Köp adamlar:"wah şu wagt öňki ýaşlygym bolsady" diýip öz durmuşynda eden ýalňyşlaryna ökünýärler. Siziňem araňyzda belki şuňa meňzeş ökükçli gezip ýörenler bar bolsa gerek. Eger bar bolsa biziň bilen paýlaşyň. Goý geljekdäki ýaşlar bir şol öňki ýalňyşlyklary gaýtalamasyn!
Şahyrlaryň biri öz goşgy setirlerinde şeýle belleýär:
Şindiki ýaşlardan ýalňyz haýyşym,
Gadyryny biliň on sekiz ýaşyň!
On sekiz ýaşdan geçen ulularmyz ýagny kämil çykanlar siziň araňyzda hem şu şahyryňky ýaly pikirliňiz bar bolsa aýdyň. On sekiz ýaşyň gadyryny nädip bilmeli?
Nädip ökünmez ýaly ýaşamaly?
-
Bashkan
6 years ago
- Aňsat. Öz kelläň bilen eden işiňdigini bilmeli we ökünen bolmaly däl
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Yalnyshlaryndan kop sapak almalymyka diyyan. Yalnyshmayana yok. Yalnyshyndan sapak alyp bilsen uly yalnysham adama köp zady öwredyar. Yalnyshyndan sapak alyp bilmesen mydam öküner yörersin.
Birem her sebabi edenin bn birden islanin bolup duruberenok. Muna men takdyr-manlay diyyan. Allah adamyn bar ishini yazyp goyan yone biz hich zady bilemzok. Bir ish basha barmayan bolsa belki bir yerlerde kem edyan yerin bardyr. Belki-de senin ukubyn ol ishde daldir.
Özüni bilen weli diyipdirler. Belki öz ukuplaryny/kemlerini anyk göz yetirenok. Özüni ynamly we chynlakay bilmegem - nygmat.
Yash wagtda adam özüni her zatda synap göryar.
Garaz bir ishim bolanok diyip özüni yere sokup oturmaly dal. Bolmasa name uchin bolanok, kem name, özümde yene nameleri ösdürmeli, asyl höwesin/ukubym/kemim name soraglary duypli chyn göz bn ishlemeli. Bir tarapda ullakan sabyram gerek.
Sabyrly gul dura bara shar bolar.
Sana ustunlik.
-
messibet
6 years ago
- Täze güne täze güýç bilen başlamaly. Könäň ustünde köp durmalam däl. Ýalňyşlyk etmejek bolmaly. Şol könäni ýatlap durmagam gaty ýalňyşdyr öýdýän.
-
yoga
6 years ago
- Beren maslahatlarňyz üçin köp-köp sag boluň!
-
Panturkist
6 years ago
- @yoga,
indi düşündinmi durmuşyn manysyna? ))
-
SiziňÝalyBiri
6 years ago
- yoga şol mowzukdaky ýazan goşgyňyň awtory Türkmenbaşy.
garayolly68 6 years ago- 18-yashda 40-yashly adamyñ aañy bilen pikirlenmeli we 35-45-yashly adamyñ ozuni alyp barshyndan gorelde almaly. Hayy-howese berilmeli dal. Hyyalata ozuñi aldyrmaly dal. Arzuw-isleglere bent bolmaly dal. Ajy bolsun,suyzi bolsun,hemme zady yashayysh hakykatynyñ terezisinde olcap barmaly. Ine,shonda ahmyr,pushmanlardan kosenishiñ,biraz, kemirak bolar.Emma, durmushuñ ozuñe bagly dal alamatlary gaty kop. Sheyle-de bolsa, ,,Maña ynansañ ynan welin,eshejigiñi bek dusha" edip yashamaly.Meniñ pikirim-a sheylerak.