Amerikada bir söwdagär 1929-nji ýyldaky ekonomik krizisde erbet finans darlygyna uçrapdyr. Bergileri gitdigiçe köpelýärkä algylary gitdigiçe azalýan ekeni, aýlanyşyk peselenligi üçin sap girdejisi günsaýyn eräp barýan ekeni. Näme etjegini bilmedik söwdagär ahyr ofisinden usullyk bilen çykyp şäher içinde pyýada aýlanmaga başlapdyr. Kellede müňläp aladalar gaý turuzýarka aýaklarynyň ony nirä alyp barýany barada pikirem edenok ekeni. Ahyrsoňy aýaklarynda bir ýadawlyk duýup bir agaçlyk parkdaky bir çüňke göwresiniň agramyny göýberipdir. Içinden geçirýän elhenç zadyny nädip amala aşyrjagy barada plan düzüp başlapdyr. Bu ýagty jahan indi onuň üçin dardy we ol özüni heläklemelidi.. Ýogsam bu dertleriň soñy gelmejekdi.

Onuň bu gaýgyly ýagdaýyny görüp parkdaky bir goja onuň ýanyna oturypdyr. Hal-ýagdaýyny sorapdyr we şeýdip gürrüňdeş bolmaga başlapdyrlar. Gojanyň bu ýaş ýigide nebsi agyrypdyr we jübüsinden bir kagyz çykaryp üstüne ruçka bilen birzatlar ýazypdyr-da ýaş ýigide uzadypdyr. Ýaş ýigit kagyzy görüp aňk bolup galypdyr. Ol çek kagyzy ekeni we bellikde “500.000$ / Rockefeller” diýip ýazylgy.. (Amerikanyň iň baý adamsy) Ýaş ýigit begenjine huşuny ýitiren deý goja ýaşula uly tolgunma bilen sagbolsunlar aýdyp duranmyş. Goja bir-haýukdan soň ýaş ýigide seredip şeýle diýipdir: “Bu puly ulan we finans problemalaryňy çöz. Göni bir ýyldan şu ýerde şu sagatda ýene duşuşaly, şonda maňa bu puly gaýtar” diýipdir. Razylaşyp hoşlaşypdyrlar.

Ertesi gün ýaş ýigit ofisine täzeden dünýä inen ýaly bolup gelipdir. Problemalaryny saýhallapdyr, algylaryny bergilerini rejeläpdir, agşama çenli işläp girişmeli işlerini tertibe salypdyr-da jübüsindäki çegi çykaryp pikir etmäge başlapdyr. Puly nagta öwürsemmikäm ýa öwürmesemmikam diýip esli salym pikir edip oturypdyr. Iň soňunda çek kagyzy bir ýerde gizläp goýupdyr-da “gaty kösensem nagta öwürerin” diýip işe ykjam girişipdir. Problemalaryndan haçan daryksa gizläp goýan çek kagyzyny ýadyna salýar we “ýitirýän zadym ýok, barybir kösenmerin ol çek kagyzym barka” diýip hyjuwlanýan ekeni..

Şeýde-şeýde bir ýyl dolupdyr. Ýaş ýigit indi durmuşa has ynamly seredýän ekeni.. Bergiler ýok, işler ýolunda we öňküdenem gowy finans ýagdaýyna ýetipdir. Ýöne çek kagyz henizem nagta öwrülmedik ýagdaýda jübüsinde duran ekeni. Ony ýene bir ýola çykaryp ýüzüne mähirli garapdyr-da bir ýyl öň dilleşilen ýerde goja Rockefellere garaşmaga başlapdyr. Ynha-da uzakdan goja gelýär. Onuň ýanyna baryp ony mähirli gujaklap bagryna basypdyr, sagbolsun aýdypdyr, minnetdarlyk bildiripdir.

Birden garaşylmadyk bir ýagdaý.. Ak geýnüwli bir şepagat uýasy gojany elinden tutup “sen ýene gaçdyňmy, men saňa näçe sapar aýtdym hassahanaň çäklerinden daşaryk çykma diýip..” seslenmeleri bilen alyp gidipdir. Ýaş ýigit aňk bolup galypdyr. Bu näme boldugyka?! Şepagat uýasy ýaş ýigidiň soragyna mähirli ýylgyrypdyr-da şeýle jogap beripdir: “Bu goja şu ýakyndaky dälihanadaky hassalarymyzdan.. eýýäm ençeme ýyldan bäri ol bu ýere gaçyp gaýdyp adamlara özüni Rockefeller diýip tanadýar.. Bu barada ençeme sapar arz edenem boldy.. ýogsa-da ol sizi-de aldadymy jenap?” Ýaş ýigit bir şepagat uýasyna, bir näsag goja we birem elindäki çek kagyzyna seredipdir-de: “Ýok hanym, ol meni aldamady, tersine.. ol meni halas etdi” diýipdir..

“Puluň ýok bolsa hiçzat edip bolanok” diýýänlere bagyşlanýar..

Çeşme 'Konsultant' line resmi hasaby
Taýýarlap goýan G. Çaryhojaýew

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir