Ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almagyny, şeýle hem kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Çünki ýaş raýatyň dogry terbiýelenmegi arassa ahlakly, ynsanperwer, medeniýetli, durmuş taýdan işjeň we kanuna hormat goýýan jemgyýetiň kemala gelmeginiň kepilidir. Çagalarymyzyň bagtyýarlygy döwletimiziň uly baýlygydyr hem-de jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Ýaş nesliň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy biziň esasy maksadymyzdyr.
Ýaş nesliň mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek Konstitusiýamyzyň kadalaryna we ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Esasy Kanunymyzda berkidilişi ýaly, ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi we terbiýesi üçin jogapkärdir, döwlet bolsa, maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara ýardam bermegi öz üstüne alýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen baglanyşykly işlerde öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu hakykaty Watanymyzyň agza bolan halkara resminamalary hem aýdyň tassyklaýar.
Türkmenistan BMG-niň çaga hukuklaryny goramaga gönükdirilen birnäçe resminamalaryna, şol sanda «Çaga hukuklary hakyndaky» Konwensiýa hem goşuldy. Ýeri gelende bellesek, çagalara aýratyn goragyň zerurdygy Çaga hukuklarynyň Ženewa jarnamasynda we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul eden «Çaga hukuklarynyň» jarnamasynda hem-de «Adam hukuklarynyň» ählumumy jarnamasynda, «Raýatlyk we syýasy hukuklar» hakyndaky halkara ylalaşygynda, şeýle-de «Ykdysady, durmuş we medeni» hukuklar hakyndaky halkara ylalaşygynda ykrar edilendir.
Çagalaryň binýatlaýyn hukuklaryna, hususan-da, bilim almaga, saglygyny goramaga, özlerinde bar bolan ukyp-başarnyklaryny we zehinini ösdürmäge, bagtyýarlykda, söýgüde, özara düşünişmek gurşawynda önüp-ösmäge, özlerinde bar bolan hukuklar baradaky maglumatlary almaga hem-de şol hukuklaryň pugta berjaý edilmegine işjeň gatnaşmaga bolan hukuklary degişli edilýär. Mysal üçin, «Çaga hukuklarynyň» jarnamasynda çaganyň beden we akyl taýdan kämil däldigi sebäpli ýörite goragdyr alada dogulmazyndan öň bolşy ýaly, dünýä ineninden soň hem mätäçdigi görkezilýär. «Adam hukuklarynyň» ählumumy jarnamasynda: «Enelik we çagalyk aýratyn üns-alada hem goralmaga bolan hukugy berýär» diýlip nygtalýar, maşgala bolsa jemgyýetiň tebigy we binýat birligi hökmünde kesgitlenilýär.
Halkara hukugynyň ynsanperwer ýörelgelerine eýerilýän Watanymyzda ýaşajyk raýatlar üçin oňaýly durmuş şertleriniň döredilmegine degişli meselelere juda jogapkärçilikli çemeleşilýär. Häzirki wagtda bu ýörelgeler durmuş kepilliklerinde, eneligiň we çagalygyň hukuk taýdan goralmagynda, çagalaryň saglygyny goramak, olary göwnejaý terbiýelemek we bilim bermek boýunça hemmetaraplaýyn ulgamyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar. Ol özgertmeler her bir ýaş raýatymyzyň ukybyny ösdürmegi, durmuşda üstünlik gazanmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bolmagyny şertlendirýär. Bu ugurda döwletimiziň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) uzakmöhletleýin we netijeli häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bilşimiz ýaly, ÝUNISEF Çagalaryň hukuklary baradaky Komitetiň işini hemmetaraplaýyn goldamak arkaly çagalaryň hukuklaryny höweslendirmäge we goramaga hukuk taýdan borçly bolan guramadyr. Ýeri gelende bellesek, döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmegiň bäş ýyllyk meýilnamasy taýýarlanyldy. Çagalar hakyndaky kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny, meýilnamalary hem-de tejribeleri halkara ykrar edilen ülňülere we öňdebaryjy tejribelere laýyk getirmek ýoluna eýerýän täze meýilnama milli ösüş ugurlarymyza hem laýyk gelýär.
Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolmak bilen, milli kanunçylyk-hukuk binýadyna halkara hukugynyň ýörelgelerini we kadalaryny ornaşdyrmak işinde-de anyk ädimleri edýär. Ýurdumyzda çaga hukuklaryny kepillendirýän birnäçe kanunlardyr kanunçylyk namalary kabul edildi. Olardan Türkmenistanyň Maşgala Kodeksini, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň bähbitleriniň üpjün edilmegi baradaky aladalaryň aýdyň güwäleridir.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine aýratyn orun berilýär.