Aşa ýürege ýakyn almalymy?
Geçen ýylyň tomusydy. Obadan(garadaşlydan) şähere gidýän irdenki awtobusa münip, mekdebe olimpiada taýýarlyga gaýtdym. Awtobus şähere sagat 7-ä barýady. Taýýarlyga bolsa 9:30-da barmalydy. Şonuň üçin hemişekim ýaly awtobusdan düşip, şäherdäki öýümize çenli taksi tutdym. Taksini 50 ýaş çemesi bir ýaşuly sürýädi. Ulagda diňe ikimizdik we ýolda bir aýaly mündirdik. Ýolda sürüji aýaldan sorady: “ Siz Planyň(ady ýadyma düşenok) synpdaşy dälmi? ”. Aýal: “ Hawa. Synpdaşy. Siz nirden tanaýaňyz? Özüňi tanyşa meňzeýäňiz ” diýdi. Sürüji: “ Men şoň adamsy ” diýip jogap berdi. Aýal: “ Synpdaşam gowymy? Köp wagt boldy görüşmedigimize” diýip ýüzlendi. Sürüjiniň beren jogaby, ine, şeýleräk boldy: “ Plan(aýalynyň ady) geçen ýyl öldi. Habarsyzmydyň? Begenip öldi. Guwanyp öldi. Guwanjy göterip bilmän öldi. Öň biz köpgatly(etaž) jaýda ýaşaýadyk, öziňem bilýäňä, gelipdiňem öň! Biziň, esasanda aýalymyň arzuwydy uçaska jaýda oturmak. Bizem gel, jaýy çalyşaly diýip bildiriş asdyk. Soňra biri bilen gowy ylalaşdyk. Jaýy çalyşdyk, özem köp utuş etdik. Jaýa göçdik. Bir aý ýaşamyzok häli. Aýalym gaty begenýädi. Diňe guwanyp diýen ýaly geçirýädi wagtyny. Agşam hem gijäň ýaryna çenli iki ýana aýlanyp ýatyp bilenokdy. Köp ýaşamaňkak hem öldi.(ps: anyk ýadyma düşenok nädip öldi diýip aýdany. Ýalňyşmasam gije ýatyrkak ölüpdir diýäýdi öýdýän). Aý häzirem ýaşaşdyryp ýöris. Iki oglym bar, hälä öýlendiremok, birem gyzym bar. Sagbolsun, naharymyzy bişirýä, kirlermizem ýuwýa, öýüň işlerni edýä şol, ejesiniň edýänlerini. Adam bir zady ýüregne örän ýakyn alsa, şoňa gaty begense, guwansa ýa-da erbet gynansa, ýüregi hem çalarak bolsa göterip bilenok ekeni. Şoňa göz ýetirdim”.
Sürüjiniň aýdan gürrüňinden men şeýleräk netije çykardym. Dileseň: “ Taňrym meniň göterip biljek zadymy ber! Ýa-da berjek zadyňy göterer ýaly ýürek ber! ” diýip dileg etmelii eken. Ähli zady hem adaty diýip kabul etmeli. Ýakyn kabul etmeli däl eken.
Awtor:@Garadaşly
Aýaly begenjinden ölüpdir. (Bolan waka, janly şaýadyň gürrüňinden)
-
Turkmensoft
6 years ago
- Dogry menem su hakda kop pikir edipdim ( temadaky gurrun hakda dalde gozgayan meselesi hakda)
-
SiziňÝalyBiri
6 years ago
- !!
-
Barbary
6 years ago
- Öleýin diýip ölüp bolanok,ýaşaýyn diýip ýaşap bolanok. Allahyň beren ömürüni ýaşamaly. Her aljak demimize çenli sanalgydyr,artyk ýa kem ýaşap bolmaz.
-
Taňry
6 years ago
- Bizar edipdi "uchaskada jay" diyip, menem sheydaydimda sonunda ;)
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- HIhihihihihihihihi Tanry cozdunai cozdun Muny (iki uc gezek okap sonra dusundima)
-
Aygerek
5 years ago
- Seyle tarpa tayin olen adama doktorlar polisiya ishgarleri ideg edenokmy bizde.Belki-de adamsynyn ozi oldurendir, belki-de gor name keselden olup gitdi, yzyny dernan bolmadymyka?
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- Aygerek ejesi çagalartna ogluna gerekmese, garyndaslaryna gerekmese, adamsynyň özüne gerekmese hökümet näme etmeli?
-
Aygerek
5 years ago
- Hokumet her rayatyn hukugyny den goramaly, oldi diyip gomup gelyanlerin gapdalyna gecip garap durmaly dal. Çagajiklar kicenrakdir ,bolmasa dernev etdirmane yuz tutardylar :(
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- bir ogly öýleben diýdi kiçi däl. garaz bara öldürdi dp ärini bassalar ýenede çaga 2esse düşýärä
-
Aygerek
5 years ago
- Ejesinin kakasynyn elinden olenini bilip, shol zady kabul edip butin omur rahat yashamagam ansat daldir oza, olum isine shayat bolup, aytman gizlap gezmek oldurenin jezasy bn den, bu menin pikrim
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- hawa şol aýdanyň dogry.gaýtam aýtman gezeni iň erbet jeza.
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Aygerek hakykatdanam şeýle at bamy aýgerek diýen?
-
Aygerek
5 years ago
- @SizinYalyBiri hova bar seyle at, govnun yetenokmy😄 gadymy at, su vagt belkide hic kim cagasyna dakyan daldir
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- göwnim ýetensoň soradymda.
-
Aygerek
5 years ago
- @SizinYalyBiri 👍
-
SiziňÝalyBiri
5 years ago
- @Aygerek alýu
messibet 6 years ago- Kazasy dolandyrda. Ýatan ýeri ýagty bolsun.