Türkmeniň meşhur akyldary Magtymguly Pyragy halkyň medeni derejesini baýlaşdyrjak pelsepewi garaýyşlaryny, oý-pikirlerini çeper dilde beýan edipdir. Ol ylmy, sungaty, dili, edebiýaty, syýasaty, terbiýäniň esaslaryny, adamyň ruhy giňişligini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, arassa ahlaklylygy, zähmetsöýerligi, halallygy, pespälligi, ejizeganym bolmazlygy örän sada dilde, ýiti mazmunda ussatlarça beýan edip, halkyň hakydasynda öçmejek yz galdyrypdyr.
Magtymgulynyň medeniýet nazaryýeti berkarar döwlet islän oý-pikirlerinde, jemgyýete garaýyşlarynda örän ýitilik bilen ýüze çykýar. Şahyr ýaşan döwründe şu meselede, esasan, iki ugurda jebir çekýär. Birinji ugurda, özbaşdak döwlete eýe bolmazlykdan, dagynyklykdan, merkezleşen häkimligiň ýetmezçiliginden ýanyp-bişýär. Ikinji ugurda, şol döwrüň syýasy gurluşynyň, baknalygyň, adalatsyzlygyň, kimdir birine garaşlylygyň labyryndan jepa çekýär, halkynyň gözgyny halyna, döwletsizligine ýüregi awaýar. Beýik akyldar şu iki hadysanyň düýp mazmunyny hiç bir wehimden, güýçden çekinmän, halkyna sada, emma örän ötgür sözlerde edebiýatyň çeper usuly bilen düşündirýär.
Ruhy medeniýet örän çylşyrymly düzüme eýedir. Giň pelsepewi, syýasy, hukuk, gözellik, abadanlyk, ylym, bilim, sungat, edebiýat, ykdysadyýet, ynsanperwerlik, jemgyýetçilik aňy we beýleki ş.m düşünjeler ulgamlary bileleşip, medeniýeti emele getirýär. Başgaça aýdylanda, şol ugurlar medeniýetiň düzüm bölekleri bolup durýar. Ruhy medeniýetiň wezipesi jemgyýetiň, şahsyýetiň bähbidini goramak bolup durýar. Medeniýetiň baş wezipesi adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, ynsany ylymly-bilimli, döredijikli, ahlakly, wyždanly edip ýetişdirmek.
Magtymguly Pyragynyň medeniýetiniň esasynda ynsan ahlagy, onuň päkligi goýulýar. Şahyr türkmen jemagaty tarapyndan durmuşda taraşlanan kadalar ulgamyny ahlagyň esasy edip alýar. Şol kadalary adamyň amal etmäge borçludygyny düşündirýär. Şahyryň şygyrlarynda durmuşyň ähli ugruna, ýagny zähmete, jemgyýete, ylym-bilime maşgala, birek-birek bilen özara gatnaşyga gönükdirilen ajaýyp pikirler agdyklyk edýär. Magtymguly ýagşylygy ýaýradyp, durmuşy gözelleşdirip boljakdygyny tekrarlaýar.
Beýik akyldaryň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen ahlak düşünjeleri söweşjeň häsiýete eýedir. Ol hiç hili ýüz görmezden ýamanyň aýbyny açýar. Şahyryň öwüt-ündewi, pent-nesihaty adamyň ruhuny gözelleşdirmek, galkyndyrmak bolup durýar.
Nusgawy şahyrymyz öz döredijiliginde adamyň şu dünýä gelip, mal-baýlyk toplamaga ýykgyn etmän, ylymdan, bilimden ýüküniň ýetik bolmalydygy barada ajaýyp pikirleri öňe sürýär. Magtymgulynyň düşünjesinde mal, baýlyk päk ahlaga esaslanýan zähmetden toplanmaly, şol toplanan baýlyk ýakymly durmuşa, jan saglygyna gönükdirilmeli.
Şahyr ajaýyp eýýamy getirmek ugrunda göreşýär. Onuň ajap zamanasy medeniýetli durmuşy, ynsanperwerligi, sagdyn jemgyýeti aňladýar. Akyl-paýhasyň medeni ähmiýetini ýokary derejä göterýär.
Beýik şahyrymyzyň ruhy-ahlak medeniýete nazaryýetinde adam hemme zatdan beýikde goýulýar. Onuň ile ýagşylyk edýän gahrymany medeniýetli adamy aňladýar. Şahyr döredijiligi bilen ýagşy adamy kemala getirmekde kitaplara uly ähmiýet berýär. Ynsanyň ruhy sagdynlygynda kitaplaryň hyzmaty ýokarydyr. Adam kalbyny tämizlemek üçin ýüregini gürsüldedýän kitaplary okaýar, özüni şol eserlerdäki gahrymanlaryň ýerinde goýup, synaglardan geçýär. Şahyr bu pikirini şeýle beýan edýär:

Kitap okan gullar magnydan dokdur,
Alarnyň kalbynda şeýtan bolarmy.

Şahyr medeniýetiň nazaryýetinde sözüň güýjüne uly ähmiýet berýär. Ol şygyrlarynyň halkyň diline ýakynlygyny gazanýar. Söz Beýik Biribaryň adama beren peşgeşi. Sözüň güýji siliň güýjünden hem uly. Ýagşy sözli adamyň mertebesi hiç haçan peselmez.
Beýik şahyrymyz öz eserleri bilen umumadamzat medeniýetine gymmatly goşant goşdy. Şonuň üçinem türkmen halky beýik akyldara uly sarpa goýýar. Mähriban Arkadagymyzyň hem belläp geçişi ýaly, ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir.

Edebiýat, TDUgulya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir