Dünýäň gurluşy şeýle,
Dogulmak bar, ölmek bar.
Jahana gelip seýle,
Aglamak bar, gülmek bar.
Nesil goýmak- boýnuňda,
Boş gitmek bar, dolmak bar.
Kimligiňe garaman,
Öz ornuňy bilmek bar.

Ýüwrük ýüki ýetse-de,
Çykmaz her itden tazy.
Köl bezegin ýitirer,
Bolmasa ördek-gazy.
Çalyp bilmez her ýeten,
Ýürege ýakyn sazy.
Gyňyr gyş çalşyp bilmez,
Reýhana dönen ýazy.
Nesip etmedik köpden,
Saýla , şiňňirtli azy.

Myhman barsaň , sylasalar,
Abraý bilen turandan bol!
Dil-bir bela, nurbadyny,
Turuwbaşdan burandan bol!
Darkaş gursaň nebis bilen,
Maňlaýyndan urandan bol!
Abady eýleme berbat,
Ýykandan däl, gurandan bol!
Yza tesme kyn pursatlar,
Il deňinde durandan bol!

Dost galadyr daşyňa,
Duşman gezer kastyňda.
Ýagşylyk ýerde ýatmaz,
Ýamanlyk-ýer astynda.
Ýagşylyga –ýamanlyk,
Durmuş şeýle ,aslynda.
Ýamanlyk ýatan bolsa,
Eger seniň aslyňda,
Ýagyş ýagar gyşyna,
Ak gar-bahar paslynda.

Leýliň pidasy Mejnun,
Zöhrä gol bermiş Tahyr.
Bendesiniň täleýi, Taňryň özüne zahyr.
Bilner kimiň kimligi,
Müddeti ýetse –pahyr.
Her wagt bir setir ýazyp,
Saýma özüňi şahyr.

Enäň göwüs süýdüni,
Ogul-gyz haklap bilmez.
Ýürekden inse gözýaş,
Kirpikler saklap bilmez.
Gara ýürek birisi,
Etmişin aklap bilmez.
Ajalyň gelgenini,
Bendesi çaklap bilmez.

Daşlaşma ulus- ilden,
Tutulyp dursun adyň.
Berme erkiňi elden,
Çägi bar herki zadyň.
Öňürtjek bolma ýelden,
Ýöne gowşutma badyň.
Minneti çekseň pilden,
Gadry başga bor dadyň.
Ägä bol, ýaman tilden,
Tana ýakynyň-ýadyň.

Görümsizler at münse,
Bedew döner eşege.
Maýyp däldir, bilseňiz,
Her söýenen, pişege.
Rüstem görse özünden,
Ýüň gazyk giýr deşige.
Böri hemişe böri,
Zar däl özge kişege.
Baha kesmäň adama,
Bakyp egin-eşige.

Oýlanýan söýgi hakda,
Oýlanýan ýatyp-turup.
Diňe bagta ymtylýan,
Arzuwdan gämi gurup.
Käte pel-pelläp uçýan ,
Kä yza bakýan, durup.
Düşünemok bir zada,
Dostum, oturyp-turup:
Ýetip bormy, heý, bagta,
Elden bagty uçuryp?!

Salam berilse eger,
Salam almazlyk hata.
Myhman bolsaň bir öýe,
Basym galmazlyk hata.
Hassa ýatan birewni,
Ýada salmazlyk hata.
Dutar bolup goluňda,
Dutar çalmazlyk hata.
Garrama ýokdur toýa,
Ýasa barmazlyk hata.

Şükür kyl geljegiňe,
Doglup ötmezden burun.
Sarpa goý saglygyňa,
Laýa batmazdan burun.
Buýsan, gülgün roýuňa,
Ýygyrt tutmazdan burun.
Bazar eýle baryňny,
Süýnüp ýatmnazdan burun.
Togap et berlen ömre,
Gelip-gitmezden burun .

Söýgi diýmek Asman bolup,
Ene Ýere bakmaklykdyr.
Söýgi diýmek ýyldyrym deý,
Gökde deprek kakmaklykdyr.
Söýgi diýmek bulut bolup,
Ajy gözýaş dökmeklikdir.
Söýgi diýmek derýa bolup,
Deňizlere akmaklykdyr.
Söýgi diýmek kaknus kibi,
Öz-özüňi ýakmaklykdyr.

Ýatlamalar ýagşy zat,
Wagt tapyp ýatlap bolsa.
Geçen ýoluň yzarlap,
Yzyňa ätläp bolsa.
Heý, barmy wagty saklan,
Giderlen bagty saklan.
Ötendir begler, hanlar,
Köşkleri, tagty saklan.
Bary, bäş günlük pursat,
Ömre ser salyp dursak.

Ynanýardym hemişe,
Yşk mülküniň çygryna.
Geleriňe garaşyp,
Siňerine şygryma.
Geçdim hupbatly ýoly,
Çykdym seniň ugruňa.
Ýanyp-bişip jöwzada,
Geldim toba-ýugruma.
Kalbymyň töri seňki,
Gel, basaýyn bagryma.

Edebiýat, Mesmelejigim tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir