Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.
Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.
Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.
Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.
Sapa HOMMADOW
INTERNETDE DÖRÄN SÖÝGI
-
konetalyp007
5 years ago
- Sapa Hommadowy okamandyryn. ))) Tuweleme gowy duzupdir.
-
messibet
5 years ago
- Sapa Hommadow şu saýtda @Friendship agza bolup girýädi. Gözletseňiz çykar. Birgiden goşgulary bolmaly. Saýdyň şahyrydy.
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- messibet sagbola
-
Balkanjan
5 years ago
- sag boluň
konetalyp007 5 years ago- Bet bet. Nowca ozun duzdunmi? Gaty gowy bolupdyr. Yzyny yetirip dur.