Mukaddes türkmen topragynda ýaşan görnükli alym, beýik akyldar, keremli pir Abu Sagyt Abylhaýyr Mäne baba gadymyýetde Haweran sährasy diýlip atlandyrylan häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Mäne obasynda 967-nji ýylyň 7-nji dekabrynda dünýä inipdir hem-de şol ýerde 1049-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda anna agşamy müň aý ýaşap 83 ýaşynda aradan çykypdyr.
Abu Sagydyň kakasy Abylhaýyr Mänede hoşboý ysly atyrlary ýasaýan belli attar bolup, ol däri-derman satmaklyk işi bilen hem meşgullanypdyr. Ol hoşboý ysly däri-dermanlar bilen Mahmyt Gaznalynyň köşgüni hem üpjün edipdir we patyşanyň aýratyn hormatyna eýe bolupdyr.
Mäne baba başlangyç bilimini öz dogduk mekanynda alýar. Soňra Sarahs, Merw, Amul, Nyşapur ýaly döwrüniň ösen ylym ojaklarynda sowadyny kämilleşdirýär. Ylym äleminde iki gezek hyrka geýen beýik alym, pir Abu Sagyt Abylhaýyr meşhur ulamalardan tälim alyp, yslam dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ol Mänede bir hanaka (derwüşleriň, sopularyň ybadat edýän ýerleri) saldyryp köp sanly müritlerine halypaçylyk edipdir. Abu Sagydyň ömrüne we döredijiligine degişli bar bolan iň gadymy çeşmeleriň biri şahyryň çowlugy Muhammet Münewweriň “Esrar et-towhyt” kitabydyr. Bu kitapda beýan edilşine görä Abu Sagydyň bäş ogly we bir gyzy bolupdyr.
Abu Sagyt Abylhaýyr özüniň öwüt-ündew mazmunly eserlerinde rubagydan peýdalanypdyr. Ençeme alymlar Mäne babany pelsepewi we sufistik äheňinde ilkinji gezek rubagy ýazan şahyr hasaplaýarlar. Abu Sagyt süýji dilli, kiçigöwünli, pespäl adam bolupdyr, ýetimlere, garyp-gasarlara kömek edipdir, ýüreginde kitüw saklamaklygy halamandyr. Ol halk köpçüligi bilen mydama aragatnaşykda bolandygy barada il arasynda ençeme rowaýatlar döräpdir. Seljuk türkmen soltanlary Çagry beg bilen Togrul beg keramatly piriň döwlet patasyny alanlaryndan soň, Gaznaly döwleti bilen bolan söweşde seljuk türkmenleri ýeňiş gazanýarlar.
Abu Sagyt Abul Haýyr barada aýdylýan rowaýatlaryň biri onuň Abu Aly ibn Sina bilen bolan duşuşygy baradadyr. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem täsirli maglumat berilýär. Mälim bolşy ýaly, Abu Aly Ibn Sina pelsepäniň ussady bolup, her bir meselä akyl ýetiriş nukdaýnazaryndan garapdyr. Abu Sagyt bolsa sopuçylyk taglymatlaryna eýeripdir, adamyň ruhy dünýäsiniň päk bolmaklygyna esaslanypdyr. Ol bir gezek Nyşapurda üç gije-gündizläp Abu Aly Ibn Sina bilen gürrüňdeş bolýar. Üç günden soň okuwçylary Ibn Sinadan: “Abu Sagydy niçik gördüň?” diýip soraýarlar. Şonda Abu Aly: “Meniň bilýän zadymy ol görýär!” diýip jogap berýär. Edil şeýle soragy Abu Sagydyň müritleri oňa berenlerinde bolsa, ol: “Biziň görýän zadymyzy Abu Aly bilýär!” diýýär. Şol duşuşykdan soň, Ibn Sina Abu Sagydyň abraý-mertebesine bolan hormaty hökmünde özüniň iň soňky «Yşarat» atly pelsepe kitabynda oňa ýörite bir bölümi bagyşlapdyr.
Keramatly pir hem-de çeper dilli söz ussadynyň 726 rubagysy, 38 bölekleýin şygyr setirleri, 88 sany dürli ölçegdäki goşgulary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Rehim-şepagat häsiýeti bilen belli bolan Mäne babanyň rubagylarynda ruhubelent duýgular çeper dilde wasp edilýär:
Gel, gel, her kes bolsaň, gel,
Kapyrmyň, gäwürmiň, butparazmyň, gel,
Bu gapy näumytlaň gapysy däldir,
Ýüz gezek tobany syndyrsaňam, gel.
Mäne baba ähli adamlara haýyrly, ýag¬şy işleri amal etmekligi ündäpdir, “ýüz gezek tobany syndyrsaňam”, arzuw-umydyňdan el üzmeli däldigini wesýet edipdir.
Abu Sagyt rubagylarynda dünýäni “altyn küýzä” meňzedýär. Ol adam ömri gymmat zat bolsa-da, onuň içindäki suwuň kä ajy, käte süýji bolýandygyny beýan edýär:
Dünýe tomaşadyr – bir altyn küýze,
Kä awy, kä baly hödürlär bize.
„Ömrüm uzyn” diýip, buýsanmagyn sen!
„Amal aty” hergiz ýöremez yza.
Aşakdaky rubagyda söz ussady adamlara men-menlikden gaça durmagy, pespäl, kiçigöwünli bolmagy nesihat berýär:
Men-menlige sende bolmasyn höwes,
Ondan ýeten däldir bir ýere hiç kes.
Magşugyň zülpi dek pespällik eýle,
Şonda awlarsyň müň köňli nepes.
“Ýekelik hudaýa ýagşy” diýlişi ýaly, Abu Sagyt özüniň dünýewi mazmunly şygyrlarynda adamzat ömrüniň örän gysgadygyny nygtamak bilen, şol gysga ömürde dostuň bolmalydygyny, şonuň bilen oturyp-turmagy bütin ömrüň mazasy hasaplaýar:
Adamzat ömrüniň bary bir demdir.
Ol bir demiň gereklisi hemdemdir.
Hemdem bilen bir dem oturyp-tursaň,
Bütin ömrüň bary-da şol bir demdir.
Soňky döwürlerde ýurdumyzda türkmeniň geçmiş akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň edebi-döredijilik mirasyny ylmy esasda düýpli öwrenmek babatda uly işler alnyp barylýar. 2005-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan Abu Sagydyň agtygy Muhammet ibn Münewwer Mäneliniň “Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlary” (“Esrar et-towhyt”) atly kitaby pars dilinden terjime edilip okyjylar köpçüligine ýetirildi. 2007-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda “Abusagyt Abylhaýyr Gündogaryň beýik akyldary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Rowaýat.
Mäne baba ýaşlykdan örän zehinli bolupdyr. Mäne baba öz çagalygy barada şeýle ýatlamany aýdar eken: “Oglankak, Gurhany Kerimi öwrenip ýören döwrümiz, kakam Abylhaýyr meni juma namazyna äkidýärdi. Bir gün metjide barýarkak, ýolda bize Abulkasym Beşer sataşdy. Ol hem biz bilen ugurdaş namaza barýan eken. Ol öz döwrüniň iň tanymal alymlaryndan biridi. Ol Mänede ýaşaýardy. Ol bizi gördi-de, “Eý, Abylhaýyr, bu oglan kimiň ogly?” diýip sorady. Ka¬kam: “Biziňki” diýip jogap berdi. Kakam şeýle diýenden, ýanymyza gelip, dyza çökdi-de, ýüzüni ýüzüme öwürdi. Onuň gözleriniň owasy ýaşdan doludy. Soňra ol şeýle diýdi: “Biz we¬laýat boşap galar diýip howpurgap, bu jahandan gidip bil¬meýärdik, derwüşleriň ýollaryny urduraryndan gorkýardyk. Bu gün seniň perzendiňe gözüm düşenden, welilik makamynyň (derejesiniň) bu oglanyň nesibesi boljakdygyna doly ynan¬dym”. Soňra ol kakama: “Namazdan çykany¬myz¬dan soň, ony meniň ýanyma alyp gel” – diýdi.
Namazdan çykanymyzdan soň, kakam meni Abulkasym Beşer Ýasynyň ýanyna alyp bardy. Biz hüjrä girip, onuň ýanynda oturdyk. Ol hüjräniň ýokary başragynda bir tekje bardy. Abulkasym Beşer Ýasyn kakama: “Abu Sagydy egniňe mündür, goý, ol tekjedäki külçäni alsyn” diýdi. Kakam meni ýokary galdyrdy, men elimi uzadyp, tekjedäki külçäni aldym. Arpa unundan bişirilen külçe, meniň duýşuma görä, ýyp-ýylydy. Abulkasym Beşer Ýasyn ony menden alanda, gözleri ýaşdan doldy. Ol külçäni iki bölüp, ýarysyny “Iý!” diýip maňa berdi, beýleki bölegini özi iýdi, ýöne kakama hiç zat ýetmedi. Kakam şonda: “Eý, şyh, bu mukaddes zatdan meniň nesibämiň bolmazlygy nämedenkä?” diýende, Abulkasym Beşer Ýasyn şeýle diýdi: “Eý, Abylhaýyr, bu külçäniň şol tekjede goýlanyna otuz ýyl boldy. Bize wada berişlerine görä, “Jahana täzeden jan berjek ynsan şol külçä elini degrende, külçe ýylar” diýip ynandyrypdylar, indi hem görşüňiz ýaly, ol gürrüň hakykata öwrüldi. Jahana täzeden jan berjegiň seniň ogluň boljakdygyny saňa buşlaýaryn” – diýdi. Soňra biz daşary çykdyk, ýöne ol gojanyň şol gün näme diýenine oňly düşünmändik”.
Ýusup TUWAKOW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar institutynyň
kiçi ylmy işgäri
Abu Sagyt Abylhaýyr Mäne Baba
-
Nepes29
6 years ago
- beyleki gosgy setirlerem hazirkidowur turkmencesi bolanson has dogrysy sol dowurlerin gosgylary yaly dusunmesi kyn bolmayanlygyndan-bularynam mane baba degisliligne kynlyk b.n ynanyan
Nepes29 6 years ago- bagyslan welin ilkinji gosgy bendi Mevlana Jelal ed din inki bolmaly..
Gel, gel, ne olursan ol yine gel,
ister kafir, ister mecusi,
ister puta tapan ol yine gel,
bizim dergahımız, ümitsizlik dergahı değildir,
yüz kere tövbeni bozmuş olsan da yine gel...