Alber Kamýu beýik fransuz ýazyjysy, filosofy we dramaturgydyr. Ol 1913-nji ýyldy Alžirde, Mondowi şäherinde dünýä inýär we 1960-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Fransiýanyň Sens şaherinde aradan çykýar. Ol 1957-nji ýyl Nobel edebiýat baýragy bilen sylaglanýar. Onuň "Saýry" romany Atajan Tagan tarapyndan terjime edilip, Dünýä Edebiýaty žurnalynda ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilendir. Şu ýazgymyzda size meşhur ýazyjynyň ýüreklerde ýer eden sözlerinden çemen bogup huzuruňyza ýetirmegi müwessa bildik.
Meşhur eserleri:
1935 "Awstriýaň nalasy"
1938 "Caligula"
1942 "Saýry"
1943 "Ýalňyşlyk"
1956 "Düşüş"
1957 "Sürgün we Şalyk"
1970 "Bagtly ölüm"
1995 "Ilkinji adam"
Alber Kamýudan dürdäneler
- Ýa döwür bilen bile garrap ölersiň, ýa-da has beýik ýaşaýyş ugruna zamanaň daşyna çykarsyň.
- Bagtly bolmak, biziň sabrymyzyň çägini synaýan ykbala garşy gazanylýan iň uly ýeňişdir.
- Eger-de, adamyň puly bar bolsa, onuň işlemeli bolmaz. Şeýder-de, wagt ogurlar. Bu wagtyň dowamynda özini bagtly edip biljek işleri eder. Diýmek pul bagty satyn alar.
- Taryh ynsaňlaň düýşleriniň iň aýdyň, iň gözellerini hakykata öwürmäge edilen umytsyz synanşykdan başga zat däldir.
- Dünýäniň ynsandan başga manysy ýokdur. Durmuş manysyna ýetmek islesek ynsanyýeti halas etmelidiris.
- Ynsan bütünleý günäkär däl, sebäbi taryhy o başlatmady, emma doly günäsizem däl, sebäbi taryhy o dowam etdirdi.
- Adamlar görkezen sebäpleriňize, muhabbediňize ve çeken jepalarňyzyň agyrlygyna diňe we diňe öleniňizden soň düşünerler.
- Terk edip giden ähli zat geçmiş, galyp garaşýan ähli zat şygyrdyr.
- Men öz dilimiň serhedini goraýan esger.
- Adamlar üçin iň ideal düzgün, olary bagtly etjek düzgündür.
- Ynsany aňly-düşünjeli bolmagynyň ýeke sebäbi ýigrençdir.
- Gijeler soňsuz däldir.
- Ýaşlyk ýeňil bagt gazanylýan altyn çagdyr.
- Mamla bolmak islegi, adaty adamlara mahsusdyr.
- Kölegesiz güneş ýokdur we gijäni tanamak gerek.
- Sözler torba mysalydyr. Içine näme salynsa şonuň şeklini emele getirer.
- Üstünlige eýe bolmak aňsatdyr, esasy üstinlige mynasyp bolmak.
- Eger bir adam pulsyz ýaşap bilmeýän bolsa, ikisinden haýsy erkin adam bolar?!
- Ynanjyň ýitirseň ýaragyňam ýiter.
- Garaşsyzlyk, taryhyň ýitip gitmeýän ýeke täk gymmatlygydyr.
- Bir ynsany söýmek, şol ynsan bilen gojalmaga razy bolmakdyr.
- Hakyky umytsyzlyk jepa çekmek, mazar, we uçut kenardyr.
- Bir zady Ýada salmak üçin ýuwaşaýas, unutmak üçin tizleşýäris.
- Ynsany goraýan, çünki ýykylanyn gördüm.
- Çuň duýgularam beýik eserler ýalydyr; Diýilen sözleriň manysy ýürekden syzylyp çykanda hasam manyly bolýar.
- Öňümden gitme belki seni yzarlaman,
Yzymdan gelme belki saňa ýol görkezmän bilerin; ýanymdan ýöre we dosdum bolup gal.
Alynan çeşme: Dünýä edebiýaty topary.
Alber Kamýu we pelsepeleri
-
Felicity
6 years ago
- Eger showsuzluga uchran bolsan ona dine yaltalygyn sebap bolandyrrr
Shuny halayan seb ozume degishli
sayrysyny okap gordim gowy eken mergi diyibem no 1 kitaby bolmaly.sun
Panturkist 6 years ago- Albert Camus-yň iň göni 12-likden uran sözlerinden biri:
"Hiç bir zat gorkudan dörän hormat ýaly ýürekbulanç däldir".