Gowaçadan hasyl almagyň köp zähmeti talap edýän işdigine garamazdan eziz ýurdumyzda her ýyl pagtanyň 1 million 50 müň tonnadan gowragy öndürilýär. Öndürilen pagta hasyly Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny, azyk senagatyna degişli zawodlary çig mal bilen üpjün edýär. Pagta arassalaýjy zawodlarynda işlenen pagtanyň özümizden artýany daşary ýurtlara eksport edilýär.
Dünýäde tebigy dokma süýümleriniň 80 göterimden gowragy pagtadan taýýarlanýar. Bir tonna pagtada 33—35 göterime çenli süýüm, 60 göterime golaý çigit bolýar. Gowaça çigidiniň maňzynda 25—30 göterime çenli ýag saklanýar. Pagta ýagy örän gymmatly ösümlik ýagy hasaplanýar. Orta süýümli ak pagtanyň süýmüniň bir tonnasyndan 8 müň 620 metr, ýüpek pagtanyň şonça mukdardaky süýüminden bolsa 15 müň 150 metr mata öndürilýär. Bir tonna gowaça çigidinden 100—110 kilogram ýag, 200—250 kilogram künjara alynýar.
Pagta süýümi dürli görnüşli çiti, batisti, trikotaž matalary, sapagy, selluloidi, fotoplýonkany, kagyzyň gymmatly görnüşlerini öndürmekde ulanylýar. Pagtanyň süýümini himiki süýümler ýa-da ýüň bilen garyp, matalaryň dürli görnüşlerini taýýarlaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda gol çeken “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanuny pagtaçylygyň ykdysady esasyny kesgitleýär. Önümçilik üçin örän gymmatly, uly ähmiýetli pagta hem-de pagta önümleri bilen bagly innowasion tehnologiýalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Güneşli ýurdumyzyň amatly tebigaty, toprak-howa, ýer-suw serişdeleri, ýurdymyzda kärendeçi daýhanlara berilýän kömek-goldawlary pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatly şert döredýär.
2018-nji ýylda ýurdumyz boýunça 545 müň gektar ýere gowaça ekilip, şol ýerlerden 1 million 50 müň tonna pagta hasyly alyndy. Oba hojalyk işgärleriniň, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir ýurdumyzda pagta hasylyny ýygnamak guramaçylykly dowam etdirilýär.
Gowaçanyň bol hasylyny öndürmäge-de, ondan alynýan önümleriň görnüşlerini öwrenmäge-de, täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga-da giň mümkinçilikler bar.

Täzelikler, kitaphanachy tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir