Ine, ýene ýöräp barýan köçeden
Howa-da şeýlebir, şeýlebir sergin.
Maltepäñ ýanyndan geçiberemde
Bir garryja mama uzatdy elin.
Eşiklerem gaty horaşajady
Mümkin, ýokdur onuñ hiçbir hossary.
Şol garypja mamañ ýowuz kysmaty
Oýandyrdy meniñ gaýgy-gussamy.
Undup men özümiñ studentligim
Elimi jübime uzatdym derhal.
Meñ ol garra kömek beresim geldi
Özüñizem kömek biýrdiñiz her hal.
Ol gedaýdan kän bir parhymam ýokdy,
Ýogsa-da pul nire, student nire?!
Näçe dörjesem-de men gapjygymy
Çykmady birje-de, birje-de lira.
Başa barman pahyryñ bar arzuwy
Gapjyga däl, gözlerime seretdi.
Şol garryja mamañ gamgyn bakyşy
Ýüregimde ömürbaky ýer etdi.
O pursat meñ üçin gaty agyrdy:
Köpeldi ýüregmiñ birje ýygyrdy.
S.A
Student we geday
-
messibet
6 years ago
- Kerimagaňka meňzän eken.
-
Nepes29
6 years ago
- seyle zatlara yuregin sizlayan bolsa gowy...gururlandım
-
garayolly68
6 years ago
- Ejize yardam etmage synanyshyan ak gowun adamyñ ykdysady kemterlik icinde jowlan uryan ahmyryny beyan edyan epiki shygyr.
-
Buz ýaly Koka kola
6 years ago
- Örän gowy.Naçar adam görsem şol adam gorkunç bolup düýşime girýär,çagalykdan bäri.Ýüregim ejiz bolara çemli.
Nepes29 6 years ago- 👍👍👍