Ksenofanes
Ksenofanes b.e.öñki 570-nji ýylda dogulyp b.e.öñki 480-nji ýyllarda dünýeden ötýär. Ýunança ady şeýle ýazylýar: ''Ξενοφάνης''. Sokratdan öñ pikir düşünjelerini açyk aýdanlaryñ biri bolan Ksenofanes Kolofonlydyr (häzirki Izmir - Degirmendere)
Urp-adatlara, şol bir wagtyñ özünde-de ýunan sportynyñ ösmegine, jadygöýlere we aýratynam adam keşpli köptañryçylyk düşünjelere garşy çykan şahsyýet bolupdyr.
Ksenofanes hakynda maglumat berýän çeşmeleri Aristoteles, Diogenes Laertius, Aleksandriýaly Klemens we b.e. II asyrynda ýaşap geçen Sekstus Empricusdyr.
Ksenofanesiñ özüne degişligi çak edilýän fragmentler bardyr.
Ksenofanes B.e.öñki 540-njy ýylda Kiçi Aziýanyñ Eýranlylar tarapyndan basylyp alynmagy bilen ýurdundan jyda düşýär. Günorta Italiýada köp syýahat eden we baran ýerlerinde bilýän şygyrlaryny okap beripdir.
Ömrüniñ soñky ýyllaryny Elea şäherinde geçiripdir.
Ksenofanes adam we medeniýetiñ döredýän problemalaryna üns beripdir.
Ksenofanes tañryçyllyk idealarynda Gomer we Gesiod ýaly nägilelik bildirýär. Ol şeýle diýipdir: ''Gomer we Gesiod tañrylara, adamlar arasynda nähili aýyp we ýalñyşlyk bar bolsa ýüklediler. Ogurlyk, zyna we biri-birlerini allatmak ýaly...''
Ksenofanes tañryçyllyk ideasyna ahlak baglanyşygyny goýmak isleýär.
Onuñ pikiriçe bir ýandan tañrylara sylag hormat bildirmek, bir ýandanam olar hakda erbet ertekileri aýdyp ynandyrmak ýerliksiz hasap edilipdir. Tañryny adam keşbine meñzedilmegine hem garşy bolupdyr: ''Adamlar tañrylaryñ özleri ýaly dogulyp, özlerine meñzeş eşikler geýip ýaşaýandygyna ynanýarlar'' (B14). Eger öküzleriñ, atlaryñ we ýolbarslaryñ elleri bolsady we olar elleri bilen adamlar ýaly surat çekip we senetçilige degişli eserleri emele getirip bilsediler, atlar tañrylaryñ keşbini atlaryñky ýaly, öküzler öküzleriñki ýaly edilip çekilerdi we olaryñ her birine öz keşplerine uýgun bedenler ýaly keşpler siñdirilerdi''
''Habeşler tañrylaryñ gara we basyk burunly, Frakiýalylar (trakýa) bolsa mawy gözli we gyzyl saçly bolandygyny aýdýarlar'' (B15,16) Ksenofanes şolar ýaly tañryçylyk ideasyna degişli ideologiýadan bir tañryçylyk düşünjesini aýtmak isleýär. Bu düşünjäniñ halk arasyndaky täsiri bolmasa-da, tañrynyñ ýerinde durup, dünýä akyl ýetirmekde bolan ideologiýalary Aristotel tarapyndan ýazga geçirlipdir: ''Tañry we adamlar arasynda iñ ýokary bolany: ne baglanyşyk, ne düşünje tarapdan adamlara meñzeşi bolmadyk ýeke täk Tañrydyr''. ''Ol bütinligi bilen göz, bütinligi bilen düşünje, bütinligi bilen gulakdyr''. ''Hiç bir zorluk çekdirmezden hemme zady zehininiñ güýji bilen dolandyrýar''. Hiç hili gymyldamazdan şol bir duran ýerindedir we birem oña-muña gidip-gelip durmak oña gelişýän häsiýet däldir(B23,24,25,26).
Ksenofanes dünýä hakyndaky düşünjelerini hem galdyrypdyr: ''Dünýä düzdir, üst tarapynda howa, has dogrusy ýarym howaly ýel, aşagy bolsa toprak bilen gaplanandyr''. Ksenofanea Günüñ howada hereket edip çyzgysyny geçýändigini we her agşam günbatarda bir çukura batýandygyny, ertesi gün bolsa gündogardan täze günüñ dogýandygyny çak edipdir. Ýyldyzlar bolsa gündüzine sönýän, gijeleri bolsa täzeden ýanýan kömür bölejikleri ýalydyrlar. Ýer belki başlangyçda tozanly çägedi. Wagtyñ geçmegi bilen günüñ täsiri bilen suwlaryñ bir bölegi gyzgyn hala öwrülip, toprak gurady we şu günki görnüşe geçdi.
Ksenofanes deñiz haýwanlarynyñ, deñiz ýosunlarynyñ yzlaryny tapandygyny aýdypdyr. Ksenofanes dünýäniñ başlangyçdaky görnüşinden birnäçe gezek üýtgändigini şeýleräk düşündirýär: ''Tañrylar adamlara hemme zady başlangyçdan başlap beripdirler. Adamlar gözlegleriñ dowamynda iñ gowy durmuşy saýlap alypdyrlar'' (B18).
Ksenofanes şeýle diýipdir: Adam dogrulyga däl-de diñe dogryny aýdýana duş gelip biler. ''Tañrylardan hakykaty we ýerýüzündäki hemme zady öwrenen bolmady, asla bolmazam. Sebäbi adam bir gezek dogryny eşitse hem ýene-de şonuñ şolar ýalydygyny bilmez(B34).
Peýdalanylan edebiýatlar:
Aster, E. V., Ilkinji we Orta Asyrlaryñ Pelsepe Taryhy (İlkçağ ve Ortaçağ Felsefe Tarihi) terjime eden Wural Okur, 3-nji neşir. Stambul. İm, 2005, 87,88 (türkçe).
Kranz, W. Antik Pelsepe, Iýeroglifler we Açyklsmalary, (Antik Felsefe Metinler ve Açıklamaları), türkçä terjime eden: Suad Ý. Baýdur, Stambul: Sosiýal, 1994, 51,52. (türkçe).
Arslan, A. Pelsepe Taryhy, II neşir, Stambul: Bilgi Uniwersitetiniñ neşirýaty, 2008, I jilt, 165,166,168,170,174,175 (türkçe).
Capelle, W, Sokratdan Öñki Pelsepe, türk dilinde terjime eden Oguz Özügül, Stambul: Kabalçy neş. 1994, I jilt, 98, 108-109 (türkçe).