1. Dünýä dilleriniň Hindi Ýewropa topary: Muňa häzirki hindi,
eýran /pars/, ermeni, grek, alban, salawýan, baltika, german, kelt we roman
dilleri degişlidir. Bularyň-da aglabasy öz içinde ownukly-irili toparlara
bölünýärler.
2. Fin-ugr ýa-da ural diller topary: Muňa fin, karel, eston,
mordwa, perm, hanty, mansy, majar, saam we kabir beýleki ural dilleri
degişlidir.
3. Altaý diller topary: Türki, mongol, fungus-manjur,
koreý we ýapon diller maşgalalaryny özüne birleşdirýän bu
toparyň her dil maşgalasy hem öz içinde birnäçe şäha bölünýär.
M/m: Häzirki döwürde 200 million ilatyň gepleşik dili bilen türki
diller maşgalasy aşakdaky ýaly şahalardan ybarat.
1. Bulgar diller maşgalasy: Muňa hazar we çuwaş dilleri
degişlidir.
2. Gypjak diller maşgalasyna tatar, başgyrt, nogaý,
garagalpak, gazak, garaçaý-balkar, gumuk dilleri degişlidir.
3. Oguz diller toparyna türkmen dili bilen birlikde
azerbeýjak, türk, gagauz we Krym türkleriniň dili degişlidir.
5. Demirgazyk-gündogar türki dillere ýakut, tywa, hakas dilleri
degişlidir.
6. Hytaý-tabit diller topary hytaý, taý, laos, tibet we birma
dillerini öz içine alýar. Bu topara girýän hytaý dili dünýäde iň köp ilatyň
gepleşýän dilidir.
7. Malaýýa-polineziýa diller maşgalasyna: Indoneziýa, tagal,
malgaş, polineziýa dilleri degişlidir.
Tüze Gwineýadaky papuas diller toparynyň haýsy maşgala
degişlidigi henize çenli takyklanylan däldir.
8. Hindistanyň günorta-gündogaryndaky drawid diller
maşgalasyna tamil, kannada, malaýalam, telugu, kui, bragun dilleri girýar.
9. Kawkaz diller maşgalasyna gürji, zan, megrel, swa, abhaz,
abaza, adygeý, kabarda, ubyh, dagystan, waýnah, dilleri girýär, olar hem öz
içinde birnäçe şahalara bölünýärler.
10. Semit-hamit diller maşgalasy semit, gadymy müsür, kuşit,
berber diller toparyny hasyl edýär.
Bulardan başgada Afrikada 400-den gowrak dil, amerikaly
indeýlerde 160-dan gowurak diller topary bar.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir