Sadap daşy we aýratynlyklary

Sadap daşy organiki daş bolup, güýçli daşlar hataryna degişlidir. Topragyň energiýasyny özünde saklaýan bu gymmatly daşyň topragyň energiýasyny bedene berip, ençeme derde peýdalydygy ylmy hakykatdyr. Bu daş gadymyýetden bäri köp ýerlerde ulanylyp gelinýär.

Sadap daşy saglyk ulgamyndan başga-da
ak reňkiniň üstünden älemgoşar öwüşgini sebäpli zergärçilikde-de giňden özüne ýer tapandyr. Fosfora gaply daşky gatlagy bolsa aýratyn bezeg berip, durmusyň birnäçe estetika zerur bolan ýerlerinde ulanylýar.
Gadymy döwürlerde bolsa baýlygyň simwoly hökmünde ähli bezeg işlerinde birinji daş bolup agramyny we gymmatyny saklapdyr.
Sadap daşynyň manysy bolsa bereket, sagdynlyk we güýç diýmek bolýar. Topragyň güýjüni adam bedenine berendigi üçin gadymy adamlar mertlik berýändigine ynanyp, serkerdeleriň esbaplarynda hemişe sadap daşyny goýupdyrlar.
Mundan başga hem sadap daşynyň ýagşy energiýalary özüne çekýändigi nemes alymlary tarapyndan subut edilen hakykatdyr.
Türkmenleriň taryhynda-da sadap daşynyň ähmiýeti uly bolupdyr. Şalaryň ýa-da belli döwlet isgärleri hormatyň nyşany hökmünde sadap daşly ýüzük ýa-da tesbi ulanypdyrlar. Köne türkmenler gyzlary durmuşa çykanda oňa bagt getirmegini arzuwlap, sadap gaşly ýüzük bilen ugradypdyrlar.
Edebiýatda bolsa 10-njy asyrdan bärde sadap sözüniň gündoğar edebiýatynda, aýratyn hem arap we orta gündogar edebiýatynda juda kän ulanylandygyny görmek mümkin. Aglaba şygyrlarda berkligi we aklygy sebäpli dişleri taryplamakda giňden peýdalanylypdyr. Muňa türkmen nusgawy edebiýatymyzda-da agzalan manylarda ýer berlipdir.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir