Saňa düşdi nazarym, söýgüli janan, bäri gel,
Saçy müşk isli ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel.
Gül beden, gülgün reň, dony zerefşan, bäri gel.
Al ýaňak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel.
Janyňa sadka olam, bäri gel, eý jan, bäri gel!
Gel, otur gaşymga sen, zowky-jamalyň göreli,
Gül ýüzüň şöhlesine saz bilen söhbet guraly,
Dost gadyryn bileli, duşmany otga uraly,
Dünýä bäş gündür, öter, zowky-sapalar süreli,
Bu ýalan dünýä öter, ötdi-le döwran, bäri gel!
Kä gülüp bäri bakyp, näz bilen sallana sen,
Käte gaşyňy çytyp, her tarapga tolguna sen,
Älemge şöhle salgan türpe ajaýyp sona sen,
Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň hem ýana sen,
Ýüregim otga ýakan ataşy-suzan, bäri gel!
Duýmasyn gende rakyp, bir ýerde pinhan bolaly,
Jany jan içre goşup, bir tenu-bir jan bolaly,
Maksady hasyl edip meşguly döwran bolaly,
Söýleşip bir-birimiz, ança gadyrdan bolaly,
Bäş gündür siz - bize, biz - size myhman, bäri gel.
Leb gysyp, gaş kakyşyp, mährem olup, gol tutuşyp.
Çolaşyp hem çyrmaşyp, ýag bile süýt deý gatyşyp,
Oýnaşyp, seýre çykyp, ak-gyzyl alma atyşyp,
Göýä bir nowça nahal dek bir-birimize ýetişip...
Kylaly gaýgy-gamy ýer bile ýegsan, bäri gel.
Çekerem her gijelerde ah bilen zaryň seniň,
Menden özge kim çeker derdi-azaryň seniň?
Bermenem ýüz müň tümenge käkili taryň seniň,
Ak göksüňde biten alma-enaryň seniň, -
Tirmesem, ança galar janda köp arman, bäri gel.
Perileriň patyşasy, belli mestana, gözel,
Sen ki bir şamug çyragy, men ki perwana, gözel,
Hulky hoş, labzy şirin, ýüzleri nurana, gözel,
Bagry buz, sözleri uz, dişleri dürdäne, gözel,
Lebi lagyl, geýdigi al, jenneti-ryzwan, bäri gel.
Söwdügim, her sözüňe, şirin jany bereý,
Her nuktaýy halyňa Eýrany-Turany bereý,
Her saçyň bir taryna käpir-musulmany bereý,
Seýr kylyp bakyşyňa Balhy-Badahşany bereý,
Kylaýyn men bu jahany saňa gurban, bäri gel!
Uýalyp, ýerge bakyp, bizden ki iba kyla sen,
Gözleýip göz uç ile, synamga otlar sala sen,
Bir güni öltüre sen, ahyry bu janym ala sen,
Näge rehm etmes sen, halymny özüň bile sen,
Diýr Nepes, köňlüm alan täze gülüstan, bäri gel!
Mollanepes
BÄRI GEL
-
Panturkist
5 years ago
- Berdi Geldiň aýdymy bu, Şamämmet aýdanok muny.
-
messibet
5 years ago
- Berdi Geldi diýilýänä tanamogam. Ýöne Şamämmet Bäşimiň şu aýdymy aýdýanyny bilýän. Aýdym Şamämmediňki däl bolmagy ahmal.
messibet 5 years ago- Şamämmet Bäşimden diňleseň bu aýdymy 🎼