Türkmen nusgawy edebiýatynyñ belli wekili Mollanepes şahyryñ "Ner gezgin" atly goşgusyndaky şu setirlere ünsi çekmek isledim: "Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden"
Ine, şu setirleri anyklamak üçin ilki bilen türkmen dilinde "Bogaz" diýen sözüñ añladýan manylaryna syn bereliñ.
BOGAZ [boğoz] 1 Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň başlanýan ýeri, damak. Bokurdak. Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar (Nakyl).
Bogaza bat bermek (biderek ýere haýbat bilen gürlemek, joşgunly ýaňramak). Bogaz öllemek (az-kem suw içmek). Bogazyňa sygdygyndan gygyrmak (örän gaty ses bilen gygyrmak). Bogazyňa tegek bolmak (çeýnäniň ýuwdulman, iýmit geçiriş ýoluna böwet bolsun diýen manyda aýdylýan gargyş, paýyş).
Bogazyň dolmak (gahar ýa-da begenç zerarly aglasyň gelmek, agyň tutmak, damagyň dolmak). Bogazyň guramak (suwsamak ýa-da köp geplemek zerarly bogazyňda nem galmazlyk). Bogaz ýyrtmak (gaty ses bilen gygyrmak, sesiňe bat bermek).
BOGAZ [ boğoz] 2 Deňziň ýa-da iki adanyň, iki dünýä böleginiň arasyndaky inçejik suw zolagy.
BOGAZ [boğoz] 3, syp. Haýwanlaryň içinde çagasynyň emele gelen döwri. Içinde düwünçek emele gelen (urkaçy haýwanlar hakynda). Ol ýurtda bolsa bir bogaz geçi galan eken (Türkmen halk ertekileri). Guba düýe bogazdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
BOGAZ [boğoz] 4, at. Nagyş ady. Palasa bogaz diýilýän nagyş salynýar.
Görnüşi ýaly "Bogaz" diýen söz birnäçe many añladyp bilýär. Halk arasynda bu sözi gödek görnüşde ulanýanlara hem gabat gelinýär. Meselem: Pylany bogaz bolupdyr. Çünki aýal maşgala bogaz bolupdyr diýip aýdylmaýar. Esasan haýwan jandarlara aýdylýar. Aýal maşgala ilimiz aýdanda "göwreli bolupdyr, toýly bolupdyr, bugün-ertir ýaly" sypaýy sözler bilen añladypdyr. Mollanepes şahyr bizi dünýä inderen enelerimize "bogaz" diýip ýüzlenendir öýdemok. Haýsy bir ynsan özüni enesiniñ göwresinde wagtyny "enesiniñ bogaz wagty" diýip atlandyryp biler ?! Ynsan duýgusy bar bolan adam öz enesine gödek, kemsidiji söz aýtmaz.
Diýmek, Mollanepesiñ : "Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden" diýen setirlerinde nähili many bar? Ynsan göwni näzik bolýar "Ýykylan göwün seýik tutmaz" diýlişi ýaly är ýigidiñ göwni galsa ( göwni ýykylsa ) seýik tutmaz. Är-äriñ şol göwne degilen gününden 94 ýyl geçsede (bütin ömri geçsede), ol göwün öñküligini tutmaz, kineli galar ( dogmaz başdaky ýaly göwun). Ine, bu ýerde : " Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden " diýlende ärden-är (erkek biri-birinden bogaz bolup çaga dogmak manyda däl ) bogaz bolmaz. Bu ýerde är-äriñ göwne degilen gününden 94 ýyl geçsede, ilki başdaky ýaly kinesiz göwün dogmaz diýen manyda berilen. "Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez".
NER GEZGIN
Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň asla el berme,
“Jan aga, özüň bil” diýp, her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Nepes, hiç bir kem durma deňi-duş-u, dost-ýardan,
Pul tapmasaň göterme näkes bilen süýthordan,
Her diläňde gam basar, köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.
Mollanepes.
Yeser 6 years ago- men-ä seň düşünen manyňdan başgaçarak düşündim bu setirlere