(Kerim Gurbannepesow) “Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir. Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň üstüne atýalar” (Ýaşulylar sowetynyň maslahatynda bir gojanyň aýdanlaryndan) - A-gyz, näme, hanmydyň sen! Geýinýärsiň beýle gymmat?! Her ýaglygyn – iki goýun. Her ýüzügiň – bir bedew at. Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr - Iller geýýär, menem geýjek. Döwür şeýle, döwür. - Gelin, näme dänjirýärsiň? Çüýredimi öňki dişiň? Altyn snei ýigdeltmändir: kyrk bolupdyr otuz ýaşyň. Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir.. - Iller şeýdýär, bizem şeýtdik, Döwür şeýle, döwür. - A-how ýigit, bu nä boluş! Ýeňsäň saçy iki gujak! Bu gün-erte ogluň bolsa, sallançak hem ýasap boljak. Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür! - Iller şeýdýär, menem şeýtdim. Döwür şeýle, döwür. - Men-ä seni tanamadym! Gözleriň-ä örän tanyş. Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen! Saçyň näme ýarty garyş? Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur… - Iller kesdi, menem kesdim. Döwür şeýle, döwür. Goňşym diýdi: “Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!” Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy – dokuw tonna. Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr… - Wah, şeýdýäs-dä.. Biz guraly! Döwür şeýle, döwür. - Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine! Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna. Muň yzynda goluň ýokla! Näme barka, için çöwür?! - Çöwürmäge gaýrat ýokdyr. Döwür şeýle, döwür. - Şägirt inim, eserleriň setir sany çyldy çenden Kitaplaryň galňadykça, ýukalýarsyň günbe-günden! Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr… - Şu günki öýken….. besdir maňa Döwür şeýle, döwür. Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan. - Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?! Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür - O diýýäniň ertekidir Döwür şeýle, döwür. Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem. - Hanha seret! Hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň. Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur! - Ejemjandan aýlanaýyn! Döwür şeýle, döwür. Iki mellek ortasynda gygyrşyp dur iki goňşy. Ýeke garyş ýer üstünde turýar “watançylyk” urşy - Agam, sen bir parhlyrak bol, nämä gerek munça wagyr? - Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz Döwür şeýle, döwür. - On otagly köşk gurupsyň. Keşik aga, berekella! Ýöne bu on… köpräk dälmi dört-bäş sany gara kellä? Görýän weli, bir aýlyk däl: kisejigiň örän agyr. - Aýlyk bilen iş bitenok. Döwür şeýle, döwür. - “Moskwiçli, Žigulili” köp duşupdyň uly ýolda. Bu gün bolsa garažyňda lowurdap dur mele “Wolga”. Bir başyňa nämä gerek munça rul, munça tigir? - Satýas, alýas… alýas, satýas… Döwür şeýle, döwür. - Köşek nirä howlugýarsyň? Ajalamy? Jenaýata? Kabinaňda – mele gelin. Özüň bolsa - juwan ata Bäş-on minut giç barsaň-da, toý eýesi eder sabyr.. - Döwre görä surmek gerek. Döwür şeýle, döwür. - Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň kesildile işigmizden. Ozallar-a tä ýatýançak düşmezdiňem düşegmizden. Ýatlaşardyk geçenleri. Okaşardyk goşgy-şygyr. - Şygyr-pygyr ýatdan çykdy. Döwür şeýle, döwür. - Magazinyň takrap ýatyr. Planyň hem uklap ýatyr. Gerek zady, geçgel zady haçan aljak, Mämmet müdir? Bu gün – bu gün, ertir-ertir... Gutardy-la takat –sabyr. - Zat bermeseň – zat berlenok. Döwür şeýle, döwür. - A-how, dogan, düýn dämidi öz dostuňa wepaň hakda Güp-güp edip, gant deregne ant içýärdiň tokga-tokga. Indem dosta şyltyk atyp, dübläp ýörsüň gübür-gübür - Işim bitdi. Antyü ýitdi. Döwür şeýle, döwür. Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly. Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten garga ýaly. Bu gün bolsa garynja dek zordan ýörýär gybyr-gybyr.. - Şahyr, ýör bir … üçleşeli Döwür şeýle, döwür. Soradym men Döwre bakyp: “Dogurdanam, şeýlemiň sen? Hany antyň? Hany haýaň? Serhoşmyň sen? Telbemiň sen” Döwür maňa jogap berdi: “Men hemişe size bagly. Ulaldýan hem adam ogly, kiçeldýän hem adam ogly. Biri çekýär ýagta tarap, biri çekýär gijä tarap- Uly çekýär ula tarap, kiçi çekýär kiçä tarap. Ýagşylyga arka durdym, ýamanlary gaýgyrmadym. Dogurlyga çagyrdm men, egrilige çagyrmadym. Ýalan gepi diý diýmedim. Döwlet pulun iý diýmedim. Iki sygryň bahasyna köýnek edip geý diýmedim. Münmek üçin maşyn berdim, ýüz elliden bas diýmedim. Daranmaga darak berdim, dört örümiň kes diýmedim. Dynç almaga wagt berdim, okamaga – bagt berdim. Jübiňizden hak almadym, öz kisämden mugt berdim. Bugdaýňyzy orup berdim, pagtaňyzy ýygyp berdim. Her gün içjek süýdüňizem güjürdedip sagyp berdim. Söýüşseňiz – ýigit berdim, söýülseňiz – gözel berdim Lak atmaga söz tapmasaň – goşgy berdim, gazal berdim. Dertleseňiz derman berdim, işleseňiz – zähmet berdim. Ýaşamaga al baýdakly, adalatly Döwlet berdim. Bezedim men egniňizi, doýurdym men garnyňyzy. Ýöne weli käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy, Bar garany maňa sürtüp, Etseňiz-de uly gowur, Dünýe döräp bolan däldir. Meniň ýaly Uly döwür… Siz etmeli ömri ömür, Siz etmeli döwri döwür!”
“Döwür beýle däldir”
-
Harmandali
17 years ago
- Giiyw gyzlar: Gyzylgul, Jennet siz nirede?!
Ashgabatdamy ya dashynda! Eger shaherde bolsanyz onda biz inetdaky gyzlar bilen erte dushushyas habarlashynsana. Ol sahypada Mahri diyen gyz bardyr eger gelip bilseniz gelin!!!
-
mylayym
17 years ago
- name mahri barde yokmy:))))
-
MuhaciR
17 years ago
- harmandali sagbol
-
Harmandali
17 years ago
- Bu goshgyny okayanam yokmay! Men ish edinip ishden boshanyp yazdym muny okarsynyz diyip weli bar okalanjasy shumy?! Ya sizin hich birinizi goshgylar gyzyklandyranokmy?!!
-
Harmandali
17 years ago
- “Bägülli ýigit”
Bazardan gelýärin. Elimde sebet,
Sebedimiň içi – pamidor, kelem,
Kartoşka, badamjan.. Duralga çenli
Gurady aýaklam
Guruşdy ellem.
Şonda-da dyrjaşyp bar güýjim bilen
Bazardan çykýan-da duralga ýetýän.
Duralgaň öň ýanda – kijijik dukan,
Kiçijigem bolsa – içinde et kän.
Ondanam bir budy sebede atýan…
Awtobusa münýän. Sagynýan sakga.
Keýwany “bir düzüm gyzyl burç getir!”
Diýipdi ahbetin. – Haý, şofýor, sakla!
Awtobusy sakla! – Näme, ýaşuly?
- Aý, neme… gyzyl burç çykypdyr ýatdan…
Näme diýýänimi aňşyrmasa-da,
Gowy ýigit eken. Geçdi-de ýapdan,
Maşyny togtatdy. Açyldy işik,
Menem derrew bökdüm. Aslyşdy sebet.
Bir aýal yzymdan gygyryp galdy:
“Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret!
Bir gün unaşyňy burçsyz içeňde
Geçmez öýtdüňmi sen bokurdagyňdan?%2
-
Harmandali
17 years ago
- Bu goşgyň yzy gitmändirlaý ine onda dowamy! Bärde Kerim aga hakda gürrüň edip bilers!
