Milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler biziň her birimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistan döwletimiz özüniň aýdym-saz, kino, şekillendriş sungaty bilen, şeýle-de folklor eserleri, ajaýyp binagärligi, behişdi bedewleri, zergärçiligi, halyçylygy, nakgaşçylygy we külalçylygy bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan ýurtdur.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Medeniýet we sungat bu halky terbiýeleýän, ony belentliklere ruhlandyrýan, halkyň, döwletiň ösüşlerine badalga berýän beýik güýçdür. Olaryň esasy wezipesi hakykaty – çeper keşpleýin öwrenmekden, jemgyýetçilik aňyny we gözellik hakda dünýägaraýşy kemala getirmekden, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşyrmakdan, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekden ybaratdyr”.
Islendik jemgyýetde medeniýetiň we sungatyň orny beýikdir. Medeniýet we sungat döwre hem jemgyýete ruhy sütün bolmak bilen, ol ynsan durmuşynyň ýeten derejesiniň we geljeginiň aýdyň beýanydyr. Eşretli zamanamyzda medeniýetde ýetilen sepgitler asyrlara barabardyr.
Sungat gözellikdir, ruhy baýlykdyr. Ony döredijiler bolsa, taryhda özlerine öçmejek ýadygärlik galdyrýarlar. Türkmeniň nusgawy şahyry Mämmetweli Keminäniň “Meniň dilim, seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere” diýen setirlerinde nygtaýşy ýaly, her bir sungat geljekki nesiller üçin baky mirasdyr. Biziň sungat eserlerimiz hem ruhubelentlik ýörelgelerine ýugrulandyr. Ol ýörelgeler bolsa ynsan aňyna ertirki durmuşa bolan ynamy, höwesi döredip, adamlara ruhy lezzet paýlaýar.
Türkmen medeniýetiniň hak howandary, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine badalga berýän Gahryman Arkadagymyz mähriban halkyna jöwher zenininden dörän “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Çaý melhem hem ylham”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Arşyň nepisligi” ýaly birnäçe kitaplaryny sowgat etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaplary halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdürip kämilleşdiren milli we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä medeniýetindäki, sungatyndaky orny barada giň düşünje berýär. Baý many-mazmuna ýugrulan bu eserler halkymyzyň çuňňur söýgüsine mynasyp boldy.
Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty berk kanuny esasa daýanýar. Ol 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen “Medeniýet hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun ýurdumyzda medeniýeti dünýä derejesinde ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini açýar. Hut şol kanunyň kesgitlän şertleri esasynda medeniýet gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmek barada çäreleri amala aşyrmak bilen medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda muzeýleriň, kitaphanalaryň, Medeniýet öýleriniň täze döwrebap binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmen sungatyny, medeniýetini hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak, oňa milli öwüşgin çaýmak döwletimizde has-da ileri tutulýan meseleleriň birine öwrüldi.
Täze eýýamda türkmen halky özüniň taryhy-medeni mirasyny, beýik şahsyýetlerini öwrenmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge giň mümkinçilik aldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň ösýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda her ýylda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda medeniýetiň, sungatyň ösdürilmegi halkyň ruhy dünýäsiniň galkynmagydyr.
Ýurdumyzda her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmenistan döwletimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, bu baýramçylyk mynasybetli Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi däbe öwrüldi. Medeniýet hepdeligi ýedi gün dowam edip, onda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek 2013-nji ýylda Awazada geçirilipdi. Ol 2014-nji ýylda Daşoguz welaýatynda, 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda, 2016-njy ýylda Mary welaýatynda, 2017-nji ýylda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. Olarda köp sanly medeni çäreler guraldy.
2018-nji – “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçiriler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere beslenen Ahal topragy türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän gadymy toprakdyr. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasy bolsa, köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň 22-nji iýunynda ol ýerde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýramydyr.
Bu ýylda geçiriljek Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi-de aýratyn many-mazmuna eýedir. “Berkarar döwlet istärin” diýip, bagtly zamanany arzuwlan şahyryň arzuwlary wysal boldy. Bu günlerde bagtýar döwrümiziň mukamlary belentden ýaňlanar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir