«Goşa baba» ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr obasynda ýaşap geçen ulamalaryň biri. Ol özüniň ömrüni mätäçlere, garyp-pukara adamlara elinden gelen kömegi aýaman gezen adam bolupdyr. Goşa baba 1898-nji ýylda doglup, 1971-nji ýylda dünýäden öten. «Goşa babanyň» keramaty, haýyr sahawaty barada adamlaryň arasynda birnäçe gürrüňler bar.
Gyş günleriň birinde asman giňişligini bürän bulutlar ýere gaçaýsam diýýän ýaly görünýärdi. Gündogar tarapdan öwüsýän çapgyn şemal içiňden geçip barýardy. Ýagyş ýagmasa-da, gaty maýdajyk çyglyk ýüzüňe urýardy. Sarahsdan Tejene barýan maşyny görende, horja ýaşuly höwes bilen oňa goluny galdyryp, üşän ýüzlerini owkalady.
- Heý, şu maşyn wagtynda geläýdi, çaltrak Tejene aşaýmasam, howanyň mazasy ýok-diýip, guwançly gözlerini maşyna dikdi. Batly gelýän maşyn badyny haýalladyp, durjak ýaly etdi-de, ýene batlanyp sürüp gitdi. Bu ýagdaýy gören baba gaty nägilelik bilen ýüzüni çytdy. «Şunuň ýaly sowuk howada alyp giden bolsa, nähili gowy bolardy» diýip pyşyrdady. Maşyn gara görnüm ýere baryp, birden saklandy. Sürüji maşyny ýöretjek bolup şunça jaň etse-de ýöremedi. Az wagt geçenden soň, şol baba başga maşynda şol maşynyň deňinde wazlap geçdi. Ol Tejene baryp, bazardan işlerini bitirip, Gün agandan soň Sarahsa gaýtdy. Gelse, şol maşyn henizem şol ýerde duran eken. Sürüji diýseň üşäpdir. Başga bir maşyn bilen tirkegde gaýtjak bolup durka, ýaňky baba münüp gelýän maşyny sakladyp, sürüjiniň ýanyna gelip: «Hä inim, seniň ertirki gelip durşuň, senä gaty üşänsiň maşyny tirkegde äkitme-de, ýene-de bir ýöretjek bol»-diýip aýdan. Jany ýanyp duran sürüji: «Sen ýaşuly, ýoluňdan galma-da, gidiber» diýip gözlerini alardyp garady. «Aý, inim sen maňa bular ýaly garamada, maşynyňy ýöretsene»-diýdi. Sürüji bolsa: «Maşyn ýöreýän bolsa, bäş-alty sagatlap durmazdym»-diýip hüňürdedi. Baba bolsa: «Sen inim, meniň göwnüm üçin ýene bir gezek synanyp gör, bu maşyn gurat maşyn»-diýip, duransoň, sürüji: «Ine ýaşuly»-diýip, açary towlandan maşyn işläpdir. Sürüji bu ýagdaýa gaty geň galan we özüniň eden ýalňyşlygyny boýun alyp, babadan ötünç sorapdyr hem-de «Siz kim» diýip sorapdyr. «Maňa Goşa baba, Uçar baba diýerler» diýipdir. Sürüji bu atlary eşidip, agzyny açypdyr, «Adyňyzy eşidýärdim, ýöne özüňi göremokdym, tanamandyryn»-diýip, ötünç sorapdyr.

«Goşa baba» hakynda rowaýatlaryň dowamy bar.

Edebiýat, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir