Bedenterbiýe ýaşlykdan başlap her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir. Häzirki ösüp gelýän sagdyn nesil – ertirki özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir
“Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda her günümiz her hepdämiz her aýymyz baý - baý wakalara beslenip sagdyn durmuş ýörelgeleri biziň durmuşymyzda bütin aýdyňlygy bilen görünýär. Mukaddeslige ýugurlan hemişelik Bitarap Тürkmenistan döwleti dünýä giňden gujagyny açmak bilen parahatçylygy gorap saklamak, berk bedenli döwrebap sagdyn watansöýüji nesilleri ösdürip ýetişdirmekde dünýä göreldeli işleri alyp barýar.
Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylarda çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi döretmekden, zähmet endiklerini kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr
Ýurdumyzda bitirilen işler barha belent basgançaklara ýetýär. Ýurdumyzda zähmet çekýän adamlaň halal zähmetine goýýan belent sarpasy olaň işe we durmuşa bolan höwesini has-da artdyrýar.
Bu bolsa, her bir raýatymyzyň ýüreginde, esasanam biz ýaşlaň ýüreginde Hormatly Prezidentimize, halkymyza, watanymyza bolan söýgümizi has-da belende galdyrýar.
Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen V Aziýa oýunlary ýurdumyz bilen dünýä bileleşiginiň arasynda parahatçylygyň ilçisi bolan sporty has-da ösdürmek boýunça täze netijeli hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzda geçirilen V Aziýa oýunlary halkymyz bilen bilelikde dünýäniň beýleki halklarynyň hem uly şatlyk we sabyrsyzlyk bilen garaşan uly sport we dostluk baýramçylygy boldy. Aşgabat – 2017-niň oýunlary arzyly, derejeli, ýeňişli, şatlykly, gadyrly we gözel pursatlary özünde jemlän halkara sport çäresi hökmünde tutuş jahana mähirli şuglasyny çaýdy.
«Amul – Hazar 2018» atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň bu günki gün ýokary ruhubelentlige beslenmegi hem ynsan saglygy hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sport her bir adama sagdynlyk, bagtyýarlyk, ruhubelentlik bagyş edýär.
Türkmenistan geljege ymtylýan ýurt bolup, onuň ajaýyp geljegi ilatyň, ýaş nesliň saglygy baradaky alada bilen ysnyşykly baglanyşyklydygynda görünýär.
Bedenterbiýe we sport ynsan saglygynyň berkidilmeginiň adamlarda işjeňlik häsiýetiniň ösdürilmeginiň baş şertini emele getirýär. Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler döwrebap sport toplumlarynyň köpçülikleýin guralmagy giň möçberli çäreleriň netijelligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýanlýandygynyň subutnamasydyr.