Iner ogul, tumar gelin! Eger az salymlyk ünsüňizi berip, ulyňyzy diňlemegi özüňize müwessa bilseňiz, size diýjek kelam agyz sözüm bar.

Ogul, saňa diýjek sargytlarym.

Sen indi öýlendiň, öýli-işikli bolduň. Bir bendäniň göz guwanjy, dünýäsine deňäp oturan gyzy bolsa seniň duluňy bezäp otyr. Ol indiki galan ömrüni seniň bilen geçirmäge, seniň ýagşyňa-ýamanyňa şärik bolmaga kaýyl. Ol öz bagtyny saňa baglady. Indi seniň boýnuňda diňe öz gara başyň aladasy däl-de, ýene bir kişiniň garamaty bar. Durmuş arabasyny ýoldan dogry tigirläp gitmek diýilýän zat adam saýlaýan närsedir. Bu ýolda sähelçejik ýalňyşlyk arabaňy sandan çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin-de bu ýolda öňüňden çykjak kötelliklerden aman-sag geçmäge taýýar bolgun. Bu ýolda özgelere ýagşy görelde bolmagy özüňe borç edingin.
Şeýtdigiň öz ogullyk borjuňy-da berjaý etdigiňdir. Sähel ýerde özüňi ýitirme, äden ädimiňi oýlanyp ätgin, pederlerimiziň paýhasyna daýan, ýalňyşmazak bolarsyň! Kynçylyk barada aýdylanda Kerim şahyryň:
«— Her bir kynçylygyň dört tarapy bar.
Üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr» diýeni hakydaňda bolsun!

Gelin, saňa diýjek sargytlarym.

Ine, indi senem hak öýüňe düşdüň. Belki uzagyndan bolsun... «Döwletimiziň başy» — diýip ýören dogmamyza ömürlik ýan-ýoldaş bolmagy özüňe mynasyp gördüň. Sen onuň uzak ýyllar boýy arzuwlanyp ýeten bagt guşy bolsaň-da, «depesine çykybermäge» hakyň ýokdur. Hyzmata hyzmat bilen, sylaga sylag bilen jogap bermek seniň borjuňdyr. Onuň abraýy-seniň abraýyň, seniň abraýyň bolsa onuň abraýydyr. Durmuş göräýmäge, elpe-şelpelik ýalydyr. Emma ýeňmesi juda kyn garşylyklardan doludyr. Garşylygyň, kynçylygyň öňünde müzzermek ejizligiň alamatydyr. Diňe ejizlemeýän kişiler maksadyna ýetýändirler.
Ol maşgalanyň başy bolsa, sen maşgalanyn sütünisiň! Maşgala binýadynyň mäkämligi köp derejede saňa baglydyr. Saňa yraň atmak bolmaýar.
Hawa, gelin, örän agyr ýüküň, ullakan jogapkärçiligiň gerdeniňe düşendigine dogry düşün. Maşgala ojagynyň abat saklanmagynda türkmen zenanlarynyň görkezip gelýän gereldelerine eýerip, indiki nesillere-de nusga alarlykly görelde görkezjekdigiňe ynamym uludyr.

Ikiňize-de bilelikde diýjek sargytlarym.

