, Enew gygyryp galdy.
Sadap içerik girip, elleri bilen ýüzüni tutup oturdy. Ýüzi lap-lap gyzýardy. Gaharyna saňňyldaýardy. Bähbide näme diýip-näme aýtjagyny bilmedi. Ol yzyndan giräýse, diýmeli sözlerini taýýarlap goýdy. Ýöne onuň yzyndan gelen bolmady. Birhaýukdan soň bolsa, Bähbidiň maşynynyň sesi eşidildi. Ol nirädir bir ýere gitdi. «Tüýs haýwan ýaly adamlar eken» diýip, Sadap bu maşgaladan barha göwnüni sowadyp, içini gepletdi. Olary minutsaýyn ýigrenip ugrady.
Ol göwnüçökgün halda ep-esli oturansoň, içerik Enew boýnuny uzatdy.
—Ep-esli ýaşan heleý halyňa eşek näzini edip oturma-da, bar, daşaryny ýygnaşdyr. Soňam nahar atar. Indi bi öe eýemsirän bolýaňmy, hyzmatjygam etjek bol!
Sadap ýerinden galdy. Hernäme-de bolsa, indi bu öe gatyşybermekden başga alaç ýokdy. Boljak iş bolup, boýa siňipdi.
Ol çäýnek-käseleri, saçagy ýygnaşdyrdy. Onýança Enew aşhanada kartoşka, et taýýarlady. Nahar bişirilýän gazany görkezdi.
Çoýun gazanjyk kiçijikdi. «Munda bişýän nahar bilen bular neneň oňňut edýälerkä?» diýip, Sadap haýran galdy.
—Gazyň üstüne suw-söl damdyraýma. Nahara artykmaç zat atjak bolup durma, bi zatlaň her biri pula çekilip alynýandyr—diýip, Enew Sadabyň ýanynda durup, oňa akyl satmagyny dowam etdirdi.
Sadap gazany ýuwup durka, aşhana gyzjagazlaryň ekabyrragy geldi. Ol gaharyny gözlerinde jemläpdi. Gyzjagaz Sadabyň elindäki gazany kakyp aldy. Sadap çykgynsyz ýagdaýda galdy.
—Aýgül jan, ber, bala, gazany gelnejä, ol size nahar bişirjek diýýä, ber—diýip, Enew hem gazanyň bir gyrasyndan tutup, gyzjagaza höre-köşe etmäge durdy.
—Gazan ejemiňki, berjekgä!—diýip, Aýgül gazandan berk ýapyşyp durşuna ýüzüni barha sortdurdy.—O daýza ejemiň zatlaryny elleme diý. Hana, öýünem aldy...
—Aýgül jan, ber gazany. O daýzany kakaň size nahar bişirtmäge, kiriňizi ýuwdurmaga getiripdir. Meniň bir özüm hemme işi etmäge ýadaýan-a, kömekleşsin-ä!—diýip, Enew höre-köşelemäni dowam etdi.—Ber, jigim!
Şundan soň welin, Enew gazany gyzjagazyň elinden dözümli çekip aldy-da, Sadaba berdi. Gyzjagaz aglap, daşaryk gitdi.
—Eje! Eje jan! Seniň zatlaryňy bir daýza gelip alýa-a!—diýip möňňürdi.
—Aýu, Enew-ä!—diýip, Ejegül kempir çirkin gygyrdy.—Şu öýde şu çagalaň gözýaşy dökülmeli däldir-u-u!
—Özi aglaýa-a!—diýip, Enew şaňňy sesi bilen Sadabyň gulagyny gapara getirip gygyrdy.—Biderek zada aglaýa-a!
Enew soň daşaryk çykyp, Aýgüle höre-köşe etmäge durdy.
Aýgülüň bolşy Sadabyň diýseň keýpini gaçyrdy. Özüni çagalaryň sulhunyň almanyna ýanyp-bişdi. «Bular bilen neneň öwrenişerkäm?» diýip, uly alada galdy. Enewiň bölüp goýan ýagydyr etini atyşdyryp, çorba bişirdi. Soňra aşhana serenjam berişdirip, daşaryk çykdy. Agaç sekiniň üstünde Aýgülüň bir özi otyrdy. Ol Sadaba birsyhly gözlerini alardyp seredýärdi. Oky bolsa atarlydy. Özem hiç bir pişesiz doňdurylan ýaly bolup otyrdy. Boýy ýaňy eginlerine ýeteňkirlän jonnujak saçjagazlaryna dakan gökje lentasynyň biri çöşlenip, sypaýjak bolup durdy.
Sadap hiç kimiň ýoklugyndan peýdalanyp, ony özüne öwrenişdirmek isledi. Aýgülüň ýakynjagyna baryp oturdy.
—Saçyň çözülipdir, Aýgül jan, daňyp bereýinmi?—diýip, mylaýym sorady.
Aýgül dodaklaryny berk gysyp, çaýkanjyrady-da, beýläk geçdi.
—Barybir, biz saňa eje diýmeris!—diýibem, gahar bilen aýtdy.
Heniz çagalykdan saýlanmadyk gyzjagazyň beýle sözleri tapyşyna Sadap haýranlar galdy. «Ýa Enew öwredäýýämikä?» diýip pikir etdi. Gyzjagazdan hoş söz eşitmejegini duýsa-da, oňa gep goşdy:
—Men saňa owadan köýnegem tikip bermekçi, Aýgül!
Aýgül ýene gaharly gepledi:
—Barybir, biz saňa eje diýmeris! Biziň ejemiz senden has owadandy!
Sadap bu gyzjagaz bilen öz gepiniň ugra barmajagyny duýdy. Uludan dem alyp, ýerinden galdy. Öe girmek üçin gapa ýakynlaşdy. Aýgül onuň yzyndan hüňürdemegini dowam etdi:
—Sen näme üçin ejemiň jaýyny alýaň? Ejemiň ýorganlaryny elleýäň?! Biz olary saňa bermeris!
Sadaba Aýgülüň sözlerini mundan artyk diňlemek agyr düşdi. Ol hatda onuň sesini eşitmezlik üçin öe sümülmäge howlukdy. «Meni halys ýigrenýämikä? Ýa-da ejelerini halys gowy görendiklerindenmikä?» diýip, Sadap çagalar hakda ýene pikire batdy. «Ejeleri näme sebäpden ýogaldyka? Öwrenişýänçäm gowuja bolaýmadylar» diýip, gelin bu maşgala hakda birden öýkä batyp oýlanýardy. Birdenem melul bolup, özüniň Bähbit bilen geçiren pursatlaryny göz öňüne getirip oýa batýardy.
Birden gapy açyldy-da, içerik Pälwan girdi. Ol ilki uýaljyrap, ýyrşardy. Ýüzüni ýere saldy. Bir zatlar diýmek isledi. Sadap oňa hoşamaýlyk bilen gep goşdy:
—Pälwan jan, geleweri! Men saňa süýjülije çaý bereýinmi?
Pälwan ilki «ýok» diýen terzde başyny ýaýkady. Soňra rahat sypata geçip, gözlerini tegeledi:
—Çaý içjekgä!
Sadap oňa öz ýanyndan ýer görkezdi:
—Gel, onda şujagaz ýere gelip oturaý.
Pälwan görkezilen ýere gulagasyjylyk bilen geçdi. Ýüzüne agraslyk çaýyp oturdy.
—Men-ä saňa «Eje» diýjek—diýibem, hamala, zerur maslahaty çözmäge gelen uly adam ýaly gepledi.—Men ejäni gowy görýän!
Oglanjygyň bolşuna Sadabyň ýüregi jigläp gitdi. Ol elini Pälwanyň kellesine ýetirip, onuň şar-garaja saçlaryny sypalady:
—Menem saňa «oglum» diýerin, Pälwan jan!
—Onda meni gujagyňda ýatyraý-da!—diýip, Pälwanjyk gözlerini tegeläp, ýalbaryjy äheňde aýtdy.—Meni ol ejem gujagynda ýatyrýardy.
—Bolýa, Pälwan jan!
Sadap Pälwany gujagyna aldy-da, ýene onuň saçlaryny sypalady.
—Ol ejem meni yralaýardy-da, soňam hüwdüleýärdi—diýip, Pälwanjyk ýatan ýerinden gepledi.—Indi meni hiç kim hüwdülänok. Enem-ä «garradym» diýýä, Enewem kowýa, «Öküz ýaly bolupsyň, ýatyber özüň!» diýýä, Aýgül bilen Bägülem «hüwdülejekgä» diýýä!
«Bi çaga, hakyt, mähre zar eken» diýip, Sadap Pälwanjygyň saçyny sypalap oturyşyna pikir öwürdi. Onuň geplerine gözlerine ýaş aýlandy. Eşegiň üstündäki ganardan kellesini çala görkezip, loňkuldap barýan Maksatjyk ýadyna düşdi. Onuň telim gezek yzyna gaňrylyp-gaňrylyp seredenini ýatlanda, Sadabyň ýüregi dilim-dilim boldy. Ol «çaga hem ene mähri» diýen zadyň nämedigine şu pursatdan düşünip başlady. «Maksat janam häzir Pälwanyň bolşy ýaly, meni küýseýämikä?» diýip, gynanmak bilen oýlandy.
—Hüwdüläý-dä meni!—diýip, gözlerini süzüljiredip, kellesini barha Sadabyň goltugyna dykýan Pälwan ýalbaryjy seslendi.
Sadap sesini endiredip, hüwdä başlady:
—Pälwan jan-a ýaşynda,
Akja telpek başynda,
Atlanyp awa gitse,
Dostlary kän daşynda
Huwwa-huw...
—Eje, sen meni taşlap gitmersiň gerek?—diýip, Pälwanjyk Sadabyň hüwdüsiniň arasyny kesdi.
—Ýok, Pälwan jan, taşlaman!—diýip, Sadap oňa mylaýym jogap berdi. «Bi çaga ejesiniň ýogalanyny bilenok öýdýän» diýip pikir öwürdi. «Bu görgül-ä ölüm zerarly ejeden jyda düşüpdir. Men bolsa Maksatjyk bilen Arzuwjygy dirilikde taşlap gaýtdym. O çagalary bäbekhanada zyňan çyn ejeleri ýaly ýezit boldum menem» diýip, Sadap böwründe ilkinji gezek adamkärçilikli pikir edip, wyždanynyň ezetini duýup ugrady.
—Sen maňa «oglum» diýmediň-ä—diýip, Pälwan ony ýene pikirlerden halas etdi.
—Oglum sen, Pälwan jan, oglum. Ýatyber, oglum, ýatyber—diýip, Sadap çaganyň başyny sypap, ony köşeşdirdi. Hem ýene gözlerini ýaşlady. «Seniň-ä, hernäme-de bolsa, ýanyňda kakaň, eneň, doganlaryň bar, Pälwan jan» diýibem, ýalňyzlygyň hasratyndan ýaňa kemsinip, içini gepletdi. «Ine, mende welin hiç kim ýok. Dünede ýeke galdym men. Men mesligime çydaman, gowy adamlary taşlap gaýtdym».
—Men agşamam seň bilen ýatjak, bolýamy?—diýip, Pälwan uka batyp barşyna dillendi.
—Bolýa, oglum, ýataý!..
Pälwan Sadabyň gujagynda uka gitdi. Sadap ony bir çetde ýatyryp, düşek ýazdy. Düşegiň üstüne ýassyk atdy-da, soň Pälwany geçirdi. Pälwany oýarmajak bolubam, ýuwaşlyk bilen daşaryk çykdy.
Pälwan oýanyp, daşaryk çykanda, onuň el-ýüzüni ýuwup berdi. Bileje oturyp, nahar iýdi. Şeýdip, Pälwan Sadaba derrew höwrükdi. Gyzjagazlar bolsa, täze ejelikden asylyşyp ýören jigilerine gözlerini alardyp seredişýärdiler...
-
myspaser
5 years ago
- ***
Bähbit günortan naharyna gelmedi. Agşamlyk gün batyberende, ilki «Wolgasyny» getirip, aşhananyň gapdalynda salnan gök reňkli demir garažyna goýmaga geldi. Sadap onuň öňünden çykyp ýyrşaryldy. Täze adamsynyň özüne bir zatlar diýerini isledi. Ýöne Bähbit lal-jime dönüpdi. Ol hatda nirä ýörese, Sadabyň gyňajynyň çowundan tutup, ýantazy ýaly bolup ýören Pälwana-da gep goşmady.
Sadabyň özi dillenmeli boldy. Ol:
—Günortan naharyna-da gelmediň-le—diýip, garažyň gapysyna çaganyň kellesi ýaly gulpy ötürip duran Bähbidiň ýanyna baryp, mylaýym gepledi.—Iýip gitseň-ä zat taýýarlaýyn?!
—Aý, ýok, men şu gün juda dok. Seni göremsoň-a açlygymam unudaýdym—diýip, Bähbit bir zada gyşarylýanyny duýduryp, gaharly hüňürdedi. Soňam başga zat diýmän, çykyp gitdi.
Kän wagt geçmänkä-de, ol uly maşynyny alyp geldi. Maşynyň kabinasynda garagäz papagyny maňlaýyna sümren erkek kişi bardy. Erkek kişi düşüp, maşynyň gapdalyndan asylgy ýagly bedräni aldy. Bähbit maşynyň bakyna rezin goýberip, oňa benzin guýup berdi.
—Şunuň bilen gönüje on bedre bolýar, öň dokuz alypdym dälmi?—diýip, papakly bedresi dolansoň, Bähbide ýüzlendi.—Puluny häzir getirin.
—Gerek bolsa, ýene alyber-how, kolhozyň benzini ýetik—diýip, Bähbit ýyrşardy.—Günde guýduryp durun-how. «Nirä harçlaýaň?» diýip soraýan ýok.
—Bor, gerek bolsa, ýene alaýaryn—diýdi-de, papakly kişi bedresini göterip gitdi.
«Benzin satýan bolsa, munça baýlyk ediner-le bi» diýip, Sadap howla, kaşaň jaýlara göz aýlap durşuna pikir öwürdi.
Agşam iýlip-içilip, saçak ýygnalansoň, her kim öz ýatýan ýerine sümüldi. Sadap öz ýanlaryndan Pälwana-da düşek ýazdy. Ýöne Bähbit Pälwany jaýdan basym idenekledip çykardy:
—Bar, öňki ýatýan ýeriňde ýat, bäbek bolmak hökman däl!
Pälwanjyk çyrlap gitse-de, Bähbit Sadaby onuň yzyndan goýbermedi. Gapyny berk ýapdy. Soňam düşegiň bir gyrasynda gözlerini tegeläp, Bähbidiň bolşuny geňläp oturan Sadabyň ýanyna bardy. Birden sen-men ýok, onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, ýaňagyna şarpyldadyp goýberdi. Duýdansyz şarpyga Sadabyň gözlerinden ot çykyp gitdi. Bähbidiň bu bolşuna ol näme diýip-näme aýtjagyny bilmedi. Onýança-da Bähbidiň özi dillendi:
—Ine, birinji gezeklikçe ýeke şarpyk berýän. Ýene-de şeýdip meni aldamakçy ýa oýnamakçy bolaýsaň welin, öldirin seni! Soňky gün eşitmedim diýme!
Şeý diýip, Bähbit öz ýerine geçip, ellerini dyzlarynyň daşyna aýlap oturdy. Onuň öz güýjüne buýsanýany mese-mälim bildirýärdi. Gopbamsydy.
Şarpygyň awusyna hem-de kemsidilmäniň kalba beren yzasyna Sadabyň gözlerinden paýrap ýaş döküldi. Ol: «Men muny näme diýip aldatdymkam?» diýip, geň galyp oýlandy. Dogrudanam, ol özüniň Bähbidi näme diýip aldanyny bilenokdy.
—Men şu gün siziň öýüňize bardym—diýip, Bähbit täsin habarlary bilen Sadaby geň galdyrmagy dowam etdi.
Onuň bu habaryna Sadap çydamady. «Bu nähili samsyk adam eken, ejem-ä muň ejesini kowup goýberýä, bi-de bize barýa. Beýle samsygy ýörite gözläbem tapyp bolmaz!» diýip, ol içini ýakyp oýlandy. «Utanmaýan binamysyň biri diýsä!». Birdenem özüniň näme edýäninem bilmän, Bähbidiň ýakasyndan ebşitläp tutdy:
—Seň kelläň bir işleýämi! Bizde nä körüň bardy seň!—diýibem çirkin gygyrdy.
Bähbit güýç bilen Sadabyň ellerini özünden aýyrdy-da, onuň ýaňagyna ýene şarpyldatdy. Soňam ony itip goýberdi. Sadap düňderilip gitdi. Ýykylan ýerinde ýüzüni ýere beribem, möňňürmäge durdy.
—Men näme üçin ölüp dynmaýarkam, Hudaý jan! Näme üçin meniň janymy alaňok sen?!—diýip, agysynyň arasynda samrady.
Bähbit ýerinden galyp, Sadabyň ýanyna bardy-da, gödek aýalary bilen onuň agyzlaryny tutdy:
—Bäs et gohuňy! Jyňkyň çyksa, janyňy alaryn!—diýip azgyryldy.—Sesiňi çagalar eşitse, näme diýer!
Sadap sesini peseltse-de, zol hamsykdy. Sojady oturdy. Bähbit dowam etdi:
—Ejeň bar eken, kakaň-a ýok eken!
—Saňa bize barmak nämä gerekdi!—diýip, Sadap janagyryly iňňildedi.
—Näme, syryň açylanyna janyň ýanýamy?!—diýip, Bähbit gaharly gepledi.—Barjak. Näme barman! Gyzynyň özi razy bolup durka, ejemi näme üçin kowup goýberen bolýa ol, ejeň. Gürleşeýin diýip bardym. Zorluk bilen gyzynyň alynmanyny aýtmaga bardym. Üstesine, seniňem günäsizligiňi aýdaýyn diýdim. «Gyzyňyza gahar edip oturmaň, ol ömrüni ýakyp ötüripdir-ä, ýagdaýy şeýle eken» diýibem, ähli zady bolşy ýaly aýtdym. Açdym seňňem syryňy! Nämä gerek gizläp ýörmek!
