Horasanyň Merw şäherinde Miladyň 700-nji ýyllarynda bir häkim yaşapdyr. Bu hakimiň maly-mülki ýerinde, sylanýan bir adam bolupdyr. Ol häkimiň şäheriň daşynda hem bir üzüm bagy bar ekeni. Bir gün häkim şol üzüm bagynda işlär ýaly ekin-tikinden başy çykýan Mübärek atly bir guly satyn alypdyr. Oňa etmeli işlerini düşündiripdir. Onsaň Mübärek şol üzüm bagynda işläberipdir,häkim hem işleriniň ýok wagty kä wagt aýlanyp gidýär ekeni. Şeýdip günler-aýlar aýlanyp güýz gelýär. Onsaň häkim bir gün gelip Mübärege:
—Gowy işleýäň,işleýşiňden hoşal boldum. Üzümlerem hoşa-hoşa bolup bulduraşyp durlar,şolardan getirsene iýip göreýin—diýipdrir. Mübarek derew turup üzümlerden biräçe hoşa getiripdir.Häkim iýip görse turşyrak ekeni,onsaň ol :
— Oglum Mübarek! Şularyň süýjüleri ýokmy,süýjülerinden getirsene—diýipdir.
Mübarek hem“ Bolýar,häzir derrew getirerin” diýip ýene birneme üzüm hoşasyn ýygyp äkelýär. Häkim iýip görse bular hem ýene turşy ekeni. Ol Mübärege :
—Oglum Mübarek, bulary ýolmankaň hiý dadyp göreňňokmy,turşa bular ?—diýipdir welin, Mübarek: “Ýok hojaýyn,men hiç birisiniň tagamyny datmadym,—diýipdir.Häkim "Ol nähili datmadyň, yagny sen hiç üzüm iýmediňmi?” Mübärek oňa " Hawa siz maňa bagdaky üzümleri iýip bilersiň diýmediňizä,ýöne üzüm bagyna seret diýdiňiz ,men hem rugsatsyz iýsem haramdyr diýip bagyňyzdaky üzümüňizden iýmedim"—diýipdir.Häkim muny eşdip haýran galypdyr. Atyna münüp öýüne gaýdyp gelýärkä hem onuň ahlagynyň arassa imanynyň hem güýçlüdügine,hallallygy berk tutyşy barada pikir edipdir. Öýüne gelensoň bolan zatlary aýalyna hem gürrüň berip ,aýalyna:
—Pygamberimiz s.a.w öýlenip-çykmak, maşgala gurmak meselesinde esaan dört zada serediler bular; baýlygy köpmi,tiresi atly abyraýlymy,owadanmy we dindarmy, sen olardan dindar bolanyny saýla (İbn-i Mace, nikâh: 6) buýurýar. Biziň gulumyz Mübarek hem dindaryň birisi, gyzymyzy şoňa bersek nähili görýäň?—diýipdir. Aýaly oňa:
— Bu işler ikimiziň kararymyz bilen bolmaz ahyry, gyzymyzyň öz pikiri esasydyr, özünden sorap göreli hany—diýipdir. Gyzlarynyna aýdyp görseler ol hem: “Siz mynasyp görseňiz men razy” —diýipdir. Gysga bir wagtdan soň gyzlaryny toý edip Mübarege beripdirler. Günler yzly-yzyna geçipdir. Bir aý töwerek geçenden soň ejesi gyzyndan sorapdyr " Gyzym oňatmy ýagdaýlaryňyz,adamyňdan göwnüň hoşmy? Gyzy jogap beripdir " Hawa ýagdaýlarymyz gowy,ýöne adamym entek meniň düşegime gelenok"—diýipdir. Ol hem bu ýagdaýy adamsyna duýdurýar. Häkim hem "Allahyň Resulunyň aýdyşy ýaly etdim, inşallah haýrdyr” diýip pikir edipdir. Bir gün bolsa giýewisi Mübarekden sorapdyr:
—Mübärek,munça gündür gyzym bilen öýlenip bile ýaşaýaňyz ýöne näme üçin bile bolmaýarsyňyz,sebäbi näme bilmek isleýän?—diýipdir. Mübarek: “Häkim aga men siziň gyzyňyza öýlenmezimden öň onuň halal-haram näme iýip-içenini bilemok,eger haram lukma iýen bolsa ol kyrk günden bedeninden çykýar we beden tämizlenýär. Şonuň üçin eger çagamyz bolsa haram iýmeýän ata-eneden dogsun diýip garaşyp ýörün. Aýalymada öz halal gazanjymdan iýdirýän . Şonda çaga bolsa haýyrly adam bolup ýetişer,inşallah—diýipdir. Mübäregiň aýdyşy ýaly soň olardan hakykatdan hem haýyrly oglan dünýä gelipdir. Onun ady “Abdullah bin Mübarek” bolup,musulmanlaryň atly-abyraýly alymlaryndan biri bolup ýetişýär.
Barbary 6 years ago- [IMG]http://www.picshare.ru/uploads/180509/gYQ3Jny8X1.jpg[/IMG]