Awtobusyň içi sarsdy-da gitdi
Burç söýmez adamlaň pykyrdysyndan.
Menem hüňňürdedim: “Gülüpler geçiň,
Öýe gyzyl burçsyz barmajagym hak.
Keýwanyň buýrygy – meň üçin kanun:
Burç getir diýdimi – burç alyp barjak,
Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak,
Ol meniň öz işim. Size bagly däl.
Onsoň men siziň äriňiz ýaly,
Ýa oglyňyz ýaly ejemogly däl!…”
Şeýdip öz-özüme teselle berip,
Bazaryň çetinden ätledim ýene.
Şeýle bir burçlar bar, köz ýaly burçlar!
- Essalawmaleýkim, burç satýan ene!
Burçyňyz ajymy?
- Datdajyk göräý.
Edil zirk ýalydyr.
- Sagja bol, mama.
Ozalam ot ýaly agzymyň içi.
Keýwanyňkam ýetik. Wah, seňki näme!
… Kelemli, käşirli, soganly, burçly
Bir putluk sebede kertdirip elim,
Bazardan saýlandym, giň köçä çykdym.
Köçe durşy bile gyz bilen gelin.
Garşymdan gyssanyp bir ýigit gelýär
Garagyýçak ýigit, dogumly ýigit.
Bir maralyň ýanna howlygyp barýar
Gujagy bir harman bägülli ýigit.
Şeýe bir, şeýe bir gyssanýar ýigit,
Onda-da şeýebir gyssanyp gelýär.
Göýä bägülüne bakýanlardanam
Bägülüniň ysyn gysganyp gelýär.
Wah, nämä gyssanýaň, bägülli ýigit?
Wah, beýle gyssanmak nämäňe gerek?
Ýa-da eliňdäki bägüle derek
Sebediňi kartoşkadan dolduryp,
Gyzyl burçdan (we başgadan) dolduryp
Gitmeli günüňe gyssanýarmyň sen?
Wah, nämä gyssanýaň,
Bägülli ýigit?
-
Harmandali
17 years ago
- \"Goshgulan bilen yykdynay Harmandali\" diyyansinizem weli shonda-da men binamys bolanym uchin alach yok :)))))
Bäbekhanada
- Alo, alo, alo! Bäbekhanamy?
- Hawa, bäbekhana. Näme gerekdi?
- Ýazgül Durdyýewaň nämesi boldy?
- Siz gyz gerekmi?
Ogul gerekmi?!
-Dogurjamy diýsem, ilki bilen-ä.
Şol geliniň özüniň saglygy gerek.
Onsoňam parhy ýok - gyzmy ýa ogul –
Öýmüzde şolaryň ikisem seýrek
-Onda buşluk: gerçek ogluňyz boldy
Agramam – üç kilo sekiz ýüz gram.
-Her kilosy üçin bir çemen bogup,
Häzir ganat kakyp ýanyňa barýan…
- Alo, alo, alo! Bäbekhanamy?
-Hawa, aýdyberiň! Nämejik gerek?
-Aý, menä beýle bir nebisjeňem däl:
Berseňiz, ýekeje bäbejik gerek.
-Aýdyň bäbekleriň haýsysy gerek?
-Gyzjagaz bolsa-ha… dilegim şoldy.
Sebäbi ozalam sekiz oglum bar.
- Onda buşluk, agam,
Gyzyňyz boldy!
- Alo, alo, alo! Bäbekhanamy?
-Hawa, edil özi. Näme gerekdi?
-Jeren Çaryýewaň ýagdaýy niçik?
-Gyzjagaz gerekmi?
Ogul gerekmi?
-Wah, mümkin bolsa-ha… bäş ogul gerek!
Aňyrdan jakgyldap güldi eneke:
- Häp-häzir-ä üçem ogluňyz boldy.
Yzyny hem görüberýäs ýene-de…
Ýaş ata ullakan sebedin alyp,
Öýünden ylgady bazara tarap.
Satygçy soraýar: “Almamy, narmy,
Erikmi, üýümmi – haýsysy gerek?”
“Sorap durmaň! – diýip, ýylgyrýar ata-
Şu satýan zatlaryň her haýsyndan çek.
Onda-da ýöne bir çekip durma-da,
Hersinden üç kilo-iň gowsundan çek!..”
Bäbekhana gelip togtady ata.
Ellerinde bolsa bir putlyk sebet
-Size kim gerekdi?
-Bize-hä, bajy,
Üç ogul doguran bir gelin gerek.
- Şu zatlaň hemmesi şonuň üçinmi?
Ýaşajyk eneke näz edip aňa,
Bir ajap ýylgyrdy. Ýaş ata diýdi:
-Ýary Jerenime,
Ýarysam –saňa.
…Şeýdip oktýabryň ak säherinde
Doguldy bäş çaga. Bäş gözel çaga.
Olaryň bäşisem sanlyja ýyldan
Bileje jompuldap giderler baga.
Bileje giderler akja mekdebe
Mekdebi bir günde ederler tamam.
Onsoň WUZ-a baryp, ondanam çykyp,
Zähmet gapysyndan bererler salam.
…- Alo, alo, alo! Bäbekhanamy?
-Hawa… Ogulmy, gyz – haýsysy gerek?..
Şu mukaddes sözler bäbekhanada
Şu gün gaýtalandy onlarça gezek.
…Kyrk sekizde arman bilen ýumulup,
Arzuwa ýetmedik gözlere derek,
Aşgabadym saňa ýene, ýene-de
Ulalmak, dogurmak, köpelmek gerek.
-
Harmandali
17 years ago
- YATLAMALARDAN
1975-nji ýylyň mart aýynyň başydy. Giç öýlänler Kerim şahyr redaksiýa geldi. Egni tämiz ak kostýumly-jalbarly, ak köwüşli, ýüz-gözi joşgunly. Gele gelmäne:
- “Ýaşkomçy” gelin-gyzlary hemmeden öňürti bahar baýramy bilen gutlap geçeýin diýip sowulaýdym – diýdi.
Şahyryň öýi redaksiýadan sähelräk ilerräkde-di. Şahyr geçende-ötende, häli-şindi redaksiýa sowulyp, çaý içip, ýaş kärdeşleri bilen degişip-gülüşip giderdi. Bu gezek hem hemişekimiz ýaly şahyry gadyrly garşyladyk. Stolyň üstünde gazetyň birinji sahypasynda goly komsomol biletli owadan gyzyň suraty durdy. Tegelek ýüzli, ýogyn saçly, buýsanç bilen uzaklara seredip duran gyz diýseň gözeldi.
- Şahyr, siz uly toýuň üstünden geldiňiz, toýa bolsa sowgatsyz gelinmeýär. Ynha şu gyza goşgy goşup ber, gazetimiziň ertirki sanynda çap etjek. Şol goşgam siziň ýaşlara sowgadyňyz bolar – diýdim.
Şahyr gyzyň suratyna haýran galyp seretdi-de biziň ýüzümize soragly nazaryny aýlady.
- Redaksiýada işleýänleriň deň ýarysy ýaş şahyr, şunyň ýaly ajaýyp gyzyň keşbini görübem joşup bilmediňizmi?!
- Herimiz bir bent ýazdygam weli, göwnümizden turanok.
- Weý-weý, heýde munyň ýaly owadan gyza-da göwnüňden turmaýan goşgy goşup bolarmy?! Hany äber galam kagyzyňy!
Kerim şahyr ýüzugra birnäçe setir ýazdy-da maňa uzatdy.
- Me ýoldaş redaktor, saňa sowgat.
Men şahyryň beren degişme goşgysyny okap gutormakam, ol ikinjini öňüme süýşirdi
- Me ýoldaş Diwangulyýew, buda saňa ýadygärlik.
Degişme goşgyny okap gülüşip otyrkak, ol üçünji goşgynam öňümize süýşirdi-de
- Indi biraz ümsüm otyryň, häzir gazete gitmeli goşgyny ýazýan – diýdi.
Şahyr suratdaky gyza guwanç bilen seretdi-de, ýapyrlyp, çep eli bilen kagyza çalt-çaltdan bir zatlar ýazdy. Soňra okap çykyp bir-iki sözüni düzetdi.
- Alyň, ynha, size şahyrdan sowgat!
Goşgyny okap onuň bir salymda dünýä inişine, şu gudratyň hut öz gözümiň öňünde bolup geçişine haýran galdyk.
Şol ýazan goşgysy
Surata seredip …..
1
Beýle jellat gözi görmändim men-ä:
Her gözüň içinde - giden bir dünýä.
Birisinde – uçmah, birinde – dowzah,
Entek ýaş ýigitsiň – uçmah až sen-ä
Menem şol dowzaha özümi urjak
Gijesi-gündizi gazanyp günä
2
Lenin adyn sena edip diliňe
Täze biledini alyp eline,
Bu periniň bolup durşyna seret;
Janym gurban Ogulnäzik geline.
3
Bedeniň mermerden ýasalan ýalak.
Dodaklaryň pisse, gözleriň – çanak.
Saňa aşyk boldy köp redaktor
Ýok, ýok, köp däl, köp däl, ikije sanak!
Ýok, ýeke! Ýeke! Olam - men! Kerim.
4
Bu mandatyň içinde näçe-näçe Ýeňiş bar.
Näçe-näçe sapak bar
-
baycom
17 years ago
- hormatly harmandali, ellerine saglyk !!! :)
-
el_mariachi
17 years ago
- Goňşym diýdi: “Toýdan bäri iş edenok oglum Anna!”
Ogluň Anna iş edermi! Öýüň goşy – dokuw tonna.
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr…
- Wah, şeýdýäs-dä.. Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.
..................
şu setirleri okap özüm bn deneşdirdim..tijenmeli hemde gaty tiz tijenmeli...harmandal sagja bol dalini yatayk yola getirer diylişi yaly men yalyny sen yalylar yola getirip biler..
tüweleme edebiyata gözünden uyar ekenin...
-
Harmandali
17 years ago
- Kerim aga bir okyjy buhgalteryň goşgyň üsti bilen beren soraglary. Okap görüň gyzykly. Ýöne entek goşgyň üstünde doly işlemänkä ýogalypdyr öýdýän.
-Ol nämedir şol bolmasa gülki ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
Ol nämedir görki barda reňki ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-Agzybirlik – şo bolmasa gülki ýok
Başarşymça jogap bermek borjumdyr
Ol mähirdir, görki barda reňki ýok
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr.
-Ol kim bolar ynsanlaryň belendi,
Belentligi wah gijiräk bilindi?
Ol nämedir bir söz bilen bulandyr?
Şahyr bolsaň jogap tapmak burjuňdyr
-Ol enedir ynsanlaryň belendi
(Belentligi wah gijiräk bilindi)
Ol ýürekdir bir söz bilen bulandy
Başarşymça jogap bermek borjumdyr
-Ol nämedir ömürbaky ölme ýok?
Ol nämedir hemmesini bilme ýok?
Ol nämedir dili barda kelle ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
-Ol abraýdyr ömürbaky ölme ýo
-
Achilles
17 years ago
- harmandali, tuweleme yaltanman yazyan saylap sechip. dowam et. yone shu in sonky yazanyn doly gelmandir oydyan.
birem dogry yadyma dushyan bolsa kerim agan sheyle setirleri bardy, tochno haysy goshgysydygyny bilemok. setirler sheylerakdimika diyyan:
\" Deneshdirdim sachak bilen sachagy,
Bir sachaga, bir sachaklyk sygyan ekeni (shuna menzeshrak bir zat)
Deneshdirdim sachak bilen sachagy,
Bir sachaga ....(kop kishini kabul edyar manysynda) \"
ay sheylerak-da...myhmansoyerlik barada gep gidyan bolmaly. eger tapyp bersen oran hoshal bolardym. sen gymmatly wagtyna alar welin gayrat et...
