Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy ajaýyp öwüşginli, täze mazmuna, belent ruha eýe boldy. Bu şanly baýramçylygy halkymyz her ýyl aýratyn mähir-muhabbet, süýji arzuwlar, uly zähmet üstünlikleri, bitiren beýik işleri bilen sowgatly garşylaýar. Geçen şanly ýyllarda ata Watanymyzyň berkararlygyny, beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan milli ykdysadyýetiň, medeniýetiň kuwwatyny emele getirýän wezipeleriň çözgütleri esaslandyryldy, möçberi we ähmiýeti boýunça ägirt uly işler örän çalt depginlerde amala aşyryldy. Aýratyn hem uzaklary nazarlaýan ägirt uly wezipeleriň çözgüdi kesgitlenildi, olar babatda tutuş asyra barabar işler gysga döwrüň içinde amala aşyryldy.
Geçen 2018-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan birnäçe täze iri desgalar ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Türkmenabat şäherindäki köpugurly hassahana bilen ýaşaýyş jaý toplumyny, Mary şäherindäki çagalar hassahanasyny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş merkezli akwaparky we şypahanany, Ahal welaýatyndaky aýna kärhanasyny, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çägindäki ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasyny, Balkan welaýatyndaky «Garabogazkarbamid» zawodyny hem-de polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny buýsanç bilen bellemek bolar. Sebit we halkara derejesindäki amala aşyrylýan iri taslamalar hakynda gürrüň edilende bolsa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn buýsandyryjy wakalara öwrüldi. Türkmenistan Täze 2019-njy ýyla hem ýurduň ösüşindäki möhüm wakalar bilen gadam basdy.
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň çägindäki Owadandepede gurulýan we tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça döwrebap kärhanada alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem bu ugurdaky öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen pugta baglanyşyklydyr. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de «Euro-5» standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaýdyr. Ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. 2019-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän kärhananyň işe girizilmegi bilen goşmaça iş orunlarynyň 800-e golaýy dörediler. Gazhimiýa pudagyny ösdürmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeg welaýatlaryň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň artdyrylmagyny şertlendirýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir