Ählihalk tarapyndan bellenilýän Türkmen bedewiniñ baýramynyñ öñüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryñ arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.
Baýramçylyk dabarasynda toý saçagy giñden ýazyldy, döredijilik sergisi guraldy, aýdym-saz we tans toparlary ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Olar baýramçylyk mynasybetli köpöwüşginli çykyşlary taýýarladylar. Ýerine ýetirilen joşgunly tanslar we aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryñ ählisine şatlyk hem-de ruhubelentlik paýlady.
At çapyşygyna tomaşa etmäge gelenleriñ arasynda diñe ahalteke bedewleriniñ köp sanly muşdaklary däl, eýsem paýtagtymyzda atçylyk ulgamyna bagyşlanyp geçirilýän halkara forumlara, ýagny Halkara atçylyk assosiasiýasynyñ ʰIII mejlisine, «Türkmen bedewi we dünýäniñ seýisçilik sungaty» atly ʸ halkara ylmy maslahata, halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar hem bar.
Atçylyk sportunyñ adamyñ haýwanyñ kömeginden peýdalanýan ýeke-täk professional sport görnüşidigini bellemek gerek. Türkmenistanda at çapmak we at üstünde oýnamak sungatynyñ müñýyllyk taryhynyñ hem-de baý däpleriniñ bardygy netijesinde sportuñ bu görnüşi ýurdumyzda örän gysga wagtyñ içinde okgunly ösüşe eýe boldy. Muña at çapyşygyna gatnaşan ýetginjek çapyksuwarlaryñ mysalynda hem göz ýetirmek boldy.
Çapyşyklar örän gyzykly we çekeleşikli boldy. At çapyşyklarynda has yzda galan çapyksuwarlar bolmady. Bäsleşikler bellenen aralygyñ başynda we ortalarynda umuman deñräk ýagdaýda geçdi. Bu bolsa ýurdumyzyñ ýaş çapyksuwarlarynyñ arasynda bäsleşigiñ ýokarydygyndan habar berýär.
Atçylyk sport toplumynyñ münberlerini dolduryp oturan adamlar çapyşyklara uly höwes bilen tomaşa etdiler. At meýdançasynda bolup geçýän wakalaryñ ählisi uly monitorlaryñ birinde görkezildi, beýlekisinde bolsa çapyksuwarlaryñ we bedewleriñ atlary beýan edildi. Çapyşyklaryñ ýegijilerine degişli baýraklar we hormatly Prezidentimiziñ adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Gadym döwürlerden bäri türkmenlerde geçirilýän at çapyşyklary häzirki wagtda parasatly ata-babalarymyzyñ köpasyrlyk däp-dessurlarynyñ mynasyp dowam etdirilýändiginiñ aýdyñ nyşanyna öwrüldi. Çünki at çapyşyklary halk seýisleriniñ tebigat bilen sazlaşykda döreden täsin ahalteke tohumynyñ iñ gowy wekilleriniñ gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem täsin ýyndamlyk hem-de çydamlylyk bilen ajaýyp sazlaşyk döredýän gaýtalanmajak gözelligiñ senasydyr.
Häzirki döwürde atçylyk sporty Türkmenistanda uly meşhurlyga eýedir. Şunuñ netijesinde ýaşlaryñ köpüsi ata-babalarymyzyñ gadymdan gelýän däplerini dowam etdirip, öz ykballaryny ajaýyp ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýar.