Köpüň üşen ýerinde her hili gyzykly gürrüňler, rowaýatlar eşdýärsiň. Bu gezekki gürüňçilik ýylanlar barada boldy. Biri: “Hazyna nirede gömülen bolsa, ýylan şony saklaýarmyş” diýse, beýlekisi: “Ýetişen ýylan her hili zada öwrülip bilýärmişin” diýdi. Şonda Akmyrat baba ýylanlar barada eşdenlerinden gürrüň bermäge başlady.
Gadym wagtlarda güýçli awçy ýigit bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Garagumda aw eder eken. Her alaňa, depä, gola, mahlasy, her çöpe çenli belet. Bu ýigit çagaka ene atasyndan ýetim galypdyr, oňa garyndaşlary hossarçylyk edipdir. Ulanansoň, awçy bolup ýetişipdir. Bahar aýlarynda, çölüň jümmüşinde aw awlap ýörkä, owadan gyza gabat gelipdir. Ýigit edalyk bilen gyza garap:
-Sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? –diýýär.
-Men kerwenden galyp azaşdym. Nirä barjagymy bilemok- diýip, gyz näz-kereşme bilen ýigide seredipdir.
Gyzyň gözüne gözi düşen ýigidiň yşky göterlipdir:
-Men öýli işikli däl. Razy bolsaň, birleşäýseň, nähili görýäň?
-Meniň hem başym bogulmadyk. Kysmatdyr-da, senem gowy ýigit ekeniň.
Giň sährada nirä baraýyn. Obaňa elt, nika gyýdyr. Ýöne şertim bar. Şoňa razy bolsaň, men razy.
-Aýt şertiňi.
-Aýtsam, sen köpçülik bilen gatnaşyk etme. Awyňy et-de, bileje ýaşaber.
Ýigit içinden oýlanyp:
“Öňem köpçülik bilen kän bir gatnaşyp ýöremok. Şu ýekeligimden bile ýaşanym gowy bolar. Nireden Allatagala bu gyzy maňa ýetirdikä” diýýär.
Henize çenli zenanyň ýyly sözüne zar ýigit şerte razy boldy. Öz içinden bolsa bir-iki ýyl ýaşaşanymyzdan soň, köpçülige-de öwrenişer diýip oýlandy.
Awçy gyzy obasyna getiripdir. Ýagdaýynyň ýetdiginden goňşylaryna toý berip, hälki gyza öýlenipdir. Şeýle owadan gyzy görenler haýran galypdyrlar. Gözüne gözi düşenler welin, özüni ýitirýän eken. Diýseň owadanmyş. Ýöne goňşylary bilen aragatnaşyk etmegi hiç halamaýan eken.
Wagtyň geçmegi bilen bularyň iki çagasy bolupdyr. Ýigidiň bolsa şol köpçülige gatnaşman, awa gidip ýörşi eken. Günlerde bir gün ýigidiň garyndaşlaryndan biri aradan çykypdyr. Ýigit gelnine geňeşmän, ýas ýerine barypdyr. Ol bir dana ýaşulynyň ýanynda oturmaly bolýar. Ýaşuly:
-Awçy, sen birhili horlanypsyň. Soňam senden birhili agyr ys gelýär. Ýylan atyp, gowrup iýip ýören bolma?!
-Ýaşuly, hiç wagt beýle iş edemok.
-Seniň gelniň gözi ýylanyň gözi ýaly owadanmyş. Özem çölüň jümmişinde duşuşanmyş diýärler. Şol dogrymy?
-Dogry.
-Edýän işleri illeriň gelni ýalymy?
-Hawa, maşgala keşgini-hä oňaryp ýör. Bir ogul, bir gyzymyz bar.
Ýaňky ýaşuly awça ogrynça gelniniň hereketlerini, özüni alyp barşyny synlamagy teklip edýar. Bu gürrüňe awçy örän geň bolupdyr. Nätjegini bilmändir. Näme-de bolsa ýaşulynyň maslahatyny synlap görmegi maksat edenipdir.
Bir gije uklan bolup ýatypdyr. Ýarygije gelin turupdyr, adamsyna seredipdir. Görse, äri “uklap” ýatyr. Gelin howlukmaçlyk bilen kündüge suw guýup, gyra çekilipdir. Kündügiň agzyndan ýylan bolup girip, çündüginden ýüp ýaly süýnüp çykan. Öňkisi ýaly gelin bolup, çagalarynyň ýanyna gelip ýatypdyr. Bu ahwalaty gözi bilen gören äriniň huşy başyndan uçup gidipdir. Şeýle-de bolsa ýüregi ýerine düşüp, syr bildirmän ýatypdyr.
Daň atansoň çaý-nahar edenip, awa gitmek bahansy bilen öýden ugrapdyr. Dana ýaşulyňka baryp, gören zatlaryny gürrüň beripdir. Ýaşuly:
-Sen agyr derde ýolugypsyň. Indi ol seni alman goýmaz. Näme-de bolsa synanşjak diýseň bir ýoly bar- diýipdir.
-Maslahat beriň, synanyşjak. Men onuň ýylandygyny gözüm bilen gördüm.
-Çarşenbe gijesi öýüň içinde-daşynda suw goýma. Senden ýetenini bilmesin- diýip, goja öwredipdir.
Awçy şonda soň iki hepde awda bolýar. Öňküsi ýaly bolup öýüne gelýär. Aýaly örän oňat garşylapdyr. Öz syryny äriniň aňandygyny bilmeýär. Ýigit çarşenbe gijesi bilgeşleýin küýzelerdäki suwy dökýär
Çagalaryny ukladan gelin gijäniň belli bir wagty suwa ýuwunýar we suw içýär eken. Görse, hiç ýerde suw ýokmuş. Suw agtaryp, wagty bilen tapmandyr. Awçy hem ýüregini bir ýere baglap, ýerinden turupdyr. Gelin ärine:
-Suw ýok, endamym gatady. Meniň getiren suwlaryma ne döw çaldy?
-Küýzelerdäki suwy bilmezlikden dökdüm. Derrew suw getireýin- diýip, äri ugraberipdir.
-Gitme, indi içenimde-de peýda ýok- diýip, gelin kem-kemden ýylana öwürlip başlapdyr.
-Men saňa köpçülige barma diýipdim. Etmänsiň, aramyzdaky syr açyldy. Seniň bilen ýaşap biljek däl. Çagalara gowy seret. Şularyň hatyrasy üçin saňa azar bermäýin-diýen wagty ýylana öwrülip, gapydan çykyp gidipdir.
Ine,ýylanlar barada şeýle rowaýaty eştdipdim. Ol jandarlaryň urlup, öldürlip ýörlen halatlaryna duş gelip gynanýarsyň. Hudaýyň ýaradan bu jandarlary adamlara zyýan bermän köp peýda getirýär. Şol sebäpden olary ýoklaman, gorap saklamak, tebigatyň deňagrymlylygyny üpjün etmek zerurdyr.
Owadan gelniň syry (Rowaýat)
-
....
6 years ago
- Gaty gowy rowayat
-
messibet
6 years ago
- Täsirli eken. Menem eşdipdim bu wakany.
Soňky wagtlar göwnüme bolmasa telewizorda užas kinolar köp berilýän ýaly 🤔 Ýa göwnümemikä?! Haçan açsaň ZOMBI-li kinolar. Täze ýyla diýip gaýta reklama edýäler, diňe užasly kinolar. Bir kanalda gabat geldim. Elbetde rus kanallarynda.
-
messibet
6 years ago
- Adamlar jynyň adyny aýtmakdan gorkup "üç harplylar" diýen bolýalar. Ýöne men hakykatdanam gabat gelen gezeklem boldy, "çagalam bilen üýşüp užasly kinolary görýäs" diýýänlere. TB3 kanal berýän eken, köpräk.
-
messibet
6 years ago
- Daş etsin welin jynlaram ýylan sypatyna geçip bilýämiş diýip eşidýädik, gara ýylana öwrülýämiş diýip. Çynmy, ýalanmy ynsanlar şolara öýlenibem bilýämiş diýýäler.
Bu gürrüň beren wakaňam eşiden gürrüňlemmizden çen tutsaň hakykata ýakyn ýaly.
Perhat Sabirovv 6 years ago- Yaman tasirliii eken wawww