Sadap elleri bilen ýüzüni tutup, ah çekmeden iki büküldi.
—Ymm...—edip iňňildedi.—Sen meniň syrymy näme üçin paş etdiň! Sen ony saklamaga söz berdiň ahyry! Ýa sen syr diýen zadyň nämediginem, ony saklap-saklamazlygyň parhynam bilmeýän adammy?!
—Heleýde syr bolmaz! Heleýde diňe samsyklyk bolar—diýip, Bähbit seňrigini ýygyrdy.—Ejeň çagalaryňy getirip görkezdi. Agyn Sylaba meňzäp dur. Men seň adamyňy gowy tanaýan. Aýratynam sizden kömek alanymyzda belet boldum oňa. Çagalar agyn şoň özi. Ýöne sen iliň öňünde gepe galmajak bolup, özüňi aklajak bolup tapypsyň, ol syr diýen zadyňy. Ejeňem şeý diýdi: «Azan adam her bahana tapar. Her hili gep tapyp, Sylaby masgara edip ýörjek bolsa, kakasyny iberip, kellesini aldyryn o saçy kesileniň» diýdi. «Sylaby biz Sadapdan müň paý gowy görýändiris, onuň abraýyna çirk ýetirtmeris, arkaýyn bolaýsyn» diýdi. Özlerem indi hemmesi senden geçenmişler!
—Heý, şeýle-de bir zat bormy! Heý, şeýle-de bir zat bormy!—diýip, Sadap başyny ýaýkap, ah çekdi.—Azaňda-da gep ýok ýerden beýle bahana tapyp bolmaz ahyry!
—Bu wagt heleýleň etmeýän işi barmy!—diýip, Bähbidem barha gaharlandy.—Çaga dogransoňam, doktoryň kömegi bilen özüni gyz ornunda goýup, täzeden durmuşa çykyp ýörenler känmiş-ä bu wagt.
—Ýalan! Ýalan zat o diýilýänler, Bähbit!—diýip, Sadap jany ýanyp, dişlerinden syzdyryp gepledi.—Iliň tapyp ýören ýalan gepi! Şeýden aýaly kim gözi bilen görüpdir. Il agzyny ýygyp bolýamy! Il bir gep tapsa, çynmy-ýalanmy, tapawudy ýok, şo-ol çişirip gidip otyr-a! Onsoňam, sen näme meni şol hili adamlardandyr öýdýäňmi?! Şunça ýaşap!.. Şunça ýyl abraýymy saklap oturyp!.. Gel-gel, iň soňunda men indi şeýle adamlaryň hilinden bolup galmaly boldummy!
—Şeýle adamlar barmyş!—diýip, Bähbit Sadabyň içini ýakmagyny dowam etdi. Sowukganly geplediýu —Senem şol adamlardan bolmaly. Enewem diýdi şeýdýän aýallar kän diýip. Adamsy bagly bolaýanda-da, munça ýyllap oturmazdy diýýä saňa. Ýa hossarlaryna, ýa-da doktora aýdardy diýýä. Sen bize ilkinji gelen günüň doktora gidenmişiň-ä!
—Gidemde näme! Men, birinjiden-ä, ýola çykamda, ýüregim agyrýa diýip çykdym. Ikinjidenem, men şol gün barmadym doktora. Diňe saňa garaşdym!—diýip, Sadap gahardan göm-gök bolup, boglup gepledi. Dodaklary, dili gurady.
—Nu, bolýa-da şol. Ras doktor diýip çykanyňy boýun aldyň gerek!—diýip, Bähbidem özüniňkini gögertmäge çalyşdy.—Ýuwaş-ýuwaşdan galanynam boýun alarsyň! Syrlary açylmasa, şeýle aýallaryň hiçisem, öz-özlerini garalamaýarlar!
«Men näme üçin bu adam bilen baş goşdumkam?! Men näme üçin munuň şeýle samsykdygyny öň duýmadymkam?!» diýip, Sadap birsyhly içini gepletdi. «Men näme üçin indi muňa hasabat berjek bolup, arassa janyma gara sürtdürip otyryn. Men ýaly azan ýokdur. Arassa janyma men ilde-günde ýok hokgany çykarýan binamys boldum munuň öňünde. Indiden soň men näme üçin otyryn bu ýerde?!».
Şeýle pikirlerden soň, ol özüniň beýle häsiýetli adam bilen hiç wagt ýaşap bilmejekdigini duýdy. Ol indi özüniň öe-de eltilmejekdigini bilýärdi. Häzir bu ýerden gidäende-de, nirä gitjekdiginem bilenokdy. Ýöne özüniň şu öýden hökman gitmelidigini bilýärdi. Şeýle pikir bilen ol hasanaklap, ýerinden galyp, gapa ýapyşdy.
Bähbit ondan öňürdip, gapa badalga boldy.
—Nirä?—diýip, azmly sorady.
—Ikimiz hiç wagt ýaşaşyp bilmeris, Bähbit! Men şuny duýdum häzir! Sen meniň diýýän adamlarymdan däl ekeniň. Iň gowusy, heniz giç däl, imisalalyk bilen aýrylyşaly!
—Hany, geçsen-aý, beýläk, samsyklama-da—diýip, Bähbit Sadabyň gollaryndan tutup, ony äsgermezlik bilen ýene düşege tarap togalap goýberdi.—Men seniň üçin Sylap däldirin, öýden ümsümjik çykaryp goýberip, ile gürrüň bolmaryn, edil kelläňi alaryn!
Sadap Bähbidi şeýle bir ýigrenip ugrady welin, tas: «Sylap jan, men seni näme üçin taşlap gaýtdym! Ömrüm ötinçä, guluň bolup gezsem, bolmaýamy! Maňa erkek kişi bilen ýaşaşmak nämä gerekdi!» diýip, bar-bar bagyrypdy. Gaty aglamaga ýene urlaryndan gorkdy. Janagyryly iňňildäp, ýene gözýaş dökmäge durdy.
Bähbit çyrany öçürip, onuň ýakynjagyna geldi-de, ýene gelniň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Gaharly gepledi:
—Gapa gaty arkaýyn topuldyň welin, ýa ýene bir ätiýaçlyk üçin taýýarlap goýan erkek kişiň barmydy seň! Sen-ä erkek çalyşmany dagy eşekden palan alança-da görmeýän bihaýa aýallardan ekeniň!
Sadap özüne äsgermezlik bilen diýlip duran töhmetli sözlere ýanyp-ýanyp kül boldy. Ýöne indi özüne bu ykbaldan gaçyp sypmaga ýol ýokdugyna-da göz ýetirip ugrady. Başyny ýaýkamakdan başga çäre tapmady.
Bähbit bolsa tä dili ýadaýança, ony her hili myjabatly sözler bilen duzlap-duzlap keýpden çykdy. Sadap bu sögünçlerden, bu göwne degişmelerden soň Bähbit ep-esli wagt özüne ýüzem bermez öýdüp pikir etdi. Onuň bilen gürleşmän gezjekdigini ýatlap, birneme arkaýynlaşdy. Ýöne Sadabyň bu diýenem çykmady. Bähbit Sadaba diýjek zatlaryny diýip, urup keýpden çykansoň, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, oňa topuldy...
«Diňe haýwan hem binamys adam şeýle bolup biler» diýip, Sadap ol hakda ýigrenç bilen pikir öwürdi. Hut şol gije Bähbit tarapdan onuň ýüregi öldi...
-
myspaser
5 years ago
- ***
Ine, şeýdip Sadabyň ikinji durmuşy tigirlenip ugrady. Ol kä gün şarpyk datdy, kä gün sögünç eşitdi. Özem bu öýüň adamlary ony ýersiz-ere kemsidýärdi. Sadap gün-günden keýpden düşýärdi. Günsaýyn düne oňa dar görünýärdi. Hiç zada höwesi ýokdy. Howludan çykarylanokdy. Uzakly gün ony «Bar ony eýt, bar muny beýt» diýip, çaga kimin ylgadýardylar.
Ol gapdallaryndaky goňşularyndan Aýjemal diýen gelin bilen tanyş boldy. Aýjemal her gün bu öe süýt almaga gelýärdi. Şol arada Sadap onuň bilen birki minut gümür-ýamyr edişip, hal-ahwal soraşyp bilýärdi. Ol şeýle bir hossarsyrapdy, şeýle bir ýekesiräpdi welin, Aýjemal süýt alyp, howludan çykandan, ýene basymrak gije geçip, onuň süýde gelerine howlugýardy. Kempir-ä lal açan ýaly, birsyhly dymyp otyrdy. Enew bolsa ýeköýliniň horazy ýaly, uzakly gün iki elini biline tutup, howlynyň içinde ondan-oňa aýlanar ýörerdi. Sadaby birjigem äsgerenokdy. Onuň üstüne çagajyga gygyran ýaly gygyrýardy.
Soňky günler Sadap bir ýaramazlyk tapdy. Ýerinden galmaga ýagdaýy ýokdy. Ysgynsyzdy. Başy aýlanýardy. Hiç zat iýmek islemeýärdi. Hatda aşhana girse, aňyrsy bärsine gelip barýardy. Ol töweregindäkileriň nädip nahar iýip bilşine haýranlar galýardy. Gury çörekden dyrnak ýalyjagyny agzyna salsa-da, aňyrsy bärsine gelip barýardy. Ögäp-ögäp gyzylödegi agzyndan çykaýjak bolýardy. Diňe birazajyk süzme ýalap bilýärdi. Ýöne ýüreginde uzak durman, ol hem yzyna gaýdýardy.
Ol ahyry ýagdaýyny süýt almaga gelen Aýjemala aýtdy:
—Göwrelisiň-dä!—diýip, Aýjemal Sadabyň hakyky durmuşyna belet bolmansoň, onuň bolşuny geňläp, gaşlaryny gerdi.—Öňki çagalaňda başyňdan geçirensiň-ä bu zatlary!
Sadap uzak möhletiň ejiri bolup geçen öňki durmuşynyň söhbetini Aýjemalyň süýt alýança güýmenip gidýän pursadynda oňa aýdyp, düşündirip biljek däldi. Şonuň üçinem häzirlikçe dymmakdan başga çäre tapmady. Aýjemalyň habaryna ýüregi gopup gitdi. «Göwreli!» diýen pikir beýnisinde at salyp, kalbyna howsala çaýdy. «Menem indi hakyky ene bolmaly-da onda?!» diýip oýlandy. Gözleriniň alny ümezlän ýaly boldy. Begenjeginem bilmedi, gynanjagynam. Özünden nesil önjekdigi hakda pikir öwrende, kalbynda birhili ýakymly duýgy peýda boldy. Arzuwdyr Maksatjygy alan döwründe bäbekhanada gören zatlary ýadyna düşende bolsa gorkdy. Çagasy bolan halaty nähili ejirleri başyndan geçirýän aýallaryň görgüleriniň indi özüniňem başynda bardygyny ýatlap, barha howsala düşdi. Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde özüni her hili pikirleriň gujagyna oklap çykdy.
Sadabyň pikire batyp, lal ýaly dymyp oturanyny gören Aýjemal gaýtmak bilen boldy.
—Wah, adamzadyň kemala gelmesem aňsat däl-dä!—diýip, ol ýerinden galansoň, uludan dem aldy.—Görgüli aýallaryň köpüsi muňa tap getirmän, balnisa düşüp, iki-üç aýlap damja ukolyň aşagynda ýatýanlaram bar-a!—Şeý diýibem, ol ýola şaýlandy. Howludan çykyp barýarka-da, töwerekdäkiler eşitmez ýaly, Sadaba pyşyrdady.—IÝesiň gelýän zadyň bolsa, bardajyk aýdaý, Sadap, bişirip bererin. Çekinme-de arkaýyn baryber!
Göwreliligi duýmagyň ilkinji pursady Sadaba gaty täsir etdi. Ol Aýjemal gidenden, içerik girdi-de, ýassyga ýüzüni berip, sojap-sojap aglady. Özem näme üçin aglaýanynam bilmedi. Ýöne aglasy gelýärdi. Daş-töwerekde bir ýerde ys bar bolsa, onuň burnuna urýardy. Gözüni açasy gelenokdy. Gözüniň gören zady onuň ýüregini bulaýardy.
Onuň ýanyna az wagtdan Pälwan geldi. Pälwanyň elinde ýüzüne mesge çalnan çörek bardy.
—Seni Enew çagyrýa, eje!—diýip, Pälwan mesgeli çörekden käte bir agyz salyp, dodaklaryny şapbyldadyp durşuna habar berdi.—Basymjak nahar bişir diýýä!
Sadap Pälwana jogap bermäge mejal tapmady. Agzy suwuklykdan doldy. Pälwanyň elindäki mesge onuň gözüne şeýle bir ýürekbulangyç bolup görünýärdi welin, diýip-aýdar ýaly däldi. Sadap Pälwana ilki: «Mesgäni al-da, git basymjak» diýen terzde elini galgatdy. «Hym...» edip seslenip gördi. Ýöne, barybir, Pälwan onuň yşaratlaryna düşünmedi. Çaga süwümsizligi bilen dodaklaryny şapbyldadyp gäwüşedi durdy.
Mesgä uzak seretmäge ýagdaý galmady. Daşaryk atyldy. Köwşüni geýmäge-de howlugyp, aýakýalaňaçlygyna gumak ýer gözlemäge ylgady. Ögäp-ögäp, ysgyn-mydardan gaçdy. Aňyrsy-bärsine geldi. Yzyna dolanyp, öe girmekçi bolanda, onuň öňünde ýene-de Pälwanjyk pete-pet gabat geldi. Özem mesgeli çöregini henizem iýip bolmandy.
—Eje!—diýip, Pälwan ýyrşaryp, Sadaba ýene-de bir zatlar aýtmakçy boldy.
Sadap bu gezek onuň sözüni böldi.
—Pälwan jan, eliňdäkini görkezmesene maňa, bala! Şonyňy iýip boldajyk geläý ýanyma bormy?!—diýip, Pälwanyň mesge çörekli eline seretmejek bolup, ondan ýüzüni sowup gepledi. Öe girmäge howlukdy.
Agaç sekiniň üstünde Sadabyň her bir hereketine gözlerini mölerdip, syn salyp oturan Aýgül gaty çalasynlyk bilen Pälwanyň ýanyna atylyp geldi-de, onuň golundan berk tutdy. Soňam idenekledip, sekä tarap süýredi. Pälwan onuň bolşuna izläp ugrady.
—Men saňa näçe sapar aýtdym şo heleýe «Eje» diýme diýip! Hana, almytyňy aldyň gerek! Gepiňem diňlemedi!—diýip, Aýgül Sadaba eşitdirip jigisine käedi.
«Wah, men ony diňlejek-le, ýaramok-da, Aýgül jan!» diýip, Sadap yzyna gaňrylyp, Aýgüle ýalbaraýasy geldi. Ýöne geplemäge-de, dolanmaga-da onda mejal ýokdy. Ýüregi sogrulyp barýardy. Ol zordan öe girip, bagryny ýassyga berdi. «Eje jan-eý... men näme üçin ikinji gezek äre gaýtdymkam-eý» diýip, kimdir biri bilen gepleşýän ýaly, iňňildäp, aglamaga başlady. «Maňa çaga gerek däl-eý... Beýle ejir bilen çagaly bolunmaly bolsa, bolunmanlar geçsi-in...».
Onuň agysy hiç kime ýetmedi. Hiç kim gelip, onuň başyny sypamady. «Hemme çagalaram şeýle kynlyk bilen döreýärmikä!» diýip, ol birsyhly pikir öwürdi. «Her gezek şeýle ejire döz gelip, birtopar çagany kemala getirýän aýallar-a tüýs gahryman eken!». Birden onuň ýadyna ejesi Abat daýza düşdi. «Wah, ejem ja-an!» diýip, uludan dem alyp, hyýalynda onuň bilen gürleşdi. «Meniň üçin senem şeýle ejirleri çekensiň-ow! Men bolsa nädäýdim seni!».
Gapyda takyrdy peýda boldy. Soň öe Enew girdi. Ol gapynyň agzynda ellerini biline tutup, Sadabyň üstüne gygyrdy:
—Birinjiden-ä, daşarda aýakýalaňaç gezip, öe hapa aýagyň bilen girme! Utanaňokmy! Çagamy sen! Onsoňam, nahar bişir diýdim-ä saňa! Ýa düşünmediksirän bolýaňmy?! Јriň özi gowy-da, hyzmaty erbet bolaýdymy saňa!
—Men ýaramok...—diýip, Sadap mejalsyz seslendi.—Özüň bişiräý nahary!
—Özüm bişirjek bolsam, bi öýde seň nämä geregiň bar!—diýip, Enew öňküsindenem beter gygyrdy.—Şu öýde ýaşajak bolsaň-a, hemme etmeli işleriňi edersiň! Ýogsa-da gelen ýeriňe ugraýmaly borsuň!
Enewiň bolşuna şu gezek Sadabyň diýseň gahary geldi. Oňa her zatlar diýip sögesi gelýärdi. Ýöne mejaly ýokdy. Gep gaýtarmaga-da güýji ýetenokdy. Şonuň üçinem ol sesini çykarmady. Enew bolsa, ýene gygyrdy. Ýene. Sözler hem onuň agzyna yzyny üzmän gelip durdy. Ol Sadaba kän zatlar diýdi. Ýöne Sadap ony gaýdyp diňlemedem. Gulaklaryna barmaklaryny sokdy. Indi Enewiň sesi üzlem-saplam gelýärdi. Özem myňňyldap, ýeriň aşagyndan eşidilýän ýalydy. Onuň dodaklary bir çömmelip, bir ýazylyp gidýärdi. Gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. «Daş etsin! Şuňa meňzeş çagam bolsa näderkäm?!» diýip, Enewe ýigrenç bilen syn salyp, Sadap pikir öwürdi. Enew gider ýerde gitmänsoň, barmaklaryny gulaklaryndan aýyrman, onuň üstüne gygyrdy:
—Çyk şu ýerden!
Enewe şu sözler ýeterlik boldy. Ol şol pursadyň özünde daşaryk atyldy. Ol çykandanam, daşarda güpür-tapyr ses eşidildi. Soň hem çagalaryň gohy-agysy gelip ugrady.
—O süýdi ýanan bi göwni kem çaga näme etdikä?!—diýip, Ejegül kempiriň sesi geldi.
—Enew eje! Enew eje!—diýip, Aýgüldür Bägülem gygyryp aglaýardy.
«Däli haýranlar! Indi näme gep tapdykalar?!» diýip, Sadap içini gepletdi. Soň ysgynsyz yranyp ýerinden galdy. Onýança-da gapynyň agzynda gözleri gorkuly tegelenen Pälwan peýda boldy.
—Eje! Enew çaşdy!—diýip, ol gözjagazlaryny ýaşlap gepledi.—Men-ä gorkýan!
«Eýýäm nädip çaşdyka?! Çaşar ýaly näme bolduka?!» diýip, Sadap haýran galdy. «Aly köp haramzadalar!» diýibem, ýene içinden sögündi. Ol Pälwanyň başyny sypap, töre geçirdi:
—Gorkma, oglum. Ol oýun eden bolýandyr. Geç, sen şu ýerde oturyber!
—Ol oýun edenok!—diýip, Pälwan gözlerini tegeläp, gorkudan haslap gepledi.—Ol mydama-da çaşýar-a...
Sadap Pälwany töre geçirensoň, özi gapyny çalaja açyp, daşaryk jyklady. Enew işikde birki ädimlikde arkan düşüp ýatyrdy. Iki elini, aýaklaryny tapyrdadyp, ýere urýardy. Agzyndan ak köpük çykýardy. Sadap onuň ýanyna barmaga-da gorkdy. Barmazlygy-da uslyp bilmedi. Onýança aňyrdan Bähbidiň uly maşyny göründi. Bähbit gelensoň, Sadap daşaryk çykyp durmady. Gapyny ýapyp, Pälwanyň ýanyna geçdi.
—Näme boldy?—diýip, Bähbidiň sesi eşidildi.
Oňa Ejegül kempir jogap berdi:
—Öýüme ýedi gapyda ýer tutmadyk şortoýnagy getireňsoň, näme bolar öýdýäň! Enew jan şoň ýanyna girip-çykdy-da, ine, şeýdip ýatyberdi. Bir zat diýip gaharyny getirendir bi çaganyň ol albassy!
Şondan soň: «Elini tut-da, aýagyny tut» boluşdylar. Birdenem ýene Bähbidiň maşyny otlandy. Onuň sesi uzaklaşyp gitdi. Az salymdanam maşyn dolanyp geldi. Aýal maşgalanyň sesi eşidildi:
—Indi gowy bolar, men gowy derman sançdym. Ine, şu tabletkalaram soň berersiňiz!
«Doktor öýdýän!» diýip, Sadap içini gepletdi. Çykyp göräesi geldi. Ýöne Enewe şeýle bir gahary gelýärdi welin, häzir ol ýogalypdyr diýselerem, özüniň onuň ýanyna barjak-barmajakdygyny bilenokdy.
Soňra Bähbidiň doktor bilen sagbollaşýan, Ejegül kempiriň minnetdarlyk bildirýän sesi geldi. Şondan kän wagt geçmänem, Bähbit atylyp öe girdi-de, «sen-men» ýok, Sadabyň gollaryna ýapyşdy. Ony idenekledip, daşaryk çykardy. Tagta sekiniň ýanyna itip goýberdi. Sadap asfaltyň üstüne şarpyldap ýykyldy. Sypjyrylan bolmaga çemeli, goly, maňlaýy erbet awuşady. Ýerinden diklenip, özüni dürsemäge çalyşdy. Onýança Bähbit onuň ýeňsesine ýene bat bilen urup, ony ýene ýere ýazdy.
Öňki çekip oturan azarynyň üstesine, Bähbidiň bu guduz açmasy Sadaba diýseň agyr degdi. Ol şu pursatda Bähbidi öňküsindenem beter ýigrendi. Hatda ondan gowuja ar almak isledi. «Pil-palta ýokmuka?!» diýen pikir bilen töweregine nazar aýlady. Gözüne hiç zat ilmedi. Ol özüniň beýle kemsidilmesine çydap bilmedi:
—Men saňa näme etdim!—diýip, gygyrdy-da, öljeren maňlaýyny tutup aglap ugrady.
Bähbit öňki edişi ýaly edip, äpet gara aýalary bilen onuň agzyny tutdy:
—Goý sesiňi, il eşider!—diýip, azgyryldy. Sadabyň ýakasyndan tutup silkeledi:—Ene Enewe zat diýermiň?!
—Oňa men hiç zat diýmesem näme!—diýip, Sadap aglap oturyşyna nala bilen aýtdy.
Bähbit agzyndan köpük saçdy:
—Ýalan aýtma! Zat diýmedik bolsaň, çaşmazdy ol! Bilip goý, şu günden şeýläk onuň ýeke sözüne ters jogap gaýtarsaň, ýaşatmaryn seni!
Pälwanjyk bir çetde durup: «Eje-e!» diýip aglaýardy. Gyzlar bilen kempir bolsa, hamala, oýna tomaşa edýän ýaly, Bähbidiň Sadaby urşuna hezil edip seredişýärdiler. Enew bir çetde süýnüp ýatyrdy. Ýöne indi el-aýagynam tapyrdadanokdy, agzyndan köpügem saçanokdy. Gözlerini süzüp ýatyrdy. Sadabyň ýüreginde häzir bu maşgala jinnek ýalyjagam ýürek awama ýokdy. Doňupdy. Diňe ýetim gyzlar bilen Pälwanjyga nebsi agyrýardy. Ýogsa ol häzir: «Enew-ä öläýbilseýdir, senem asman paýyňy ýere çekseňem, maňa diýeniňi etdirip bilmersiň!» diýip, Bähbit bilen dikleşäesi gelýärdi. Iň bolman, onuň ýüregini bir agyrdyp galasy gelýärdi. Ýöne Pälwanjyga dözenokdy. Öňem gorkudan gözleri peträn çaganyň kakasyna Sadabam topulaýsa, näme boljagy belli däldi. Pälwanjyk üçin Sadap dilini dişledi. Bähbit näme diýse-de: «Bolýa» diýip baş atdy.
Şeýdibem, ondan sypyp, özüni zordan öe atdy.
Sadap hernäçe ýaramasa-da, naharam bişirmeli boldy, işem etmeli boldy. Agyz-burnuny sarap, telim oturyp, telim turup, nahar bişirdi. Eti gözüni ýumup diýen ýaly dogrady. «Şuny nädip iýip bilýäkäler?» diýip, özem adamlaryň et işip bilşine haýranlar galýardy. Özüniňem şu çaka çenli şeýle ýürekbulangyç görünýän zady nädip iýip bilendigini geňleýärdi. Naharyň duzuny çen bilen atýardy. Datmaga ýagdaýy ýokdy. Agzyna zat atasy gelenokdy. Her nämede bolsa, Sadap indi özi üçin bu maşgaladakylar bilen ylalaşaýmakdan başga alajyň ýoklugyna doly göz ýetirdi.
Şol günüň ertesi süýde gelende, Aýjemal Sadabyň ýüz-gözüni görüp hopukdy.
—Saňa näme boldy, Sadap? Ýüzüň-gözüň sypjyrylyp, pers-ala bolupdyr-la?—diýip, ol howsala bilen sorady.
Sadap oňa jogap bermän, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Aýjemaly hossar tutunyp, sojap-sojap aglady. Eginlerinden dem aldy.
—O meýt urdumy?—diýip, Aýjemal Bähbidiň adyny tutman, ýüzüne agraslyk çaýyp, wakadan habarly ýaly gepledi.—Biz seniň şulara dagy öz razylygyň bilen gelşiňi eşiden pursadymyz haýranlar galdyk, Sadap! Bu meýdi kesilen Bähbit öňki aýalyny dagy urup öldürdi ahyr!
—Hih!—diýip, Sadap Aýjemalyň bu habaryna gorkup, ziňkildäp gitdi.—Şeý diýsene! Men asyl eşitmesem näme ony!
—Eşitmeseň, eşidip goýaý! Maşgalasy düzüw däl-ä bulaň. Heý, gapysyndan gatnaşmaga gelýän goňşy-golam görýäňmi?!
Öz aýagy bilen gelip, şeýle maşgala düşüşine Sadap diýseň gynandy.
—«Ilkim—bagtym, soňkym—görgim» diýip, türkmen ýöne ýere aýtman eken-ow!—diýip, soň ol uludan dem alyp pyşyrdady.—Garamaňlaý bolsaň, bir zat tapylmaly-da hökman!
—Garamaňlaýlykdanam däl ol—diýip, Aýjemal hem uludan dem aldy.—Her näme-de bolsa, ilkije açan gapyňy ýapmajak bolmaly-da!
—Wah...—diýip, Sadap ýene uludan dem aldy.—Meniň ilki gapymam derekli gapy bolmady-da!
—Seň onyňy il-ä öwýä!—diýip, Aýjemal gaşlaryny gerip gepledi.
Aýjemalyň Sylaby tanaýşyna Sadap geň galdy.
—Sen Sylaby nireden tanaýaň?—diýip, howlukmaçlyk bilen sorady.
—Ony tanamaýan barmy!—diýip, Aýjemal badyhowa gepledi.—Hemmelerem tanaýa! Raýkomda oturan adamy kim tanamasyn! Bütin obamyzam saňa haýran galýar. «Şoň ýaly ýigidi taşlap, Bähbit ýaly ýyrtyja gelipdir» diýýä her kim!
—Wah-eý, şeý diýsene!—diýip, Sadap müýnli gepledi.—Men bolsam, meni bu obada hiç kim tananok diýip, begenip ýördüm. Asyl, ile çykarlygym galmady diýsene!
Aýjemal dogumly gepledi:
—Çykybiýrler ile! Näme çykman! Il-günde ärinden aýrylýan gytmy! Jynyň jyňkyryşmasa, aýrylyşmaly bor-da!
—Wah, jynymam jyňkyryşman durmady welin—diýip, Sadap geçen günlerini ýada salyp, ýene gözlerine ýaş aýlady. Dodaklary tirpildäp, gepläp bilmedi.
Aýjemal turmak bilen boldy:
—Hany, goýsana ejizlemäňi! Iş-güýçleriňi bol-da bize bar. Men saňa unaş edip bereýin. Ýüregiňe gowy ýarar. Hem biraz gürrüňleşeris...
«Unaş» sözi Sadaba kem ýaramady. Unaş içse, birneme özüni dürsäýjek ýalydy. Hyklap-çoklap nahar-şamyny etdi. Ýygnamaly-ýuwmaly zatlary ýerbe-er edensoň, Aýjemalyňka bardy. Gapyda jagyl-da-jugul bolşup, çagalar oýnaşyp ýördüler.
Aýjemal aşyny eýýäm taýýarlan eken.
—Sen gowy görersiň öýdüp, noýba-da atdym—diýip, ol Sadaby görenden kesen aşyny göterip, aşhana ugrady.—Sen sekä geçiber. Aşam häzirjek taýýar bolýa!
Içerden Aýjemal bilen deň-duşrak görünýän, orta ýaşlar töweregindäki, garaýagyz gelin çykyp, orta kleýonka ýazdy, saçak, süzme getirdi. Onuň elleri durşy bilen gyzyl-ýaşyl reňk bolup durdy.
—Bu meň eltim, Gurbangül—diýip, Aýjemal ony Sadap bilen tanyşdyrdy.—Hol, Bähbidiň ýanyna käte bir garagäz eşikli baryp, benzin alyp gaýdýandyr-a, ana, şoň aýaly!
—Şeý diýsene!—diýip, Sadap haýran galdy.—Ol adam seň gaýynagaňmy?
—Ýok, ýüwürjim, adamymyň jigisi ol!
Sadap ýene geň galyp, içini çekdi:
—Hih! Ol adam gaty garry görünýär-ä, egbardan düşen ýaly...
—Ah, meňkem bir ýaş görünýän haýran däl-le!—diýip, Aýjemal sesine gahar çaýdy.—Iki dogan bolup, olaň bir-ä tapanyny neşä berýä, birem araga. Onsoň sypat galarmy bularda!
Gurbangülem ýalynly sözleri bilen gürrüňe goşuldy:
—Adam pahyr, türkmençilikde abraýdan düşmäýin diýip çydaýýar-da! Ýogsa bizem gidibermeli bulary taşlap! Gazançlaryndan-a zat göremzok. Boýag boýap, keçe basyp, keçe satyp, çaga ekleýäs. Ine, ellerime bir seret, reňk etden ötüp, süňňüme ýetdi!
—Wah, gideniňde indiki duşjak artyp bulardan ibaly boljakmy diýsene!—diýip, Aýjemal hem gaharly gepledi.—Heý, şü, erkek diýen jynsyň düzüwlisi bir barmyka şu zamanda! Erkekden ýanmaýan, nalamaýan aýal bir barmyka şü dünede!
—Aý, ýokdur-la!—diýip, Gurbangül gahardan titredi.—Öň zamanda-ha her zadam bolsa, daşyňy gorapdyr bular. Indi bolsa, şo-ol mesliklerine çydaman, hokga yzyna hokga çykaryp, gyrlaýjak bolýalar! Wah, bi, erkek diýlen zatlary biz näme üçin gyzkak tanamaýarkak! Näme üçin şulary dagyny söen bolup, şular bilen dagy ýaşamaga razy bolýarkak biz?!
—Şony diýsene gyz!—diýip, Gurbangülüň diýenlerini Aýjemal hezil edip goldady.—Iň gowy diýen erkegiňem kirini ýuwup berip, naharyny bişirmeli! Üstesine-de, näçe hyzmatyny etseňem, taňryýalkasyn almanjyk geçäersiň. Ýagdaý tapsalaram, iňirdejekdirler saňa!
—Wahh!—diýip, Gurbangül agzyndan ýalyn çabratdy.—Özlerem aýalyň edýän ýekeje işine-de çydamazlar! Aýalyň çekýän derdiniň ondan birinem çekip bilmän, jan berer bular. Özlerem gepleseler, hondanbärsi bolşup: «Pylan zady etmedik heleýdir!» diýşenem bolýalar-a! Heleýiň basyp giden yzyna bir degýäňizmi diýsene! Iň bärkijesi, aýalyň çaga zerarly çekýän ejirlerini bir ýekeje sagat çekip görsediler! Bilerdiler onsoň heleý diýlen zadyň neneňsi gaýratly zatdygyny!
—Wah, şü erkeklerden aýallar aýry ýaşamaly diýen düzgün bolaýsady, depsedik barynyň syrtyna köçä garşy!—diýip, Aýjemal uludan dem aldy.—Şonda dagy özlerini oňarman, masgara bolardy bular!.. Menem birinji bolup ärini köçä kowjaklaryň biridirin şonda!
Sadap iki eltiniň erkekler hakdaky pelsepesini hezil edip ýylgyryp diňleýärdi. Şol wagt agaç sekiniň gabat garşysyndaky äpişge şarkyldap açyldy-da, ondan gan-petsiz, agymtyl-ýaşyl sypatly ýüz göründi. Sadap tisginip gitdi.
—Hana, meniň meýdi kesilenim şo! Seret!—diýip, Aýjemal Sadaba pyşyrdady.—Içip-içip, onuň ýüzüniň reňkiniň dagy bolaýanyna seret! Heý, adam sypaty barmy!
—Toba-toba, daş edewersin!—diýip, Sadap eşidiler-eşidilmez gaýtalady.
—Eý! Ýoldaş aýallar!—diýip, Aýjemalyň adamsy içgilidigini mese-mälim bildirip gepledi.—Näme-how! Erkekleri ne beýle püçege çykardyňyz-la?! Erkeksiz ýaşamaly diýen perman dagy bolaýsa, häzir siz ýer ýüzündäki kethudalaryň ýanyna-ha däl, hut hudaýyň ýanyna-da arza gidersiňiz!
Sadap onuň sözlerine tas pyňkyrypdy. Zordan saklandy. Ýöne hezil edip ýyrşardy.
—Wiý, toba, o nejis asyl bizi diňläp oturan bolsa nätjek!—diýip, Gurbangül ýuwaşlyk bilen aýtdy hem-de gaýynagasyny sylap, ýaşmagyny ýaşyndy.
—Ýit-ä, haram alkaş!—diýip, Aýjemal adamsynyň üstüne gygyrdy.—Seniňem bir gepiň bormy! Ýatyber gömül-de!
Aýjemalyň adamsy aýalyna barmagyny çommaltdy:
—Erkeklere dil ýetirmän oturyň! Olarsyz siz ýaşap bilmeýäňiz-ä! Häzir senem, eger men taşlap gidäýsem, göni arz etmäge ylgarsyň! Ýa-da hol, käbir aýallaň edişi ýaly «Meni adamym taşlap gitdi, kömek ediň!» diýip, gazete hat ýazarsyň! Hymm! Gazetiň kömek etmeýänini bilseňem, ýazarsyň!
—Ýit! Ýit!—diýip, Aýjemal ýene gygyrdy.—Bar, çüýşäň bilen boluber!
Şondan soň Aýjemalyň adamsy äpişgäni ýapmak bilen başagaý boldy. Özem hysyrdanyp durşuna hüňürdisini goýmady.
—Biriňizem oňmaýaňyz erkeksiz, ýekgejäňizem! Men aýal diýen millete beletdirin. Şo boluşlaryna olar erkeklere dilem ýetirjekmişler-ä!—Şeý diýdi-de, ol hüňürdisiniň yzyny aýdyma ýazdyrdy.—Meniň Aýjemalym gymmat bahaly, tylladandyr köwüşiniň nahaly...—Ol şundan artyk aýdym hem aýtmady. Јpişgäni jebis ýapyp, aýna ýüzüni ýaplap gygyrdy.—Wah, şü meň aýalym ýaly gowy aýal-a dünede ýokdur-how! Birazajyk pul ýygnap bilsem, muň ejesine ýene birnemejik galyň eltip berjek men!
Birdenem ol güpürdäp, diňarkanlygyna ýykylyp gitdi.
Aýjemalyň adamsy gözden ýitensoň, Sadap çydap bilmän pyňkyrdy. Onuň gülküsine Aýjemal bilen Gurbangülem goşuldy.
—Her kimem özüni aklajag-ow bi zamanda!—diýip, Aýjemal gülküden ýaşaran gözlerini süpürip, aşhana ugrady.—Ýüregimiz-ä gowzatdyk birneme. Indi aş içäýsegem bor. Bişendir.
Aýjemal çagalary çagyryp, kölegä düşek atyp, ilki bilen olara aş guýup berdi. Soňra özlerine guýdy.
—Men ol meýdime-de äkidip geleýin!—diýip, bir jamy hem öe alyp gitdi.—Her zadam bolsa, çagalaň kakasydyr!
—Ine, şeýdip, «çagalaň kakasy» diýe-diýe, biz olara eglişik edip, başyna gidiräýýäs-dä!—diýip, Gurbangül uludan dem aldy.—Biziň türkmençiligimiz-dä! Birki gezek bekje durupjyk, burnundan bulak getirseň-ä, düzelmeklerem mümkin ýogsa bulaň!
—Düzelesi ýog-eý!—diýip, içerden çykan Aýjemal eltisine närazylyk bildirdi.—Hana, gaýynenem pahyr gaýynatamy balnislere-de dykdyryp çyk-da, içmesini goýdurjak bolup! Heý, haýyr etdimi?! Gaýynatamyň ölümem içgiden bolmadymy näme!
—Hawa-da!—diýip, uludan dem alan Gurbangül eltisi bilen ylalaşdy.—Gaýynenem pahyryň içini-hä çüýredipdi o bende-de! Gaýynenemem şol sebäpli ölüp gitd-ä içini-bagryny çüýredip... Seňkem näme... Atasynyň kärini dowam etme kemini-hä goýanok. Magazinde on bäş gün ismenjigini geçirip gelýä-de, galan on bäş gününiň baryny içip otyr-a hana!
—Hany, aş içeliň-le!—diýip, Aýjemal eline agaç çemçäni aldy-da, erkekler hakdaky gürrüňi goýbolsun etdi.—Gabyr bolsun-la şolar!
Süzmelenen unaş Sadaba kem ýaramady. Gözi ýerine gelip, güýjüne güýç goşulan ýaly boldy. Unaş içilip, saçak ýygnalansoň, Gurbangül boýagynyň ugruna turdy. Sadap Aýjemal bilen ikiçäk galdy. Sadap hiç kime aýtmazlygy boýnuna goýup, özüniň Sylap bilen geçen günleri hakda Aýjemala birin-birin gürrüň berdi. Gözüni ýaşlady.
—Wah, gaýtmaly däl ekeniň!—diýip, Aýjemal gynanç bilen başyny ýaýkady. —Özi doktorda işläp, seniň ol Sura daýza diýýäniňem näteňet eken. Sylap bir gaharlanardy, bir goýardy. Onuň ýagdaýyny ejeň daga-da, gaýynlaryňa-da, doktora-da hökman ýetirmeli ekeniň. Heý, beýle syram bir gizläp bolarmy! Ol hökman baglydyr! Başga zat däldir. Käbir oglanlar şeýle ýagdaýda özlerinden bütinleý göwünlerini geçirip, bejerilmez derde ýolugaýdymmykam diýip gorkýarlar. Ile syryny aýan etmekden gorkýarlar. Şeýdibem, olar özlerini betbagtçylyga sezewar edýänlerini bilenoklar. Her näme-de bolsa, ähli dert doktora-da, hossara-da aýdylsa ýagşy ahyry!
Şeý diýip, Aýjemal Sadabyň ýaraly ýüregini ýene gozgady. Soň bolsa özüniň Sylabyň ýagdaýy ýaly ýagdaýa düşen bir oglany tanaýanlygy hakda täsin gürrüňi aýdyp berdi:
—Ol oglan hem ilki utanyp, alty-edi ýyllap gezipdir sessiz. Soň doktora ýüz tutupdyr welin, düzelip gidiberipdir şol oglan-a. Onuň oglam boldy!
—Wah!—diýip, Sadap arman çekdi.—Men näme üçin dymyp gezdimkäm! Näme üçin seň ýaly adamlar maňa öň sataşaýmadyka, Aýjemal!
—Hawa-da, adamlaram hil-hil bolýa-da!—diýip, Aýjemal Sadabyň ilki bagtynyň bozulanyna gynanmak gynandy.—Olaryň durmuşa akyl ýetirişlerem aýry-aýry. Kä kişiler adama ýagşylyk edýämikäm diýip, olara bütinleý ters zat öwredýändiklerini bilenoklar-da! Ine, seniň Sura daýzaňam şeýle adamlardan bolupdyr. Ýöne şeýle adamlar beýle syry, adamlaryň ykbalyna mese-mälim täsir etjek syry gizlemänjik, başgalar bilenem geňeşip göräýmeli welin... Elbetde, «Bir kelleden iki kelle» diýipdirler!
Ikisem az salym gussa bilen dymdylar. Öz düneleriniň aladasy bilen pikire batdylar. Ümsümligi ýene Aýjemal bozdy:
—Sylap ýaly gowy ýigitden aýrylyşmaly däl ekeniň. Il-ä äre çaga üçin, nesil öndürip, ile goşulmak üçin barýa. Bir saý-sebäp bilen çagalam bolupsyň-a. Çagaň barka dagy, heý, şü erkek diýen jyns üçin öý bozmak akyla sygjak zatmy! Onda-da Bähbit ýaly haramzada üçin!
—Wah, men onuň haramzadadygyny nä bilipdirin öň! Onsoňam, adam diýeniň çig süýt emen-dä. Käteler kör bolar eken, dogan! Görmeli zady gözi görmese, kä kişiniň akyly diýlene ýetmez eken—diýip, Sadap gynançly gepledi.—Ýogsa ejem dagam kän aýtdy-la. Diňlemedim. Wah, iň bolman, çaga diýen zadyň şeýle kyn ejir bilen döreýänini öň bilen bolsamam, ömür aýagymy är diýip çekmezdim!
-
myspaser
5 years ago
- ***
Çaga üçin has beterräk ejiriň-de baryna Sadap soň göz ýetirdi. Eneligiň möhleti gelipdi. Şatyrdadyp, biliňi döwüp barýan yza tap gitirmän, Sadap öýünde ýylan ýaly towlanýardy. Ol beýle ýiti agyryny ömründe hiç wagt görmändi. Hatda ýaşajykka, heniz gulpajygyny tasadyp, bökjekläp ýören gyzjagazka, bagdan ýykylyp, elini döwdürip görüpdi. Ýöne şonda-da beýle yzany duýmandy. Çaga dogurmagyň kyndygy hakda Aýjemaldan näçe eşidenem bolsa, ynsan şeýle kynçylyk bilen dünýä inýändir öýdüp, hiç hakydasyna getirmändi. Ol muňa diňe perzent dünýä indermek pursadynyň öz başyndan inen mahalynda göz ýetirdi. «Näme üçin adamlaryň hemmesi ynsanyň şeýle kyn dünýä inýänini bilmeýäkäler? Näme üçin olar biri-birini gaty bigadyr edýäkäler?!» diýip, ol otagyň o çüňkünden beýleki çüňküne urnup ýörkä, ünsüni başga zada sowmaga synanyşyp pikir öwürdi. Gaýynlarynyň, Enewiň bolşy ýadyna düşdi. Arzuwjykdyr Maksatjygy bäbekhana taşlap giden aýallary ýatlady. «Olar kimlerkä? Şeýle ejir bilen dünýä inderen balalaryny näme üçin taşlap gitdilerkä?!». Ýene göz öňünde otly eşekde loňkuldap, birsyhly yzyna bakyp barýan Maksatjyk janlandy. «Menem şol haramzadalardan, doňýüreklerden boldum!». Ol hyňranyp aglap ugrady. Kimdir birine hasap berýän ýaly, nala bilen gepledi: «Men indi çaga diýen zadyň nämedigine, onuň nähili gymmatly zatdygyna düşündim! Indi olary hiç wagt zyňmaryn!». Pikirler ýumagy ýene çöşlenip ugrady. «Adamlar adam öldürmegi-de hiç zatça bilenoklar. Olar näme üçin eneleriň uruşlarda ölýän ogullarynyň-da şeýle kyn dünýä inýändigini bilmeýäkäler! Adamzady gyrgynçylyga, betbagtçylyga itýänleriň esasy sebäpkärleri erkekler ahyry. Ýa olar adamzadyň dünýä şeýle kyn inýändigini bilmeýändikleri üçin urşy gowy görýämikäler?! Wah, şeýle yzany erkeklerem bir çekip görsediler, onda dünýäde betbagtçylygam, urşam bolmazdy! Adam hem öldürilmezdi!».
Onuň bagtyna öe Bähbit geläýdi.
—Eger öläýsem, çagajygymy çagalar öýüne elinjek tabşyraweri!—diýip, Sadap agyra çydap bilmän, otagyň içinde emedekläp ýörşüne Bähbidiň aýaklaryndan ýapyşdy.—Söz ber maňa! Meň çagam Enew daga bir galmasyn! Olar ony öldürer!
—Hany, samsyklamaňy goý-da, mün maşyna!—diýip, Bähbit onuň bilen mylaýym gürleşmedi. Gahar bilen ýene-de Sadabyň Sylap hakda aýdanlaryna ynanmaýandygyny duýdurdy.—Öň iki sany çagany inderipsiň-ä dünýä! Nämeden gorkýaň! Dünede onyny dogrup ýören aýallaram bar!
Şu kyn pursatda-da Bähbidiň özüne bir ýyly söz bermeýşine Sadabyň jany ýandy. Hem agyra tap getirmän, horkuldap aglady. Barha güýçlenýän yzadan dişleri şakyr-şakyr edýärdi. Ol daşaryk ýeke ädimem ädip bilmedi. Her zadam bolsa, Bähbit tekge berdi. Daşarda çagalar kowalaşyp oýnaýardylar. Enew nämedir bir zada güýmenip ýördi. Ýöne sowuk maşgalanyň hiç biri ýene oňa üns bermedi. «Näme bolýarka?» diýip, badyny saklap seredenem tapylmady. Hatda şu pursatda Pälwanam oýun bilen ber-başagaýdy.
Bähbit bäbekhana gaty çaltlyk bilen juda basym baran hem bolsa, ol pursat Sadap üçin geçmeze döndi.
Sadap soňam kän ejir çekmeli boldy. Giden wagtlary heniz garaňky düşmedik bolsa-da, ol bütin gijesini uwlap, yza çekip geçirdi. Hatda yza çydaman, ençeme gezek:
—Meni operasiýa ediň!—diýip hem gygyrdy.
—Samsyk diýerler saňa!—diýip, göz-gulak bolujy göbegene ony köşeşdirdi.—Il-ä operasiýadan bizar. Bu samsyk bolsa... Näme gaty aňsatja ýerden çagaly bolaýjakmydyň?! On-on iki çagaly aýallaryň nähili gaýratly enelerdigine düşünýäňmi indi?!
—Olara samsyk diýerler!—diýip, Sadap janagyrysyna agzyna gelen zatlary diýip ugrady.—Heý, çaga üçinem bir on gezek şeýle belany başyňdan indermek bolarmy?! Çagasyz geçeniň müň paý gowy dälmidir?!
—Hut şonuň üçinem çaga süýji-dä!—diýip, göbegene ýene ony güýmedi.—Ine, dograrsyň welin, ýene bir çagam bolaýsady diýersiň! Çagasyz adamyň ömri ömürmidir! Adamy ýaşamaga ruhlandyrýanam çaga ahyry!
—Indi bir çaga ýüzüm düşmäbilseýdir!—diýip, Sadap çyny bilen aýtdy.—Şeýdip boljak bolsa, şu-da dünýä inmänler geçäýsedi!
—Çagaň bolmasa, ýüzüňe bakanam bolmaz seň!
«Wah, çagam bolsa-da, şol ýylan haramzadalardan ýüzüme bakjak ýokdur-la!» diýip, Sadap içini gepletdi. Ejesini ýatlady. «Wah, ejem jan, gör, sen meni nähili ejirler bilen dünýä inderen ekeniň! Men bolsa seni nädäýdim, eje jan! Diňlemedim-dä, taşlap gaýdyberdim-le!» diýip aglady.
Daň agaranda, jägildäp, kiçijik adamjyk dünýä indi. Sadaby aldym-berdime salan yza hem şonuň bilen zym-zyýat boldy. Süňňi ýeňläp, täzeden dünýä inene döndi. «Wah, adamlar dogran aýala «Ölüp-direldi» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler-ow! Göwreli aýala «Bir aýagyny göre sokup otyr» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler-ow!» diýip, Sadap dünýä haýran galyp, içini gepletdi.
—Gyzyň boldy, gyzyň! Buşluk!—diýip, göbegene gyzyleteneje zady ýokaryk galdyrdy.
Enaýyja jägildä Sadabyň gözlerine ýaş aýlandy. Ýüregi elenip gitdi. Hem begendi, hem gynanç duýgusy kalbyna aralaşyp, ony aldym-berdime saldy. Özüniňem ene bolanyna begendi. «Şeýdip, ilkinji söen ýigidime—Sylaba çaga dogrup bermek näme üçin maňa miýesser etmedikä!» diýibem pikir edip sojady. Gözlerinden ýaş damjalary paýrap-paýrap gitdi. «Eger Sylapdan şeýdip çaga dogran bolsadym, men nähili bagtly aýal bolardym! Sylap hem nähili bagtly bolardy!» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalady.
Göbegene çagajygy dolansoň, edil Sadabyň gabat garşysyndaky stoluň üstünde ýatyrdy. Çagajyk aldygyna çyrlaýardy. Özem gyzyletenejedi. Juda kiçijikdi.
—Ol kime meňzeýär?—diýip, Sadap göbegeneden howlugyp sorady.
—Men nireden bileýin onuň kime meňzeşligini!—diýip, göbegene öz işi bilen başagaý bolup ýörşüne jogap gaýtardy.—Entekler onuň kime meňzeşligini bilip bolmaz, biraz ulalmasa. Kime meňzese, şoňa meňzesin! Bu wagt onuň aladasyny etme-de, sag-aman janyňdan aýrylanyna şükür et!
Göbegene gybyrdyklamasyny bes edensoň, ýene Sadaba ýüzlendi:
—Ýanyň bilen adam geldimi? Kime buşlamaly?
—Ak maşynly erkek kişi bolmaly! Adamym!
Göbegene daşaryk çykyp geldi-de, Sadabyň keýpini bozdy:
—Bi töwerekde-hä maşynam ýok, erkek kişem!
Sadap özüni şu pursatda taşlap giden Bähbide diýseň gaharlandy. «Dünede şuň ýaly ýigrenji adam başga ýokdur!» diýip, gahar bilen içini gepletdi.
Bähbit Sadapdan habar tutmaga ertesi geldi. Dogrusy, ol Sadapdan habar tutmady-da, oňa ýarty çörek bilen bir banka çorba getirip gitdi. Sadap özüne bu zatlary getirip beren medsestra gyzdan adamsynyň gelenini eşidip, äpişgä bagryny berdi. Ýöne eýýäm daşarda Bähbit ýokdy. Onuň bu bolşundan Sadabyň diýseň göwni galdy. Her näme-de bolsa, özüniň ýagdaýynyň soralaryny küýsäpdi. Bähbit bilen gepleşse, derdi birneme ýeňläýjek ýalydy. «Sylap bolan bolsa näderdi!» diýip, ol ýene biygtyýar Sylap hakda pikir öwürdi. Arzuwdyr Maksady bäbekhanadan alan günleri Sylabyň öz yzyndan telim gatnap, kökenek bolşuny ýatlady. «Adam bilen adamyň parhy ýer bilen gök ýal-ow!» diýip, ol içini gepletdi. Bähbitden barha göwni sowady.
Şol günüň ertesi Sadaba çagasyny getirdiler. Kiçijik adamjygyň kime meňzeýändigini bu wagt biler ýaly däldi. Ýöne Sadap, her näme-de bolsa, özüne meňzetdi. Sebäbi çaga garaja däldi. Ol durşuna gyzyl etjik bolup durdy. Çaga pişik ýaly gözlerini düzüwli açyp bilenokdy. Dodajygyny birgeňsije çömmeldip, enaýyja tamşanýardy. Birbada Sadabyň pişik çaga ýaly bolup ýatan körpejä hiç mähri inmedi. Göz öňünde, näme üçindir, birsyhly Sylap kelemenleýärdi. Şu pursat Bähbitden bolan çagany gelniň ýüregi almady.
Pikire gümra bolup, ol çagasyna bütinleý üns berenokdy. Çagajyk kellesini iki ýana oýkaýardy. Agyzjygyny çömmeldip, birsyhly iýmite garaşýardy. Gerekli zadyny tapmanyndanmy-nämemi, ol inçejik sesi bilen jyňňyldamaga durdy.
—A gyz!—diýip, aýallaryň biri azmly gygyrdy.—Uklap oturma-da, emdir ahyry o çagany! Nähili geleňsiz ekeniň sen! Eje diýeniň balasyny görenden, kökenek bolubermezmikä! Toba!
Sadap şundan soň, töwerekden gypynç edip, çagasyny gujagyna aldy. Emdirmäge synanyşdy. Çagajyk emmä işdämen topulyp, sokjamaga başlady. Agyzjygyny müňküldedip, emdigisaýy gara dere batyp barýardy. Ol esli wagtlap ene göwsüni sokjap, höregini edinensoň, Sadabyň gujagynda uka gitdi. Burunjygyny birgeňsi tyssyldadyp, gaşjagazlaryny çytyp ýatyrdy.
Oňa bakdygysaýy Sadabyň ýüregi ezildi. Niredendir bir ýerden kalbyna rehim indi. Ilkinji gezek öz gujagyna perzent bolup giren çagajyga mähri güýjedi.
Şol wagt oňa ýene-de tanyş ýarty çörek bilen bir banka çorbany getirdiler. Sadap getirilen zatlara üns bermän, çagajygy bir gapdalda ýatyrdy-da, ýene dikelip, aýnanyň ýanyna bardy. Daşarda ýüzüni garört edip Bähbit durdy. Sadap ony görenden, elini galgatdy hem-de ýylgyrdy. Bähbit oňa gep goşubermedi. Şeýle bolansoň, Sadabyň özi dillendi:
—Gyzyňy görkezeýinmi?
Bähbidiň gaşlary çytyldy. Elini silkip goýberdi. Soňam:
—Ýok-laý! Hökman däl! Çagadyr-da, görler ýörler!
Bähbidiň sesi palata ýaýrap gitdi. Ony beýleki gelinlerem eşidip, Sadaba geň nazar bilen seredişdiler. «Öň çagadan ganan haramzada-da!» diýip, Sadap pikir öwürdi hem-de Bähbit bilen hoşlaşman-zat etmän, ýerinde çökdi. Uklap ýatan gyzjagazyna seredip oturyşyna gözlerine ýaş aýlady.
Kempir bilen Enew oňa öe gelensoňam, kän bir ýüz berip durmadylar. Üstesine-de, oňa indi howlynyň aýagujundaky hütdüjek jaýy berdiler. Içine-de köneje keçeleri atdylar.
—Çaganyň ysyndan ne gözel jaýy doldyrsyň!—diýip, Enew oňa näme üçin hütdüge geçirilýändigini düşündirdi.—Şu öýde görýän çagalaňňam şu ýerde ulaldylar.
Bähbit öňki bezemen jaýda bolýardy. Sadapdan käte bir habar tutardy. Çagajyga lakam atanokdy. Asla, onuň bilen işem ýokdy. Bäbek aglasa-da, eňrese-de, bu öýdäkileriň Sadapdan özgesi hütdüge boýun uzadanokdy. Käte Pälwan: «Bäbek görjek» diýip ylgaýardy. Ýöne onam gyzlar derrew yzyna dolardylar.
Bäbejik barha reňkini durlady. Akja boldy. Agyn Sadaba çalym edip durdy. Munuň üçin Bähbit tulum ýaly çişip, bir gije ýene Sadaby awundyrdy.
—Men işdekäm dagy öňkiň bilen görme-görşe gidäen-ä dälsiň-dä!—diýip, ol Sadabyň ýakasyndan ebşitläp tutup, iki ýana hallanlatdy.
Sadap her näçe:
—Hudaý diýeweri! Men öýden çykmasam näme!—diýip aglamjyrasa-da, Bähbit ony urup, iňirdäp keýpden çykdy.
Sadap çagasy bolansoň, ýarsdy hem göz-görtele garrady. Onuň öňki gaýmak çalnan ýaly ýüzünden derek galmady. Ýygyrlary köpelip, tüýsi üýtgedi. «Adamy garradýan çaga ekeni» diýip, ol her gezek saç daramak üçin aýnanyň öňüne çökende, gussa bilen pikir öwürýärdi. «Menem indi garrap barýan!».
Her näme-de bolsa, Sadap gyzjagazyny soňy bilen gowy gördi. Ony özüne uly hossar saýýardy. Çagasyny görende, kalbyna şatlyk dolup, gaýgy-gussalaryny unudýardy. «Ine, ulalarsyň welin, gyzym, bizem olara ýüz bermän, ikijigimiz jora bolarys» diýip, gaýynlaryna bolan kinesini dile düşmez bäbejige aýdan bolýardy. Käteler hem oňa bäbegiň ulaljak möhleti juda uzak görünýärdi. Özüni dünede ýalňyz galyp barýan ýaly duýýardy. Bäbegini bagryna basyp aglardy.
Sadap çyn ene bolmagyň nämedigine indi düşünýärdi. Ol Arzuwdyr Maksady bäbejikkä öz gyzyny gowy görşi ýaly gowy görmändigini boýun aldy. Ýöne olary taşlap gaýdanyna welin, gün geçdigisaýy ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Üsti otly eşekde yzyna gaňrylyp-gaňrylyp, özüne seredip barýan Maksatjygyň şol günki keşbi ýadyndan çykanokdy. Ony ýatlanda, gözlerine ýaş aýlanýardy.
Bir gün Sadap duýdansyz otyrka, gapydan ejesi Abat daýza girdi. Eneli-gyz biri-birine teşne topulyşyp, biri-birlerini bagyrlaryna basdylar. Geplemäge mejal tapman, sessiz aglaşdylar.
—Nädip tapaýdyň meni, käbäm?! Bagyşla meni! Öt günämi!—diýip, Sadap soňra sojap-sojap, ejesiniň aýagyna çökdi. Ýalbardy.
—Wah... «Enedir-ä—ýanadyr» diýipdir-ä köneler. Enäniň dili «geçdim» diýse-de, heý, ýüregi geçermi perzentden!—Şeý diýip, Abat daýza ýüpden gurlan sallançaga tarap el salgatdy.—Sen näme, geçip bilerin öýdýäňmi şo ýatanyňdan!
—Hudaý saklasyn!—diýip, Sadap nähili dilleneninem duýmady.—Geçip bormy!
—Geçäýmersiň asyl!—diýip, Abat daýza sözüni tekrarlady.—Ojagazlary taşlap gaýtsaňam, asyl, munyňdan geçäýmersiň!
Sadap ejesiniň sözlerine geň galdy.
—Sen näme, meniň üçin Arzuw dagydan munuň üýtgeşikdigini bilýämiň, eje!—diýip, gözlerini tegeläp sorady.
Abat daýza uludan dem alyp, gamgyn gepledi:
—Hemme zadam bilýän, gyzym, hemme zady... Heý, ene-de bir gyzynyň ýagdaýyny bilmezmi!
Sadap howlukmaç gepledi:
—Onda näme üçin sen meniň bärik gaýdanymy makullamadyň?!
—Türkmençilikde gowy däl-dä, gyzym! Ile nädip gep düşündirjek! Ogully-gyzly bolaňsoň, şü erkekler, heý, höwes eder ýalymy! Nämä gerekdi!
—Ýöne özüňden perzent önensoň, ýüregiň-ä üýtgeşik bolýan eken—diýip, Sadap pyşyrdady.
—Wah, üýtgeşikdir-le, gyzym—diýip, Abat eje uludan dem aldy.—Ejirem üýtgeşikdir onuň... Onsoňam, türkmençilikde, her näme-de bolsa, abraý gerek ahyry!
—Wah, abraý!—diýip, Sadabam eginlerinden dem aldy.—Abraý saklamak aňsad-a däl.—Şeý diýip, Sadap birhaýuk pikire batyp oturdy. Soňam ýene ejesine ýüzlendi.—Eje, sen kakamdan razymyň?
—Nämesinden razy bolaýyn onuň?!—diýip, Abat daýza gamgyn halda dowam etdi.—Sataşalym bäri neşesiz mahaly bolmad-a onuň...
—Sen ondan hiç nalamaýardyň-a, eje, ýeke gezegem sögüşmediň-ä sen onuň bilen?!—diýip, Sadap ejesiniň kakasyndan nalaýşyny ömründe ilkinji gezek eşidip haýranlar galdy.
—Aýal diýeniň öýüň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny gizlemelidir, gyzym. Şodur çyn aýallary garradýan zatlar! Јhli zady çagalaňňa çenli aýdyp, gohlap otursaň, ol öýde döwlet bolarmy! Ol öýüň uly-kiçisiniň biri-birine sylagy bormy onsoň!—Abat daýza ýene uludan dem aldy.—Erkek diýen millet bilen şeýdip ýaşaşaýmasaň, bir kemsizi barmydyr olaň!
Eneli-gyz kän gürrüňleşip oturdylar.
—Seni bujagaz hütdüge ataýypdyrlar-ow!—diýip, Abat daýza Sadabyň soňky ykbalyna gynandy.—Nähili gowy jaýlary bar eken ýogsa... Düzüw adamlar däl öýdýän bular!
Sadap ejesine bu maşgala hakda hiç zat diýmedi. Ýöne gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi oturdy...
—Her gezek şähere gelip-gidenimde, şu obanyň gabadyna ýetenimde, boýnum burulýar. Her gezek «Geläýsem-geläýsem» diýýän. Ýöne kakaňdan çekinýän... Häzirem saňa toý habaryny aýdaýaýyn diýip geldim—diýip, Abat eje näme maksat bilen gelenini aýtdy.—Wepa jany öerýäris!
—Kimi alýaňyz?—diýip, Sadap ejesiniň habarynyň soňuny diňlemäge howlugyp, onuň ellerine ýapyşdy. Bir wagt aý aýdyňda özüne ýalbaryp, aglap duran Bilbili ýatlady.
—Bilbili!—diýip, Abat daýza ýylgyrdy.—Tüweleme, Sylap jan bir gowy adam-da. Hakyt, ejesi-kakasyny razy edäýdi!
—Bolaýypdyr!—diýip, Sadap ýuwaşja aýtdy.
Özem ejesiniň getiren bu habaryna begenmek begendi.
—Ýöne sen bu habary eşit-de oňaý! Toýa barjak bolma!—diýip, Abat daýza Sadabyň keýpini bozdy.—Kakaň gahardan henizem ýarylaýjak bolýa. Öýde seň adyňy tutduranok. Wepanyňam gahary bar entek. Olar: «Şoň ýaly ýezitlere düşenden, Sylap ýaly ýigidiň hyzmatkäri bolup ýaşan bolsa-da, müň paý gowy bordy» diýişýärler. Sylaby gaty sylaýa olar. Bulaňňam kimdigini Wepa eşidipdir oglanlardan!
Sadap gözlerini ýaşlap, gaýga batdy:
—Haýsy zadyň gowudygyny biler ýaly bolmady bi dünede. Ýöne Wepa jan bilen Bilbiliň bir bagty bolawersin! Barmasyz bolsa, men oňaryn, barman toýa! Şolar bagtly ýaşasalar bolýa!
Abat daýza gaýtjak wagty Sadaba bir topar täzeligem habar berdi:
—Sylaby indi oblasta işe aljakmyşlar. Ol kolhozymyzda detdomam açdy. Öz kolhozymyzyň ýetimlerini başga ýere iberdenok. «Obadaşlar bolup serederis» diýýä. Hol, ýasliň bir bölegini gije-gündiz işlär ýaly etdi-de, şoňa topladaýdy kolhozymyzyň obalaryndan ýetim-esir bolup galan çagalaň baryny. Gowy daýzalary saýlap, işe goýdy ol ýere. Öz ejesinem goýdy. Ýetim çagalar gije-hä şol ýerde ýatýalar, gündiz bolsa, yşgola gider ýalys-a öz yşgolyna barýa, ýaslide galmalysam, oýnaberýä şol ýerde beýleki çagalar bilen...
—Wah, Sylap bir akylyň öýüdir-le, çyn adamdyr-la ol—diýip, Sadap gussa batyp gepledi.—Ýöne bagtykör boldy-da bende...
—Lal bolup gezgin, Sylap hakda hiç kime erbet habar ýaýradaýma—diýip, Abat daýza gitjek wagty gyzyna tabşyryp gitdi.
Ejesiniň gelip-gitmesine Sadabyň göwni açyldy hem ýüregi gysdy. Onuň bilen bile gidägede, uzaklarda galan gussasyz ýyllaryna dolanaýasy geldi.
***
Aradan bäş ýyl geçmänkä, Sadabyň dört gyzy dünýä indi. Olaryň baram onuň özüne çalym edýärdi. Yzly-yzyna bolansoňlar, izleşip, Sadabyň beýnisini iýip barýardylar. Sadap durmuşdan halys basylyp, özüni ýitirýärdi. Soňky günler ol «Çaga üçin dagy ömür ýakmak hökmanmyka?!» diýip, häli-şindi oýlanmany çykardy. Ýaşy geçdigisaýy durmuş oňa manysyz, soňy puç bir umman ýaly bolup barýardy. Göwnüne bolmasa, çaga, söýgi diýen bolup, adam özüni kimdir birine oýnadyp ýören ýalydy. Bu zatlaryň soňy bolsa, öwsüp geçip giden bir ýel ýaly duýulýardy...
Tomus günleriniň birinde, ol soňkuja bolan gyzjagazyny gujagyna alyp, howlynyň daşynda gezmeläp ýördi. Obanyň aňry başynda kimdir biri toý tutýardy. Toý aýtmaga bir tigirli adam Sadaplara-da gelip gidipdi. Ýöne Sadap toý eýelerini gowy tanamansoň, gitmändi.
Aýdym-sazyň sesi töwerege ýaň salýardy. Şol wagt bezenip-beslenip Aýjemal aldyrany bar ýaly, hasanaklap Sadabyň ýanyna geldi. Ol daljygmadan ýaňa haslaýardy. Özem geplände töwerekdäkiler eşidäýmesin diýen terzde pyşyrdap diýen ýaly gepledi:
—A gyz, toýa Sylap gelipdir! Ýanynda-da eli bäbekli bir ýaş gelin bar. Öz aýaly öýdýän! Şoňa dykyljyrab-a dur!
Bu habar Sadabyň ýüreginden parran geçdi. Kellesi güwläp, başy aýlanan ýaly boldy. Birden agysy tutdy. «Sylabyň ýanynda başga aýal bar, oňa dykyljyraýar» diýen sözler Sadaba diýseň agyr degýärdi. «Ýok! Men muňa razy däl!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryberesi gelýärdi. Pikirden ýaňa elindäki çagany tas ýere gaçyrypdy.
—O nähili?..—diýip, ol soňabaka gabanjaňlykdan hem-de ahmyrdan ýaňa ýüregini paralap, zordan gepledi.—Ol ýene bäbekhanadan çaga almaga razy bolaýdymyka?
Aýjemal ähli eşidenlerini bir demde habar bermek üçin çalt-çalt gepledi:
—Sen öň onuň ýagdaýyny gürrüň bereňsoň, men ondan-mundan aýalyny sorap gördüm. Aýaly wraçmyş. Çagalary hem ýakynda bolanmyş. Sylap toý tutýanlaryň bir ogly bilen-ä bile okanmyş. Şoň üçin gelipdir toýa-da!
—Aýaly wraç bolsa, Sylap hökman doktora görnendir! Ol şu çaka çenli hökman bagly bolandyr, dagy dert däldir!—diýip, Sadap ýene ahmyrdan aýňalyp bilmän gepledi.—Wah, men näme üçin ony doktora habar bermedimkäm?! Sura daýzanyňam doktor bolup bize kömek etmeýşini diýsene!
—Heý, ildenem bir kömek islärlermi!—diýip, Aýjemal oňa igendi.—Keseki hiç wagtam seň özüňçe bolasy ýok. Öz ykbalyňy özüň çözmek gerek! Hana, samsyklyk edip, ne gözel oglany elden gidiripsiň! Düzeljegem eken! Bähbit dagy onuň basyp giden yzyna bir degýämi!
Sadabyň ýüreginde bir wagtky ilkinji söýgi köredi. Az salym geçmänem, ol lowlap-lowlap gelniň agzyndan ýalyn bolup çabrady.
—Ol henizem görmegeými, syratlymy?!—diýip, Sadap Aýjemaldan ýanyp durşuna sorady.—Ol juda görmegeý hem syratly ýigitdi! Hemme gyzlar onuň höwesindedi!
—Gaty syratly eken—diýip, Aýjemal uludan dem aldy.—Şoň ýaly ýigit bilen bir gapydan girip-çykmak maňlaýyma ýazylan bolsa dagy, ol ýüz ýyllap golaýyma gelmese-de, oňardym şoňkuda. Sesimi çykarman, guly bolup gezerdim onuň.
Sadabam uludan dem aldy:
—Ah, jora jan, bu wagt akylyň goýalyp, düşünjäň artansoň diýäýýänsiň bu zatlary. Ýöne öz başyňa düşen bolsa, kim bilýä, seňňem nähili çykalga tapjagyňy!
Aýjemal Sadap bilen ylalaşdy:
—Hawa-da... Betbagtçylyk diňe başyňdan inende tanydar seniň kimdigiňi. Kim bilýä, bizem beýle ykbala neneň garardyk!—Aýjemal biraz dymdy. Soň ýene pikirini Sylaba gönükdirdi.—Ýigitde görk-görmek, boý-syrat-a bar eken! Bize duşan haýranlarda dagy adam sypatam ýok!
Sadabyň toýa gidip, Sylaba syn edesi geldi. Ýüregi eýýäm aýdym-sazyň çykýan ýerindedi.
—Şuny sakla!—diýdi-de, ol elindäki çagasyny Aýjemala berdi.—Men häzir geýnip geleýin. Toýa bileje-de bir baryp gaýdaly-la!
—Bolýa!—diýip, Aýjemal razylaşdy. Çagany gujagyna aldy.—Öň-soň aýdym diňlemäge gitjek. Saňa Sylabyň baryny aýdaýaýyn diýip geldim.
Sadabyň özi hütdükde ýaşasa-da, goş-golamlary ilki ýaşan jaýyndady. Ol içerik girip, gyssanmaçlyk bilen şifoneri açdy. Bir wagt atasy öýünden Sylaplara gaýdyp baran güni, Sylabyň ýoluna göz diken wagty geýen, müň manada alnan gülgüne pombarhat köýnegini geýdi. Her dürli ýalpyldawuk erişleri öwüşgin atyp duran gök ýüň seçekli gyňajyny hut şol gün oranyşy ýaly oranyp, saçlaryny ýylmady. Ýöne her näçe bezense-de, indi onuň öňki owadanlygy, öňki görmegi ýokdy. Gartaňsy, oral aýalyň keşbi şifoneriň uzyn aýnasyndan Sadaba gamgyn bakýardy. Birden onuň bezenesem gelmedi. Eşiklerini çykarmaga küýlendi. Soňam: «Aýaly dagy göräýse, üst-başymy geňläýmesin» diýip, pikir etdi-de, şol durşuny üýtgetmän, daşaryk çykdy. Beýleki çagalaryna göz bolmagy Pälwana tabşyryp, Aýjemalyň ýanyna bardy.
Ýolda diýseň batly ýöredi. Yzyndan ýagy gelýän ýalydy. Hatda Aýjemal oňa zordan eýerýärdi.
Olar bärden baranda, töwerekdäki maşynlardan aýratyn saýlanyp, ýalpyldap duran täzeje ak «Wolga» Sadabyň ünsüni özüne çekdi. Çeträkde goýlan «Wolganyň» ýanynda Arzuw bilen Maksat durdy. Olaryň boýy ýetip, ep-esli bolupdyrlar. Üst-başlary arassa, diýseň gelşiklidiler. Arzuwyň ýakasy nagyşlanan ýaşyl pombarhat köýnegi, öýme ýaglygy bardy. Özem indi ulugyzsyrap sülmüreýärdi. Olary görenden, Sadabyň ýüregi gopup gitdi. Çagasyny ýene Aýjemala berip, özüniň taşlap gaýdan çagalarynyň ýanyna bardy. Barandanam, olary teşnelik bilen bagryna basdy.
—Arzuw jan, Maksat jan!—diýip, gözlerine ýaş aýlap, olaryň ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. Sekuntlarça hyýalynda geçen süýji hem gussaly günlere dolandy.
Arzuw bilen Maksat ony ýerli-erden itip, özlerinden aýyrdylar.
—Bolşuň nähili seň, daýza! Ýaglygymy gaçyrdyň!—diýip, Arzuw gaharly jedirdedi.
Maksat bolsa oňa birsyhly geň nazar bilen sesini çykarman seredýärdi.
Sadap uludan dem alyp, pessaý ses bilen ýangynly gepledi:
—Men siziň ejeňiz ahyry, Arzuw jan, Maksat jan! Ýadyňyzdan çykaraýdyňyzmy?!
Maksat oňa bir wagt üsti otly eşekde barýarka sereden nazary bilen naýynjar seretdi-de, gaşlaryny çytdy. Soňam sesini çykarman, «Wolganyň» içine özüni atdy. Sadabyň göwnüne bolmasa, ýetginjegiň gözlerinde ýaş buldurap giden ýaly, ýüzüne kine alamaty çaýylan ýaly boldy.
—Maksat jan—diýip, ol «Wolganyň» ýapylan gapysyna iki elini diräp, ýene seslendi. Ýöne gara tutular ýetginjegiň ýüz keşbini ondan gizledi.—Bagyşla meni, bala! Men öň düşünmändirin! Samsyklyk edipdirin!
Arzuw ýene Sadabyň ýanyna gelip, onuň ellerini maşyndan bat bilen aýyrdy. Soňam ýüzüni ebşedip jedirdedi:
—Daýza! Näme bizi köpüň içinde masgara etjek bolýaň! Häzir kakam dagy çykýa! Aýdaryn! Özüňem bilip goý, biziň ejemiz öýde. Bizde seň ýaly eje ýok. Bar, ýok bol!
Şeý diýip, Arzuw hem «Wolga» sümüldi-de, onuň gapysyny şarkyldadyp ýapdy. Onýança-da töwerekden:
—Sylap Gurbanowiç! Sylap Gurbanowiç!—diýen sesler eşidilip ugrady.
Sadap tok uran dek bolup, çete çekildi. Dessine-de märekäniň içine kürsäp urdy. Aýallaryň arkasyna duwlanyp, özüni gizledi. Şol ýerdenem Sylaba syn etdi.
Ýyllar ötse-de, Sylabyň öňki görk-görmegi, boý-syraty üýtgemändir. Ol öňki, Sadabyň ýüreginde ilkinji söýgini tutaşdyran ýigitdi. Ýöne birnemejik göwresi doluşypdyr. Egnindäki asmanreňk köýnegi onuň keşbine has-da gelşik berýärdi. Özem wagtyhoş ýylgyrýardy. Keýpi kökdi. Töwerekdäkiler bilen ýeke-ekeden elleşip hoşlaşýardy. Onuň ýanynda özi ýaly syratly, görmegeý gelin hem bardy. Gelin başyna ak öýme atynypdyr. Gujagynda hem akja gundagly bäbek bardy. «Özüniňkimikä?! Ýa-da munam aldylarmyka?» diýip, Sadap birsyhly içini gepledýärdi. Baryp sorasy geldi. Birdenem Sylaba tarap ylgap: «Menem bu ýerden alyp git!» diýip, bagyryberesi gelýärdi. Zordan saklanýardy.
Sylap maşynyň ýanyna baranlaryndan soň, gelniň gujagyndaky bäbegi aldy hem-de bir eli bilen oňa gapyny açyp berdi. Gelin Arzuw dagynyň ýanyna geçip oturdy. «Çaga özüniňkidir, özüniňki bolmasa, köpüň içinde ony bagryna basyp durmazdy. Asla, ol düzelmedik bolsa, ikinji gezek öýlenmezdem, ol hökman düzelendir» diýip, Sadap duran ýerinden gepläýjek bolup, dodaklaryny müňküldedip, pikir öwürdi. Eginlerini silkip uludan dem aldy: «Wah! Men näme üçin ony doktora habar bermedimkäm!»
—Sylap jan, balam, gelniňe, çagalaňňa agşamky toýam görkezäýmelidiň-ä, balam!—diýip, ak saçly, garry aýal Sylaba ýüzlendi.
Sylap birgeňsi ýylgyryp, sypaýy gepledi:
—Toýa garrama ýok, ene! Ýene bir gün arkaýynçylyga-da geläeris! Bu gün gyssagly iş bar-da!
—Wah, şeýledir-le, balam!—diýip, garry aýal ahyr onuň bilen ylalaşdy.—Sag-aman baryň onda!
—Bolýa, ene, bolýa!—diýip, Sylap baş atdy.
Sylap bilen deň-duşrak görünýän adamlaryň biri bolsa, Sylabyň elini gysyp hoşlaşdy:
—Hoş, dost, sylap geleniň üçin taňryýalkasyn!
—Bolýa, sag bol!—diýip, Sylap onuň bilen hem gadyrly hoşlaşdy.—Özüňem baryp dur.
Şundan soň Sylap maşynyň öň oturgyjyna geçdi. Onýança bir ýerden şofýoram peýda boldy. Garynlak şofýor ýerine geçensoň, «Wolga» öňe müňzedi.
—Şol oglany basym Aşgabada, merkeze işe geçirýämişler—diýşip, Sadabyň töweregindäki aýallar biri-birine Sylaby ümleşip jammyldaşdylar.—Gaty işine ökde diýýäler, adamçylygam gowumyş oň!
«Häzir şolaryň arasynda men bolmaly ahyry! Näme üçin ykbal maňa beýle daradyka?» diýip, Sadap «Wolgany» synlap durşuna gözlerine ýaş aýlap, ýene pikire batdy. «Ýa-da saly gowşaklykdan düşdümmikäm men şu günlere?!».
Sadabyň göwnüne bolmasa, Sylap duran aýallara tarap seredip goýberende, özüne-de gözi düşen ýaly boldy. Ýa-da şol arada Arzuwdan bir gep ýetdimi, ýa-da onuň Sadaba gahary henizem köşeşmändirmi, garaz, onuň hut ýap-ýaňyja-da gülüp duran ýüzi gamaşyp, gaşlary çytylan ýaly boldy. Gözleriniň agy köpelen ýaly göründi.
«Wolga» gözden ýitensoň, Sadap üçin toý ýeri märekesi sowlan bazar ýaly boldy. Aýdym-sazyňam gyzygy gaçdy. Ýüregi gysdy. Özüni gussa aldyrmakdan ýaňa keýpi bozuldy. Çöken ykbalyna gynanyp, ýaňaklaryndan gözýaşlar ýol ýasady. Ol hatda ýanyna Aýjemalyň gelenini-de duýmady.
—A gyz, gözýaşyňy bir ýok etsene, ile masgara bolýaň!—diýip, Aýjemal gazap bilen pyşyrdady.—Ýör, düşege geçip, nahar iýeli!
Onuň bu ýerde durasy gelmedi. Nahardan-da ýüz öwürdi. Çagasyny gujagyna alyp, öýüne gaýtdy.
Sadaby gapynyň agzynda Bähbit garşylady.
—Јrjagazyňy görmäge gitdiňmi?!—diýip, ol iki elini bykynlaryna diräp, Sadaba hemle urdy. Soňam joňkuldaşyp, ejelerine tarap ylgaşyp gelýän, biri-birine meňzeşje gyzjagazlara tarap bir elini silkip goýberdi.—Men aýdýan-a şularam sen şondan alypsyň diýip!
Gyzjagazlar gelip, «Eje-de-eje» bolşup, Sadabyň eteginden aslyşdylar.
—Hany, ýörüň, öe baralyň—diýip, Sadap kiçi gyzynyň elinden tutdy-da, öz bolýan tünegine tarap ýöredi. Gidip barşyna-da Bähbide jogap berdi.—Men-ä toýa gidip gelýän... Onsoňam her gezek başgadan çaga almak üçin oblast merkezine gidip-gelmek aňsat däldir-ä... Ýöne bir zat diýmeli bolsaň, agzyňa gelenini diýiberýäň-le sen!
—Lal bol!—diýip, Bähbit guduz açyp gygyrdy.—Seň ýaly aly köp heleý oblast-a däl, ýeriň ol ujuna-da gider!
Sadap sesini çykarman, çagajyklarynyň elinden tutup, hütdügine girdi. Gyzjagazlar gözlerini gorkuly tegeleşip, bir Bähbide seretdiler, bir ejelerine dykyljyradylar. Soňam hemmesi Sadaba dykylyşyp, aglamaga başladylar. «Eje-de-eje» bolşup, gyrgy gören guşuň çagalaryna döndüler.
Sadap elindäki gundaglysyny sallançaga atansoň, ýerde çöküp, beýleki üç gyzyny gujagyna aldy. Olaryň saçlaryny, maňlaýlaryny sypaşdyrdy:
—Goýuň, balalarym, aglaşmaň!—diýip, bokurdagy dolup duransoň, zordan gepledi.—Goýuň!
—Çyn kakalaryny görkezmäge bulaňňam äkitmeli ekeniň-ä!—diýip, Bähbit hem içerik girip, ýene Sadaba azgyryldy.
Sadap sesini çykarmady. Diňe gözlerini alardyp, Bähbide bir nazar saldy-da oňdy. Gyzlarynyň saçyny sypamagy dowam etdi.
Bähbit birden «sen-men» ýok, çagajyklary idirdedip, daşaryk oklaşdyrmaga başlady. Şundan soň Sadap çydam edip bilmän, oňa topuldy.
—Çagalar bilen işiň bolmasyn!—diýip, çirkin gygyrdy.
Bähbit ýaňy-ýakynda çagasy bolup, heniz güýjüne-de gelip ýetişmedik ysgynsyz Sadaby itip, ýykyp goýberdi-de, onuň çem gelen ýerine depip ugrady. Daşarda çagajyklar aglaşýardy.
Bähbidiň gyzaran gözleri, naskädini ýatladyp duran ýüz keşbi, gowky aýaklary şu wagt Sadaba şeýle bir ýigrenji görünýärdi welin, ony hut bogup öldüräesi gelýärdi. Ol niredendir bir ýerden üýtgeşik güýç tapyp, hasanaklap galdy-da, Bähbide guduz açan ýaly bolup topuldy. Onuň ýüz-gözüni dyrnaçaklady. Saçlaryndan çekip, çem gelen ýerinden agyz saldy.
—Seniň çagalar bilen ne işiň bar!—diýip, dişlerinden syzdyryp gygyrdy.—El degrermiň meň çagalaryma?!
Bähbit janagyryly bir hyňrandy-da, bat alyp, Sadabyň içine depip goýberdi. Sadap içini tutup, iki büküldi, soňam düňderildi. Yzadan demi tutulyp, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Burnundan ilki gan gidip, ellerini boýady. Ol özüni dürsemäge ýetişmänkä, Bähbit ony ýene depdi. Soň ýene. Guduz açdy. Depip-depip, gelniň eňkini aldy. Guduzlan ite dönüp, Sadabyň çem gelen ýerine depdi, urdy durdy.
—Ýigrenýän seni! Itdenem beter ýigrenýän!—diýip, Sadap mejalsyz halda dillendi.—Ölýänem bolsaň, ýigrenýän!
Daşarda çagajyklar birsyhly aglaýardy. Bähbit haslaýardy. Özem aldygyna Sadaby urýardy. Ýüzi-gözem diýenokdy, bagyr-öýkenem. Çem gelen ýerine hem ýumruk salýardy, hem depýärdi. Sadap şu pursatda Bähbidiň içinden parran geçer ýaly bir söz gözleýärdi. Ýöne teý näme diýjegini bilenokdy. Her zadam bolsa, onuň içini ýakmak üçin:
—Men şu güne çenli Sylap jany söýüp geldim. Diňe şonuň üçin ýaşaýan häzirem! Çagalarymam şondan!—diýip gygyrýardy.—Ölýän bolsaň, öläý sen!
Soňabaka Sadap agyra, urga çydamady. Näçe gygyrsa-da, hiç kim oňa kömege-de gelenokdy. Gapynyň agzyndan çagajyklaram hiç kim ýygnanokdy. Gyzjagazlaryň «Eje!» diýşip bagyryşýan sesleri Sadabyň ýüregini dilip barýardy. Olaryň eljagazlarynyň gapyny açjak bolup, şatyrdadyp işigi dyrnaçaklaýan sesleri mese-mälim bildirýärdi.
—Eje-e! Eje-e!—diýşip, çagajyklar enesinden jyda düşürilen guzujyklar kimin ýene mäleşdiler. Sallançakdaky bäbekden welin, nämüçindir, ses çykanokdy.
Sadap çydam etmän, ahyry Bähbide elini galdyrdy:
—Dur...Biz zat aýtjak!—diýip, dili kän bir diýenini etmän, zordan gepledi. Özem eýýäm dodaklarynyň hem kaloş ýaly bolup çişenini duýdy.
Bähbit haslap, badyny saklady:
—Aýt, iň soňky sözüňi aýt!—diýip, ol hondanbärisiräp gepledi.
Sadap dowam etdi:
—Eger... maňa bir zat bolsa... çagalammy ejeme eltip ber... Haýyş edýän... Özüňem bilip goý... ölüp ýatyrkam, kirpigim gymyldaýsa-da... seni-hä ýigrendigimdir... Sylaby hem söýýänligimdir!..
Şu wagt şeýle sözleri tapanyna Sadap diýseň begendi. Ol bu sözleriniň Bähbidiň ýüregine ok bolup çümjegini bilýärdi. Şeýle-de boldy. Bähbit ýene guduz açyp, Sadabyň çem gelen ýerine urup-depip ugrady.
—Ine, ýigrenseň, ine! Ine, söýseň!—diýip, ol sesiniň ýetdiginden gygyrybam başlady.
Sadap urga uzak çydamady. Agzyndan-burnundan gan gelip ugrady. Basym hem özünden gitdi. Hiç kim gelip Bähbide: «Ony urma» diýenokdy. Sadaba diňe daşardan çagajyklarynyň çyrlaýan sesleri çala eşidilip gidýärdi. Soň bu ýere Pälwanam gelip aglap ugrady. «Kaka jan, ejemi urmasana! Bu ejemi bir öldürmesene!» diýip, ol Bähbide zarynlap ýalbarýardy. Ýöne Bähbit ony diňlänokdy. Soňra Bähbidiň gyzlary, Ejegül kempir hem Enew girdi. Olar welin, seslerini çykarman, Bähbidiň aýylganç oýnuna tomaşa etmäge durdular. Birdenem, Sadabyň kakasy eşege ot ýükläp alyp geçdi. Eşegiň yzynda bolsa, kiçijik Maksatjyk otyrdy. Ol şol bir naýynjar bakyş bilen Sadaba seredýärdi. Bir ýerden ylgaşlap, ejesi Abat daýza geldi. «Wah, balam, bu meýdi ýanan seni nädäýipdir!» diýip, Abat daýza Sadabyň agyrýan ýerlerini sypaşdyryp aglaýar hem-de Bähbidi onuň ýanyndan itýär. Bähbit bolsa ony diňlänok. Sadaby birsyhly urýar. Sadap yza tap getirmän iňleýär. «Jan balam, men saňa öň aýtdym ahyry! «Ilkim—bagtym, soňkym—görgim»diýipdirler» diýip aýtdym ahyr!» diýip, Abat daýza aglaýar. Iki sany gundagly bäbegi göterip, Sylap gelýär. Ol bäbekleri Sadaba berjek bolýar. Sadap endam-janynyň agyrysyndan ýaňa bäbekleri almaga güýç-gurbat tapanok. Iňňildeýär. Onuň bolşuna Sylabyň gahary gelýär. Ol: «Adamlara, il-güne haýyrlyrak işem etmek gerek!» diýip gygyryp aýdýar-da, soň iki bäbegem alyp, yzyna gidýär. Sadap onuň yzyndan: «Syla-ap! Meni goýup gitme, Syla-ap!» diýip gygyryp galýar. Birdenem ylgaşlap Aýjemal gelýär. Ol el çarpyp gülýär. Ýat-ýat adamlar Sadabyň daşyndan aýlanyşyp, porhan tansyny edýärler. Olar: «Ilkim—bagtym, soňkym—görgim!» diýşip, haslaşyp aýdym aýdýarlar. Sadap iň soňky güýjüne daýanyp gygyrýar: «Adamlar! Hemmelere aýdyň! Hiç kim ilkinji açan gapysyny ýapaýmasy-yn!». Porhan tansyny edýänler onuň diýenlerini gaýtalaýarlar: «Hiç kim ilkinji açan gapysyny ýapaýmasy-yn!». «Wah, men näme üçin ömrümiň iň soňky gününe çenli türkmençilige uýmadymkam! Näme üçin şol gapyda ömrüm ötýänçä, başa gelenini görüp oturmadymkam!» diýip, Sadap ýene arman bilen gygyrýar. Porhan tansyny edýänler hem ýene onuň diýenini gaýtalaýarlar: «Wah, şol gapyda ömrüň ötýänçä oturmaly ekeni-iň! Türkmençilik gowy zatdy-yr!».
Şondan soň tans edýänlerem, beýlekilerem, ähli zat hem Sadabyň göz öňünden ýitdi. Onuň gulaklary şyňlaýan ýaly boldy. Soň ol ses hem kesildi. Ol eşitmedenem, duýmadanam bütinleý galdy...
1988 ý.
-
Cxase
5 years ago
- Bayba sps kyn gorman yazanyn un.
myspaser 5 years ago- ***
...Oturyp-oturyp, Sadabyň bili gurşup gitdi. Başyndaky şaý bary dakylan gupbaly tahýasynyň agramy-da boýnuny oňraýjak bolýardy. Indi onuň öňki galpyldyly ýüregine howsala hem gahar aralaşyp ugrady. Sylabyň şol bir oturyşydy. Aldygyna-da çilim kükedýärdi. Öýi tüsse burumlary tutupdy. «Bi näme üçin beýdip otyrka?! Bi näme üçin beýdip otyrka?!» diýip, Sadap jany ýanyp, öz-özüne sowal berýärdi. «Iň bolman bir söz diýsedi. Ýüreginde näme baryny bir bilsedim!»
Sylap Sadaba sözem diýenokdy, seredenokdam. Elini maňlaýyna diräp, çilim kükedip oturyşyna, hamala, kirpigi gymyldaýsa, jany çykaýjak ýaly, ýere bakyp otyrdy...
Daşardan iki ýana güpürdeşip, ylgaşýan aýak sesleri eşidilýärdi. Gapynyň, äpişgeleriň gabatlary durşy bilen gep-gürrüňdi.
—Ýuwaş boluň, diňläli!—diýip, ahyry aýallaryň biri azmly gepledi.—Gohuňyz näme!
Başga bir aýalam sesini batlandyrdy:
—Diňlär ýaly näme bar, gyz! Olardan hümürdi çykmasa näme! Asyl, olar heniz çyralarynam öçürenoklar.
Il-günüň gapy diňlejek bolup, aldajy ýaly bolup, ýörşi Sadaby ýene aljyratdy. Gyzyň ilki geplemeli däldigini bilýänem bolsa, ol howsala bilen pyşyrdanyny duýman galdy:
—Öý diňleýäler!
Sylap tüsseden ganan borly. Elindäki çekip gutaran çiliminiň düýbüni öňünde duran aýna küldana mynjyratdy-da, uludan dem aldy. Јpişgä tarap nazar aýlap goýberensoň, ellerini döşüne gowşuryp, arkasyny diwara berdi. Ýöne sesini çykarmady.
«Bi näme üçin geplemeýärkä?» diýip, Sadap ýene jany ýanyp içinden pikir öwürdi. «Ýa-da meni halys ýüregi almaýarmyka? Ýa synap görýärmikä?».
Daşardan Sylabyň ejesi Sabyr daýzanyň ýalbaryjy sesi geldi:
—Aýrylsaňyz-laň, gyz, beýdişip durmasaňyz-laň. Sylap janyň gahary geler, aýrylyň!
Aýallar jammyldaşdylar:
—Wiý, gelende näme gahary, ata-babadan gelýän däp!
—Uly iliňkem diňlenýä! Sylap jan öýlendimi, lal bolsun-da oturybersin! Јhli däp-dessuram etmeli bor.
Sabyr daýza özelendi:
—Beýtmeseňiz-läň, gyz! Sylap jan bi zatlary halanok-da. Öýüň daşynda hüňürdeşmesinler diýip, maňa tabşyryp goýdy-da.
—Aýrylaweriň, gyz, beýle bolsa!—diýip, aýallaryň biri has batly gygyrdy.—Ýolbaşçy kişidir-ow ol, brigadirdir!
—Ýolbaşçy bolanda näme, gyz! Däp däp bor-da!
Jammyldy köpeldi:
—A gyz, asyl, şü okuwly oglanlaryň köpüsi käbir däplerimizi etdirenokmyşlar, gyz!
—Hol Gytjaň ogly Gurbanam şeýdenmiş.
—Asyl, gelin getirmeli ýerine-hä derrewjik razy bolýalar-la şü okuwlylaram. Şojagaz däbem halamadyk bolan bolaýsadylar! Ha-ha-ha!
—Wiý, onda bolmaz-a! Hi-hi-hi...
—Hany, ýörüň, gyz! Diňlemesiz bolsa, diňlemäliň!
Ene töwerege ümsümlik aralaşdy. Daşardan käte bir üzlem-saplam hümürdiler geldi. Soňabaka ses-selem galdy. Gaýtjaklar gaýdyp, toý ýerinde galjaklar ýatan bolmaga çemeli.
Sylabyň sarsman bolup oturyşyna Sadabyň barha gahary geldi. «Bi hakyt meni äsgermezlik etjek bolýa!» diýip, içinden gahar bilen pikir öwürdi. Jany ýanmakdan gözlerine ýaş aýlandy. Ýap-ýaňyja toý stolunyň başynda Sylaba guwanan bolup oturyşyny ýatlap beýnisinde öwran-öwran pikir öwürýärdi. Kükregini nala ýaryp barýardy. «Sen näme üçin beýdip otyrsyň?!» diýip, sesiniň ýetdiginden Sylabyň üstüne gygyraýasy gelýärdi. Ol gahar bilen kürtesini başyna çümürdi-de, ýüzüni berk ýapdy. Elini maňlaýyna diräbem, gözlerini ýumdy. Ýadawlyk gahardan üstün çykdy. Gözleri süzülip, uky basmarlady. Onuň bu ýagdaýyny aňdymy-nämemi, Sylap öňündäki küldany bir çete süýşürip, ýerinden galdy. Eden günäsi üçin ejesiniň öňünde hasabat berýän çagajyk mysaly, ellerini owkalap, Sadaba ýüzlendi:
—Düşek atyp beräeýin, Sadap? Ýadan bolsaň, gyşaraý!
Sylabyň geplemesine Sadabyň ýene ýüregi jigläp gitdi. Kürtesini birneme yzraga süýşürip, pyýala gözlerini ýigide dikdi. Ýöne geplemedi. Ol diňe özi üçin arzuwly hem täsin syrly bolan pursadyň barha ara ýygryp golaýlaýanyna melul boldy oturdy.
Sylap dürli nagyş çekilen türkmen sandygynyň üstüne münderlenen düşegiň birini alyp, ýere atdy. Onuň üstüne akja prostyny ýazdy. Iki sany ýassygy biri-biriniň üstünde goýdy. Şundan soň ýene özüniň öňküje oturan ýerine baryp oturdy.
—Geç, ýatyber!—diýibem, Sadaba ýüzlendi.
Sadap halys ýadapdy. Indi onuň oturmaga gurbaty ýokdy. Şonuň üçin ýerinden galdy-da, çabydynyň apbasylaryny şowurdadyp, düşege geçdi.
—Çyrany bir öçür!—diýip, pyşyrdap diýen ýaly gepledi.
Sylap gulagasyjylyk bilen ýerinden galdy. Gapa ýakyn garaja konopkany şarkyldadyp basyp goýberdi. Öýüň içi tüm-garaňky boldy. Daşary ýagtydy. Aý şugla saçýardy.
Sadap çabydyny, aýagyndaky gülli ýüň jorabyny çykardy. Kellesine halys agram salyp duran gupbaly tahýasyny aýyrdy. Başyna gupbanyň daşyndan saralan ak ýüň ýaglygyny alyp daňdy-da, ýassyga gyşardy. Ýüregi gürs-gürs edip, agzyndan çykyp barýardy. Garaňkyda töňňe ýaly garalyp oturan Sylapdan gözlerini aýranokdy. Onuň çalaja gymyldysyna tisginip gidýärdi. Ýarasyndan basylýan dek, ýüregi zol jigläp durdy. Şeýdip ýatyşyna-da ol özüni nädip uka aldyranyny bilmedi...
Sadap böwrüne dürtülen dek, tisginip oýananda, daň saz berip, töwerek gowy ýagtylypdy. Muňa gyzyň ýüregi aşak gaçana döndi. Gözlerini töwerege aýlady. Öňküje ýerinde goluny ýassanyp, düşeksiz-ýassyksyz uklap ýatan Sylaba nazary düşende, huşy ýerine geldi. Hasanaklap, gupbaly tahýasyny gözledi. Ony geýensoň, ýene öňküsi dek edip, ak ýüň ýaglygy maňlaýyna daňdy. Çabydyny, ýüň jorabyny geýdi. Kemsinmekden hem jany ýanmakdan ýaňa saňňyldady. Gaharyna Sylaby it alan sanaja dönderesi geldi. Häzir özüniň il öňünde masgara boljakdygy ýadyna düşende, gahardan gaňşyrawugy tütäp, gözlerine ýaş aýlandy. Düşeginiň gapdalyna çökdi-de, başyna kürtesini atdy. Soňam syrkyldap aglamaga başlady. Onuň sojamasyna Sylap hem oýandy. Ol ýüz-gözüni sypaşdyryp, gözlerini çerreldip, Sadaba seretdi. Ýigidiň eginleri barha sallanýardy. Özem ýygrylyp, bir gysyma dönüp barýardy. Gözlerinde dünýäniň aladasy jemlenipdi.
—Men indi näme edeýin!—diýip, Sadap eňräp oturyşyna pessaý ses bilen nalady.—Daň atyp gidipdir... Indem meni «Düşegi arassa çykypdyr» diýip, it masgarasy ederler... Arassa adym ile ryswa bolar...
Sylap uludan dem aldy.
—Hiç zady gaýgy etme sen, Sadap!—diýip, misli ölüm habaryny aýdýan dek, ol gussaly gepledi.—«Biderek däp-dessurlaryňy edäýmegin» diýip, ejeme tabşyrypdym men. Düşek barlamaga hiç kim gelmez!
—Gelinmände-de, indi ile gürrüň bolnar!—diýip, Sadap ýene aglady. Bütin ömründe ynsanyň il öňündäki sylagynyň neneň boljagyny kesgitläp berjek bu üýtgeşik hem hiç wagt gaýdyp şu günküsi dek bolup dolanmajak gijäniň baky ýitirilenine ol ýanyp, kül boldy—Il ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de bilýä. Men indi neneň edeýin?!
Sylap Sadabyň agysyna dözmedimi ýa-da onuň bolup oturyşy gaharyny getirdimi-nämemi, ýerinden turdy-da, gapa tarap ýöneldi. Bosagada duran ýerindenem:
—Düşegi özüň düýrle-de goýber, Sadap. Şu samsyk dessur nämä gerek! Özüniň neneňsidigini her kimiň özi bilse bolýa-da!—diýdi. Soňam çykyp gitdi.
Sadap gaharyna: «Düýrläýmen düşegi!» diýip gygyrjak boldy. Bir düşege seretdi, birem gapa. Ol heniz pikir öwrüp ýetişmänkä-de, Sylabyň jigisi Halygyň aýaly Jeren öe kürsäp urdy. «Gapynyň arkasyna dagy ýelmeşip durdumyka?!» diýip, Sadap eltisiniň şu pursat içerik girmesini halaman, gahar bilen pikir öwürdi. Oňa kürtäniň aşagyndan gözlerini alardyp seretdi.
Jereniň gözleri diňe tördäki düşegi nazarlaýardy. Oňa bakdygyça ýüzi açyldy. Gyýyk gözleri ýyldyrap gitdi. Özüne bir hezilligiň tapylanyna heşelle kakýany mese-mälim duýlup duran-da bolsa, per bermezlige çalşyp, şelaýyn söz urdy:
—Sag-aman ördüňizmi, gyz! Menem düşegiňizi ýygnaýaýyn diýdim-de...
«Eltiniň eltä içi ýylamaz» diýip, ejem dogry aýdýan eken» diýip, Sadap göz-açyp ýumasy salymyň içinde pikir öwürdi. «Bi meň düşegimiň arassalygyna heşelle kakýa şumat!»
Sadap ellerini düşege nähili uzadanynam duýman galdy. Hasanaklap galyp, Jerenden öňürtdi-de, düşegini epledi. Soňam sandygyň ýokarsyna zyňyp goýberdi. «Şu asman paýyny ýere çeksin-le, habaryny ýüpüniň ýeten ýerine aýtsyn-la!» diýip, Jerene bakyp durşuna ýene içini gepletdi. «Halys öte geçiriberseler, menem göräerin soň!».
Sadap eltisine gaharynyň gelenini duýdurdy:
—Giribem oturmaly däl ekeniň! Özümem ýygnardym!
Jeren Sadabyň gaharynyň gelýänini duýdy. Muňa has-da göhi geldi. Şeýle-de bolsa ýene syr bildirmejek bolup, sypaýy söz urdy:
—Özüň ýygnamaly däl, gyz, ony. Herki zadyň öz däbi bar, dessury bar!
«Ýaş-a menden ep-esli kiçi welin, ýene akyl öwreden bolýar-a!» diýip, Sadap ýene içini gepletdi. «Gädikden birneme irräk garan-da, heleýsiräýşini bisyradyň!».
Şundan soň Sadap Jerene eşitdirip hüňürdedi:
—Biz däbem bilmeris, dessuram!
Jeren täze gelniň özüni sylamajagyna göz ýetirdimi-nämemi, tasanjyrap çykyp gitdi.
Sadap Jeren gidensoň, burça bakyp, sessiz-üýnsüz oturdy. Içerik Bibi girdi. Ony görenden, Sadap kemsinmekden ýaňa tas möňňüripdi. Ýöne birden ile masgara bolaýmakdan çekinip, dodagyny dişledi. Sessiz gözýaş dökdi.
—Sag-aman ördüňizmi?—diýip, Bibi gelşine ony gujaklady. Gelnejesiniň ýaňaklaryndan ogşamak isledi. Ýöne aglaýanyny baldyzyna duýdurmajak bolup, Sadap kürtesini bek tutup, oňa ýüzüni açmaga maý bermedi. Gözýaşlaryny görse, öňem dogany üçin ýanyp ýören Bibi ýene gynanar öýtdi.
Bibi Sadabyň bu bolşuny onuň utanýanyndandyr öýdüp çaklady. «Jeren daşaryk çykyp hiç zat aýtmadyk borly» diýip, Sadap içini gepledip, syrynyň häzirlikçe-hä açylmajakdygyna begendi. Birneme göwrümi giňedi. «Eger aýdan bolsa, Bibi meni beýdip gujaklap durmazdy!»
—Ýör, daşaryk çykaly, gelneje jan!—diýip, Bibi begenjinden birsyhly ýylgyryp gepledi. —El-ýüzüňi ýuwup, çaý-suw iç, soň baş salarys!
Sadap oňa gulak asyp, ýerinden galdy. Ýöne geplemedi. «Hawa, indi başam salnar, gyňajam oralar! Seniň gyz-gelinligiň kime derkar! Ýigit bilen bir jaýda gije geçirdiňmi, geçirdiň!» diýibem, ol birsyhly içini gepledýärdi. «Ýöne beýle ýagdaý uzagyndan bir bolmawersin!».
Bibi Sadabyň eteklerinden çekişdirip, köýnegini, çabydyny düzedişdirdi. Aýagyna galoşyny geýdirdi. Soňam kürtesiniň burçundan tutup alyp ugrady.
—Hudaýa şükür, Sylap janam gelinli bolaýdy, bizi gelnejeli edäýdi—diýip, Bibi ýene guwanjyny beýan etdi.—Saňa gelneje diýýän welin, begenjimden ýüregim agzymdan çykaýjak bolýa, Sadap! Doganam gowy zat, hä, gelnejeli edäýýä!
Sadap geplemedi. Gelin ýöreýşi bilen garyş boýdan ädimläp, daşaryk çykdy. Toý ýerinde galan kowum-garyndaşlar daşaryk çykan gelni görüp, gybat-geplerine bir salym suw sepdiler:
—Tüweleme, boý-syratam gül ýaly. Aýagy düşsün, Sadap janyň! Gazyklarynda bile garrasynlar!
Bu sözler öwran-öwran gaýtalandy.
Birki sany gyzjagaz ylgap gelip, kürtäniň gyrasyndan tutdular. Bibi çete çekildi. Şeýdip, gelni alyp ugradylar.
Oňa çaý-suw içirilensoň, baş salmaga durdular. Sadap indi gözýaşlaryny bütinleý saklap bilenokdy. «Näme üçin meniň ykbalym şeýle bolduka?» diýip, ol barha ejizleýärdi. «Maňa baş salmaň, men gelin däl!» diýip, töweregindäkileri itişdiriberesi gelýärdi. Birdenem düneden nadyl halda eginlerini gysyp, çagajyk kimin ýygrylyp oturan Sylap göz öňüne gelip köşeşýärdi. Ýigide ýüregi awaýardy. Oňa özüniň hiç wagt gep getirip bilmejekdigine öz-özüne boýun etmäge synanyşýardy.
Gelniň henizem aglaýanyny duýan aýallaryň biri onuň böwrüne dürtdi:
—A gyz! Goýaweri agyňy! Gelin bolmagy hijimizem küýsän däldiris. Ýöne nätjek, gyz pahyryň başynda bar zat-da bi...
Kimdir biri onuň üstünden güldi:
—Küýsänsiň-le, gyz! Küýsemedik bolsaň, asyl ejeň dulundan çykmazdyň-la. Garrab-a oturaýmansyň, başjagazyňy bogdurypsyň-la!
—Häk, süýdüň ýansyn!—diýip, öz sözi ýaňsa alnan aýal garşydaşyna oýun edip, ýumrugyny çenedi.—Akyl satmaga bir goý ahyry!
Olaryň gepine hemmeler hezil edip gülüşdiler.
Sadaba baş hem saldylar. «Gelin» diýip ýüzlenmäge-de başladylar.
***
Ikinji gije hem hut birinji gije ýaly geçdi. Bu ýagdaýdan gorkusyna Sadabyň ýüzi gara ört boldy. Gözýaşy guramady. Birden-ä ol: «Sylap bagly bolupdyr» diýip, gaýynlaryma aýdaýsammykam?!» diýip oýlanýardy, birdenem: «Näme bolsa-da, entek garaşaýyn. Öňem gürrüňi ýetik bendäniň derdiniň üstüne bir urnalyk tapaýmaýyn» diýip, öz-özüni köşeşdirýärdi.
Üçünji gije Sylaba onuň özi gep goşdy:
—Düşek bir ýazynaweri, gaty ýerde ýatma!
Dogrusy, Sylaba ýatmaga ýeri onuň özüniňem salyp beresi gelýärdi. Ýöne ýigidiň pikirini bilmek isleýärdi. Ony Sylabyň öz düşegini nireden saljagy gyzyklandyrýardy.
Sylap Sadaby diňledi. Özüne düşek alyndy. Ýöne ony Sadabyň düşeginiň ýanyndan ýazmady. Özüniň her gün oturmaga endik edinenje ýerine atdy. Çyrany öçüribem, ses-üýnüni çykarmanjyk uka gitdi.
Sadabyň oňa bir gahary gelýärdi, bir ýüregi awaýardy. Birden-ä «neressejik» diýip, onuň bir gysym bolup düýrlenip ýatan göwresine bakyp, gözlerine ýaş aýlaýardy, oňa duýgudaşlyk edýärdi, birdenem: «Atamdanam aňyrrakda ýataýmazmykaň!» diýip, öýke bilen gaýtalaýardy.
Gijeler biri-birinden tapawutlanman geçip durdy. Gün geçdigisaýy hem Sadabyň haly teňleşip, keýpi gaçýardy. Ýüregi hasrata dolupdy. Ol bir görseň-ä, düneden egni gysyk Sylabyň agysyny aglap, onuň ykbalyna çyny bilen gynanyp, kürtäniň aşagynda gözýaş dökýärdi. Bir görseňem, Sylapdan öýkeläp, birhili pikir-duýgulara özüni horladýardy: «Ýa-da meni halamaýarmyka? Özümi üstüne atalanym üçin jeza berýärmikä?» diýip, birsyhly içini gepledýärdi.
Goňşy-golamlar ony çörege çagyrýardylar. Gyzlar daşyny gallaşyp, gyzyl-gyran gülşüp, ony öýme-öý aýlaýardylar. Täze gelniň hatyrasyna öýlerde dürli-dümen naharlar bişýärdi. Gelne gymmatbaha halat ýapylýardy. «Wah, öe dolanyp gelen çagym menem il ýaly Sylap gujak açyp garşylaýsa bolmaýarmy!» diýip, ýüküni hasratdan tutan gelin iliň öýünde otyrka-da, ýolda-yzda-da birsyhly pikir öwürýärdi. «Ýa-da bu zatlaryň baryny ejeme baryp aýdaýsammykam?!» diýip oýlanýardy. Birdenem pikirleriniň garşysyna gidýärdi: «Ýok, beýtsem, uly ile peçan bolarys. Sylaby gürrüňe goýaryn. Üstesine, ejemem özüme käýýär. Ol meni Sylaplara bermejek bolup, näçe töwella etdi ahyr. «Özi ýykylan oglan aglamaz» diýipdirler. Bu işi eden özüm. Indi başa näme gelse-de, özüm çekeýin!». Onuň ýadyna häli-şindi özüniň Sylaba: «Men seni bagtly ederin!» diýip beren sözi düşýärdi. «Namartlamaly däl!» diýip, şundan soň ol ýüregini bire baglaýardy. «Söz berdiňmi, indi bigaýratlyk etjek bolma!».
***
Sadap gaýdyp gidýänçä, hiç zat şundan artyk üýtgemedi. Sylabyň şol bir bolşudy. Ilkagşamdan düşegini alnardy-da, endik edenje ýerinde gyşarardy. Şeýdibem, uklap galardy. Ol Sadaba barmysyňam diýenokdy. Hatda nahar-çaýynam täze gelin bilen iýip-içiberenokdy. Çykyp giderdi-de, garbanar gelerdi. Sadap onuň ejesi bilen iýip-içýäninem bilenokdy, kakasy bilen iýip-içýäninem. Ýeke özi iýýänem bolsa bilenokdy. Biljegem bolanokdy. Indi ol bu ýagdaý hakda pikir öwürmeden bizar boldy. «Näme etse, şony etsin!» diýip, üns bermezlige salýardy. Özüne çaý-çörek getirilende, Sadap Sylaba hödür-kerem ederdi. Ýöne Sylap duzam datmazdy. «Men naharly» diýerdi. Şondan başga kelam agyz geplemezdi. Oňa her näçe üns bermejek bolsa-da, pikirler beýnisini iýip barýardy. «Näme üçin beýdýärkä, näme üçin?!» diýip, biygtyýar ýene pikir öwürmäge başlaýardy. Gaharlanýardy, öýkeleýärdi. Ýöne işden ýadap gelen Sylap eginlerini gysyp bir gapdala çökdügi welin, ýene oňa ýüregi awap başlaýardy. Onuň üçin ähli kynçylyklara döz geljekdigine öz-özüne söz berýärdi. Her minutda her taraplaýyn pikir öwrüp, Sadap däli-porhan bolup çykýardy.
Soňabaka Sadap bu ýagdaý bilen az-kem öwrenişdi. «Ahyr-a ähli zat aýan bolar, şeýdip durmaz» diýip, öz-özüne teselli berdi. Tikin iş başlady. Özi gelmese, Sylaba kän bir gep goşjak bolup durmady.
Şeýdibem, ol kyrk günden soň atasy öýüne gaýdyp bardy. Abat daýza gyzynyň owurdy içine çöken ýaňaklaryny, horlanmak sebäpli has hem ulalan gözlerini synlap içini çekdi... «Saňa näme boldy, balam?!» diýip, oňa topulanynam duýmady.
Sadap mertlik etdi. Ejesine hiç zat aýtmady. Başyna düşen hasraty özi çekmek isledi. Dymmalyga ýüz urdy. Özi bilen gepleşmeseler, kem görenokdy. Ýöne her näme-de bolsa, onuň kalbynda Sylaba bolan söýgi gaýnap joşýardy. Bu zatlaryň baryny Sylap özünden ar almak üçin edýändir öýdüp, pikir öwürýärdi. Şuňa-da ol berk ynanýardy. Bu zatlaryň mundan başga sebäbi bardyr öýdüp oýlanmagam islänokdy.
Atasy öýüne gaýdyp gelenden soň ara düşen bir hepdede Sadabyň Sylaby göresi gelip, hatda ýüregem gysyp başlady. Agşamlyk gapylaryna çykyp oturardy. Käteler bir zatlary bahanalap, gabatlaryndaky ýolda durardy. Işden agras ädimläp gelýän Sylaby görende, begenjinden göwni galkyp gidýärdi. Oňa guwanyp seredýärdi. Ýene-de onuň öýüne gaýdyp barmagyň höwesi bilen joşýardy. Јhli zadyň düzelip gitjegine özüni berk ynandyrýardy. Özem nämüçindir, oňa birsyhly ýüregi awaýardy.
On güne golaý öýünde gezensoň, Sadap işe çykmak isläp, ejesine sala saldy. Abat daýza-da ony saklajak bolup durmady. Gaýtam, horlanyp, çöpe dönen gyzynyň köpçülige çykanyny kem görmedi. «Göwnüň açylar, git» diýdi.
Joralary Sadaby ýedi ýat ýaly garşyladylar. Hemmeler oňa tanalmaýan bigäne mysaly seredýärdiler. Hiç kim içginsiräp, onuň goşuna goşuny garasy gelmedi. Özi bir zat soramasa, gepleşjek bolup, ýüreklerinem üzmediler. Gyzlaryň bolşuna geň galsa-da, Sadabam sesini çykarmady.
Gowaçalaryň ujy çyrpylýardy. Iş gyssaglydy. Basym pagta ýygymyna başlamalydy. Şeýle bolansoň, başagaýlyk ýetikdi. Käteler gyzlar günortan arakesmede meýdan düşelgä gitmänem işleýärdiler. Iş üstünde garbak-gurbak edinerdiler-de, ýene işe haýdardylar.
Şeýle günleriň birinde Sadap hem meýdan düşelgä gitmedi. Ýöne ol işlemek üçinem galmady. Hem-ä gyzlaryň sowuk nazaryndan sowarak bolanyny kem görenokdy, üstesine-de, uzak aradan iki ýana yssyda ýol söküp ýörmäge ýaltandy. Aladalar sebäpli gijelerine çirim etmän çykýanlygyndanmy-nämemi, birden ukusy tutdy. Her ýerräkde seleňläp oturan tutlaryň düýbüne baryp oturdy. Ilki gyzyl reňkli gaýyş korzinkasyndan çaý termosyny , käsä atan gowurdagyny hem çörek çykardy. Soňam ot-çöp üçin ýanyna alaýýan torbasyny ýazynyp, korzinkasyny başynyň aşagyna goýdy-da süýndi.
Onuň meýdan düşelgesine gitmän galanyny birbada gyzlaryň hiç biri duýmadyk bolarly. Olar çaýlaryny içip bolanlaryndan soň, ýene-de işe haýdadylar. Özlerem jammyl-da-jammyldylar. Sadabyň gürrüňini edýärdiler. Olaryň gürrüňi Sadaba mese-mälim eşidilýärdi:
—Baran gijesi Sadabyňam düşegi arassa çykypmyş diýýäler!
—Daş etsin! Heý, ynanar ýalymy, gyz! Nähili asylly gyz diýşip ýördük.
—Bütin obanyň şoňa gözi gider-dä!
Bu sözler Sadaby tok urana dönderdi. Ol «Hih!» edip, içini çekip, garysyna galanyny duýman galdy. Hasanaklap galagada, özüne gara sürtjek bolýan gyzlaryň alkymlaryndan almak isledi. Birdenem beýtse, gürrüňiň ula gitmeginiň mümkindiginden gorkdy. Sylap ýadyna düşdi. Ýigidiň ile wejera bolaryndan çekindi. Oglany ile gep edesi gelmedi. Ondan, her zat hem bolsa, özi çekmek isledi. «Dagy, ýalanmy diýilýän zat!» diýip, öz-özüne gyjalat berdi. Öz-özüne sögündi: «Etjegiň-ä etdiň. Indem çekiber näme diýseler. Mundan beterinem diýerler entek». Ol birdenem eltisi Jerene gargyndy: «Haram albassy, eýýäm ile peçan edipdir. Wah, «Elti eltä ýagy bormuş» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler! Bu gepi ile çykaran şondan başga adam däldir! Dagy, kim aýtsyn?!»
Gyzlar: «Hawa-da, hawa, daş etsin-de, daş etsin» diýşip, biri-birlerini makullaşýardylar. Soňam biraz salym seslerini çykarman işlediler.
Ene ilki geplän gyzyň sesi eşidildi:
—Hakyt, eltisi Jeren irden düşegini ýygnamaga barsa, özi ýygnap goýaýanmyş, gyz! Ol gelniň üstüne sepjek şaýylyklarynam nätjegini bilmän, yzyna alyp çykanmyş. Özüne alaýanmyş!
—Ara ýolda Jeren hezil edipdir-ow!—diýip, gyzlaryň biri jorasynyň gepini makullap, jakgyldady:—Ha-ha-ha!
Soňra bu gepe gyzlaryň bary gülüşdi.
Sadap hyrçyny dişledi. «Wah, şol haram ýaýradypdyr gepi, şol!» diýip, eltisi hakda ýigrenç bilen pikir öwürdi. «Gepçidigini albassynyň! Heý, öýüň şeýle syrynam bir ile eşitdirip bormy! Ah, onuň içi gülüpjik durandyr-la bu ýagdaýa!».
—A gyz!—diýip, gyzlaryň ýene biri gepe goşuldy.—Sadaba ýuwaş diýselerem, käteler pagtanyň içinde Sylap bilen-ä duşýady!
—Goýsana, gyz!—diýşip, gyzlar ýerli-erden geň galyşyp soradylar.—Daş etsin, heý, pagtanyň içinde-de bir şeýdip bormy!
—Aý, nirede näme edýänlerin-ä biljek däl welin, bir gezek ot ýygyp ýörkäm, şolaryň bileje oturyp, uzak gürleşenlerin-ä gördüm—diýip, hälki gyz joralaryny öz diýýänlerine ynandyrmak üçin janykdy.—Özem, gürleşip bolanlaryndan soň Sylab-a turup gitdi. Sadap bolsa galdy. Sylapdan kä-än soň gitdi.
—Hih!—diýşip, gyzlar içlerini çekişdiler.—Bile gitmäge ilden çekinendir-dä!
—Daş etsin! Şeýle salykatly gyz, heý, ynanar ýalymy?!
—Aý, bi zamanda näme eşitseň, ynanyber!
—A gyz, onda, Sylap hakda diýilýän zatlar ýalandyr-da, beýle ýagdaýlar bolan bolsa!
—Çyn bolsa, öýlenerdimi näme ol, diýýän zadyň nähili, gyz, seň?!
Gyzlar gowaçanyň öserlerini ýolşup baryşlaryna öz gep-gürrüňleri bilen başagaý bolşup, haýdaşyp gitdiler. Sadabyň gözüne uky gelmeg-ä beýlede dursun, gahardan hem namysdan ýaňa ol hum ýaly çişdi. Bütin synasy bilen saňňyldady. Ýöne gahary gelse-de, etjek alajy ýokdy. Ýa Sylaby peçan etmelidi, ýa-da özi gep bolmalydy. Başga alaç ýokdy. Tereziniň Sylaply tarapy agyr gelýärdi. Sadap ony özüniň çyn ýürekden gowy görýänine häzir hasam göz ýetirdi. Özüniň arassa başyna nähili ýaramaz töhmetleri alýan-da bolsa, ol Sylap hakdaky sowuk gybatlaryň galyşýanyna öz ýanyndan begendi. Hatda bu begenç onuň gaharynam ýuwaş-ýuwaşdan basaňkyrlap barýardy. «Јý, näme diýseňiz, şony diýiň!» diýip, ol gyzlara tarap elini salgap goýberip, özüni rahatlandyrdy. «Diýer goýarsyňyz-da!». Birdenem, bu gepler ejesidir kakasyna ýetäýse, nä alaç etjegini bilmän hopukdy. Ýene ýüregi gysyp, düne daraldy. Öz-özüne ýandy. Ýere ýazan torbajygynyň gapdaljygynda gögeren çaýry penjeläp, janagyryly iňňildedi. «Maňlaýym gursun, maňlaýym!» diýip, kimdir biri bilen gepleşýän ýaly, sesli samrady. Hamala, bar ahmyryny çaýyrdan çykarmak isleýän ýaly, ony çekip-çekip gopardy. Penjesine ilen oty gahar bilen zyňyp goýberdi. Gum bolan eli bilen maňlaýyny ýumruklady. Gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Soňam arkan düşüp ýatan ýerinden sojap-sojap aglady. Sesini biriniň eşidäýmeginden heder edip, goşaryny dişläp, ganadara getirdi. Aglap-aglap keýpden çykdy. Soňra diklendi. Etegi bilen ýüz-gözüni süpürdi. Munuň bilenem oňman, termosda galan çaýy bilen ýüzüni ýuwdy.
Aglansoň, ýüregi birneme gowzady. Uludan dem alyp, uklasa-uklamasa, gapdalyna agdarylyp ýatdy. Şeýdip biraz ýatansoň, onuň üstünden duýdansyz halatda Sylap geldi. Sylap çyrpylan gowaçalary gözden geçirip ýördi. Ösüntgileriň galan-galmanyna seredýärdi. Ol tuduň kölegesinde süýnüp ýatan aýal maşgalany görüp kürtdürdi. Birbada onuň kimdigini saýgarman aljyrady. Sebäbi Sadabyň başyna daňan ýaglygy göz-gaşyny gowy ýapyp durdy. Üstesine-de, ol bir elini maňlaýyna goýup ýatyrdy.
Sadap Sylaby görenden, ýerinden turmak isledi. Birdenem bu pikirini goýbolsun etdi. Onuň bütin durkuny öýke gaplap aldy. «Gelip geçsin-le» diýip, içinden pikir öwürdi-de, turmazlygy ýüregine düwdi. «Sylamaýyn-la şony menem». Şeýle pikir bilenem ol elini maňlaýyndan aýryp, ýaglygyny birneme yza çekdi.
Sylap ony tanansoň, dillendi:
—Sadap! Sen-maýt?! Näme beýdip ýatyrsyň? Düşelgä gitmediňmi?
Sadap öýkä özüni aldyran bolsa-da, sypaýy gepledi:
—Aý, ýaltandym-da, galaýdym.
Sylap çeträkde çommalyp oturdy. Sadap ony synap görmek isledi-de, özi biraz süýşüp, haltanyň üstünden ýer boşatdy:
—Gel, bärde oturaý!
—Aý, men oturyp durmaýyn, howlukmaç!—diýip, Sylap ýerinden galdy-da, töwerege nazar saldy. —Kantura gidip, hasabat bermeli. Ind-ä az ýer galypdyr. Gyzlar gaýrat etseler, şu gün gutararlar!
Sadap sesini çykarmady. Göwni üçin Sylabyň öz görkezen ýerinde azajyk wagtlygam bolsa çökäýmänine gahary geldi. «Ýok bolubersene, kontoruň gursun!» diýip, içinden gargyndy.
Sylabam şundan soň sesini çykarman gitdi.
Sylap gidensoň, Sadap ýene bagryny ýere berip, agyly iňňildemä başlady. Hernäçe urunsa-da, ýüreginiň yzasyna basalyk berip bilenokdy.
Gyzlar kartanyň aňyrsyna çykyp, yzlaryna öwrülip gelýän bolmaga çemeli. Ýene olaryň sesleri eşidildi:
—Hana, serediň, Sylap ho tuduň aşagyndan turup gaýtdy. Şol ýerde Sadap bar bolaýmasyn?!
—Hih! Ol biziň geplerimizem eşidendir!
—Eşidip geçsin! Ýalan zat aýdamzok!
—Daş etsin, gündiziň güni, iliň gözüniň öňünde bir şeýdip suwjaryşmasalar bolmyýamyka, gyz!
—Şu zamanyň söýgüsi-dä!
—Söýüşjek bolsalar, işden başga ýerem gyt däldir-le!
—Gaýtarma kişidir-dä!
Gyzlary diňledigisaýy Sadap hyrçyny dişläp, ýer ýumruklady...