-
Harmandali
17 years ago
- Hawa beyleki goshgy doly gitmandir hazir yazayyn. Garabekewulun ustunden gulup menkem onky yaly waraklay :)))
-Ol nämedir ömürbaky ölme ýok?
Ol nämedir hemmesini bilme ýok?
Ol nämedir dili barda kelle ýok?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
-Ol abraýdyr ömürbaky ölme ýok
Ol ylymdyr hemmesini bilme ýok
Ol serhoşdyr dili barda kelle ýok
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
-Ol kim bolar içi doly garaňky
Käte daşynada çykkar reňki?
Ol kim bolar hem özgäňki hem seňki?
Şahyr bolsaň şondan bize habar ber!
-Ol göripdir, içi doly garaňky,
Käte daşynada çykar reňki
Ol gyzyňdyr hem özgäňki hem seňki
Oýlanşymça jogap bermek borjumdyr
-Ol ne myhman gonup geçer bir gezek
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek?
Kim ol däli oňa diňe sen gerek?
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr
-Ol ömürdir gonup geçer bir gezek
Onsoň gelmez çagyrsaň-da müň gezek
Ol aşykdyr - oňa diňe sen gerek
Aňlaýşymça jogap bermek borjumdyr
-Ol näme Taňryň hem dilinde sena?
O näme kast etseň ýumurlar dünýä?
O ne iş dünýäde iň elhenç günä
Aşyk bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-Ol Söýgi Taňryň hem dilinde sena
Söýýäne kast etseň ýumurlar dünýä
Söýgä böwet bolmak iň elhenç günä
Öwrenşimçe jogap bermek borjumdyr!
-Bir gyzyň yşkynda örtenip oda
Söýeniňiz çynmy? Ýalanmy ýa-da?
Şoňa meňzeş gyz duşdumy ýene?
Şahyr bolsaň jogap bermek borjuňdyr!
-Murgapda duşupdym gara gözüne
Lebapda duşupdym güler ýüzüne
Kaspida sataşdym täsin näzine
Paýtagtda sataşdym körpe gyzyna
Emma bir göwrede tutuş özüni
Sataşmanym habar bermek borjumdyr!
-Iň soňky haýyşym etseňiz gaýrat
Erbet zat köpmikä ýa-da ýagşy zat?
Şu sowaly çözmek düşenok aňsat
Şahyr bolsaň jogap tapmak borjuňdyr!
-Sowal sizden bolsun bizdenem gaýrat
Köpdi, köpdür erbet zatdan ýagşy zat
Ýogsa dünýä birçak bolardy berbat
Ynanşymça jogap bermek borjumdyr
-Şahyrym bereýin ýene bir sowal
Dünýäde kim köpkä – erkekmi aýal?
Şonam aýtsaň başga sowal berjek däl
Şahyr bolsaň şoňa-da bir jogap ber!
-Bir dana diýipdir: “Aýala –aýal
Aýalyü gepine gidýänem aýal”
Emma men ol sözi gaýtalajak däl
Täzeçeräk jogap tapmak borjumdyr
Il güne ýaýrapdyr şeýle bir gürrüň
Kä ärden aýallar merdiräk bu gün
Çotuň kakyp özüň hasaplap görgün
Baş buh bolsaň jemin tapmak borjuňdyr
-
Harmandali
17 years ago
- Achilles geregin goshgy bolsun mende ol goshgulan hemmesem bar yone okayan yok bolanson barik goyamok sen shol diyyaninem eyyam mende yazylgy dur menem gowy gordum shony bolek bolek goshgulan arasynda bar.
Deňeşdirip gördüm iki çanagy:
Bir çanaga – bir çanaklyk çal sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn, kelle çanagy-
Içine müň jogap, müň sowal sygdy.
Deňeşdirip gördüm iki saçagy:
Bir saçaga – bir saçaklyk nan sygdy.
Şaşasyn, ýaşasyn göwün saçagy-
Bir saçak başyna müň myhman sygdy.
Deňeşdirip gördüm iki nokady:
Bir nokada – bir nokatlyk san sygdy.
Ýaşasyn, ýaşasyn göreç nokady –
Her nokat içine Ýer, Asman sygdy
-
Achilles
17 years ago
- alla yalkasyn harmandali, sheydip bize komek edyani alla hem yalkasyn...alla arzuwlaryna yetirsin, bagtyny achyk etsin...:))
-
Harmandali
17 years ago
- Achilles gyzgynyn dagy yokdyra bulary yazan wagtyn dileg baryny edipsin weli :)) Hehe dileg edyanin ozunem Alla yalkasyn!
“Duralgada”
Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.
Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
“Gyzym, uýam” diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.
Gyzlaryň birisi – duran bir keýik
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan-
Şol keýik gözlere ýar boljak ýigit.
Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor-çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýol ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.
Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!
Ikisem uz basyp duralga geldi
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)
Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýanüa gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtatdy, baş egip gözellik üçin.
Mündüler. Gyzlardan galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem…
Awtobus togtady. Aüyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel, müň ýigit üýşüp,
“Watan” teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.
Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.
Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.
Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy bir çabdyň jübsün.
Onýança-da açdy gapysyn “Watan”…
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…
Guwan şahyr guwan,
Utan şahyr,
UTAN!
-
Achilles
17 years ago
- bilmedim harmandali, shu wagt duyne gidip gyzgyny barlap bolyan bolsady belki bilerdim :)) oyun edyan...
-
Harmandali
16 years ago
- Däneler (Ömür)
Ýer şarynyň ýüzden togsan essesi
Özleşmedik meýdan bilen okean.
Heniz adamzadyň kellesinde-de
Şonça özleşmedik ýer bardyr öýdüp
Başym ýaýkaýan.
***
Ömür hakda pikir etseň –
Ölüm öýkelärmişin.
Ölüm halda pikir etseň-
Ömür öýkelärmişin.
Ine saňa gerek bolsa
Iki sany öýkelek.
Öýkelet sen ikinjisin
Gije-gündiz öýkelet!
Wadim Zubarewden hemmämize degişli öwüt
Irmi-girçmi oýan sen, bir hünäre söýen sen.
Paýhaslan sen, goýal sen.
Ilden hantama bolma,
Öz garyňa daýan sen.
Näme geýseň egniňe, geý-de ýola şaýlan sen.
Kine alma göwnüňe, däl ahyry oglan sen!
Kine alsaň-almasaň – ýokdur başga çykalga.
Ilde galjak adyňdyr
Goýup gitjek zadyňdyr
Iň ilkinji çykalga,
Iň ahyrky sypalga.
***
Taryh bu: ädilen ädimler-de kän,
Heniz ädilmedik ädimler-de kän
Taryh bu: aýdylan aýdymlar-da kän,
Heniz aýdylmadyk aýdymlar-da kän
Taryh bu: göterip giden milleti,
Ölmez-ýitmez eden adamlar-da kän
Taryh bu: ýitirip giden milleti,
Özem ýitip giden adamlar-da kän.
***
Gülsenem – gyzlaryň gözeli weli,
Mähriniň yssysy ýok
Çigillem – gülleriň bezegi weli.
Ysy ýok.
***
Ýaşlyk ýyllaryň albomyndan bir oýnam öwrenje setir
Dünýäde bir gezek ogurlyk etseň,
Seniň günäň bagyşlanýar diýseler
Göni size tarap dogurlardym men
Seni ogurlardym men …
***
“Uzynyň akyly giç gelermişin”
Diýipdirler. Dogrumyka bu nakyl?
Ýöne weli dogry bolmaly bolsa,
Ýokardan inmeýän bolarly akyl
Ýogsa ilki bilen ýetip uzyna
Ondan soň ýeterdi beýlekilere..
…Uzynmy siz, gysgamy siz – parhy ýok
Eý, adamlar, ýere serediň, ýere.
***
Bir ýaşulynyň töwirde sanan sözleri
Kesel bilen oňuşaryn,
Gora ýas belasyndan!
Duşman bilen oňuşaryn
Gora dost belasyndan!
***
Nämäň alyndanmyş gadyrsyz dostluk!
Dostuňa ýüregiň töründen ýer goý
Bir bölek zer tapsaň, bir bölegem mis-
Misi özüňe al, dostuňa zer goý.
Emma dostuň näçe eziz görseňem,
Jedelleşmäge ýer goý.
Nämäň alyndanmyş jedelsiz dostluk!
Jedel ösdir sizi ýene-de bir boý.
Ýöne sögüşmegin jedel üstünde,
Dost bilen sögüşmek peslikdir, oý, hoý!
Emma weli birden sögüşäýseňem,
Ýaraşmaga ýer goý!
Ýigrenjiň gymmaty
Edil Söýgiň ýaly Ýigrenjiňi-de
Mukaddes saklagyn, goýgunyň parhy
Ony her duşana hödürläp ýörseň –
Gara şaýa geler Ýigrenjiň nyrhy!
***
Tilkä ynanmasaň-da
Ynanýaň ak guşlara
Gülkä ynanmasaň-da
Ynanýaň gözýaşlara.
Ynanmadyk tilkileň
Ynanan ak guşlaryň
Ynanmadyk gülküleň
Ynanan gözýaşlaryň
Käte… wepadar çykýar.
***
-
Harmandali
16 years ago
- Öňde bir algylynyň bergili bilen gürrüňi
- Şojagaz pulumy tapyp ber, goňşy,
Gapyda odun ýok, saçakda çörek.
Hanha, çagalary özüň gör goňşy,
Hersiniň agzyna bir lukma gerek.
- Wah, wah, düşünýän-le!… Wiý-le neme-le..
Arpa zada alaýmarsyň ujundan?
- Wah, diýýänä, çagajyklar üç aýdyr.
Burlup otyr ajyndan.
Sen-ä arpa diýýäň, gylçygam berseň
Dört el bilen alaryn.
- Beýle bolsa bir ýagdaýy bolar-la,
Şu ýyl hökman arpa ekjek bolaryn.
***
Dostlaryň dawasy
- Adam dünýä iki gezek gelenok.
Ýene bir iç! Bu boluşyň bolanok.
- Juda dogry aýdýaň: iki gezek däl.
Şoň üçinem şundan artyk gerek däl.
***
Aşyk ýigidiň söýgülüsine ýazan haty
… “Eý sen gara gözli, bugdaýreňk Maýsam,
Saňa şeýle söýgi bilen doly men.
Seni birje gezk bagryma bassam,
Hudaýdanam köp ýaşajak ýaly men…”
***
Jygyllykda bolan aýdyşyk
- Ýaranlar, bu dünýäň peýany bolmaz
Bir manat berseňiz zyýany bolmaz!
- Bardyr, bu dünýäniň peýany bardyr,
Bir köpük bersegem zyýany bardyr.
Her kimiň öýünde çagasy bardyr,
Her kimiň öýünde aýaly bardyr
- Çagadan artdyrsaň zyýany bolmaz.
Aýaldan artdyrsaň zowaly bolmaz
Kimde-kim panyda ajy doýursa,
Bakyýa baranda sowaly bolmaz
- Açlaryň gyrmyzy ýaňagy bolmaz.
Sagdyn eli, sagdyn aýagy bolmaz.
Elinde aldawçy taýagy bolmaz.
Aýda bir geline talagy bolmaz.
Öýde gyzyl dişli Äşesi bolmaz
Amanat kassada pişesi bolmaz.
Jübüsi ýarymlyk …diýenem şoldy
“Gedaý” gözümizden ýitirim boldy.
Harmandali 17 years ago- Ine Diwana düýnki diýen goşgym! Aslynda şu ýerde pikiriňizem ýazyňsana adamlar!! Siz nähili pikir edýäňiz hemme bolýan zatlar döwre görä bolýamy ýa-da adamlaň özleri toslap tapýalarmy!
Umuman adamlaň özleri hemme zadyň sebäpkäri weli ýöne hemme zat şol durkuna dursa olama bolmaz ösüş diýilýän zat bolmala! Belki adamlar döwrüň akymna göra hereket edýändirler!