Ozaly bilen ikiňizi kemala getirip, şu derejä ýetirenleriň hatyrasyny belent tutuň. Olaryň ýüzüne gelmäň. Olary köp diňläp, olara sala salaganlardan boluň.
Sizden önen perzentlere, goý, öz islän atlaryny daksynlar. Enşalla, size-de gezek geler. Olaryň gaňryşyna gaýtmaň, sebäbi olar näme etseler diňe siziň üçin edýärler ahyry. Size ýamanlyk etmäge olaryň bogny ysmaz. Çünki siziň barmagyňyza batan tiken ilki bilen olaryň bagryna çümýändir. Gaýyn ata-gaýyn eneňizi edil öz ata-eneňiz ýaly görüň! Diňe nadan kişiler öz gaýynlaryny bigäne saýýandyrlar. Janyndan jan bölüp beren perzendini saňa ynanar-da saňa bigäne bolarmy, eýsem. Ata-eneňi, gaýynlaryňy ynjytmajak boluň! Olary ynjydanyň, olary agyrdanyň günäsi kyýamata galýan däldir! Görkezenjäňi bu dünýäde germeli bolarsyň. Şu ýerde bir tymsal aýdyp bereýin. Arada bir ýerde dostlarymyň biri ogluny öýerdi. Bir saý-sebäp bilen toý güni baryp bilmedim. «Toýa garrama ýok» diýenlerini edip, soň bir gün dostumyň täze «goňşusyny» gutlamaga baranymda şu zatlary uly guwanç bilen gürrüň berdi.
Könelerimiziň, ata-babalarymyzyň aýdan sözleriniň yrýa ýeri ýok eken. «Görkezenjäňi gerersiň» diýen nakyly kän eşidipdim weli, edil munuň ýalydyr öýtmezdim. Hudaýa şükür, indi menden bagtly adam ýok. Biler bolsaň, täze
gelnimiz öz gaýyn enesiniň «täze gelinligini» gaýtalaýar. Säher turup, ilkinji salamyny bize berýär. Ilkinji demlän çaýyny meniň öňümde goýýar. Tüweleme, Hudaý köp görmesin, oglumyz hem daşymyzda kökenek. Hawa, dost, bizem şeýdipdik. Bizä-hä şulardan «gerkezenjämizi görsek» müňde bir gezek razy. Ýeri gelende bu babatda bir rus rowaýatyny hem gürrüň bereýin.
Öý bikesi günortanlyk nahar taýýarlap, maşgaladakylaryň hemmesini nahara çagyrypdyr. Hojalykbaşy stoluň başyna geçipdir-de ýanyndakylary telläpdir. Görse, körpe ogly stoluň başyna gelmändir eken. Ol aýalyndan:
Hany, körpe ogul nirede? — diýip, sorapdyr.
Onda aýaly:
Ol daşarda eline palta alyp nämedir bir zatjagaz ýasap otyr — diýipdir. Oglunyň «ýasaýan» zadyna gyzygan hojalykbaşy daş çykyp:
Sen nämejik ýasaýarsyň? — diýip oglundan soranda. Ol: «Ejem bilen kakam» atam ýaly garryja bolanlarynda olara nahar guýup berer ýaly kersen ýasaýaryn» — diýip jogap beripdir. Oguljygynyň paýhasyna aňk bolan kakasy dolanyp içeri girse, hakykatdan hem, öz garry atasynyň ýerde oturyp ullakan kersene guýlup äberilen şorruk çorbadan tamşanyp oturandygyny görüpdir. Bu ahwalaty az salym aňynda aýlan öý eýesi gelnine:
Şu günden beýläk garry atamyzy eliň aýasynda sakla. Öz iýýäniňden gowy tagam iýdir. Geýýäniňden gowy geýdir. Öz oturan stolumyzyň başynda, iň ynjalykly ýerinde oturt. Goý, garry göwün ynjamasyn. Ýogsam ertirki gün garran mahalyň körpe ogluň, çüýrük töňňeden oýup ýasan, şol kersenine guýlan tagamyndan garbanmaly bolarsyň» diýipdir.
Hawa, şu zady berk bellegin. Özgeleri näçe gowy görseň, sylasaň, özüňem şonça gowy görlersiň, sylanarsyň. Dünýe- de bihasap zat ýokdur. Adam öz edýän işinden, öz görýän gününden göwni hoş mahaly bagtlydyr. Ol bagta hem seniň özüň ýetmelisiň. Özgäniň ýetiren bagty amanat don geýen ýalydyr.
Eger-de öz ýanýoldaşyň bilen uzagyndan süýjülikde ýaşamakçy bolsaň şulary ýatda sakla!
Onuň sözüni ünsli diňle, sözüne dogry düşün.
Onuň hossarlaryny özüňki saý. Keseki saýyp nämährem bolma.
Nähak göwnüne degme, ony aýa.
Möhümini bitir. Özgeden haraý gözlemesin.
Oňa bolan yhlasyň halys ýürekden bolsun.
Süýji dilli, mähirli bol! Adamyň sähelçejik göwni bardyr.
Hiç haçan, hiç haçan oňa ikilik etme?
Şonuň ýaly-da maşgalada är-aýallygyň birek-birege bolan borçlary barada hem bilip goý.
Birek-birege wepadar bolmak.
Birek-birege goldaw bermek.
Birek-biregiň aýbyny ýaşyryp saklamak.
Birek-biregiň göwnüni tapmak.
Birek-biregiň derdini deň paýlaşmak.
Birek-biregiň abraýyna şärik bolmak.
Ömür dowamaty bolan nesil öndürmek.

ROWAÝAT

Günleriň birinde üç elti bolup, üç ýer-de ortalyk saýaly bagyň kölegesinde çaýlaşyp otyrkalar, olaryň ýanyna üç sany adam gelipdir.
«Men-ä Döwlet, bu-da Bagt, üçünjimiz bolsa Güýç» diýip, özlerini tanadypdyrlar. Soňam:
Hawa, gelinler biz siziň ýoldaşlaryňyza şeýle wepadardygyňyz üçin siziň üçüňizi-de sylaglamaga geldik. Iň gowy arzuwlaryňyzdan birini hasyl etmege biziň gurbumyz çatýar. Näme diläsiňiz gelse diläberiň, ýöne, çaltrak boluň, biz howlukmaç gidermen» diýipdir. Şonda iň uly gelin tükenmez baýlyk, ortanjy gelin uzak ömür, körpe gelin bolsa maşgala agzybirligini diläpdir.
Dilegiňiz kabul — diýip, ýaňky gelenler birden gözden gaýyp bolupdyrlar.
Dilän dileginden göwni hoş bolan körpe gelin öýüne gelip görse hälki üç kişiniň üçüsi-de öýün töründe otyrmyşlar.
Bu ahwalaty geren gelin:
Siz howlukmaç gidermen ýalydyňyz-la, ornaşyp oturşyňyz örän arkaýyn ýaly-la — diýip, soranda olar:
Biz Döwlet, Bagt, Güýç — hem-de Agzybirlik dördümiz biri-birimiz bilen dördem dogan ahyry. Dogan-dogandan aýrylyp nire gitsin? — diýip, jogap beripdirler.
Rawylaryň rowaýatyndan belli bolşy ýaly, birek-birek bilen agzybirlikde ýaşan kişiler hem güýçlüdirler, hem döwletlidirler, hem bagtlydyrlar.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir