100 ýyldan hem köp wagtdan bäri ylymda, edebiýatda adamzat üçin peýdaly bolan işleri bitiren adamlar Nobel Baýraklary bilen sylaglanyp gelinýär. Nobel Parahatçylyk Baýragy bolsa Halklaryň agzybirligi üçin dürli kynçylyklardan geçip göreşen, goşunlary azaltmak üçin elinden gelenini gaýgyrman işler ýöredenlere berilýär. Ýöne Alfred Nobeliň we Nobel baýraklarynyň känbir aýdylmadyk we müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan, garaňky bir geçmişi bar.
Alfred Bernhard Nobel 1833-nji ýylda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde dünýä geldi. Kakasy Immanuel Nobel bolsa tutuş ömrüni maddy göreşlere sarp eden bir oýlap tapyjy we inženerdi. Ahyr soňy işinden arza bilen çykmaga mejbur bolan Immanuel, Şwesiýany taşlap, Russiýa St. Peterburga göçmeli bolýar. Oýlap tapan zatlarynyň biri bolan deňizasty partlaýjy minalary üçin şu ýere ýerleşdi.
Ondan soňra aýalyny we 8 çagasyny hem St. Peterburga getirdi. Ogullaryna güýçli bilim berdi. Ogullaryndan Alfred düýpli rusça bilim aldy. Birnäçe dili suwara bildi, himiýa, fizika, poeziýa we tebigy bilimlerde kämilleşdi.
Ýöne garry kakasy Alfrediň poeziýa bolan höwesini göwnemän, ony himiýa we inženerlik ugurdan bilim almagy üçin daşary ýurda ugratdy. Parižde okaýarka, 1847-nji ýylda nitrogliserini oýlap tapan italiýan Ascanio Sobrero bilen tanyşdy. Nitrogliserin, azotnokislyý we kükürt kislotasynyň birleşmesiniň gliserin bilen reaksiýasynda ýüze çykýan güýçli partlaýjy suwuk himiki maddadyr.
Tradegiýadan dörän Innowasiýa
Nitrogliseriniň tejribede ulanyp görülmegi üçin howply bolsa-da Nobeliň maşgalasy munuň potensiýal ulanylyşyny derňäp kommersiýalaşdyrmaga synanyşdy. Russiýa Şwesiýada işleri alyp bardylar. Ýöne boljak iş bolupdy. 1864-nji ýylda Alfrediň iň kiçi dogany Emil we ýanyndaky işdeşleri Şwesiýadaky fabrikde ýüze çykan partlamada heläk boldular. Şonda-da bu betbagtçylyk Alfrediň nitrogliserini howpsuzlaşdyrmak üçin edýän synanşyklaryna päsgel berip bilmedi. Nätse-de edýäni şowuna boluberenokdy. Soňky "partlaýjy ýag" ýasamak üçin nitrogliserini we därini garyşdyranda ýüze çykan partlamada San Fransiskodaky ammarda 15 adam heläk boldy.
1867-nji ýylda Nobel iki atomly toprak bilen nitrogliserini birleşdirip taýajyk şekiline salyp boljak bir bölek oýlap tapdy. Nobel bu açyşynyň patentini alyp grekçe "güýç" sözüni aňladýan dinamit adyny dakdy.
Dinamidiň tapylmagy, magdanda, gurluşyk industriýalarynda bir ewolýusiýa döretdi. Munuň saýasynda demir ýollar üçin daglary howpsuz ýagdaýda ýaryp ýol ýasap bildiler. Netijede Nobel 355 patente eýe bolan birnäçe açyş edip uly emläge eýe boldy.
Ölüm täjiri
Dinamit ilki başlarda peýdaly maksatlar üçin ulanylsa-da, gysga wagtyň içinde uruşlarda ulanylmaga başlady. Ispaniýa-Amerika Uruşynda dinamitli bombalaryň ulanylmagy bilen dinamit bir uruş ýaragy ýaly görlüp başlady. Nobeliň bu uruşlarda dinamit ulanmagy goldap-goldamanlygy anyk bilinenok. Parahatçylygyň tarapdary bolandygy aýdylýar.
Munuň ýany bilen 1888-nji ýylda dogany Ludvidiň aradan çykmagy bilen adamlaryň öz açyşy hakynda näme pikir edýändigini bildi. Alfrediň dogany üçin beren ölüm habarynda käbir žurnalisleriň goýberen ýalňyşy bilen özüniň ölüm habaryny berendigi hasaplanyldy. Hatda bir fransuz gazedi:" (Le marchand de la mort est mort) ölüm täjiri" diýip ýazdy. Bu ölüm habarynda Nobeliň adamlary has çalt öldürmek üçin niýetlenen täze açyşlaryndan baýaýandygy ýazylypdy.
Nobel bu habarlary okap özuni ýitirdi. Netije hökmünde mirasyny oňat işler üçin ulanmaga karar berdi. 1896-njy ýylda ölmezinden bir ýyl ozal iň soňky hyýalyny amala aşyrdy. Emläginiň uly bölegini bir sany Parahatçylykdan ybarat 5 sany dürli kategoriýadaky Nobel Baýragy berilmegine geçirdi. Nobel baýraklary bu günki günde Medisina, Fizika, Himiýa, Edebiýat we Parahatçylyk ugurlarynda berilýär.
Nobel Ylym we Parahatçylyk Baýraklary näme üçin berilýär?
-
messibet
6 years ago
- Baybow, görgüli soňunda ökünip, baýlygyny gowy zatlara sarp etmeli eden eken.
Ýöne ýüz ýyl bäri berilip gelinýän bolsa o bendäň puly tükenmedimikä?
-
turkmen-talyp
6 years ago
- Abama-da parahatchylyk nobelini aldy yöne urusha sebäp boldy.
-
gyzlarynarzuwy
6 years ago
- @tmtalyp şoň üçin häzirki tebigi bilim proflary edebiýat bilen parahatçylyk nobelini nobel kabul edenoklar, olar syýasy diýýäler
-
scorp11
6 years ago
- tukenenok ol fond achdy shol fondam shugune chenli puly kopelmese azalsnok orosent munya
-
scorp11
6 years ago
- prosent
SiziňÝalyBiri 6 years ago- + + +
Çeşmesi taýýarlan ???