ÝARYM ALDYLAR
Meniň saýlap söýen bir gülüm bardy
Ol ýarymy bu gün menden aldylar
Aýa güne deňäp gezenim bardy
Ol ýarymy bu gün menden aldylar

Ýakyn ýerlerden sawçy gelipdir
Hossarlaryň, olaň sözün alypdyr
Şeýdip toýyň sähedini beripdir
Söýen ýarym bu gün menden aldylar

Habaryň bolmandyr gelen sawçydan
Uýalyp aýtmansyň Eneň Ataňdan
Şeýdip eliň çekdiň söýen ýaryňdan
Söýen Gülüm bu gün menden aldylar

Howlyňyzda toýyň bolup dur seniň
Gözýaşlarym dynman akyp dur meniň
Ýazgydymyz şeýle boldymy biziň
Söýen ýarym bu gün menden aldylar

Arzuw edip saýlan bir gülüm soldy
Söýen ýarym özge gujaga doldy
Şeýdip ykbalymyz ah aýra saldy
Söýen ýarymy bu gün menden aldylar

©Annagurban Annagurbanow

Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir