Gurbannazar Ezizowa( akrogoşgy)
Gör, bu durmuş neneň halda geçip dur,
Urna-urna bolup, hataryn üzmän.
Rahat çagy öz nuruny seçip dur,
Beter gaharly-ka dur nurun dözmän.
Açmak üçin dünýäň gamly perdesin
Niçe kuwwat gerek, niçe güýç gerek?!
Naýza, gylyç - güýji bolsa herkesiň,
Ah, şahyra ýetikdir-le päk ýürek!
Zemin üçin öz güýjüni gaýgyrman,
Agyr kynçylyga özün idipdir.
Rahatlykdan hiç birini aýyrman,
Eýsem özi bu dünýeden gidipdir.
Zar ekeni zemin mähriňe seniň.
Iňrik garalanda nuryny saçyp,
Zemin çüwmegine şeýle islegiň
Ogrynlykda mydam durýar garaşyp.
Wah, bilsem-de dolanmajagňy ahyr,
Alnyňda dyzyma çökýärin, şahyr!
*Bellik: akrogoşgy-her setiriň başyndaky harplaryny goşsaň bir söz aňladýar.
sapalybegenjow000000 3 years ago- *Bellik: akrogoşgy-her setiriň başyndaky harplaryny goşsaň bir söz aňladýar.
Gurbannazar Ezizow diyya,